Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň iň täze taryhynda ýurduň halkara abraýyny has hem berkiden medeni durmuşyndaky wakalaryň birnäçesi bilen dabaralandy. Ruhy ulgam döwlet baştutany tarapyndan esasy ugur hökmünde, taryhy we medeni ýadygärlikler bolsa, häzirki zaman milli medeniýeti, şol sanda pikirlenmegiň medeniýetini, ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde kesgitlenildi.
2012-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, bu ugurda anyk ädimler ädildi. Ýurduň Prezidenti taryhy, arheologiki, şäher gurluşyk, arhitektura we monumental çeper ýadygärliklerini, şeýle hem tarhy ýerler bilen bagly ajaýyp tebigy landşaftlarynyň gorag zolaklaryny kesgitlemegiň düzgünlerini tassyklamak bilen, Karara gol çekdi. 2012-nji ýylda ýurduň kanunçylyk binýadynyň üsti „Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny bilen üsti ýetirildi. Bu bolsa medeni gymmatlyklary saklamak üçin hemmetaraplaýyn kanuny binýady döretmeklige ädilen ýene-de bir çynlakaý ädim boldy.
2012-nji ýyl Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri işläp gelýän arheologiki ekspedisiýalarynyň birnäçesi üçin hem, şeýle-de öz gözleglerine ýaňy başlaýanlar üçin hem üstünlikli ýyl boldy. Goňurdepede 40 ýyl bäri bürünç eýýäminiň obalaryny gazuw agtaryş işlerini geçirýän Margiana halkara ekspedisiýasy özüniň adaty däl tapyndylary bilen ýene-de begendirdi. Bu ýyl onuň üçin ýubileý ýyly boldy, ekspedisiýanyň üýtgewsiz ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Iwanowiç Sarianidi bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, şeýle hem Türkmeistanyň Ylymlar akademiýasyny karary boýunça oňa hormatly akademik diýen at berildi. Köpetdagyň eteklerindäki ýaşy birnäçe müň ýyllyklara barabar bolan Ýylgynlydepede we Monjuklydepede gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Türkmen-polýak ekspedisiýasynyň iki sanysy Sarahs sebitlerinde irki orta asyrlara degişli obalar bolan Guýruklydepäni we Topazdepäni öwrendiler, italýan we russiýa arheologlary bilelikde Täze we Köne Nusaýda gözleg işlerini dowam etdirdiler. Türkmen-ispan ekispedisiýasy Hazaryň golaýynda Misrian düzlüginde Gökjükdepede nobatdaky möwsümi geçirdi. Mundan hem başga türkmen arheologlary Murgabyň köne akabasynda özbaşdak gözleg işlerini geçirdiler, Aşgabadyň etegindäki Akdepe ýadygärliginde, Yzgant obasynyň golaýyndaky Daşlydepede, Lebap welaýtynda ýerleşýän Gumdepede we Pultapdydepede, Balkan welaýatynyň Daşrabat depesinde iş alyp bardylar.
2012-nji ýyl arheologiýa ekspedisiýasynyň „Gadymy Merw“ döwlet taryhy-medeni ýadygärliginde geçiren ilkinji işi boldy. Meýdan möwsüm işleri garaşylmadyk we guwandyryjy açyş bilen tamamlandy: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, Orta Aziýanyň arheologiki ýadygärlikleriniň iň irileriniň biri bolan – Gadymy Merwiň çäklerine giren ýeriňde ýerleşýän arhitekturanyň meşhur ýadygärligi bolan Uly Gyzgalanyň içinde gazuw işleri geçirilen wagtynda birnäçe bürünç önümleri tapyldy. Ýakynda bolsa, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň „Medeni mirasy gorap saklamak“ maksatnamasynyň çäklerinde Uly Gyzgalany, şeýle hem Kiçi Gyzgalanyň golaýynda ýerleşýän, täsinlik bilen biziň günlerimize gelip ýeten, VII-ХII asyrlaryň toýundan galdyrylan alaýyp galalarynyň durkuny täzelemek boýunça iri göwrümli halkara taslamasyna badalga berildi. Daşoguz welaýatynda arhitekturanyň orta asyr ýadygärlikleriniň durkuny täzelemek boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň ikisi amala aşyrylýar, öňde bolsa Lebap welaýatynda meşhur Daýahatyn kerwensaraýyň durkuny täzelemek boýunça iş tapgyrlaryny geçirmek wezipesi durýar. Mundan hem başga, şol maksatnama boýunça Milli konserwatoriýa ajaýyp türkmen halk sazlarynyň ýazgylaryny gorap saklamak boýunça taslamany amala aşyrmaga hem-de birnäçe on ýyllygyň dowamynda ekspedisiýa işinde toplanan saz folklorynyň žanrlarynyň we bagşylyk sungaty boýunça konserwatoriýanyň gorunda bar bolan audio- we wideo materiallary ösdürmek üçin binýady döretmäge girişer.
Şu ýyldan başlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we durkuny täzelemek Milli müdirliginiň „Türkmenistanyň Sungaty we arhitekturasy“ ady bilen ylmy habarlary dňwürleýin çap edilip başlanyldy. Meýilleşdirilen köp jilitlik „Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň ýygyndysynyň“ üstünde işlemeklik dowam etdirilýär. Biziň ýurdumyzda ilkinji sapar gadymýetiň: jaý salmakdan başlap köp sanly ady näbelli bolan „depelere“ çenli ýüze çykarylan ägirt uly maglumatnama çap ediler.
SURATLARDA: KÖNEÜRGENJIŇ GÖRNÜŞI, GOŇURDEPEDEN WE ULY GYZGALADAN TAPYLAN TEGELE MÖHÜR.