Ï Berkarar türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy –2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy –2012-nji ýyl

view-icon 7064
Tamamlanyp barýan ýylyň netijelerini jemläp, esasy zady bellemek gerek: 2012-nji ýyl ýurdumyzyň ykbalynda wajyp ähmiýetli ýyla, döwletimiziň täze, garaşsyz taryhynda möhüm sepgide hem-de toplanan tejribeden iň oňat zatlaryň saýlanyp alynýan we ösüşiň indiki tapgyry üçin esasy şertleriň öňünden döredilýän kesgitleýji döwrüne öwrüldi. Şu döwürde jogapkärli çözgütler we hyjuwly hereketler amala aşyryldy, şolaryň netijeleri diňe bir uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýýäm şu ýerde we häzirki wagtda äşgär bolup, döwletde we jemgyýetde şu günlerki ýagdaýlara we olaryň barşyna mahsus bolan alamatlary kemala getirýär.

Ozaly bilen, şu ýyl türkmen döwletiniň taryhyna Prezident saýlawlarynyň geçirilen ýyly hökmünde girdi. Bu saýlawlar guramaçylyk taýdan ýokary derejede, giň bäsdeşliuk esasynda geçirilip, ýurdumyzyň demokratik ösüşinde täze sahypany açdy we örän uly ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň esasy netijesine öwrüldi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda aýanlyk ýagdaýynda we ilatyň işjeň gatnaşmagynda geçirilen çäreler jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny, jebisligini we ildeşlerimiziň raýat hökmündäki garaýşyny äşgär etdi. Türkmenistanlylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçin ses berdiler hem-de döwlet Baştutanyna halkyň we ata Watanymyzyň geljekki ykbalyny ynandylar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde geljekki bäş ýyl üçin konsepsiýasyny beýan edende, döwletiň ösüşiniň geljekki tapgyrynyň many-mazmunynyň üznüksiz ösüşden we özgertmeleriň durnuklylygyndan ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutany döwletiň täze galkynyş döwründe ilkinji nobatda öňde durýan wezipeleri kesgitläp, olaryň aglabasynyň berjaý edilendigini hem-de indiki tapgyryň – geljekki ösüş tapgyrynyň bosagasynda durandygymyzy we biziň oňa taýýardygymyzy nygtady.

Milli Liderimiziň döwletiň adam üçindigini we adamlaryň bähbidini ileri tutýandygyny aýtdy. Bu sözler ruhlandyryjy umumymilli ýörelgä öwrülip, ähli watandaşlarymyz tarapyndan oňlandy. Haçan-da ýörelgeler anyk beýan edilende we kesgitlenende, maksatlar we islegler takyk we biziň her birimize düşnükli bolup, döwletiň, şeýle hem her bir şahsyýetiň bähbitlerine laýyk gelen halatynda şol ýörelgelere eýerip işlemek ählihalk häsiýetine öwrülýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawlarda uly üstünlik gazanmagy şu ýylda bolan wakalaryň ählisine, şol sanda halkara derejesindäki wakalara, hususan-da, şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady topary tarapyndan Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň ykdysadyýetleri üçin işlenip taýýrlanan Ýörite maksatnama gatnaşmagynyň, şeýle hem 2013-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşine agza bolmagynyň çäklerindäki wakalara badalga berdi.

Biziň makalalarymyzyň toplumy hem geçilen tapgyryň netijelerine, milli strategiki we pudaklaýyn maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagyna bagyşlanýar hem-de okyja ýylyň dowamynda ata Watanymyzda işiň we durmuşyň anyk ugurlary boýunça gazananlarymyz we üstünliklerimiz baradaky ýyllyk syn bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Söwda-dokma toplumy: ösüşiň strategiýasy

2012-nji ýyla degişli synymyzy milli ykdysadyýetiň has sazlaşykly ösýän pudagyndan başlap, şu ýylyň ilkinji günleriniň birinde, Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde kada bolşy ýaly, geçen ýylda pudaklaryň ösüşiniň netijeleri jemlenip, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan durmuşa geçirilen işleriň netijeleriniň ara alnyp maslahatlaşylan we ýurdumyzyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň kesgitlenen gününi ýatlalyň. Şonda, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çykyş edip, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan we ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Hususan-da, döwlet Baştutany söwda we ýeňil senagat ulgamy barada aýdyp, ýurdumyzda haryt bolçulygynyň, harytlaryň elýeterliliginiň we ýokary hilliliginiň, nyrhlaryň durnuklylygynyň üpjün edilmegini, daşarky söwda degişli geleşiklere ygtyýarnamalary bermegiň tertibini we biržadaky söwdanyň guralyşyny kämilleşdirmegiň hasabyna daşarky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegini bu pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, işlenip taýýarlanýan harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, sergi bilen bagly çäreleri işjeňleşdirmek arkaly bu harytlary daşarky bazarlarda ýerleşdirmegiň hasabyna eksport üçin niýetlenen önümleriň we import boýunça alynýan harytlaryň ýerini tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmak ýeňil senagata degişli kärhanalaryň öňünde esasy wezipe hökmünde görkezildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak bilen baglylykda anyk ädimleri kesgitläp, Aşgabadyň dokma toplumynyň ikinji nobatdakysynyň, Daşoguz welaýatynda Köneürgenjiň pagta egriji fabriginiň we Lebap welaýatynda Seýdiniň pagta egriji fabriginiň gurluşygna girişmegi tabşyrdy. Şunda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dokma we boýag fabrikleriniň toplumynyň we Abadan şäherinde pagta egriji fabrigiň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak göz öňünde tutuldy.

Bu mesele fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan söwda ulgamynyň we dokma senagatynyň, şeýle hem halyçylygyň we hususy telekeçiligiň ösdürilmegine degişli meseleler boýunça geçiren mejlisinde öz beýanyny tapdy. Hususan-da, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de könelen we ulanyş möhleti tamamlanan kuwwatlyklaryň durkuny täzelemek degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda halyçylygyň ösdürilmegine degişli mesele barada durup geçip, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan we sungatyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy hasaplanýan halyçylygy dünýäde giňden wagyz etmek baradaky işiň gerimini giňeltmegiň möhümdigini hem-de şu maksatlar üçin ýurdumyzda we daşary döwletlerde guralýan ýöriteleşdirilen halkara sergileriniň mümkinçiliklerinden peýdalanylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz elde dokalan türkmen halylaryny öndürmegiň gadymy ýörelgeleriniň gaýtadan dikeldilmelidigini we halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini belledi hem-de bar bolan pudaklaýyn kärhanalaryň ählisini döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk wzipeleri öňde goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli söwda we dokma toplumlaryny ösdürmekde ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemek arkaly, türkmen ýeňil senagatyny ösdürmegiň innowasion ugurlary üçin göwnejaý şertleriň döredilmeginiň we muňa goldaw berilmeginiň möhümdigini, ýurdumyzda bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylmagyna täzeçe çemeleşmegiň, şeýle hem maglumat bermek we mahabatlandyrmak, tanyşdyrylyş çärelerini we sergileri guramak bilen bagly mümkinçiliklerden işjeň we giňden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Awgustda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýarym ýylda bellenilen ugurlar boýunça geçirilen işleriň jemlerine garaldy. Şunda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, döwlet Baştutany şol aýda “Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny”, şeýle hem Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklady. Şu resminamalar dokma senagatyna we söwda degişli ulgamlaryň yzygiderli ösdürilmegine, ýurdumyzyň ilatynyň azyk harytlary bilen üpjün edilmeginiň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, şeýle hem ilatyň sarp edýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksporta ugradylýan möçberleriniň köpeldilmegine gönükdirilendir.

Dokma senagaty – innowasion ösüşiň ugurlary

Garaşsyzlyk ýyllarynda hereket edýän dokma kärhanalarynyň durkunyň täzelenmegine we tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegine ABŞ-nyň 1 milliard 650 million dollaryndan gowrak möçberdäki serişdeler gönükdirildi, şolardan 300 million dollar ýa-da 18 göterim daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna degişlidir. Şu sanlaryň aňyrsynda müňlerçe iş orunlary, täze fabrikleriň onlarça binalary, olaryň innowasion taýdan we ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi durýar. Kemala getirilýän dokma toplumyndaky iri senagat düzümleriniň birnäçesiniň çäklerinde diňe bir kärhanalaryň tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegi däl-de, eýsem üznüksiz tehnologiýanyň, ýagny çig maldan başlap, taýyn önümiň öndürilmegi türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlik babatdaky artykmaç taraplarynyň köpelmegine degerli ýardam berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň dokma pudagynda täze iri kärhanalaryň ulanmaga berlendigini aýtmak gerek. 24-nji awgustda Abadan şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şol günlerde ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň gatnaşmagynda Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysyny ulanmaga bermek bilen bagly dabara boldy.

Aýlawly egirmek usuly arkaly, daraklanan nah ýüplügini öndürmek boýunça täze we döwrebap toplum bu iri kärhananyň önümçilik düzüminiň hem-de ýurdumyzyň 70-den gowrak desgalary özünde jemleýän dokma senagatynyň düzüminiň üstüni ýetirdi.

Häzirki wagtda Abadanyň pagta egriji fabrigi diňe bir ýurdumyzda däl-de, Orta Aziýanyň çäginde-de pnewmatiki görnüşde egriji iri, döwrebap dokma önümçilikleriniň biri bolup durýar. Ýewropanyň tanymal önüm öndürijileriniň has kämil enjamlary bilen üpjün edilen fabrik halkara sertifikasiýasy boýunça ähli standartlara laýyk gelýän nah ýüplügini dünýädäki dokma bazaryna iberijileriň biri hökmünde özüni tanatdy.

Täze önümçilik – Abadandaky fabrigiň ikinji nobatdakysy esasan, gowaçanyň inçe süýümli sortlaryndan aýlawly egirmek usuly arkaly, daraklanan nah ýüplügini öndürmek üçin niýetlenendir. Täze kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy daraklanan ýüplügiň 4 872 tonnasyny we işilen ýüplügiň 275 tonnasyny öndürmek üçin niýetlenendir. Jemläp alanyňda, munuň özi ABŞ-nyň 22,7 million dollaryna golaý bolup durýar. Şunda kärhanada öndürilen önümleriň ýarysyndan gowragy eksporta, galan bölegi bolsa ýurdumyzyň içerki bazaryna iberiler. Önümçilikde täze iş orunlarynyň 600-den gowragynyň döredilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir.

Ýakynda, 10-njy dekabrda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatyna degişli täze desgalar – Ruhabadyň dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylyň oktýabrynda toplumyň ilkinji düzüminiň – Ruhabadyň ýurdumyz üçin hil taýdan täze önümini –pagta süýüminden we poliesterden dürli görnüşde garyşyk ýürplügi öndürmek boýunça fabriginiň ulanmaga berilmegi bilen birlikde, toplumyň döredilmegine badalga berildi. Ýewropanyň tanymal önüm öndürijileriniň öňdebaryjy egriji enjamlary bilen üpjün edilen kärhananyň önümçilik kuwwatlyklary ýylda 13 müň tonnadan gowrak önüm öndürmek üçin niýetlenendir, munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda sarp edijileriň hajatlaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Galyberse-de, fabrik Ruhabadyň çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüm öndürmek boýunça ulanmaga berlen dokma toplumynyň dokma bölümi üçin çig-mal iberýän kärhana bolar.

Dokma toplumy aşgarlanmadyk mata görnüşindäki önümiň 20,3 million inedördül metrini we reňklenen, ýokary hilli matalaryň 40 million inedördül metrini öndürmek üçin nietlenendir. Bu ýerdäki pagta ýüplüginden we poliesterden garyşyk ýüplügi hem-de nah ýüplügini öndürmek boýunça fabrik çig mal babatda tygşytly bolunmagyny üpjün eder. Wekilbazaryň dokma fabriginde öndürilýän nah matalar hem-de bu toplumdaky önümler aşgarlanmadyk matalary taýýarlaýan boýag-bezeg önümçiliginiň hajatlaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ozal daşary ýurtlardan getirilýän gymmat bahaly mata gönüşindäki birinji derejeli önümleriň çykarylyp ugralmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikinçilik ulgamynyň ösdürilmegine, içerki bazary öz ýurdumyzda öndürilen dokma önümlerinden taýýarlanan, import boýunça getirilýän harytlaryň ýerini tutýan owadan we oňat hilli harytlar bilen üpjün edilmegine güýçli itergi berer, munuň özi şol harytlaryň eksport edilmegine-de giň mümkinçilikleri döredýär.

Toplumyň täze fabrikleriniň maşyn parky Ýewropanyň tanymal önüm öndürijileriniň ýokary tehnologik dokma enjamlarynyň 200-den gowrak birliginden ybarat bolup, sertifikasiýa edilen we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümiň öndürilmegi boýunça bildirilýän has ýokary talaplary ödeýär. Häzirki wagtda Ruhabadyň dokma toplumy dokma we boýag-bezeg önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täze gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde GDA girýän ýurtlaryň çäklerinde şunuň ýaly görnüşdäki ilkinji kärhanalaryň biridir.

Mundan başga-da, 2012-nji ýylyň tomsunda Seýdi şäherinde pagta egriji täze fabrigiň gurluşygyna badalga berildi. Tehniki we tehnologik taýdan üpjün edilişi, şeýle hem bu ýerde goýlan awtomatiki ulgamyň derejesi boýunça täze fabrik Lebap welaýatynyň çäginde dokma toplumynyň iň döwrebap kärhanalarynyň birine öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu möhüm täze binanyň taslamasyna laýyklykda, kärhananyň önümçilik kuwwatlyklary dünýäde dokma ulgamy boýunça ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna esaslanar, bu ýerde döwrebap enjamlaryň, tehnologiýalaryň, inženerçilik çözgütleriniň has täze görnüşleri ulanylar. Önümçilik tapgyrynyň ýokary derejede awtomatiki görnüşde alnyp barylmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport bilen bagly mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga ýardam berer. Çünki fabrigiň önüminiň agramly bölegini dünýä bazaryna ibermek göz öňünde tutulýar. Taslama boýunça bellenilen kuwwatlyklara ýetilen mahalynda, kärhanada ýylda pagta süýüminiň 6 müň tonnasy işlenip çykarylar.

Ýeri gelende, welaýatyň dokma toplumynyň täze desgasyny gurmak bilen birlikde, Türkmenabat şäherinde ozal hereket edýän we önümçilik kuwwatlylygy ýylda 4 müň tonna ýüplüge barabar bolan pagta egriji fabrigiň durkuny täzelemegiň we has döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegiň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bu pudaga ekologiýa taýdan bildirilýän talaplaryň ählisiniň berjaý edilmegini kepillendirýän we daşky gurşawa zeper ýetirmeýän innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde amala aşyrylýar. Muňa standartlaşdyrmak boýunça abraýly halkara edaralary tarapyndan ýurdumyzyň täze dokma toplumlaryna we fabriklere halkara sertifikatlarynyň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň eksport kuwwaty söwda sergilerinde

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde eksport kuwwatyny artdyrmagyň hem-de eksportyň harytlar boýunça düzümini ösdürmegiň iki ugra esaslanýandygy görünýär: şunda işlenip taýýarlanýan önümiň hilini, ulanylyş aýratynlyklaryny kämilleşdirmek hem-de önümçiligiň ähli tapgyrlarynda – harydy taýýarlamakdan başlap, ony daşary ýurtly sarp edijä ýetirmegiň barşynda innowasiýalara esaslanmak ugur edinilýär.

Her ýylda dokma senagaty boýunça guralýan sergiler we forumlar ykdysadyýetiň şu pudagynyň häzirki ýagdaýy we innowasiýa boýunça geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, bazaryň aýratynlyklaryna we hajatlaryna düşünmäge ýardam edýän örän wajyp işewürlik usuly bolup durýar. Şol sergilerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ählisi, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary -- döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaşlar we türkmen bazarynda ornaşmagy göz öňünde tutýan firmalar öz ekspozisiýalaryny görkezýärler.

Iýun aýynyň başynda “Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” diýen at bilen geçirilen nobatdaky sergi işewür toparlaryň ýurdumyzyň batly depgin bilen ösýän dokma senagatyna bildirýän gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýylda pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly, pudagyň serişdeler babatdaky örän uly kuwwatyndan we bäsdeşlige ukyply önümi işläp taýýarlamak boýunça mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanylmagyny ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanynyň milli ykdysadyýetiň bu strategiki toplumynyň öňünde goýan wezipelerini hil ýokarlandygyça, bäsdeşlige ukyplylygyň artýandygy barada aýdanlary arkaly beýan etmek bolar. Häzirki wagtda pudagy giň gerim bilen döwrebaplaşdyrmak, kärhanalary we fabrikleri tehniki taýdan täzeden üpjün etmek hut şol maksada ýetilmegine gönükdirilendir.

Şu ugurda gazanylan üstünlikler nobatdaky halkara sergisinde hem äşgär edildi, bu sergide milli dokma senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy, häzirki wagtda bu pudakda öndürilýän önümler dünýäniň köp sanly ýurtlaryna eksport edilýär. Sergi daşary ýurtlardan gelip gatnaşanlara we myhmanlara pudagyň ösüşine mahsus ýagdaýlar bilen tanyşmaga, şu ugra degişli işler babatda zerur maglumatlary toplamaga ýardam berdi.

Ýurdumyzda dokma önümçiligini batly depginde ösdürmek bilen birlikde, modanyň özbaşdak ulgamy kemala getirilip, Türkmenistanyň dünýäniň medeni merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän orny pugtalandyrylýar. Aşgabatda moda degişli toplumlar yzygiderli görkezilýär, bulara daşary ýurtly tanymal modelýerler hem gatnaşýarlar, moda degişli nusgalary döretmek we dizaýn boýunça milli mekdep üstünlikli ösdürilýär, şunda milli çeperçilik we bezeg boýunça ýörelgeler döredijilikli beýan edilýär.

Şeýle hem, türkmen çeper halyçylygy – nusgawy nagyşlar bilen bezelen haly önümlerinden başlap, döwrebap, özboluşly önümler köp sanly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde we telekeçilerde diýseň uly gyzyklanma döredýär, tutuş dünýäde haly önümlerine uly isleg bildirilmegi bularyň ýokary hilliligi we özboluşly görnüşde bezelýändigi bilen şertlendirilendir.

Maý aýynyň ahyrynda, ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramçylygynyň bellenilýän mahalynda paýtagtymyzda “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara serginiň we türkmen halyşynaslaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň nobatdaky, XII maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň subutnamasyna öwrüldi.

Häzirki wagtda halyçylygyň gadymy ýörelgeleri, milli medeniýetimiziň tutuş “altyn hazynasy” ýaly, milli sungatymyza uly sarpa goýýan we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn aladasy bilen gurşalandyr. Türkmen döwletinde bu gadymy senedi aýawly saklap, ony sungatyň derejesine ýetiren ussat halyçy zenanlaryň köp sanly nesillerine uly hormat goýlup, halyçylaryň hukuk derejesini we at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin ähli çäreler görülýär, şunda olaryň göwnejaý işlemegi üçin oňat şertler döredilýär, tutuş ýurdumyz boýunça täze haly fabrikleri gurulýar we daşary ýurtlarda milli halyçylyk giňden wagyz edilýär.

Her ýylda ýurdumyzyň çeper halyçylyga degişli kärhanalary haly önümleriniň 50 müň inedördül metre golaýyny öndürýär. Bu sanyň has-da artjakdygyna söz ýok, çünki ýurdumyzda täze fabrikler, şol sanda äpet halylary dokamak boýunça adaty bolmadyk kärhanalar gurulýar. Türkmen äpet halylarynyň iň uly el işleri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi halyçy zenanlaryň bu döredijilikli işde uly üstünlikleri gazanýandygyna şaýatlyk edýär.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň halyçylyk sungaty täsin galdyrýan özboluşlylygy saklamak bilen birlikde, marketingiň döwrebap tehnologiýalaryna eýermek arkaly türkmen eksportunyň gymmatly harytlarynyň birine öwrüldi hem-de halkara pudaklaýyn sergilerde iň ýokary sylaglara mynasyp bolmagyny dowam edýär, şol sergilerde türkmen tarapy täze we täze şertnamalary baglaşýar.

Şu ýylyň güýzünde türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň II halkara sergi-ýarmarkasy guraldy, şonda pagtany gaýtadan işleýän, dokma, azyk senagatynyň we söwda ulgamynyň wekillerine taýýar önümleriň has täze görnüşleri, önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga oňaýly mümkinçilik döredildi. Serginiň giňişleýin bölüminde milli ykdysadyýetiň eksporty ugur edinýän wajyp ähmiýetli pudaklarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli öňdebaryjy kärhanalaryň önümleri görkezildi.

Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde “Türkmenistanyň pagta önümi we dünýä bazary” atly halkara maslahat geçirildi, şonda dünýä we sebit derejesinde pagta we dokma senagatyna mahsus bolan ýagdaýlara, hil boýunça halkara standartlaryna we türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümleri dünýä bazaryna ýetirmegiň ugurlaryna garaldy.

Türkmenistanyň eksporta ugradýan harytlarynyň sanawyna ýakynda bugdaý hem goşuldy. Türkmenistan şu ugurdaky kuwwatyny ynamly artdyrýar hem-de täze goşmaça, hususan-da, un we un üçin haltalary öndürmegiň hasabyna öz mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda çörek önümlerini işläp taýýarlamak boýunça önümçilik toplumynyň we “Bereketli” söwda merkeziniň açylmagy munuň subutnamasyna öwrüldi.

Önümçilik toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 80 müň tonna un, her gije-gündizde çörek önümleriniň 40 tonnasyny, unaşyň 48 tonnasyny, şeýle hem ýylda un üçin 18 million haltany taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Ýurduň eksport kuwwatynyň artýandygyny göz öňünde tutup, hususy toplumyň işiniň geriminiň giňelýändigini hem bellemek gerek. Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň nobatdaky dördünji sergisinde bu toplumyň mümkinçilikleri we gazananlary giňişleýin görkezildi.

Telekeçilik – ýurduň ösüşindäki wajyp ykdysady serişde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, çünki ol milli ykdysadyýetde senagaty ileri tutulýan derejede ösdürmegiň we bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň netijeli bölegine öwrülmelidir. Kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly we netijeli ösdürmek maksady bilen, hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş taýdan örän amatly şertler döredilýär. Salgyt ulgamynyň hem-de telekeçilik işini hasaba almagyň we ygtyýarnama bermegiň tertibiniň kämilleşdirilmegini, ýeňillikli karz berilmegini muňa mysal edip görkezmek bolar.

Şu mesele 2012-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşan mahalynda hem öňe sürüldi, şonda, hakykatdan-da, bäsdeşlige ukypdy ykdysadyýetiň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler anyk kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany hususy telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, hojalygy dolandyrmak, daşary ýurtly maýadarlaryň işjeňligini artdyrmak boýunça hukuk bilen bagly usullaryň işlenip taýýarlanylmalydygyna deputatlaryň ünsüni çekdi.

Şunda özbaşdak iş alyp barýan raýatlary hukuk taýdan kepillendirmeler bilen üpjün etmek, olara salgyt, gümrük we beýlekiler boýunça ýeňillikleri bermek, ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny döretmek we beýlekiler göz öňünde tutuldy (Şu ýerde “2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanan taslamasynyň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutany tarapyndan tassyklanandygyny aýtmak gerek).

Hökümetiň mejlislerinde döwlet Baştutany hususyýetçiligiň ösdürilmegine degişli meseleleri häli-şindi orta atýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça işiň gerimini giňeltmegiň, şol sanda hususy toplumyň mümkinçiliklerinden has dolulygyna peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekýär. Milli Liderimiz şunuň ýaly çemeleşmäniň obasenagat toplumynyň ähli ulgamlarynda ulanylmalydygyny, işjeň, telekeçi, hojalykçy adamlara goldaw berilmelidigini aýtdy.Döwlet Baştutany goý, olar önümleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi kärhanalary , süýt fermalaryny gursunlar, maldarçylygy netijeli ösdürsinler diýip belledi. Şu ugurda işleýänleriň ählisine döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Milli Liderimiz hususy toplumyň wekilleri gatnaşmasa, oba hojalygyndaky özgertmeleriň göwün diýen netijeleri bermejekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Karara gol çekmegi şu ugurda nobatdaky wajyp ädime öwrüldi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin bir ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karz bermäge ygtyýar berildi.

Häzirki wagtda türkmen telekeçileri gurluşyk, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygyna degişli ulgamlar, azyk senagaty, dokma, tikinçilik, mebel, aýakgap önümçilikleri, amaly-haşam sungatyna degişli senetler ýaly dürli ugurlar boýunça işleri amala aşyrýarlar. Bulardan başga-da, hususy toplumyň wekilleri bilim, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, mahabat we neşir etmek bilen bagly ugurlar boýunça giň gerimli işleri berjaý edýär.

Häzirki wagtda eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, ýerli kärhanalara daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Indi ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenistanda şäher gurluşygy boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda ýaýbaňlandyrylan işlere has giňden gatnaşyp ugradylar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň gurluşyk işlerini ýokary hilli we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda berjaý etmekde ýeterlik tejribe toplandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Umuman alanyňda, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan durmuş-medeni maksatly desgalaryň 500-den gowragynda gurluşyk işleri amala aşyryldy, häzirki wagta çenli şolaryň onlarçasy eýýäm ulanmak üçin tabşyryldy.

Saýlap- seçmek bilen bagly işi ýurdumyzyň telekeçiliginiň gazananlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu iş anyk netijeleri berýär. Dürli gurluşyk materiallarynyň, şeýle zem dokma, himiýa, halyçylyk we beýleki pudaklar boýunça önümleriň öndürilmegini, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň işlenip çykarylmagyna ýardam berýän innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny muňa mysal edip görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi şu ýylda telekeçilik ulgamyndaky hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşindäki wajyp ähmiýetli esasy waka öwrüldi.

Döwletiň öz many-mazmuny boýunça ilatyň giň gatlaklary üçin niýetlenen syýasy işjeňligi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan işewürligi ösdürmek boýunça strategiýasynyň bolmagy durmuşda jemgyýetçilik işjeňliginiň täze, has netijeli görnüşleriniň döremegine itergi bermäge ýardam edýär. Çünki ýurduň durmuşyna ilatyň zähmet, intellektual we döredijilik kuwwatynyň has dolulygyna goşulyşmagy arkaly jemgyýetçilik we syýasy demokratiýanyň esaslarynyň biri hökmünde ykdysady demokratiýa kämilleşýär.

Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen geljekde-de söwda-ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara peýdaly gatnaşyklary ösdürimek we milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin anyk binýada esaslanýar.

Şu pikir halkara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde – ýokary derejedäki duşuşyklardan başlap, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaryň ugurlary boýunça gatnaşyklarda, işewürlik geňeşleriniň we hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň barşynda-da öz beýanyny tapýar. Şu ýylda Türkmenistanda dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ikitaraplaýyn işewürlik forumlary, beýleki döwletleriň ykdysady we eksport boýunça mümkinçiliklerine degişli sergiler we tanyşdyrylyş dabaralary hem ýurdumyzda daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň, şertleriň we ýeňillikleriň döredilendigini, ykdysady özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny, döwlet tarapyndan telekeçilige goldaw berilýändigini aýdyň görkezip, dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda bildirýän gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.

Ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilen EKSPO-2012 Bütindünýä sergisine gatnaşmagy türkmen döwletiniň halkara durmuşyndaky ýene-de bir wajyp ähmiýetli waka öwrüldi.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi baradaky meselä dolanyp gelmek bilen, şonuň çäklerinde iri we wajyp ähmiýetli çäreleriň, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň, Arkalaşygyň Ykdysady geňeşiniň mejlisleriniň, GDA-da azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara ylmy-amaly maslahatyň we beýlekileriň geçirilendigini hem-de bu wakalaryň özara arkalaşykly hereket etmegiň uzakmöhletleýin ugurlaryny kesgitländigini we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň gözlenmegine itergi berendigini bellemek gerek.

GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ilatyň sarp edýän harytlarynyň halkara sergi-ýarmarkasynyň ilkinji gezek Aşgabatda geçirilmegi hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşine öwrüldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça guralan bu ýarmarka gatnaşmak üçin Arkalaşyga agza bolup durýan döwletlerden 115 kompaniýa türkmen paýtagtyna ýygnandy.

Ýarmarka Arkalaşygyň ýurtlarynyň haryt önümçiliginiň giň gerime eýedigini hem-de gurluşyk ulgamyndan we durmuşda ulanylýan tehnika degişli ugurdan başlap, gaýtadan işleýän, azyk we ýeňil senagat boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi. Wekiliýetleriň düzümine döwlete degişli we hususy önümçilik kärhanalary, diňe bir içerki däl-de, daşarky bazarda-da uly at-abraýa eýe bolan tanymal kompaniýalar we firmalar goşuldy.

Köpçülikleýin sergä gatnaşyjy ýurtlaryň ählisini we Türkmenistany köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar, şol hyzmatdaşlyk maýa goýumyna degişli syýasatdan başlap, energetika we ulag ulgamlaryny, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň netijeli ulanylmagyny, energiýa serişdelerini işläp taýýrlaýan we ýeňil senagatdaky, oba hojalyk pudagyndaky, gaýtadan işleýän önümçilikdäki milli önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de gumanitar we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary özünde jemleýär. Güýz paslynda 20 günläp dowam eden sergi-ýarmarka halkara derejeli gözden geçirilişe öwrüldi, oňa gatnaşan ýurtlaryň her biri özüniň önümçilik we eksport babatdaky kuwwatyny, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bagly mümkinçiliklerini äşgär etdi.

Ýurdumyzyň ýarmarkada görkezilen harytlarynyň sanawynda eksport üçin niýetlenen önümlere aýratyn orun berildi. Bularyň arasyndan pagta ýüplügini, dokma we jinsi matalaryny, taýýar tikinçilik önümleriniň dürli görnüşlerini, azyk senagatynyň we beýleki pudaklaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň önümlerini görkezmek bolar.

Ilkinji halkara ýarmarkanyň üstünlikli geçirilmeginiň Arkalaşygyň giňişliginde köptaraplaýyn söwdanyň işjeňleşdirilmegine uly goşant bolandygyna hem-de şunuň ýaly sergileriň geçirilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygynyň asylly ýörelgesine öwrüljekdigine söz ýok.

Täze geljekki mümkinçilikleri döretmek ugrunda

23-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Ýaşulularyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekki hereketleriň toplumlaýyn maksatnamasy bilen tanyşdyrmak arkaly, türkmen ykdysadyýetiniň ýangyç-çig mal serişdelerine baglylygyny aradan aýyrmagyň döwletiň senagat baradaky syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy. Hut şu maksat bilen, önümçilik pudaklaryna, senagata degişli düzümiň kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine ep-esli möçberdäki maýa goýumlary gönükdiriler.

2012-2016-njy ýyllarda ykdsadyýetiň döwlete degişli we döwlete dahylsyz ulgamlaryndaky pudaklarda 200 milliard manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmek, önümçilik maksatly we üpjün ediş ulgamlaryna degişli desgalaryň 450-den gowragyny gurmak we durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Ýeňil senagaty diwersifikasiýa etmek hem-de şunda önümleriň täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanmagyny ýola goýmak boýunça taslamalar hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Umuman alanyňda, eýýäm bar bolan önümçiliklerden daşgary, kiçi, orta we iri täze kärhanalaryň 200-den gowragyny ýurdumyzyň senagatynyň düzümine goşmak bellenilýär, munuň özi diňe bir importy azaltmaga däl-de, eksporta iberilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 20-nji dekabrda geçirilen mejlisinde ýüpekçilik pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we şonuň esasynda ýüplük kelepleýji önümçilige, onuň çig mal babatdaky binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berip, 2013-nji ýylda ähli welaýatlarda pile öndürmek boýunça meýilnamalary tassyklady.

Milli Liderimiz ýüpekçiligiň türkmenleriň gadymy milli senetleriniň biri bolup durýandygyny hem-de şu ugurda halkymyzyň ýokary ussatlyk we kämillik derejesine ýetendigini aýtdy. Döwlet Baştutany esasy wezipäniň ýurdumyzda ýüpekçiligiň milli ýörelgelerini dowam etdirmek arkaly, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen, ony döwrebap derejä ýetirmekden ybaratdygyny belledi.

Hakykatdan-da, munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda-da ýurdumyzda ýüpekden öndürilýän keteni mata meşhur bolmagynda galýar. Gadymy döwürde şol matadan adaty türkmen geými tikilipdir. Häzirki günlerde-de moda industriýasynda ýüpege uly isleg bildirilýär, dünýä bazarynda-da onuň nyrhy pese düşmeýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dokma toplumy içerki bazary zerur bolan önümler bilen üpjün edip, import boýunça alynýan dokma önümleriniň deregine şonuň ýaly önümleri öz ýurdumyzda öndürmek arkaly eksport kuwwatyny artdyrmagyny dowam edýär. Şunda eksport üçin niýetlenen önümleriň önümçiligi döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw bermek arkaly höweslendirilýär.

Umuman alanyňda, ýeňil senagatda we söwda ulgamynda köpçülikleýin önümçilikden çeýe önümçilik tehnologiýalarynyň hasabyna, önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagyna geçmekde öňegidişligiň gazanylýandygy görünýär.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-dokma toplumy birnäçe pudaklara garanyňda öňdebaryjy bolmak bilen, ulgamlaryň düşewüntliligi, önümçiligiň ösüşi we önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagy höweslendirilýär. Türkmenistanyň umumy halkara söwda ulgamyna goşulyşmagy bolsa, bazary ösdürmek we kemala getirmek boýunça bütin dünýädäki meýillere uýgunlaşmaga, bazaryň ýagdaýyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hünärmenlerini hut şuňa çagyrmak arkaly milli ykdysadyýetiň esasy wezipesiniň türkmen raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-de ýokarlandyrmakdan hem-de ýokary derejede ösen we örän gurply döwlet hökmünde ýurdumyzyň at-abraýyny has-da pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny belleýär.