Akdepe şäherçesi paýtagtyň Çandybil etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Şäher barha ösýär we soňky ýyllaryň dowamynda onuň töwereginde uly awtoulag ýollary çekildi hemde ak mermere beslenen beyik binalar peýda boldy. Şonuň üçin hem ýaş nesiller döwlet tarapyndan goralýan bu gadymýetiň ýadygärligini taryhyň baky ýadygärligi hökmünde kabul edýärler
Bu ýadygärlik aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu ýerden tapylan tapyndylar biziň paýtagtymyzyň döreýiş taryhyny beýan edýär. Türkmenistanyň YA arheologiýa we etnografiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, ylmy ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Ö.Gündogdyýewiň belleýşi ýaly, şu ýyl Akdepeden tapylan köp sanly tapyndylaryň arasynda iki sany çakmak daşyndan ýasalan tapyndy b.e. öňki VII asyr bilen senelenýär. Bu bolsa bu ýerde bolan ýaşaýşyň taryhyny müň ýyl gadymylaşdyrýar.
Hakykatdan hem, Akdepe seýrak duş gelýän ýadygärlikleriň biri. Ol uzak bolmadyk arakesmeler bilen şeýle uzak döwri ýaşapdyr. Akdepeden tapylan keramika we beýleki tapyndylar adamlaryň bu ýerde we onuň golaý ýerlerinde neolir döwrüniň ahyryndan giçki orta asyr döwürlerine çenli ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Köpetdagy we Garagum çägiginiň arasyndaky düzlükde neolit döwri bilen senelenilýän daýhan obalary döreýär. Adamlar ilkinji gurluşyk-arhitektura tejribesini ýüze çykarýan palçykda jaý salypdyrlar, bugdaý dänelerini ekipdirler, haýwanlary eldekileşdiripdirler. Biziň ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän bu döwrüň ýadygärlikleriniň ählisi, olaryň ýaşaýyş durmuşy Jeýtun obasynyň ady boýunça „jeýtun medeniýeti“ diýlip atlandyrylypdyr.
Köpetdagyň etekleriniň topragy uly bolmadyk derýajyklar we çeşmeler bilen suwarylypdyr hem-de uly bolmadyk obalaryň we şäherçeleriň halkasyny emele getiripdir. Ynsan durmuşynda suwuň nähili bahasynyň bardygyny aýtmak kyn. Suwuň ýitmegi bilen, durmuş hem ýitýär, suwuň ýok ýerinde adamlar hem ýaşamaýarlar. Hut şonuň üçin hem „jeýtun medeniýetiniň“ köp şäherleri ýitip gidipdir. Emma suwuň gönüden-göni ýakyn ýerlerinde „jeýtunlylaryň“ obalary bolupdyr. Ykbal olaryň ömrüni birnäçe müňýyllyklar bilen ölçäpdir. Aşgabat derýajygynyň gadymy hanasyndan uzak bolmadyk ýerinde ýerleşen Akdepe şäherjigi hem şolaryň biridir.
Akdepäniň Samanidler eýýamynyň kuwwatly gorag galaly örän uly gadymy şäheri bolandygyny şu ýyl geçirilen gazuw-agtaryş işleri görkezýär. Gadymy ilatly ýeriň ykdysadyýetini ösdürmek bilen, onuň üstünden medeni we söwda ýollary geçipdir. Bu barada köp sanly tapyndylar gürrüň berýär. Olar diňe bir bu ýerde ýasalman, eýsem başga ýerlerde hem ýasalypdyr. B.e I asyrynda Magianada öndürilen süňkden ýasalan solýar şekilli uly bolmadyk bezeg önümi hem-de bürünç şaýy pullary, iki sany horezm şaýy pullary we Beýik Seljuk döwrüniň (VII asyr) mis şaýy pullary, bürünç eýýamynyň sumbar keramikasy, enolit eýýamynyň haly nagyşlary bilen bezelen günorta türkmenistan keramikasy, kufi ýazgyly seljuk suwaryş jamy, Merw Goňurdepesiniň owadanja daş möhri tapyldy. Biziň bu ýere gelmezimizden öňünçä arheologlar gowy saklanyp galan b.e. I-III asyrlary bilen senelenýän margian hudaý aýalynyň kellesini, şeýle hem bürünç eýýamynyň „sumbar“ hudaý aýalynyň heýkeliniň böleklerini tapypdyrlar.
Senetçiligiň we daýhançylygyň ösüşi barada obanyň günbatar tarapynda ýerleşýän zergärçilik ussahanalary gürrüň berýärler. Şeýle hem dokmaçylygyň bolandygyny kesgitleýän ýedi töweregi agaç germewleri hem-de Akdepeden onlarça metr uzaklykda ýerleşýän ýerden çakyr öndürilýän ýer tapyldy. Suw geçirijileri her bir gadymy şäherde bolmandyr, ýöne Akdepänyň gatlarynyň astyndan haçan-da bir wagtlar şäher ilatynyň ýaşaýyş jaýlaryna suw akan gowy ýagdaýda saklanyp galan keramika turbalarynyň birnäçe bölekleri tapyldy.
Geçirirlen gazuw-agtaryş işleri bu ýeriniň gadymy gurluşa mahsus bolan örän ösen ilatly ýer bolandygyny görkezýär. Onuň ýaşaýjylary bugdaý ösdürip ýetişdiripdirler, dürli görnüşli senetçilik bilen meşgullanypdyrlar, göňşy obalardan gelýän myhmanlary öz öýlerinde kabul edipdirler, ýaşaýyşda ulanylýan dürli görnüşli önümler bilen alyş-çalyş edipdirler. Ýöne, bularyň ählisine baha bermek bilen, şäherlileriň bu ýaýlany basyp almaga synanşan duşmanlary hem az bolmandyr. Bu barada alymlar köp asyrlar bäri köp sanly gum gatlaklarynyň aşagyndan çykarylan örän oňat görünýän ýangynyň ýedi sany gatlagyndan, dürli ölçegdäki köp sanly zyňylýan daş oklaryndan, naýzalarayň we peýkamlaryň poslan uçlaryndan netije çykarýarlar. Muňa galany goraýjylara daş-töweregi synlamaga oňaýly şertleri döredýän, parfiýa eýýamynyň ýeterlik derejede kuwwatly sekisine daýanýan depäniň daş-töweregine çekilen oňaýly goranyş desgalary hem şaýatlyk edýär. Gala berkitmesiniň içinden alymlar tegelek suw howdanyny we uzak wagta çekýän gabawda saklanmaga kömek edýän ätiýaçlyk suw üçin niýetlenilen guýyny tapdylar. Çagyrylmadyk myhmanlar üçin örän berk päsgelçilik bolup hyzmat eden kuwwatly gala goranyş berkitmesi bolup hyzmat edipdir diýip aýtsa bolar.
Akdepäniň medeni gatlaklary mäkäm öwrenilmegine mynasypdyr. Türkmenistanyň beýleki ýadygärlikleriniň ýazuw çeşmeleri we arheologiki maglumatlary sebit we sebitara taryhda häzirki zaman Aşgabadyň çäklerinde ýerleşýän gadymy ilatly ýerleri we galalary gowy öwrenmäge kömek edýär. Şular ýaly arheologiki gözleg işleri ýönekeý daýhanlaryň gündelik durmuşy barada zerur maglumatlary alamaga, ýazuw çeşmelerinde esasy subýekt bolup durýan hökümdarlaryň işleri hakynda köpräk bilmäge şert döredýär. Haçan-da bir wagtlar oazis bolan ýerleri mundan beýläk hem öwrenilmegi alymlara gadymy Aşgabadyň – Akdepe gadymy ýadygärliginiň taryhyny gaýtadan dikeltmäge şert döreder.