Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy – 2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy – 2012-nji ýyl

view-icon 20485
2. Medeniýet ulgamy

Medeniýet, ruhubelentlik, milli däp-dessurlar – bu düşünjeleriň sazlaşygy häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Taryhyň gatlaryna siňip barýan 2012-nji ýylyň wakalary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryna badalga berilmegi hem geçip barýan ýyl bilen baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýen jümlede ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň aýdyň ýoly, jemgyýetiň ruhy taýdan baýlaşmagy arkaly onuň ösüşe bolan meýilleri kesgitlenendir. Gadymdan bäri durnuklylyk, jebislik, ruhy taýdan bitewülik türkmenler üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Beýik türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň mähriban topragymyzyň abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýarlygyny hut şu düşünjeler bilen baglanyşdyrmagy hem tötänden däldir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamy Garaşsyz türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň dowamynda eden taryhy çykyşlary, hususan-da, hökümetiň 6-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde we 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar bilen bolan duşuşykda sözlän sözleri aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynda we GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynda eden taryhy çykyşlarynda medeniýeti häzirki zaman jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde häsiýetlendirdi.

“Medeniýet özüniň kesgitlemesi boýunça bir wagtlaýyn, özbaşdak we köpugurly bolmak bilen jemgyýetçilik ösüşiniň merkezi bolup durýar we ol hem-de onuň maksady serişdelerde sazlaşygy emele getirýän çylşyrymly pursadynda goşulyşmagyň çözgüdini tapmaga kömek edýär. Syýasatyň tapgyry ösüşiň ilkibaşky kuwwatyny bermekden ýa-da lukmançylygyň dili bilen aýdylanda, medeniýeti sagdynlaşdyrmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiziň bu sözlerinde jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmezden, umumy ösüşi gazanyp bolmajakdygy baradaky inkär edip bolmajak hakykat jemlenendir. Hut medeniýete asyrlaryň hakydasyny aýawly saklap we ol ýa-da beýleki bir milletiň ruhy ýörelgelerini dowam etdirip, ykdysady taýdan ösüşiň täze belentliklerine tarap hereket etmegiň başlangyç nokady hökmünde hyzmat etmek mahsusdyr.

Biziň ýurdumyzyň tejribesi munuň aýdyň mysaly hökmünde hyzmat edip biler. Häzirki Türkmenistan geljege tarapa ynamly barýan, ýöne şol bir wagtyň özünde, özüniň çuňňur we parasatly halk däp-dessurlaryna, ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýurt bolup, ýokary ruhy medeniýetiň müňýyllyklaryň jümmüşinden gelýän dowamatlylygyny saklap galmagy başarýar.

Türkmenleriň medeniýeti köpugurlydyr. Asyrlaryň dowamynda ol biziň milletimiziň özboluşlylygyna mahsus bolan köp sanly medeni däp-dessurlardan kemala gelipdir. Munuň özi onuň häzirki döwürdäki köp dürlüligini we özboluşlylygyny düşündirýär. Häzirki wagtda ägirt uly medeni gymmatlyklar gaýtadan dikeldildi. Olar dürli ulgamlarda, şol sanda halk döredijiliginde, rowaýatlarda, milli baýramçylyklarda we oýunlarda, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalarynda we düzgünlerinde, aýdym-sazlarda we tanslarda, milli lybasda we aşhana sungatynda, halk amaly-haşam sungatynda, halyçylykda we atçylykda öz beýanyny tapýar. Halkyň bu beýik medeni mirasy häzirki wagtda hem ägirt uly kuwwata eýedir. Türkmen halk pähiminde bellenilişi ýaly: “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz”. Şoňa görä-de, hut taryhy hakyda türkmenleriň milli däpleriniň müdimiligini we dowamatlylygyny, olaryň dünýäniň beýleki halklarynyň medeniýetleri babatda sazlaşykly ösýändigini düşündirýär.

Häzirki wagtda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup çykyş edýän Türkmenistan ýokary ruhuň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tekrarlaýar. Olar syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmekde, bütin dünýäde biziň döwletimiziň abraýyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Diňe bir ykdysady kuwwaty bilen däl, eýsem, ruhy, döredijilik we medeni kuwwaty bilen hem berkarar döwlet hökmünde özüni bütin dünýäde tanadan Türkmenistan giň medeni alyşmalar, özüniň taryhy – medeni mirasyny wagyz etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Hu şu syýasat 2012-nji ýylda hem medeniýeti ösdürmekde aýgytlaýjy orun eýeledi.

Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň dowamynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň barşynda gol çekilen hökümetara we pudagara resminamalar, şol sanda medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklar üçin giň ýol açýan resminamalar uly ähmiýete eýedir.

Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri halkara çäreleriniň 60-a golaýyna gatnaşdy. Medeniýet we sungat işgärleri hökümet wekiliýetleriniň düzüminde dostlukly döwletleriň birnäçesine baryp gördüler, şol ýerde milli medeniýeti giňden wagyz etmäge ýardam berýän dürli medeni çäreleri geçirdiler, şeýle hem Türkmenistanyň we dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy.

Milletiň maddy we ruhy medeniýetini gaýtadan dikeltmek hem-de ylmy taýdan çuňňur öwrenmek boýunça geçirilen giň möçberli işler Türkmenistanyň umumy ykrar edilen halkara ylmy we medeni merkez hökmündäki derejesini has-da berkitdi. 2012-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen wekilçilikli halkara forumlaryna örän köp ýurtdan wekilleriň gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň özi hem halkara medeni alyşmalar syýasatyny durmuşa geçirmekde aýratyn orun eýeledi. Mälim bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamda giň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eden ýylynyň wakalaryna ýüzlenmek bilen, ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň yzygiderli häsiýete eýedigini, onuň başlyklyk ediji ýurt hökmünde ynsanperwer ulgamdaky çäreleriň netijeli bolmagyny üpjün edendigini bellemelidiris.

Biziň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen medeni çäreleriň uly möçberli sanawynda şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen we GDA-nyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan “GDA ýurtlary fotokameralaryň obýektiwinde” atly surat sergisi, 9-njy iýunda Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynda geçirilen hem-de Türkmenistanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýaş zehinleriniň örän köp sanlysyny birleşdiren Halkara çagalar festiwaly hem bar.

Medeni alyşmalar maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçirilen çärelere aýratyn orun berildi. Şol çäreleriň ilkinjisi Mary şäherine bu derejäni bermek babatda 30-njy aprelde geçirilen resmi dabara bilen baglanyşyklydyr. Şol gün Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda dabara gatnaşyjylaryň köp sanlysy ýygnandy. Myhmanlaryň arasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygynyň Halkara gaznasynyň (GHHG) ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan, GHHG-niň ýerine ýetiriji direksiýasynyň beýleki wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň we biziň ýurdumyzyň habar beriş serieşdeleriniň wekilleri bar. Şol gün bu ýerde dabara gatnaşyjylary türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sungatynyň dürli görnüşleriniň ösüşi bilen tanyşdyrylan Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti we mowzuklaýyn sergi geçirildi. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Marynyň taryhy – ülkäni öwreniş muzeýine we welaýat kitaphanasyna barlyp görlende daşary ýurtly myhmanlara milli taryhy-medeni mirasyň uly gymmatlyklary görkezildi.

Geçen aýlaryň dowamynda welaýat merkezinde halklaryň dostlugyny we özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, Arkalaşyga agza ýurtlaryň alymlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik we ylmy gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen möhüm medeni çäreleriň ençemesi geçirildi. Mary şäherinde geçirilen iri forumlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça iýun aýynyň 6-synda guralan we biziň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça giň möçberli işde möhüm tapgyra öwrülen “Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahat hem bar. Wekilçilikli ylmy forum Orta Aziýanyň taryhy we medeniýeti, hususan-da, diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň iri arheologik toplumy bolan Gadymy Merwiň taryhy we medenýieti bilen gyzyklanýan meşhur alymlary jemläp, taryh ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etdi. Soňky onýyllyklaryň dowamynda edilen beýik arheologik açyşlar jähtinden Goňurdepe ýadygärliginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty 21-nji iýulda ýatdan çykmajak döredijilik baýramçylygynyň--GDA agza ýurtlaryň meşhur estrada aýdymçylarynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konsertiniň geçirilen ýerine öwrüldi. 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagtynda öz ýurtlaryna wekilçilik etmegiň ýaş zehinlere ynanylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Olar şu gün we geljekde Arkalaşygyň baş wezipesini –halklaryň parahatçylygyny we dostlugyny pugtalandyrmak, olaryň medeniýetleriniň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etmek wezipesini ýerine ýetirmelidirler.

17-nji dekabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygynyň Halkara gaznasynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, alymlar, žurnalistler – Mary şäherini 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara gatnaşyjylar ýene-de Mary welaýatynyň merkezine geldiler. Dabaranyň barşynda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde Maryda geçirilen işleriň netijeleri jemlenildi. Bu derejäniň şähere özüniň taryhy-medeni baýlygyny görkezmäge, GDA agza ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, halkara derejesinde Türkmenistanyň syýahatçylyk serişdelerini giňden hödürlemäge täze mümkinçilikleri açandygy bellenildi.

15-16-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy GDA agza ýurtlaryň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda möhüm waka boldy. “GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy: ugurlar we onuň geljegi” atly forum biziň ýurdumyz tarapyndan GDA agza ýurtlaryň gumanitar hyzmatdaşlyk baradaky Geňeşiniň we gumanitar hyzmatdaşlygyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guraldy. Forumyň açylan gününde Maslahat köşgüne wekiller – GDA ýurtlaryndan, Gruziýadan we Baltikadan medeniýet, ylym we bilim işgärleri, syýahatçylar, žurnalistler, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň, GDA-nyň pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralarynyň, UNESKO-nyň, jemgyýetçilik, bilim, ylym we döredijilik guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.

GDA giňişligindäki bu iri waka Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň öňünde giňişleýin çykyş edip, GDA-nyň işine oňyn baha berdi we döwletara hyzmatdaşlygyny, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça derwaýys wezipeleri kesgitledi.

Häzirki zaman jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde ruhy gymmatlyklara aýratyn üns berilmegi Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň esasy aýratynlygy boldy. Bu pikir forumyň çäklerinde guralan resmi çärelerde, şeýle hem guraýjy ýurt tarapyndan taýýarlanan uly medeni maksatnamasynda hem öz aýdyň beýanyny tapdy. Şol medeni maksatnama özüne dürli sergileri, konsertleri, tanyşdyrylyş dabaralaryny, iri muzeýlere, ylym we bilim merkezlerine, teýatrlara we kitaphanalara, “Bagt köşgüne” we beýleki ýerlere baryp görmek çärelerini birleşdirdi. Şeýlelikde, foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy baý taryhy we medeniýeti, onuň dünýä ösüşine goşan goşandy, özboluşly milli däp-dessurlary hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan özboluşly sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň tebigy we taryhy landşaftlary, gadymy Maşady (Misseriýan) şäheri we Mollagara, şeýle hem beýleki täsin ýerler bilen baglanyşykly tanyşdyrylyş baradaky başlangyjyna ýokary baha berdiler. Myhmanlar VII forumyň çäklerinde geçirilen, medeniýetara we milletara gatnaşyklaryny jsdürmäge gönükdirilen çäreleriň üstünlige eýe bolandygyny we maksadalaýykdygyny bellediler. Şol çäreleriň hatarynda Ylymlar akademiýalarynyň Halkara assosiasiýalarynyň we Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň, GDA agza ýurtlaryň milli konserwatoriýalarynyň rektorlar geňeşiniň bilelikdäki mejlislerini, şeýle hem Zenanlar birleşikleriniň, beýleki halkara birleşikleriniň wekilleriniň mejlislerini görkezmek bolar.

Halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasat medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir. Munuň özi beýleki medeniýetler üçin açyk bolan demokratik döwlet hökmünde biziň ýurdumyzyň bütin dünýädäki abraýynyň barha artmagynda hem uly ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, syn berilýän döwürde dostlukly ýurtlaryň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, Türkmenistanyň gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam edýän iri halkara döredijilik çäreleriniň we forumlarynyň guralmagy bellärliklidir.

2012-nji ýylda biziň ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet günleri geçirildi.

Maý aýynda Awstriýa Respublikasynda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan obalstynda, noýabr aýynyň ahyrynda Ukrainada biziň ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi. Iýun aýynda Türkmenistan EХPO-2012 Bütindünýä köpugurly sergisinde türkmen medeniýetini we sungatyny tanyşdyrmak üçin Günorta Koreýanyň Ýosu şäherine döredijilik toparyny iberdi.

21-nji noýabr – 3-nji dekabr aralygynda Belarusyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekilleriniň çykyşlary uly üstünlik bilen geçdi. Ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilen sirk sungatynyň iň gowy däplerini dowam etdirýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň ahalteke bedewlerinde görkezen ussatlygyna hemmeler haýran galdylar.

Bu döredijilik forumlary dürli-dürli bolsa-da, olaryň ählisini bir esasy pikir – dostlukly halklaryň gatnaşyklaryny has mähirli we açyk etmäge bolan ymtylyş baradaky pikir baglanyşdyrdy. Bu çäreleriň üstünlikli geçirilmegi şol asylly maksada abraý bilen ýetilendigine şaýatlyk edýär. Amala aşyrylan halkara çärelerine gatnaşmak üçin iberilýän wekiliýetleriň düzümine ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat wekilleri bilen birlikde, ýaşlaryň – ýurdumyzyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň girizilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaşlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

13-15-nji aprelde Aşgabatda geçirilen “Bagtyýarlyk eýýamynyň teatr sungaty” atly halkara festiwal ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka boldy. Teatr sungatynyň baýramçylygyna dünýäniň 11 ýurdundan döredijilik toparlary, şeýle hem dramaturglar, tankytçylar, teatr sungaty ulgamynyň beýleki hünärmenleri gatnaşdylar. Tomaşaçylara dürli žanrlardaky sahnalaryň ençemesi hödürlenildi.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mumkinçiliklerini durmuşa geçirmekde medeniýet ulgamynyň ornunyň barha artýandygy öz-özünden düşnüklidir, şoňa görä-de, syn berilýän döwürde esasy meseleleriň biri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly boldy. 5-7-nji sentýabrda Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda “Awaza-2012” Halkara sergisi, sungat festiwaly we ylmy maslahat geçirildi. Halkara forum özüne "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy üç ugruny – ykdysadyýeti, syýahatçylygy we ruhy ulgamy birleşdirdi. Hut şu üç ugruň sazlaşykly ösdürilmegi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Festiwala dürli döwletlerden gelen folklor-etnografiki, aýdym-saz toparlary, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, suratkeşler, şahyrlar we kinorežissýorlar gatnaşdylar.

9-njy oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy Halkara çagalar döredijilk festiwalyna gatnaşyjylary gujak açyp garşylady. Bu festiwal özüne dünýäniň 24 ýurdundan ýaş zehinleriň 500-den gowragyny birleşdirdi. Bu döredijilik forumynyň esasy maksady dürli ýurtlaryň çagalarynyň arasynda dostlugy we doganlygy pugtalandyrmakdan, ýaş türkmenistanlylaryň özleriniň daşary ýurtly ýaşdaşlary bilen döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekden, zehinli nesili terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat boldy. Festiwal şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň medeni däpleriniň aýawly saklanmagyna, çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam etmäge gönükdirildi. Ol beýleki ýurtlardan gelen çagalara türkmen medeniýeti we sungyty, ata Watanymyzyň häzirki güni bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredildi.

Şol günüň ertesi – 10-njy oktýabrda Hazaryň kenarynda, soňky ýyllarda dörän ajaýyp däbe görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän “Türkmeniiň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. 2012-nji ýylda ýeňijileriň arasynda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň geňeşçisi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň bolmagy bellärliklidir. Ol Türkmenistanyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmekde, gaýtadan dikeltmekde we bütin dünýäde giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin baýraga mynasyp boldy.

24-26-njy sentýabrda Aşgabatda geçirilen “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VII halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzyň neşirýat işinde gazanan üstünliklerini açyp görkezdi. Sergi-ýarmarkasyna daşary ýurtlaryň weikliýetleri, Türkmenistanyň döwlet we hususy neşirýat kärhanalary gatnaşdylar. Olar neşirýat ulgamynda işewür gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri aldylar. Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda türkmen neşirýatçylarynyň dördünji gezek Moskwanyň halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşandygyny ýatlatmalydyrys. Ýurdumyzyň ekspozisiýasynda häzirki Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, onuň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän neşirleriň onlarçasy hödürlenildi. Olaryň arasynda “Milli Lider”, “Aşgabat – söýginiň we umytlaryň şäheri”, “Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy”, “Owazly tolkunlaryň mekany” atly kitaplar bar. Bu ýerde ilkinji gezek

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden we türkmen halylaryna bagyşlanan “Janly rowaýat” atly kitap, “Görogly” şadessanynyň sowgatlyk nusgasy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri (32 sany kitap, şol sanda Saadiniň, Döwletmämmet Azadynyň, Baýram han türkmeniň saýlanan eserleri), çagalar üçin kitaplar, okuw kitaplary, Türkmenistanyň şäherleriniň we welaýatlarynyň ajaýyp ýerleri şekillendirilen suratlaryň toplumy hödürlenildi.

Türkmenistanyň halkara guramalarynyň işine gatnaşmagyny öz içine alýan köp taraply medeni gatnaşyklary halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasyna we onuň ýöriteleşdirilen edaralaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasy (UNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Bu gurama BMG-niň düzüminde özboluşly intellektual forum hökmünde medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ählumumy meseleleriň çözgüdini gözlemäge mümkinçilik berýär. UNESKO-nyň köpugurly, demokratik dünýä gurluşyny kemala getirmäge, medeniýetleriň bitewiligine we köpdürliligine hormat goýmaga gönükdirilen ýörelgeleri we gymmatlyklary Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz UNESKO bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Häzir tebigy desgalaryň birnäçesini, şol sanda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge dalaş edýän Garagum çölüni we uly dag toplumlaryny öwrenmek işi dowam edýär. Beýik Ýüpek ýoluny bütindünýä mirasynyň düzüm bölegi hökmünde ykrar etmek babatda hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle başlangyç täsindir, çünki gürrüň bir ýurduň bir desgasyny däl-de, eýsem tutuş taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyny sanawa girizmek barada barýar.

Öz işini ýUNESKO-nyň howandarlygynda amala aşyrýan “Kunstwelt e. V. Berlin” nemes medeni jemgyýetiniň özüniň “Öňdengörüjileriň ýoly” diýen taslamasy üçin türkmen nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadyny seçip almagy parahatçlyk dörediji ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, biziň ýurdumyzyň taryhyna, şeýle hem türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyna gyzyklanmanyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Berliniň iň meşhur köçeleriniň biri bolan Fridrihştrasse ýolunyň günorta böleginde açyk asmanyň astynda özboluşly serginiň ýerleşdirilendigini ýatlatmalydyrys. UNESKO agza ýurtlaryň milli edebiýatlaryň meşhur wekilleriniň parasatly sözleri şol serginiň gymmatlyklary hökmünde çykyş edýär. Indiden beýläk bütindünýä şöhratynyň bu alleýasynda Türkmenistanyň ruhy mirasyna hakyky watançy şahyr we akyldar Döwletmämmet Azady wekilçilik edýär. Türkmen şahyrynyň üç dildäki – türkmen, nemes we iňlis dillerindäki sözleri ýörite pannoda ýerleşdirilipdir.

Ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, aýawly saklamaga we bütin dünýäde wagyz etmäge bagyşlanan halkara çäreleriniň hatarynda 8-nji noýabrda Mary welaýatynda geçirilen “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň täsin binagärlik ýadygärlikleri bolan Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala ýadygärliklerini aýawly saklamak baradaky halkara taslamasy bilen tanyşdyryş dabarasyny görkezmek bolar. Bu taslama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy aýawly saklamak baradaky ilçiler gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde dört ýylyň dowamynda amala aşyrylar. Taslama boýunça esasy işler ýaz paslynda ýaýbaňlandyrylar, 2015-nji ýylda bolsa gadymy ýadygärlikleriň ikisi hem dikeldilen görnüşde öz täsinliklerini açar we geljekki nesiller üçin aýawly saklanyp galar.

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda geçirilen “Orta Aziýa kitaphanalarynda saklanylýan seýrek golýazmalary saklamagyň meseleleri” atly iki günlik halkara ylmy maslahatda türki halklaryň medeni mirasyny öwrenmekde, ruhy gymmatlyklary aýawly saklamakda halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan foruma gatnaşmak üçin Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan esasy hünärmenler, şeýle hem halkara guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda “TÜRKSOÝ” türk medeniýetiniň halkara guramasynyň wekilleri geldiler. Alymlaryň çykyşlarynda golýazmalar gaznasyny gaýtadan dikeltmek ulgamynda geçirilen barlaglaryň we ylmy işleriň, şeýle hem seýrek kitaplary, golýazmalary we arhiw materiallaryny terjime etmekde häzirki zaman maglumatlar tehnologiýalaryny ulanmagyň netijeleri hödürlenildi. Medeni golýazmalar mirasyny aýawly saklamak bilen baglanyşykly hünärmenleriň ysnyşykly ylmy gatnaşyklaryny ösdürmegiň, şeýle hem maddy däl taryhy ýadygärlikleri seljermek we gaýtadan dikeltmek ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.

Bir makalanyň çäklerinde geçip barýan ýylyň medeniýet ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly wakalarynyň ählisini sanap geçmek mümkin däldir, şoňa görä-de, olaryň käbiri barada durup geçmek maksadalaýyk bolardy.

18-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Medeni miras halkyň hakydasynda” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny mundan beýläk-de öwrenmegiň, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmegiň derwaýys ugurlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilelikde guradylar.

Aşgabatda geçirilen we Türkmenistanyň hem-de dostlukly döwletleriň birnäçesiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp guralan halkara medeni çäreleriň hatarynda Tailand Patyşalygyndan gelen aýdym-saz we tans toparynyň gatnaşmagynda geçirilen konserti, Koreýa medeniýetiniň we sungatynyň sergisini, Ukrainanyň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we keramikaçylarynyň sergisini, hindi, ýapon, fransuz, azerbaýjan we türk kinofilmleriniň görkezilişini, ýüpekde we kagyzyň ýüzünde syýa bilen surat çekmek boýunça gadymy ýapon usulyny görkezmek baradaky okuw çäresini, milli ýapon tagamlaryny taýýarlamak çäresini we beýlekileri görkezmek bolar.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde duşuşyklar we medeni çäreler, şol sanda ABŞ-dan gelen meşhur kinoprodýuser we ssenariýaçy Maýkl Fisjerald bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem ABŞ-nyň “Şon Kurranyň kompaniýasy” atly meşhur tans toparynyň çykyşlary guraldy. Meşhur hindi ýazyjysy Radha Raýna Aşgabatda döredijilik sapary bilen boldy. Hindi jahankeşdesiniň we gadymy Gündogar siwilizasiýalaryň köpasyrlyk taryhynyň mälim bolmadyk sahypalaryny öwreniji zenanyň saparynyň maksady türkmen we hindi halklarynyň medeniýetleriniň özara täsiri baradaky kitaby ýazmak üçin maglumatlary toplamakdan ybaratdyr.

Syn berilýän döwürde täze sahna oýunlarynyň birnäçesi, şol sanda täze “Magtymguly” operasy goýuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp goýlan operanyň hormatly tomaşaçysy boldy. Milli opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegi milli Liderimiziň ady bilen baglanyşyklydyr.

Ýylyň dowamynda milli baýramçylyklara bagyşlanan döwlet konsertleriniň birnäçesi geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramçylygyna – Garaşsyzlyk gününe gabatlanylyp sportuň gyşky görnüşler toplumynda uly konsert guraldy. Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary we döredijilik toparlary bilen birlikde oňa Türkiýeden, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Fransiýadan, Daniýadan, Şwesiýadan, Liwandan, Ukrainadan we Belarusdan gelen myhmanlar gatnaşdylar.

Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman Medeniýet öýleri, muzeýler we medeni-dynç alyş merkezleri, kitaphanalar we konsert zallary guruldy we gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, 18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň açylmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Bu ýerde, binanyň içinde gurnalan syn ediş hiňňildigi dünýäde şeýle desgalaryň iň ulusy bolup durýar we şoňa görä-de ol “Ginnesiň Rekordlar kitabyna” girizildi.

Sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde, neşirýat işini we habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde, giň aň-bilim gatnaşyklaryny ýola goýmakda hem medeniýet ulgamynda gazanylan anyk üstünlikler öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiz medeniýet we sungat işgärlerini goldamak, olaryň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek barada yzygiderli alada edýär. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm ulgamy ösdürmäge, ýaş zehinleriň täze nesilini terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berip, dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň abraýly festiwallara we döredijilik gözden geçirişlerine işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürýär.

Milli Liderimiz döredijilik işgärlerini jogapkärli we hormatly wezipeleri ýerine ýetirmäge ugrukdyrýar, olaryň Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam bermek üçin ähli şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz täze döwürde ýaşaýarys. Munuň özi döredijilik adamlarynyň häzirki zamanyň ýagdaýlaryna öz garaýyşlarynyň bolmagyny aňladýar. Olar özleriniň döredijilikli we tutanýerli zähmeti bilen adamlary begendirmelidirler, demokratik jemgyýetiň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşmalydyrlar, azatlygy we garaşsyzlygy wasp edip, nusgawy türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ajaýyp däplerini dowam etdirmelidirler we ösdürmelidirler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň 1254 sany edarasy hereket edýär. Olar degişli hyzmatlary ýokary derejede amala aşyrýarlar, ilaty sungatyň dürli görnüşlerine giňden çekmek boýunça üstünlikli işleýärler. Taryhy-medeni ýadygärlikleri we gymmatlyklary aýawly saklamak, rejelemek we goramak, biziň ýurdumyzyň çägindäki, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy geçmişi bilen baglanyşykly daşary ýurtlardaky medeni ýadygärlikleri we medeni mirasyň beýleki desgalaryny ýüze çykarmak we wagyz etmek boýunça işleri alyp barmak döwlet derejesindäki ähmiýete eýe boldy. Alymlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň işgärleriniň taryhy gymmatlyklary Türkmenistana gaýtaryp getirmek bilen baglanyşykly işleri aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Mysal üçin, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýleriniň, arhiwleriniň we kitaphanalarynyň arasyndaky gatnaşyklar ep-esli giňeldildi. Şol gatnaşyklar bolsa maglumatlary we resminamalaryň nusgalaryny alyşmaga, şeýle hem olary muzeýleriň we kitaphana gaznalarynyň bähbidine ulanmaga gönükdirilendir.

2012-nji ýylyň mart aýynda “Medeniýet” žurnalynyň birinji sanynyň çykandygyny bellemelidiris. Bu žurnal ýurdumyzyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen halkynyň medeniýet we sungat ulgamynda, milletiň ruhy taýdan galkynmagynda, ýaşlaryň medeni dünýä garaýyşyny giňeltmekde gazanan üstünliklerini wagyz etmek maksadynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýykylkda döredildi.

Medeniýet ulgamyna degişli täze kitaplaryň hatarynda türkmen halkynyň medeni ýadygärlikleriniň täze neşirleri bar. Olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Dört kitapda halk döredijiliginiň eserleri we geçen asyrlaryň awtorlarynyň ýazan eserleri – Mahmud ibn Abdulla Kätibi Nişapuryň “Türkmenleriň taryhy” atly eseri, “Dessanlar” ýygyndysy, şeýle hem XVIII-XIX asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen şahyr Mollamyrat Horezminiň “Dilawer we Gülesrar” eseri jemlendi. “Pähimler çemeni” atly ýygyndysy bolsa özüne Milli golýazmalar institutynyň gaznalarynda saklanylýan halk döredijiliginiň eserlerini hem-de üsti ýetirilen türkmen halk ertekilerini birleşdirdi.

Syn berilýän döwürde medeni-ynsanperwer mowzugyna bagyşlanan suratly neşirleriň birnäçesi çapdan çykdy. 2012-nji ýylda başlyklyk ediji ýurt hökmünde Türkmenistana bagyşlanan täze kitaplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Täze neşirleriň her biri milli medeniýetiň we halk däp-dessurlarynyň baý dünýäsine özboluşly syýahatdyr. Mysal üçin, “Türkmenistan – 2012: täsin açyşlaryň ýurdy” atly kitap biziň ýurdumyzyň geçmişi, häzirki güni we geljegi barada gürrüň berýär.

“Mary – GDA-nyň medeni paýtagty-2012” atly kitap bolsa Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň gadymy taryhy barada gürrüň berýär. Bu kitap Moskwada GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky Halkara gaznasynyň goldaw bermeginde, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramaçylyk goldawynda neşir edildi. Bu mesele “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bütindünýä mirasy” atly neşiriň sahypalarynda hem öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi boýunça täzeden neşir edilen “Görogly” eposy giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmen halkynyň milli gahrymany bolan Görogly baradaky uly göwrümli eser edermenligiň, watançylygyň we gahrymançylygyň ajaýyp nusgasy hökmünde häzir hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Täze kitaplaryň arasynda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndysy hem bar. Bu uly göwrümli kitap özüne şahyryň 400-e golaý eserini, şol sanda häzirki türkmen dilinde ilkinji gezek çap edilen şygyrlaryny birleşdirdi. Täze ýygyndy öz öňlerinde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň eserleriniň doly ýygyndysyny döretmek wezipesine goýan Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň köpýyllyk işiniň netijesi boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýetiniň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda medeniýeti ösdürmegiň innowasion usullaryny, öňdebaryjy pikirleri, maglumatlar we intellektual serişdeleri, syýahatçylyk, moda, dynç alyş ýaly ulgamlaryň kuwwatyny netijeli ulanmak wezipelerini görkezmek bolar. Bu ulgamyň işiniň hukuk kadalaryny kämilleşdirmek baradaky çäreler bu möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky işler 2012-nji ýylda hem işjeň dowam etdirildi. Mysal üçin, şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Medeniýet hakyndaky” Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan hem-de aýratyn goralýan çäkleri saklamagyň düzgünini kadalaşdyrýan “Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Oktýabr aýynda bolsa döwlet Baştutanymyz “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky” täze Kanuna gol çekdi. Ol türkmen halkynyň özüniň medeni-milli özboluşlylygyny goramaga we ösdürmäge bolan hukugyny üpjün edýär. Bu resminama häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda döredildi. Ol ÝUNESKO-nyň bütindünýä tebigy we medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň esasy düzgünlerine daýanýar. Türkmenistan hem şol Konwensiýa goşuldy. Täze Kanunda gozgalmaýan mirasyň desgalaryny ÝUNESKO-nyň Sanawyna goşmagyň tertibi beýan edildi, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde taryhy-medeni mirasyň desgalaryna eýelik etmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan bölüm peýda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmek babatda gol çeken resminamalary barada gürrüň edip, olaryň ählisini bu ulgamy ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýandygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda her ýyl Medeniýet hepdesini geçirmek baradaky çözgüdini ýatladyp geçmelidiris. Ilkinji gezek şeýle Hepdeligiň 2013-nji ýylda Balkan welaýatynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdigi bellärliklidir. Soňky ýyllarda “Awaza” ýurdumyzyň festiwal hereketiniň ajaýyp merkezine öwrülýär. Degişli resminamalaryň hatarynda her ýylyň aprel aýynda ahalteke bedewleriniň halkara bäsleşigini geçirmek, şeýle hem ahalteke atlarynyň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiklerini guramak bilen baglanyşykly Kararlary görkezmek bolar.

2012-nji ýylyň aýagynda döwlet Baştutanymyz Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynda häzirki zaman kitaphanalaryň binalaryny gurmak baradaky Karara gol çekdi. 2014-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine hem badalga berildi. Magtymgulynyň beýik döredijiligi bütin dünýäde türkmen halkyna uly şan-şöhrat getirdi we diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi mirasyna uly goşant goşdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 1-nji dekabrda bolan mejlisinde aýtdy. Eserleri çeperçilik taýdan kämilligi, pikirleriniň çuňlugy bilen tapawutlanýan Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine türkmen edebiýatynyň taryhyny öwreniji alymlar, edebiýaty we sungaty öwrenijiler, ýazyjylar we suratkeşler uly gyzyklanma bildirýärler diýip, milli Liderimiz belledi. şanly senä bagyşlanan çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, şahyryň dürli dillerdäki eserleri neşir ediler, onuň ömri we döredijiligi baradaky ylmy işler çap ediler, dokumental we çeper filmler dörediler, ylmy duşuşyklar hem-de halkara ylmy maslahatlar guralar.

Şeýlelikde, 2012-nji ýylyň medeni ulgamdaky wakalaryň synynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi öz beýanyny tapdy. Bu işde milli medeniýetimiziň serişdelerinden netijeli peýdalanylmagy demokratik hukuk döwletiniň ideologik we ahlak esaslaryny kemala getirmäge, jemgyýetiň döredijilik, intellektual kuwwatyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin şertleri döretmäge ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.