Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy – 2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy – 2012-nji ýyl

view-icon 8900
3. Ylym-bilim ulgamy

Tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň ösüşinde ylym we bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda bolup geçen has ähmiýetli wakalar barada aýdylanda, 12-nji iýunda –Ylymlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylym wekilleri bilen geçiren maslahaty 2012-nji ýylda döwletimiziň ylym ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli mümkinçilikler bilen bagly has möhüm waka öwrüldi. Bu maslahat täze taryhy eýýamdaky giň gerimli maksatlar we şunda öňe sürülýän ilkinji nobatdaky wezipeler bilen baglylykda türkmen ylmyny mundan beýläk-de ösdürimegiň wajyp ähmiýetli meselelerine bagyşlandy.

Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda bolan bu maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de akademikler we professorlar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlar-mugallymlar düzüminiň wekilleri, aspirantlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Ylymlar güni örän uly özgertmeleriň we ösüşiň eýýamynda dörän baýramçylyk bolup, onuň özeni oýlanyşykly ylmy çemeleşmä, ylmy oý-pikiriň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýar. Bu uly işe 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berildi, şonda milli Liderimiz ilkinji nobatda, ylym ulgamyny düýpli özgertmek boýunça çärelere aýratyn üns berdi.

Geçen bäş ýylda öz gerimi boýunça haýran galdyrýan işler geçirildi – ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy maksatlar we wezipeler, şeýle hem onuň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi, ylym we ýokary tehnologiýalar boýunça iri halkara guramalary we ylym merkezleri bilen uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygyna itergi berdi.

Ýurdumyzda döwletiň ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýän ýokary döwlet edarasy – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hereket edýär. Ýurdumyzda fundamental ylmy ösdürmek, ylmy-tehniki kuwwaty pugtalandyrmak, milletiň täze intellektual elitasyna – täze düşünjeli alymlara goldaw bermek we kemala getirmek, has ukyply ýaşlary ylmy işlere çekmek ýurdumyzda ylmy özgertmegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Bu düzgünler garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gezek işlenip taýýarlanan “Ylmy işgäriň hukuk derejesi hakyndaky” Kanunda öz beýanyny tapdy, bu resminama arkaly ýurdumyzda ylmyň ösüşine degişli işler kadalaşdyrylar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň ýanynda aspiranturalar we doktoranturalar hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylyk etmeginde dünýä ylmynyň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara ylmy forumlar yzygiderli geçirilýär, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň, onuň taryhynyň we medeniýetiniň öwrenilmegine ýardam berýän ylmy ekspedisiýalar guralýar. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Bularyň işine täze maglumatlar – kommunikasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň, tutuş jemgyýetiň öňünde goýan esasy wezipesi ýurdumyzda ylmy hil taýdan täze derejä ýetirmekden, ylmy-barlaglaryň we tehniki taýdan işläp taýýarlamalaryň netijeliligini artdyrmakdan hem-de bulary jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym ulgamynyň geljegine aýratyn üns bermek bilen, Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde Tehnologiýalar merkezini döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu ýörite toplumda ylmy-barlag edaralarynyň we okuw mekdepleriniň senagat desgalary we işewürlik merkezleri, sergi guralýan meýdançalar we beýleki desgalar jemlenýär, bular ylmyň ösüşini höweslendirip, innowasion tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden ornaşdyrylmagyna ýardam bermelidir.

Milli Liderimiz Tehnologiýalar merkezinde has soňky ylmy we inženerçilik oý-pikirleriň jemlenjekdigini hem-de onuň maksadynyň alymlaryň senagat – innowasion we maglumatlar-tehnologik häsiýetli anyk ugurlar boýunça netijeli we döredijilikli işlemegi, täze dünýagaraýyşly alymlaryň we hünärmenleriň nesliniň terbiýelenip ýetişdirilmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girýän ylmy-barlag institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi, şu maksatlar üçin ABŞ-nyň goşmaça 10 million dollary bölünip berildi. Şeýle hem döwlet Baştutany alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin ylmy işgjrleriň aýlyk zähmet hakyna goşmaça tölegleri bellemek hakyndaky Karara gol çekdi, bu resminama ýokaryh ünärli ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda ylmy mundan beýläk-de ösdürmek Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmak boýunça geçirilen maslahatda giňişleýin çykyşynda öňde goýan wezipeleri soňra ýurdumyzyň dürli ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meselä öwrüldi.

Maslahatlara gatnaşyjylar häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipäniň ozalky ülňülerden ýüz öwrüp, ýurdumyzda we dünýäde innowasion ösüş boýunça toplanan tejribäni, häzirki wagtda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we ösüşe mahsus ýagdaýlary ugur edinmekden ybaratdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyklara gatnaşyjylar hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky meselelere hem aýratyn üns berdiler.

Mart aýynda “Türkmenistanyň orta asyr şäherleri Ýewraziýa siwilizasiýasynyň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi akademiki ugra degişli has wajyp wakalaryň birine öwrüldi. Bu wekilçilikli ylmy forum türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täzeden dikeldilmegini, öwrenilmegini we dünýäde giňden wagyz edilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Bu maslahata dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň alymlary we hünärmenleri gatnaşdylar, onuň maksady Türkmenistanyň maddy we ruhy medeniýeti boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmakdan, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, orta asyrlara degişli we tutuş adamzadyň genji-hazynasy hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we giňden wagyz etmek işinde toplanan tejribäniň alşylmagyna ýardam bermekden ybarat boldy.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň alymlaryny, şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly arheologlary we taryhçylary, şeýle hem olaryň täze açyşlara we işläp taýýarlamalara üns bilen garaýan kärdeşlerini tolgundyrýan meseleleriň giň toplumyna garaldy. Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak we öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyna degişli çykyşlaryň we habarlaryň 100-den gowragy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň orta asyrlara degişli şäherleriniň taryhy, olaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ulgamynda eýelän orny boýunça taryhy çeşmeleriň öwrenilişine, şeýle hem şol şäherlerde maddy medeniýetiň, ylmyň we sungatyň ösüşiniň ylmy taýdan esaslandyrylan tapgyrlara bölünmegine degişli meseleler alymlarda ylmy taýdan uly gyzyklanma döretdi.

Maý aýynda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylyk etmeginde “Döwletmämmet Azady we XVIII asyr türkmen durmuşy” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi ýene-de bir möhüm ähmiýetli çärä öwrüldi. Bu nobatdaky uly forum türkmen halkynyň ruhy mirasynyň Gündogaryň medeniýetiniň ösüşindäki uly orny we ähmiýeti boýunça amala aşyrylýan ylmy barlaglaryň gerimini has-da giňeltmäge, şol mirasyň çuňňur öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilip, maglumatlaryň giňden alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň gadymy ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýän netijä öwrüldi.

Ylmy döredijiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýän

ýurdumyzyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan we geçirilen bu maslahata ABŞ-nyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Koreýanyň, Indoneziýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Yragyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Alžiriň, Iordaniýanyň, Liwiýanyň, Siriýanyň, Müsüriň, Ispaniýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Horwatiýanyň, Polşanyň, Çehiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň,Täjigistanyň , Ukrainanyň we Özbegistanyň alymlary gatnaşdylar.

Forumyň barşynda XVIII asyryň görnükli türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň biri hasaplanýan Döwletmämmet Azadynyň durmuşyna we döredijiligine degişli täze çeşmeler, ylmy maglumatlar aýan edildi. Döwletmämmet Azady beýik söz ussady, türkmen nusgawy edebiýatynyň Etrek-Gürgen mekdebini, terbiýeçiligiň özboluşly mekdebini esaslandyryjy bolup durýar. Bu mekdep türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda ahlak babatda eýeren ýörelgeleriniň, şeýle hem söz ussadynyň öwüt-nesihatlarynyň, maslahatlarynyň we arzuw-islegleriniň genji-hazynasy bolup durýar. Şeýle hem ol adamlaryň belent maksatlaryny we arzuw-isleglerini beýan edýän oý-pikirleri özünde jemleýän ajaýyp goşgularyny dünýä bagyş eden beýik şahyr Magtymguly Pyragyny terbiýeläp ýetişdiren parasatly atadyr we halypadyr.

“Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara maslahatynyň öňüsyrasynda, 2012-nji ýylyň 23-nji maýynda Köýtendagyň gözel künjeklerini öwrenýän alymlaryň halkara ylmy ekspedisiýasy öz işine başlady, bu iş şol ýeriň tebigy baýlyklaryny we gözel künjeklerini has çuňňur öwrenmekden ybarat boldy.

Ekspedisiýa sekiz döwletden – ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Russiýadan we Türkmenistandan esasy alymlaryň 50-den gowragynyň wekilleri goşuldy. Topara goşulanlaryň arasynda paleontologlar, mineraloglar, speleologlar, botanikler we zoologlar, tebigatyň gözel künjekleriniň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek boýunça ýörite işleri geçirýän ekologlar, şeýle hem UNESKO-nyň wekilleri bar.

Bu ekspedisiýagyň işi tamamlanandan soňra, ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlaryň, bilermenleriň 60-dan gowragy ýygnandy. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda şonuň öňüsyrasynda Köýtendagda ylmy barlaglary geçiren hünärmenler hem bardy.

Foruma gatnaşyjylar Köýtendagyň tebigy we medeni baýlyklaryny has çuňňur öwrenmek we goramak boýunça halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ähmiýetine we sebitde halkara syýahatçylygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Maslahatyň barşynda alymlar we hünärmenler Köýten deresinde Milli geologik parky döretmek we ony UNESKO-nyň geologik parklarynyň ählumumy ulgamyna goşmak, Köýtendag goraghangasyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin bu goraghananyň nominasion dosýesini taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Köp günlük ylmy-barlag çäreleri Köýtendagyň baý tebigatyny we täsin galdyrýan gözel künjeklerini öwrenmek, şu ugur boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly işde möhüm ädime öwrüldi.

12-nji iýunda Türkmenistanda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy sergi we ylmy maslahat guraldy. Bu ylmy forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Bu çäräniň köpugurly häsiýete eýe bolmagy onuň özboluşly aýratynlygyna öwrüldi, şonda Türkmenistanyň ylym we tehnika, bilim ulgamy boýunça gazananlary bilen tanyşmaga, ýurdumyzyň innowasion işläp taýýarlamalar boýunça mümkinçiliklerini görkezmäge, şeýle hem öňdebaryjy daşary ýurt kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga, aragatnaşyk saklamak isleýän hyzmatdaşlar bilen gös-göni gepleşigi geçirmäge oňaýly ýagdaý döredildi.

Sergide döwletimiziň we daşary ýurtlaryň kompaniýalary özleriniň ylmy işläp taýýarlamalary, nebitgaz ulgamyny, peýdaly tebigy baýlyklary gözlemek we çykarmak, gurluşyk, derman we himiýa senagaty, ulag we aragatnaşyk ulgamlary, maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalar we bilim boýunça programmalar, kompýuter tehnikasy we mikroelektronika, interaktiw enjamlar, daşky gurşawy goramak, edaralarda ulanylýan tehnika we enjamlar boýunça innowasiýalary we nou-haulary bilen tanyşdyrdylar. Sergä öňden bäri Türkmenistan bilen aragatnaşyk saklap, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlary we Bilim ministrligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän köp sanly daşary ýurt kompaniýalary hem gatnaşdylar.

Dekabryň ikinji ongünlüginde – tamamlanyp barýan 2012-nji ýylyň ahyrky aýynda – iki günläp türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we onuň düzümine girýär ylmy-barlag institutlary tarapyndan geçirilýän halkara derejeli duşuşyklaryň sanawynda ýene-de bir möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylda golaýda we alysda ýerleşýän daşary ýurtlaryň alymlarynyň we esasy hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen ylmy maslahatlaryň tapgyryna mart aýynda badalga berildi, şonda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty tarapyndan Türkmenistanyň orta asyrlardaky şäherleriniň, Ýewraziýa siwilizasiýasynyň ulgamyndaky ornuna degişli meselä bagyşlanan maslahat geçirildi. Dekabrdaky maslahat hem şol meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň dowamyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň taryhçy alymlarynyň türkmen halkynyň orta asyrlara degişli taryhy, halkymyzyň şol döwürdäki baý ylmy mirasy boýunça möhüm ähmiýetli ylmy-barlaglary yzygiderli geçirýändigini görkezýän nobatdaky subutnamadyr.

Şol meseläniň ylmy jähetlerini türkmen kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň alymlary geldiler. Olaryň arasynda ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Koreýanyň, Eýranyň, Wengriýanyň, Polşanyň, Çehiýanyň, Marokkonyň, GDA ýurtlarynyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň wekilleri bar.

Olaryň aglabasynyň diňe bir türkmen topragynda geçirilýän halkara maslahatlaryna gatnaşmak bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Ylymlar akadmiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen bilelikde ylmy barlaglary geçirmegi asylly däbe öwrüldi.

Iki günläp dowam eden forumyň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, geljegine uly umyt baglanýan bilelikdäki ylmy-barlaglara degişli meseleler we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýdäk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynda guralan ýörite sergi hem ylmy gatnaşyklaryň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Şonda görkeziden zatlar Türkmenistanyň Ylymlar akadmiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ählisiniň işi we häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Halkara forumynyň mejlisleriniň barşynda türkmen we daşary ýurtly alymlaryň eden çykyşlary olaryň ylymdaky maksatlarynyň türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyçlaryna laýyk gelýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynyň dünýä bileleşiginiň halklarynyň özara medeni gatnaşyklarynyň we özara baýlaşmagynyň täsin galdyrýan senenamasy bolup durýandygyny biragyzdan bellediler. Alymlar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gadymy ýoly täzeden dikeltmek baradaky pikiriniň adamlaryň kalplarynda seslenme döredip, halklary we döwletleri birwagtlar parahatçylygyň, dostlugyň we raýdaşlygyň meşhur ýollaryny innowasion esasda gaýtadan dikeltmäge çagyrmak arkaly, ählumumy parahatçylygyň, yzygilderli ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini bellediler.

2012-nji ýylda ylym-bilim ulgamyndaky wajyp ähmiýetli wakalar barada aýdylanda, tamamlanyp barýan ýylda döwlet Baştutany tarapyndan bilim boýunça yglan edilen innowasion özgertmäniň nobatdaky tapgyrlarynyň yzygiderli amala aşyrýrylýandygyny görkezýän wakalara beslenendigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamyny döwlet ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezdi, şol ugur hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary derejede intellektual ýaş nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilendir, çünki ata Watanymyzyň geljekki ykbaly, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylanlary berkitmek we artdyrmak hut şol nesliň elindedir. Milli Liderimiz türkmen halkynyň abadan durmuşynyň gözbaşynyň ilkinji nobatda, döwletiň ykbalyny, onuň sazlaşykly we batly depgin bilen ösüşini kesgitleýän hereketlendiriji güýç hasaplanýan ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdygyny belleýär.

16-njy awgustda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygy üçin ökde hünärmenleri taýýarlamak baradaky meseleleri üstünlikli çözmek üçin ýurdumyzda bilim ulgamynyň, şol sanda akademiki we ýokary, orta hünärment we umumybilim berýän mekdepleriň özgerdilmegini göz öňünde tutýan strategiýanyň amala aşyrylýandygyny belledi.

Bilimiň hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, milletiň intellektual kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky wezipeler bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ilkinji nobatda durýan meseleleriň birnäçesini kesgitledi.

Şol sanda milli Liderimiz ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ylmy-barlag merkezleriniň işiniň netijeliligini artdyrmagyň, bilim ulgamynyň özi üçin ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermegiň hem-de şu maksatlar üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň hünär taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça ýörite okuwlary guramagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi, bulara körpeleriň dürli ugurlar boýunça zehinini äşgär etmek we höweslendirmek, şol zehiniň kämilleşmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly hormatly we jogapkärli wezipe degişlidir.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okatmagyň möhletiniň 11-12 ýyla çenli uzaldylmagyny nobatdaky möhüm we düýpli ädimleriň biri hökmünde görkezip, şu ugra degişli, şol sanda dünýäde bu ugurda toplanan tejribe bilen bagly tabşyryklary berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça örän uly işler geçirildi. Ýurdumyzda täze, döwrebap okuw-pedagogik edaralaryň onlarçasy açyldy, bular okatmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. 2012-nji ýylda-da şonuň ýaly edaralaryň gurluşygy batly depgin bilen dowam etdirildi, şu ýylyň dowamynda bilim ulgamyna degişli köp sanly täze binalar ulanmaga berildi. Olaryň arasynda dolandyryş merkezlerinde,şeýle hem çetde ýerleşýän oabalarda gurlan çagalar baglary we umumybilim berýän orta mekdepler bar.

25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hünärine ökde işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli we häzirki döwrüň talaplaryny ödeýän ulgamy döretmek maksady bilen, düýpli özgertmeleriň birnäçesiniň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany “Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmek hakyndaky” Permanlara gol çekip, ýurdumyzda döredilýän täze okuw mekdeplerinde hünärine ökde işgärleriň taýýarlanylmalydygyny belledi, şol hünärmenler milli yklysadyýetdäki işgärleriň hataryna goşulyp, uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna önjeýli goşant goşmalydyr.

1-nji sentýabrda bolsa milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy

ýurdumyzda we dünýäde ylmyň soňky gazananlarynyň has giňden öwrenilmegine we okatmagyň barşyna ornaşdyrylmagyna, ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik döretdi. Bu täze ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwletimizdäki tebigy baýlyklary dünýä bazarlaryna eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaryny hil taýdan ýokary derejede amala aşyrmak ugrundaky işlere möhüm ähmiýetli goşant goşjakdygyna söz ýok. Bu ýokary okuw mekdebinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň gündelik tejribä ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär, munuň özi bu ýerde mugallymlara we talyplara dürli ylmy-barlaglary, tejribe bilen bagly synaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Täze okuw ýylynyň birinji gününde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem talyplar üçin ilkinji gezek gapylaryny giňden açdy. Ondan başga-da, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň orta hünärment bilimli işgärler babatda bildirýän isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen döredilen orta hünärment okuw mekdepleriniň 5-si, ýagny paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy boýunça orta hünärment mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehaniki-tehnologik orta hünärment mekdebi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň demir ýol ulaglary boýunça orta hünärment mekdebi, syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň syýahatçylyk boýunça orta hünärment mekdebi, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky orta tehniki hünärment mekdebi işläp ugrady.

2012-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 20-si boýunça dersler berlip ugraldy, 5766 talyp okuwa kabul edildi, munuň özi öňki ýyldaka garanyňda 711 adam köpdür. Ýurdumyzyň orta hünärment mekdeplerine okuwçylaryň 5775-si kabul edildi.

2012-2013-nji ýylyň okuw ýylynyň öňüsyrasynda we ilkinji hepdeleriň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň 30-a golaýynyň täze jaý toýlaryny tutandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Bular Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda ýerleşýär.

Asylly däbe görä, täze okuw mekdepleriniň açylyşy ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilip, hakyky baýramçylyga öwrüldi hem-de bu dabaralar ýurdumyzyň bilim ulgamynda örän uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyny äşgär edýär.

Bilim ulgamyna degişli täze binalar häzirki wagtda türkmenistanlylaryň ýaş neslini okatmagyň ähli tapgyrlarynda giňden ulanylýan kämil we Internete aralaşmaga mümkinçilik berýän kompýuter enjamlary, innowasion tehnologiýalar, şol sanda multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw-terbiýeçilik merkezleri bolup durýar.

Täze okuw mekdeplerini gurmak bilen birlikde, hereket edýän okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işi dowam etdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuwda okatmagyň döwrebap tehniki serişdeleri giňden ulanylýar, munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanynyň ýerlerde birinji synpda okaýanlaryň ählisine ýokary tehnologiýalar boýunça önüm öndürmekde dünýäde öňdebaryjylar tarapyndan innowasion, ýeňilleşdirilen ykjam görnüşde işlenip taýýarlanan özbaşdak kompýuterleri bermek baradaky möhüm ähmiýetli başlangyjyny durmuşa geçirmek geçen okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi.

Elektron “kömekçileri” – netbuklary ulanmak arkaly, sapaklary interaktiw multimediýa görnüşinde geçirmek boýunça işde toplanan ilkinji tejribe ýaş türkmenistanlylaryň okuwa höwesiniň has-da artandygyny we şonuň netijesinde bilimiň hiliniň ýokarlanandygyny aýdyň görkezdi. Şunda birinji synpda okaýanlara tälim bermegiň ähli usullarynyň has düşnükli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, netbuklarda ulanmak üçin niýetlenen ýörite multimediýa okuw gollanmalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşan mugallymlaryň wajyp ähmiýetli hyzmatynyň bardygyny aýtmak gerek. Şeýle hem mekdepde özleriniň “elektron kömekçisi” arkaly bilim almagyny dowam etdirýän ikinji synpdakylar üçin şunuň ýaly multimediýa görnüşindäki okuw gollanmalary işlenip taýýarlanyldy.

Bilim edaralarynyň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak, şol sanda häzirki zaman okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek boýunça uly işler geçirildi, şol okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň taýýarlanmagyna diňe bir mekdep mugallymlary däl-de, Bilim ministrliginiň hünärmenleri, orta we ýokary hünärment okuw mekdepleriniň mugallymlary we professorlary işjeň gatnaşýarlar.

Geçirilýän halkara sergileri we maslahatlar hem ýaş nesli okatmagyň ähli tapgyrlary üçin okuw edebiýatynyň hil taýdan gowulandyrylmagyna ýardam berýär, her ýylda guralýan bu çärelere dürli künjeklerinden bilim ulgamy boýunça tanymal hünärmenler türkmen paýtagtynda ýygnanýarlar. Bu çäreleriň çäklerinde innowasion tejribe we okatmagyň täsirli usullary barada pikir alşylýar.

Milli Liderimiziň bilim ulgamyny özgertmek baradaky uly möçberli başlangyjyny üstünlikli amala aşyrmak bilen baglylykda beýleki ugurlarda-da halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Okuw maslahatlary, okuw treningleri, leksion okuwlar häli-şindi guralýar hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe döwletleriniň hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň beýleki görnüşleri amala aşyrylýar. Şol döwletler bilim ulgamy boýunça ýurdumyz bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistanyň bilim edaralarynyň aglabasy golaýda we alysda ýerleşýän daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň onlarçasy bilen ysnyşykly, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmen ýaşlaryna daşary ýurtlaryň bilim ulgamy bilen tanyşmak, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Her ýylda bilim boýunça döwletara we pudagara ylalaşyklar hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak ederalarynyň buýurmalary esasynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýörite orta we ýokary bilim berýän okuw mekdeplerine iberilýär.

2012-2013-nji ýylda türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň 2 müňden gowragy Türkiýäniň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň birnäçesiniň talyplarynyň hataryna goşuldylar we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny işjeň ösdürmek bilen baglylykda has uly isleg bildirilýän hünärleri özleşdirýärler.

Öz gezeginde, mekdep mugallymlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, şeýle hem bilim edaralarynyň beýleki hünärmenleri özleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda yzygiderli tälim almak arkaly, özleriniň hünär babatdaky dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrýarlar hem-de mugallymçylyk babatdaky ussatlygyny ýokarlandyryp, halypaçylyk etmegiň innowasion tejribesini özleşdirýärler.

Türkmen talyplarynyň teoretiki mehanika boýunça talyplaryň VIII halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara derejesindäki ylmy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýän döwründe türkmen ýaşlarynyň ylmy barlaglar babatda bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Bu olimpiada 16-20-nji aprel aralygynda Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde geçirildi. Olimpiada Belarusyň, Russiýanyň, Polşanyň, Yragyň, Ukrainanyň, Türkmenistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň esasy uniwersitetlerinden talyplaryň toparlarynyň 45-si gatnaşdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen talyplarynyň topary olimpiadada bilimliligini, döredijilik ukyplaryny we ýeňiş gazanmaga çalyşýandygyny görkezmek arkaly, intellektual bäsleşigiň netijeleri boýunça, teoretiki bäsleşikde hormatly ikinji orny, şeýle hem “Breýn-ring” bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeledi. Bu üstünlik häzirki döwürde Türkmenistanda bilim we ylym ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, ökde hünärmenleriň we türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn kämil ýaş nesliniň terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilip amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň nobatdaky aýdyň netijesi bolup durýar.

Aprel aýynda geçirilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly halkara ylmy-usuly maslahat hem hut şu wezipä bagyşlandy. Bu maslahata dünýäniň 30 ýurdunyň – Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Daniýanyň, Portugaliýanyň, Wengriýanyň, Yragyň, Ysraýylyň, Türkiýäniň, Koreýanyň, Hindistanyň, GDA agza ýurtlaryň we başga-da köp döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.

Olaryň arasynda iri ylym we bilim merkezleriniň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem bilim ulgamy üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň bilermenleri bar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna degişli pudaklaýyn düzümleriň, ylmy-barlag institutlarynyň usulyýetçileri we işgärleri, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, talyplary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan şu ugra degişli edaralarynyň birnäçesiniň işgärleri wekilçilik etdiler.

Myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň bilim ulgamynyň wekilleriniň dostluga mahsus görnüşde geçýän şunuň ýaly duşuşyklary yzygilerdi guralýar hem-de belli bir derejede Türkmenistanyň halkara durmuşynyň ruhy ýagdaýyny kesgitleýär. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullaryna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi döwletimiziň we milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşyna, bu ulgamy dünýäniň ýokary standartlarynyň derejesine yzygiderli ýetirilmegine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtly myhmanlar soňky ýyllarda bu ulgamda bolup geçen özgertmeleriň gerimine mynasyp baha berdiler. Olar tutuş ýurdumyz boýunça okatmagyň interaktiw usullary, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýän täze orta we ýokary okuw mekdeplerini gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işiň geriminiň hakykatdan-da geň galdyrandygyny aýtdylar. Şonda Türkmenistanyň türkmen biliminiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň bilim giňişliginde wajyp halkara bilim merkezi hökmünde berkarar etmek üçin zerur bolan gymmatly tejribäni toplaýandygy bellenildi.

Çykyş edenler bilimiň hilini ýokarlandyrmak we tälim berýän tehnologiýalary ulanmagyň netijeli usullaryny gözläp tapmak boýunça özleriniň ylmy barlaglary geçirmek arkaly toplan tejribesi bilen tanyşdyrdylar. Şunda maglumatlar—kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň şertlerinde terbiýeçilige degişli jähete, onuň her bir adam bilen bagly aýratynlyklaryna içgin üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda okatmagyň barşynda, ýaş nesle tälim bermek we terbiýelemek boýunça dünýädäki ýagdaýlaryň, milli pedagogika, gadymy milli däp-dessurlar we adatlar we beýlekiler esasynda işlenip düzülen usulyýetiň ulanylmagy oňaýly ýagdaý hökmünde görkezildi.

Bilim boýunça döwrebap ýagdaýyň döredilmegine, bilim bermekde täze maglumatlar tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we ulanylmagyna bagyşlanan maslahatyň geçirilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim boýunça özgertmäniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, türkmen döwletiniň we jemgyýetiň durmuşynda

oňyn özgertmeleriň bolup geçýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

Sentýabr aýynda Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara olimpiadasynyň geçirilmegi hem muňa mysal bolup biler. Oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna dünýäniň onlarça ýurtlaryndan, şol sanda Germaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Polşadan, Braziliýadan, Malaýziýadan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden döwrebap kompýuter tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlaryň 200-den gowragy ýygnandy. Türkmenistana paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky umumy orta bilim berýän mekdeplerinden tapawutlanan programma düzüjiler wekilçilik etdiler.

Bu intellektualbäsleşik okuwçy ýaşlarda bilimliligiň derejesini ýokarlandyrmak we intellektual ukyplaryny artdyrmak, mekdep okuwçylarynyň dünýägaraýyşlaryny giňeltmek babatda uly höwes döredýändigini görkezdi. Galyberse-de, türkmen döwletiniň Baştutany Bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda dünýäniň dürli künjeklerinden biziň ýurdumyza gelýän ýaşlara birek-birek bilen has içgin tanyşmaga we dostlaşmaga, ylymlar we kompýuter taslamalary boýunça gazanylanlar babatda bildirilýän gyzyklanmanyň artmagyna ýardam berýän oňaýly mümkinçilik döreýändigini belledi.

Noýabryň ilkinji günlerinde paýtagtymyzdaky Sergi köşgi bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy üçin ýene-de bir oňaýly meýdança öwrüldi, bu ýerde “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Söwda –senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Forumyň işiniň çäklerinde oňa gatnaşan daşary ýurtlular okuw mekdepleriniň birnäçesine baryp gördüler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdylar. Şol duşuşyklarda geljegine uly umyt baglanýan hyzmatdaşlyga degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanylan we şu synda beýan edilen möhüm netijeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bellenilen giň gerimli meýilnamalary mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.