Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy - 2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy - 2012-nji ýyl

view-icon 7361
4. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk

Milli saglygy goraýyşy ösdürmegiň depginleri we hili häzirki zaman türkmen döwletiniň adama hyzmat etmek, onuň durmuş bähbitlerini we isleglerini üpjün etmek baradaky esasy wezipä tabyn bolan ägirt uly tagallalarynyň has aýdyň we äşgär beýany bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gös-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan, maksatlary boýunça öňdebaryjy hem-de düýp mazmuny boýunça özgertmelerden ybarat bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasy keselleriň öňüni almakdan hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň däplerini ornaşdyrmakdan başlap, innowasion tehnologiýalary çekmäge we giň halkara hyzmatdaşlyga çenli milli saglygy goraýşy mundan beýläk-de kämilleşdirmekde täze taglymlaryň hem-de çemeleşmeleriň özboluşly meýdany bolup çykyş edýär.

Ony durmuşa geçirmegiň, şeýle hem milli Liderimiziň beýleki uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda soňky ýyllarda iň häzirki zaman hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler guruldy hem-de bu asylly iş 2012-nji ýylda hem dowam etdirildi. Enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlaryň görnüşleri boýunça dünýädäki şular ýaly edaralardan pes bolmadyk dürli saglygy goraýyş we sanatoriýa-şypahana ugurly edaralaryň durky täzelenýär, bereketli türkmen topragynda ösýän bejeriş otlaryndan we ösümliklerinden dermanlary öndürýän kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda—türkmen halky üçin taryhy gün bolan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasy bolan günde we uly ählihalk baýramçylygynyň—Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda milletimiziň saglygyny pugtalandyrmak baradaky aladany döwlet ähmiýetli iş diýip jar eden Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda gurlan “Berzeňňi” şypahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyny muňa mysal getirmek bolar.

Şypahananyň täze binasynda lukmanlaryň işlemegi we müşderileriň saglygyny bejertmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Onuň düzümine keselleri anyklaýyş we bejeriş toplumlary girýär. Ähli iş otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de lukmançylyk tehnikasyny dünýäde esasy öndürijileriň iň soňky işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Gidroterapiýa bölüminde wannaly otaglar, bejeriş duşy we suw arkaly owkalamak üçin niýetlenen jaýlar ýerleşýär. Mineral suwlar we atlandyrylyşy ýaly, mineral suwuň bejeriş düzümini has çalt özleşdirmek üçin elektroimpulsy ulanmak bilen elektrikleşdirilen bejeriş wannalary müşderileriň hyzmatyndadyr.

Şypahahananyň täze binasynyň işe girizilmegi bilen “Berzeňňi” mineral çeşmesiniň adamlaryň saglygy üçin ylmy esasda peýdalanylmagy, bejeriş amallaryny netijeli geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlarynyň oturdylmagy we ýörite taýýarlygy geçen lukmanlaryň ýokary hünäri netijesinde ol täze görnüşe eýe boldy. Şypahananyň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň amaly okuwlary geçirmeginiň göz öňünde tutulmagyny hem belläp geçmek möhümdir. Bejeriş bedenterbiýesi we saglygy dikeltmek usullary kafedrasynyň işlemegi üçin ýörite iş otaglary bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň täze ugurlarynyň biridir, indi onuň talyplary şypahanaçylyk babatda ýöriteleşmäge mümkinçilik aldylar.

Aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen, 350 orun üçin niýetlenilen “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ylmy-kliniki kardiologiýa merkezli hassahananyň täze binasyny gurmak hakyndaky” Karar ýurdumyzyň saglygy goraýyş mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boldy, şol hassahana iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler.

Döwlet Baştutanymyzyň ýene-de bir Karary gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu resminama laýyklykda Aşgabat şäherinde ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän 200 orunlyk Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, şeýle hem tiz kömek ulaglarynyň we beýleki awtomobilleriň 230-sy üçin garaž gurlar. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hem häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 30 orunlyk şular ýaly merkezler gurlar.

26-27-nji aprelde türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan II türkmen-german lukmançylyk maslahaty geçirildi, ol saglygy goraýyş babatda iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Bu duşuşyk 2011-nji ýylyň noýabrynda Mýunhende başy başlanan işjeň gatnaşyklaryň dowamy boldy, şol ýerde I Halkara türkmen-german lukmançylyk maslahaty geçirildi. Aşgabatda geçirilen işewür duşuşygyň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň, iri ylmy-kliniki merkezleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar, ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gurady. Germaniýa Federatiw Respublikasyndan wekiliýet maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi, hökümet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, işewürligi we saglygy goraýşy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty babatda görnükli nemes alymlary hem-de hünärmenleri, bu ulgam üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy kompaniýalaryň bilermenleri onuň düzümine girdi.

Aşgabatda şeýle wekilçilikli möçberde ylmy lukmançylyk maslahatynyň geçirilmegi türkmen döwletiniň ösüşinde bu ulgamyň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär.Meseleleriň giň toparynyň hatarynda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň we ýokary bilimiň möhüm ugurlaryna, lukmançylyk biliminiň däplerine we innowasiýalaryna, lukmançylyk biliminde häzirki zaman maglumat beriş we aragatnaşyk tehnologiýalaryna, kliniki dersleri okatmakda häzirki zaman ýokary tehnologiki okuw gollanmalarynyň ornuna we başgalara esasy üns berildi.

2012-nji ýylyň 15-nji maýy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin halkara derejesindäki hoş habarlara beslenen gün boldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanda gyzamygyň we gyzyljanyň ýokdugyny tassyklady, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bolsa akademiki bilim boýunça saglygy goraýyş edaralary baradaky Bütindünýä maglumatlar goruna -- “Awisenna” direktoriýasyna girizildi. Bu şanly wakalara bagyşlanylan dabaralaryň barşynda meýilnamalaýyn sanjym bilen ýokary derejede gurşalyp alynmagynyň üpjün edilmegi, şeýle hem sanjym boýunça ýokary hilli goşmaça çäreleriň üstünlikli geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri geçen döwürde gyzamygyň ýüze çykmagynyň bir halaty hem bellige alynmady diýlip bellenildi.

Sanjym arkaly öňüni alyş çäreleri milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmegiň barşynda möhüm orny eýeleýär. Öz raýatlarynyň abadançylygyna, saglygy goramagyň halkara ülňülerini üpjün etmäge hem-de keselleriň öňüni alyş gözegçiligini güýçlendirmäge örän jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan ilaty sanjymlar bilen üpjün etmegiň derejesi boýunça sebitde öňdäki orny eýelemek bilen, meýilnamalaýyn sanjym çärelerini yzygiderli geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryny hem-de döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan “2003-2020-nji ýyllar üçin immunopofilaktika” milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy tarapyndan görülýän meýilnamalaýyn çäreler köp keselleriň öňüni almagyň hem-de öňünden duýdurmagyň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berdi, munuň özi kesellemegiň derejesini düýpli azaltmagy üpjün etdi. Ýurdumyzda poliomiýelitiň doly soňuna çykylmagy çagalara köpçülikleýin sanjym geçirmegiň ähmiýetli gazanan üstünlikleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan biziň ýurdumyzyň “poliomiýelitden erkin çäk” hökmündäki derejesini tassyklaýan halkara güwänamasynyň eýýäm öňden bäri eýesi boldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistany gyzzyrma doly ýok edilen ýurtlaryň sanawyna hem goşdy.

Türkmenistanyň bu babatdaky gazanýan üstünlikleri ýokanç kesellerine garşy netijeli göreş alyp barmagyň mysaly bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribesi GDA döwletlerinde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde ýaýratmak üçin maslahat berildi, munuň özi saglygy goraýyş babatdaky wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň halkara derejesinde ýene-de bir ykrar edilmesi bolup durýar.

20-21-nji iýulda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanylan nobatdaky “Saglyk-2012” halkara sergisi we ylmy maslahat boldy.

Üç günüň dowamynda sergä köp sanly gelip görenlere ýurdumyzda we Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň köp görnüşleri görkezildi. Onuň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatda oňa gatnaşyjylar – dünýäniň 40-dan gowrak ýurtlaryndan gelenler häzirki zaman saglygy goraýyşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar öz çykyşlarynda lukmançylygyň dürli ugurlarynyň özara baglanyşyklylygy hakynda, şol sanda ýokanç keselleri anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş, nawigasion hirurgiýa hem-de goşulyşan amallar, barlaghana lukmançylygy, rentgen-keselleri anyklaýyş, şypahanaçylyk, tebigy derman serişdeleri, diş bejerişde ortopediki bejeriş mahaly diş protezlerini oturtmak, göz kesellerini bejerişde lazer hirurgiýasy we başgalar ýaly ugurlarda özara baglanyşyklar hakynda söz açdylar.

Bölümleýin mejlislere gatnaşyjylar bolan türkmen we daşary ýurt hünärmenleri tarapyndan ýüzlerçe çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, şolarda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň hakykatda ähli ugurlary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalar hakynda maglumatlar berildi.

Maslahatyň çäklerinde paýtagtymyzyň käbir hassahanalarynda, hususan-da, Halkara göz kesellerini bejeriş merkezinde, Bejeriş-maslahat beriş merkezinde we Halkara trawmotologiýa merkezinde bilelikdäki hirurgiki operasiýalar üstünlikli geçirildi.

21-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mollagara” şypahanasynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Tebigatyň özboluşly künjegi bolan gadymdan bäri öz bejeriş häsiýetleri bilen meşhur Mollagara kölüniň ýanynda gurlan bu häzirki zaman toplumynyň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanmagy has guwançlydyr.

Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz “Mollagara” şypahanasynyň ajaýyp bejeriş mümkinçiliklerini nygtady, şol ýerde birnäçe keselleri üstünlikli bejermek üçin tebigy şertler peýdalanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu özboluşly şypahana diňe bir türkmenistanlylaryň arasynda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden bu ýere gelýän köp sanly müşderileriň arasynda hem gadymdan bäri uly meşhurlyga eýedir. Täze häzirki zaman şypahana toplumynyň gurulmagy bu ýerde edilýän bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň gerimini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Bu ýerde iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän şypahananyň täze häzirki zaman binalary guruldy, bar bolan binalaryň durky düýpli täzelendi. Toplum bir wagtyň özünde 815 adamyny, şol sanda 170 maşgalany kabul etmek üçin niýetlenilendir hem-de keselleri anyklaýyş, balneologiki we suw bilen bejeriş /SPA/ binasyny, şeýle hem çagalar bölümini özünde jemleýär. Şypahana dürli bejeriş amallaryny, şol sanda suwasty owkalamagy, minerallaşdyrylan wannalary we duşlary, aeroterapiýani hödürleýär. Bu ýerde bejerişiň täze netijeli usullary, şol sanda gyzgyn daşlary we Garagumuň çägesini, ozony, ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden erginleri ulanmak giňden peýdalanylýar. Duzly kölüň kenarynda 300 orunlyk solýariýa ýerleşýär.

Şypahanada müşderileriň oňat dynç almaklary üçin ajaýyp şertler döredildi, kitaphana, internet-kafe, restoran we dükanlar, amfiteatr, gözellik salony we medeni-durmuş maksatly beýleki desgalar olaryň hyzmatyndadyr.

“Berzeňňi” şypahanasynyň ýokarda ýatlanyp geçilen täze binasynda bolşy ýaly, toplumlaýyn bejerişde howa arkaly bejermek, balneofizioterapiýa bilen bir hatarda,bu ýerde dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen fizioterapiýa usullary hem netijeli ulanylýar, şol ösümlikler Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde jikme-jik beýan edildi. Bu wakalaryň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň mysallary bolup durýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyşy täze hile we mazmuna eýe bolmak bilen, 2012-nji ýylda dünýäde täze öňdebaryjy orunlara çykdy. Ilata ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini etmek babatda düýpli özgertmeler bolup geçdi, bejeriş edaralarynyň hem-de keselleri anyklaýyş merkezleriniň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maşgala lukmanlary institutyny we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny ornaşdyrmak boýunça çynlakaý işler geçirildi, munuň özi keselleriň öňüni almaga örän oňyn täsir etdi.

Täze lukmançylyk desgalaryny gurmak, ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny, şol sanda telelukmançylygy işjeň ornaşdyrmak, ähli saglygy goraýyş edaralaryny doly kompýuterleşdirmek, lukmançylyk ylmyny belli bir maksada gönükdirip goldamak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak—bularyň hemmesi adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak we goramak üçin örän amatly mümkinçilikleri döredýär. Mysal üçin, 27-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň durky doly täzelenen “Saglyk” derman kärhanasy işe girizildi.

Kärhana gerdejikler, süýri däneler, erginler görnüşindäki derman serişdelerini öndürýän täze tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edildi. Bir ýylda 18 million çüýşe ýoduň spirtli erginini öndürýän sehiň täze binasy guruldy. Kärhananyň işgärleriniň bu ýerde oturdylan häzirki zaman tehnologik ulgamlarda işlemegi üçin degişli taýýarlygy geçendigini bellemek gerek.

Toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň barşynda köp gatly dolandyryş binanyň hem durky doly täzelenildi. Onda Derman serişdelerini hasaba alýan we olaryň hiline gözegçilik edýän merkez ýerleşdirildi. Ol ýewropa we amerikan önümçiligi bolan öňdebaryjy lukmançylyk laboratoriýa enjamlary we gözegçilik-ölçeg abzallary bilen üpjün edildi.

Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginde we esasy halkara guramalarynda, şol sanda BMG-da we onuň iri düzümlerinde – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynda, Çagalar gaznasynda /UNISEF/ we beýlekilerde giňden ykrar edildi, şolar bilen biziň ýurdumyz işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Döwlet býujetinden saglygy goraýşy ösdürmäge geçirilýän serişdeleiň möçberi ýyl-ýyldan artýar. 2012-nji ýylda şu maksatlar üçin Döwlet býujetinden 764,5 million manada golaý serişde berildi, munuň özi geçen ýyldaka garanyňda 72 million manat köpdür.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň we beýleki uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde bu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman saglyk düzümleri döredilýär. Üpjünçiligi we edilýän hyzmatlaryň görnüşleri boýunça dünýäniň şeýle edaralaryndan pes gelmeýän lukmançylyk, sanatoriýa-şypahana we syýahatçylyk ugurly täze edaralar – sagaldyş merkezleri, şypahanalar we dynç alyş öýleri biri-biriniň yzyndan gurulýar.

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary bejermek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, ýaş nesli güýçli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar edip ýetişdirmek boýunça ähli zerur işler geçirilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlary sporta çekmek maksady bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýörite Karary arkaly 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, gije-gündizleýin işleýän sport teleýaýlymyny döredendigi guwançlydyr, şonuň netijesinde türkmenistanlylar göni ýaýlymda ýylyň esasy ýaryşlaryna –futbol boýunça Ýewropa çempionatyna we Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek tomaşa etdiler, munuň özi öz nobatynda ýokary üstünlikler gazanylýan sporty wagyz etmegiň täsirli mysallarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ählihalk çäresi – Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda, aprel aýynyň başynda geçirilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi sagdyn durmuş ýörelgesiniň taglymlaryna bagyşlandy, Bütindünýä saglyk gününi türkmenistanlylar däp boýunça bütin halkara bileleşigi bilen bilelikde her ýyl giňden we dabaraly belläp geçýär.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň we olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň, ýagny türkmen sportuny täze belentligiň derejesine çykarjak, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmak işine mynasyp goşant goşjak, şeýle hem syýahatçylyk düzümlerini ösdürmek boýunça bellenilen uly möçberli meýilnamalary durmuşa geçirjek hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw mekdepleriniň täze binasynyň 6-njy aprelde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bilen bolan açylyş dabarasy şu şanly wakalara bagyşlandy.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty 1600 talyp üçin niýetlenilen hem-de paýtagtymyzyň merkezi şaýollarynyň biriniň ugrunda gurlan ajaýyp toplumda jaý toýuny tutdy. Täze mekdep hem bu ýokary okuw mekdebiniň golaýynda ýerleşýär, onuň esasy wezipesi ýaş başarjaňlary ösdürip ýetişdirmekden, sportuň dürli görnüşlerinde, şol sanda gyşky görnüşlerinde geljekki ussatlary we çempionlary kemala getirmekden ybaratdyr, sportuň gyşky görnüşiniň meşhurlygy bolsa biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda ep-esli artdy.

Bu häzirki zaman ýokary okuw mekdebinde sport we syýahatçylyk babatda düýpli bilimleri hem-de endikleri almak, başarjaň, ýokary derejeli sport halypalaryny, bedenterbiýe mugallymlaryny, syýahatçylyk we myhmanhana hyzmaty babatda hünärmenleri, sport žurnalistlerini taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Institutyň ýanynda 350 orunlyk olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep bar we şeýlelikde ýokary derejedäki türgenleri taýýarlamagyň bir bitewi toplumlaýyn ulgamy döredildi, oňa mekdep, institut we stadion girýär. Institutyň we olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda gurulmagy talyplara alan bilimlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

Ertesi gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk sport çärelerine gatnaşdy. Öň bellenip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi bu senä bagyşlandy, ol berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe boldy.

Köpçülikleýin sport çäreleri paýtagtymyzy we welaýatlary gurşap almak bilen, bütin Türkmenistanda ýaýbaňlandy, şol gün ähli stadionlar, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary, şeýle hem okuw mekdepleriniň sport zallary köp adamly boldy. Milli telewideniýämiziň we radiomyzyň ähli ýaýlymlary boýunça bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesi meselesine bagyşlanylan gepleşikler ýaýlyma çykdy.

Şanly seneleriň milli senenamasynyň sanawyna girizilen baýramçylyk bellenilýän şol ýaz gününde däp boýunça Saglyk ýolundan köpçülikleýin geçmek, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly ýaryşlar guraldy.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda milletimiziň saglygyny berkitmäge, türkmenistanlylaryň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş neslini kemala getirmäge ýardam edýän häzirki zaman düzümler kemala gelýär. Hemme ýerde dürli sport desgalary—stadionlar, aýlawlar we beýleki sport desgalary guruldy hem-de bu iş dowam edýär, şolarda bedenterbiýe we sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi.

2012-nji ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky sportyň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumyna baryp görmek bilen, bu ýerde köpçüldikleýin sport hereketini, şol sanda hokkeýi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hokkeý ýaly sportuň ýurdumyz üçin täze görnüşini ösdürmek, hokkeý toparlarynyň türgenleşikleri üçin häzirki zaman şertlerini döretmek, olary ýaryşlara taýýarlamagyň ýokary derejesi üçin ähli zerur çäreleri görmek hakynda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Sportuň beýleki görnüşleriniň toparlarynda bolşy ýaly, täze hokkeý toparlarynyň her birinde beýleki toparlardan tapawutly bolan öz nyşanynyň we lybasynyň bolmagynyň maksada laýykdygy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolan milli “Bürgüt” hokkeý toparymyzyň Russiýada okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny tamamlamagy ýurdumyzyň sportuny, şol sanda ýokary derejedäki üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek babatda nobatdaky şanly waka boldy, olar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan Watanymyza dolanyp geldiler. Ýaş türkmen hokkeýçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda 20-nji aprelden 5-nji maý aralygynda türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de tejribe alyşmak üçin, şeýle hem biziň ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, “Ak bars” hokkeý toparynyň “Kazan” çagalar mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler.

Sport baradaky döwlet komitetiniň topary Ýewropanyň güýçli hokkeý toparlarynyň birinde oňat taýýarlygy geçmäge bolan hukuga aprel aýynda paýtagtymyzda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilen milli ýaryşda ýeňiş gazanyp mynasyp boldy, şol Kubok ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça ilkinji milli ýaryş biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşini hil taýdan ösdürmekde täze ugry kesgitledi, şol ýaryşda abraýly baýrak ugrunda toparlaryň dördüsi bäsleşdi. Sportuň tomusky we gyşky görnüşlerini ösdürmäge hem ägirt uly üns berýän türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda jemleýji ýaryşda bolmagy bolsa milli sport senenamasyndaky täze ýaryşa ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekip, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmegiň hem-de hünärli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny” tassyklady, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köpçülikleýin sportdan ýokary üstünlikler gazanylýan sporta geçmek bilen ýokary hünärli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamagyň hil taýdan täze ulgamyny döretmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetini ýatyrmak hem-de iki sany aýratyn düzümi—Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky Permanlaryny, sözüň doly manysynda, taryhy resminamalar diýip atlandyrmak bolar. Bu düýpli çözgütleriň ägirt uly ähmiýeti ýurdumyzyň döwlet dolandyryş düzüminiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem bu nobatdaky möhüm özgertmeleriň syýasy, ykdysady we durmuş ugurlary bilen baglanyşyklydyr.

Biziň ýurdumyzyň syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň barha artmagy biziň döwletimiz we jemgyýetimiz üçin ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenen ulgamlary aýratyn döwlet düzümi hökmünde ösdürmäge mümkinçilik berýär. Hut şeýle çemeleşme biziň halkymyzyň häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bolan aýratyn buýsanjyny döredýär. Halkymyzyň döredijilik kuwwaty hormatly Prezidentimiziň şu çözgütlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu çözgütler bolsa milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri bilen şertlendirilendir.

Sport ulgamyny düzümleýin özgertmek barada gürrüň edip, milli Liderimiziň bu ulgamdaky syýasatynyň öňdengörüjiliginiň döwlet Baştutanymyzyň giň möçberli özgertmeler işinde öz aýdyň beýanyny tapandygyny nygtamalydyrys. Gysga döwrüň içinde Aşgabatda iri sport desgalary—Olimpiýa suw sport toplumy, Milli olimpiýa sport köşgi, 20 müň orunlyk köp ugurly “Aşgabat” stadiony, welaýatlaryň merkezleriniň her birinde on müň orunlyk häzirki zaman stadionlary, döwrebap aýlawlar we beýleki sport desgalarynyň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuşyň tarapdary hem-de giňden wagyz edijisi bolmak bilen, hemişe özüniň beden taýdan örän sagdyndygyny görkezip, ýaşlara nusga bolýar. Öz nobatynda, munuň özi, ýurdumyzyň ilatyny bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga hem-de sport ýaryşlaryna giňden çekmäge ýardam edýär. Milli Liderimiziň çagyryşyna seslenip, türkmenistanlylaryň müňlerçesi - dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, orta mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly umumymilli ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar.

2012-nji ýylyň iýul—awgust aýlarynda Beýik Britaniýanyň paýtagtynda XXX tomusky Olimpiýa oýunlary geçirildi. Şowhunly elçarpyşmalaryň astynda London Olimpadasyna gatnaşýan ýurtlaryň 204-siniň sport toparlary münberleriň öňünden geçdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Baýdak göteriji—Juhaýda (Hytaý) geçirilen Aziýa çempionatynyň ýeňijisi we 2009-njy ýylda Milanda (Italiýa) geçirilen dünýä çemionatynyň çärýek finalçysy, boks boýunça halkara derejeli sport ussady Serdar Hudaýberdiýew türkmen olimpiýaçylarynyň ýörişiniň başyny çekdi. Biziň türgenlerimiziň şeýle dünýä derejesindäki uly möçberli ýaryşa gatnaşmagynyň özi hem türkmen sporty üçin uly üstünlikdir we abraýdyr. Türkmen türgenleriniň London Olimpidasynda alan tejribesi geljekde olaryň ýeňiş gazanmaklary üçin gerek bolar!

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ulgamynda işjeň we yzygiderli alnyp barylýan syýasat biziň ýurdumyza iri halkara sport ýaryşlarynyň birini—ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça Aziýa oýunlaryny özünde geçirmek babatda öz kanditaturasyny öňe sürmäge mümkinçilik berdi. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça bu ýaryşlar 2017-nji ýylda Orta Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler. Bu ýaryşlaryň geçiriljek ýeri täsin Olimpiýa şäherçesi bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen iki ýyl mundan ozal onuň gurluşygyna badalga berildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly toplum ýurdumyzyň täze sport belentliklerine ymtylmasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Onuň düzümine Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk enjamlaşdyryljak desgalaryň 30-den gowragy girer. Şol desgalaryň hatarynda üsti ýapyk we açyk suw sport toplumlary, welotrek, sportuň oýnalýan görnüşleri we gimnastika, göreşiň ähli görnüşleri, agyr atletika, gylyçlaşmak we boks, bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin ýapyk meýdançalar, üsti ýapyk tennis korty, paralimpiýa merkezi, türgenleşik zallary, şeýle hem köp sanly beýleki desgalar bar. Bu ýerde ýaşaýyş binalaryny, medeni we söwda merkezlerini, myhmanhanalary, maglumatlar merkezini we beýleki desgalary özüne birleşdirýän zerur bolan düzüm dörediler.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ähli tarapdan ösen nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokary derejeli türgenleri we halkara derejesindäki ýygyndy toparlary taýýarlamaga, Aşgabatda islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berer.

Ýewropanyň futbol assosiýasiýalar birleşiginiň (UEFA) Prezidenti Mişel Platininiň 12-nji oktýabrda köpugurly “Aşgabat” stadionyna ýokary baha bermegi hem ýakyn wagtda özümizde ýokary halkara derejesindäki ýaryşlary geçirip boljakdygyna şaýatlyk edýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyk mahalynda paýtagtymyzyň futbol meýdançalaryny görmäge isleg bildirdi.

Bu ýerde, stadionda döwlet Baştutanymyzyň we UEFA-nyň ýolbaşçysynyň arasynda türkmen sportunyň geljegi barada gürrüň edildi. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem,Türkmenistanyň welaýatlarynyň ählisinde häzirki zaman sport toplumlarynyň gurlandygy we gurulýandygy netijesinde biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin amatly şertler döredildi.

Myhmanyň pikirine görä, köpugurly “Aşgabat” stadiony we onuň ýanynda türgenler hem-de janköýerler üçin gurlan kaşaň myhmanhana halkara ülňüleriniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär we bu ýerde netijeli türgenleşip we iri halkara ýaryşlaryny geçirip bolýar. XX asyryň meşhur futbolçysy Mişel Platini bular barada aýdyp, milli Liderimiziň sporty ösdürmäge şeýle çemeleşýändigi netijesinde Türkmenistanyň sport ýyldyzlarynyň ýurduna öwrüljekdiginiň şübhesizdigini nygtady.

Abraýly türgeniň sport ýyldyzlarynyň döreýän ýurdy hökmünde Türkmenistana beren bu bahasy şondan bir aýdan soň—noýabr aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öz aýdyň beýanyny tapdy. Şol mejlisde 2012-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda türkmen türgenleriniň dünýä we Aziýa ýaryşlarynda 238 medal gazanandyklary, olaryň 68-siniň bolsa altyn medaldygy barada habar berildi.

Türkmen türgenleriniň Belarusyň paýtagtynda 64 ýurduň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen 36-njy dünýä çemionatynda gazanan üstünlikleri 2012-nji ýylda ýurdumyzyň sportunyň okgunly ösýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Gülbadam Babamyradowa (52 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Lebap welaýatynyň Tükmenabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli agramda) kümüş medala, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Nasiba Surkiýewa (68 kilograma çenli agramda) bürünç medala mynasyp boldular.

Şol günlerde ştangaçy Hojamuhammet Toýçyýew hem özüniň üstünlikleri bilen begendirdi. Ol Ysraýylda talyplaryň arasynda agyr etlektika boýunça geçirilen üçünji dünýä çempionatynda ýokary netije görkezmegi başardy. Bu ýaryşa dünýäniň 26 ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Biziň türgenimiz iň ýokary agramda (105 kilogramdan ýokary agramda) çykyş edip, ştangany itekläp götermek usulynda yzly-yzyna 165 kilogram, 175 kilogram we 186 kilogram agramlyklary galdyryp, bu görnüşde ýeňiji boldy. Agramlygy silkip götermekde biziň ildeşimiziň iki synanyşygy şowly boldy (200 kilogram we 215 kilogram) we ol bu görnüşde hem-de iki görnüşiň jemi boýunça (401 kilogram) bürünç medala mynasyp boldy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 20 ýaşly talyby, Marynyň agyr atletika mekdebiniň uçurymy H.Toýçyýewiň 105 kilogramdan ýokary agramlyk derejede bu ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda iň ýaşydygyny bellemelidiris. Geçen ýylda Daşkentde geçirilen Aziýanyň Kubogynda ol ýetginjekleriň arasynda ýeňiji boldy we uly ýaşly türgenleriň arasynda üçünji orny eýelemegi başardy. Ine, indi bolsa ýaş zehinli türgeniň gazanan baýraklarynyň arasynda dünýä birinjiliginiň medaly peýda boldy!

14-nji noýabrda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda talyplaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionatynda we sambo boýunça uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan türgenlerimize hormat-sarpa goýmak dabarasy boldy. Hökümet agzalary, Sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýokary sport okuw mekdebiniň talyplary iri halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan ildeşlerimizi gutlamaga geldiler.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, sambo we agyr atletika boýunça dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmek bilen, biziň türgenlerimiz Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi D.Tejenowy “Watana bolan söýgüsi üçin” medal bilen sylaglamak hakyndaky Permany hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýruklary okaldy. Şol Buýruklara laýyklykda, türkmen sportuny ýokary derejä çykarmaga mynasyp goşant goşandygy we halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanandygy üçin dünýä çempiony G.Babamyradowa ABŞ-nyň 10 müň dollary, dünýäniň wise-çempiony G.Haýytbaýewa ABŞ-nyň 5 müň dollary, bürünç medallara mynasyp bolan N.Surkiýewa we H.Toýçyýew dagylaryň her biri ABŞ-nyň 3 müň dollary bilen sylaglanyldy.

Şeýle hem olaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Milli Liderimiz türgenlerimiziň bir toparynyň zähmetine şeýle baha berdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeler sportuny ösdürmek meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň şeýle ýokary bahasy we sylaglary türgenleriň özlerini hem buýsandyrdy we munuň özi ýaş türgenler üçin hem ajaýyp göreldedir. Sporta ilkinji gadamlaryny goýýan ýaşlar tutanýerli zähmetiň hem-de ýadawsyz türgenleşikleriň netijesinde iri halkara ýaryşlarynda uly üstünlik gazanyp bolýandygyna göz ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny höweslendirmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-dynç alyş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýär.

Biziň ýurdumyzyň täsin tebigy gymmatlyklary, onuň köpugurly syýahatçylyk kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sagaldyş syýahatçylygyny giňden wagyz etmek üçin iň amatly şertleri döredýär, galyberse-de, Türkmenistanyň iň meşhur halkara syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Syýahatçylyk ulgamyny özgertmek babatda milli Liderimiziň 2012-nji ýylda amala aşyran ägirt uly işleri baradaky gürrüňi dowam etdirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen özbaşdak edara hökmünde Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň döredilmeginiň ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek baradaky strategiýany durmuşa geçirmekde täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrandygyny bellemelidiris. Bu tapgyrda şol ulgamy ösdürmekde ýörite edaranyň üsti bilen döwletiň ornunyň artýandygyny nygtamalydyrys.

Munuň özi pudagyň özüniň derejesiniň üýtgemegi, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň özbaşdak müdirlik hökmünde täze guramanyň düzümine girmegi bilen, ýöriteleşdirilen Döwlet komitetiniň görnüşinde biziň döwletimiziň degişli ulgamda toplan kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň hasabyna bu ugurdaky düýpli maksatnamalaryň üstünlikli we çalt durmuşa geçiriljekdigini tassyklamaga esas berýär.

Milli Liderimiz bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk ulgamyny döretmek, aýratyn hem onuň has düşewüntli ugruny—halkara syýahatçylygyny ösdürmek baradaky gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýdyp, bu işiň iň derwaýys ugurlaryny kesgitledi. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň çägini we görnüşlerini giňeltmek, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we netijeli maglumat beriş-mahabat işini ýola goýmak bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Köýtendagyň tebigatynyň täsin künjeklerini, ýurdumyzyň beýleki tebigy ýadygärliklerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin degişli çäreleri görmek möhümdir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň baý tebigatynyň gyzykly we özüne çekiji ýerlerini abadanlaşdyrmagyň, şol ýerde myhmanhanalary we degişli düzümleri gurmagyň möhümdigi barada aýdyp, syýahatçylygy sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähmiýetli ugry, ýerlerde ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, kiçi we orta telekeçiligi işjeňleşdirmäge ukyply ugur hökmünde häsiýetlendirdi. Munuň özi ýerlerde ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine, şeýlelikde, olaryň girdejileriniň artmagyna ýardam eder.

Bu maksatlar 2012-2016-njy ýyllar döwür üçin Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasynyň esasyny düzdi. Bu maksatnama pudagyň maddy – enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigi we onda häzirki zaman bazar gatnaşyklaryny döretmek işini höweslendirmegiň wajypdygy nazara alnyp taýýarlanyldy.

Maksatnama Türkmenistanyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni desgalaryň ençemesini –“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndan, meşhur Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap şypahanalaryndan, Nusaýyň, Dehistayň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň belli ýadygärliklerinden başlap, uly syýahatçylyk serişdelerine eýe bolan, ýöne entek dünýäde meşhur bolmadyk ýerlere çenli ajaýyp desgalary öz içine alýar.

Maksatnamanyň esasy durmuş ugry ýurdumyzyň ilatynyň işjeň we doly derejede dynç almaga, saglygyny berkitmäge, milli medeniýetimiziň we taryhymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Göz öňünde tutulan çäreler biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanynyň ep-esli artdyrylmagyna, gelýän pul serişdeleriniň möçberiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Munuň özi türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem oňyn täsir eder.

Şunda häzirki döwürde syýahatçylygy ösdürmegiň Maksatnamasy Türkmenistanyň toplumlaýyn durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Ol beýleki pudaklaýyn maksatnamalar, şol sanda medeniýet, sport we saglygy goraýyş ulgamyndaky wezipeler hem-de maksatlar bilen berk baglanyşdyryldy.

Täze edaranyň öňünde ýurdumyzyň özüne çekiji syýahatçylygyny kemala getirmek, bu düzümi ösdürmegiň ykdysady, işgärler we durmuş esasyny döretmek, şeýle hem tebigy, arheologik we taryhy-medeni desgalary tükellemek, aýawly saklamak, dikeltmek we abadanlaşdyrmak, iň täze tehnologiýalary ulanmagyň hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasynda mahabat – tanyşdyryş işini işjeňleşdirmek wezipeleri goýuldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň köp şahaly myhmanhana – syýahatçylyk toplumyny döretmäge welaýatlaryň we etraplaryň, ilatly ýerleriň we tebigy zolaklaryň barha täze çäklerini tapgyrlaýyn girizmek göz öňünde tutulýar. Olaryň “dolanyşyga” girizilmegi biziň ýurdumyzyň myhmanlarynyň halkymyzyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiliklerini baýlaşdyrar. Tanyşlyk, sagaldyş, ekologiýa, ylmy, wakalaýyn syýahatçylygyň we jahankeşdeligiň beýleki görnüşleriniň ösdürilmegi, kiçi şäherlere hem-de merkezden alysdaky obalara, Garagum çölüne ýa-da Amyderýanyň kenarlaryna, dag gerişlerine we derelerine dürli gezelençleriň guralmagy bolsa, öz nobatynda, sebitleýin çäkleriň sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder.

Halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, şol sanda Türkmenistanyň we Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňledirmäge, syýahatçylyk ulgamynda hökümetara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we beýleki pudaklaýyn halkara çärelerine gatnaşmaga, bu ulgamyň we myhmanhana işiniň işgärleri üçin syýahatçylyk babatda ösen ýurtlarda hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny guramaga aýratyn orun berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, 28-29-njy sentýabrda Aşgabatda Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanylyp, okuw – amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň we myhmanhanalarynyň ählisiniň weiklleri gatnaşdylar. Bu maslahatyň maksady olara gatnaşyjylaryň häzirki zaman halkara ülňüleri we bu ulgamda bildirilýän talaplar baradaky düşünjelerini giňeltmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, öz işiňde iň gowy dünýä tejribesini peýdalanmak we öwrenmek ýurdumyzda syýahatçylyk işini guramagyň tejribesinde hem öz beýanyny tapdy. Bu babatda girizilen täzelik hem muňa aýdyň mysal bolup biler—“Awazada” dynç almaga isleg bildirýänler üçin Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan syýahatçylyk ýollanmasynyň täze görnüşi işlenip taýýarlanyldy. Şol ýollanma ýolagçy peteklerini almakdan başlap, gezelençleri guramaga çenli köp sanly hyzmatlary öz içine alýar.

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda biziň ýurdumyzyň täze syýahatçylyk kartasynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Döwlet we hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşan tanyşdyryş dabarasynyň barşynda çykyş edenler işjeň dynç alyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berdiler. Bu babatda täze karta türkmenistanly hem-de daşary ýurtly jahankeşdeler üçin täze ugurlary işläp düzmekde, tanyşlyk gezelençleriniň dürli ugurlaryny kämilleşdirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk kuwwatyny daşary ýurtlarda wagyz etmekde döwlet we hususy ulgamyň edaralarynyň işini anyklaşdyrmakda möhüm orun eýelemelidir. Şu maksatlar bilen bu karta diňe bir ýurdumyzyň içinde ýaýradylman, eýsem, halkara guramalaryna we hyzmatdaşlara, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna hödürleniler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň şeýle syýahatçylyk kartasynyň bolmagynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk we Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurdumyzyň açykdygyny görkezýär. Biziň ýurdumyzyň Londonda geçirilen “Bütindünýä syýahatçylyk bazary” (WTM) halkara sergisine gatnaşmagy hem muňa ýardam etdi. 2012-nji ýylyň 5-7-nji noýabrynda geçen serginiň barşynda dünýäniň 187 ýurdundan dürli derejedäki syýahatçylyk kärhanalary öz ekspozisiýalaryny görkezdiler, syýahatçylyk baradaky ministrleriň duşuşygyna bolsa 90 döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Syýahatçylyk kartasy Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti, tebigy desgalary bilen tanyşmaga isleg bildirýänleriň ählisi üçin hem niýetlenendir. Daşary ýurtly syýahatçylyk gulluklaryna bu karta has gyzykly ugurlary hem-de ulag serişdelerini seçip almaga ýardam eder. Munuň üçin kartada iri şäherleriň häzirki atlary görkezilen welaýatlaryň degişli nokatlary, ulag kommunikasiýalary, tebigy goraghanalar we zakaznikler, sagaldyş-bejeriş syýahatçylygyň desgalary görkezilendir.

2007-nji ýylda geçirilen Türkmenistan-Russiýa-Gazagystan sammitinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden kartasynda Orta Aziýanyň şypahana merjeni bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy aýratyn görkezilipdir, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bolsa düýe kerweni bilen bellenipdir, onda şeýle hem täsinlikleri halaýanlar we Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigy landşaftlary we gadymy binagärlik desgalary bilen tanyşmak isleýänler üçin atly gezelenç etmegiň ugurlary hödürlenilýär. Täze kartada UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawnyna girizilen arheologik ýadygärlikleriň—Gadymy Merwiň we Köne Nusaýyň, Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň ýerleşýän ýerleri görkezilipdir. Syýahatçylyk kartasynda şeýle hem Köýtendagyň tebigy ýadygärlikleri bellenendir. Olaryň hatarynda ajaýyp gowaklar we gadymy dinozawrlaryň yzlary galan meşhur dag tekizligi bar. Kartada biziň ýurdumyzda daglaryň, deňziň we çölüň bolmagy bilen şertlendirilen dürli howa zolaklary şöhlelendirilipdir. Munuň özi bu ýerde emele gelen ekologiki ulgamyň täsinligi barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatyny wagyz etmäge, ýurdumyzyň myhmanhana hyzmatyny we syýahatçylara hödürlenýän hyzmatlar ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesine çykarmaga, täze taslamalary döretmäge we bu ýaş, ýöne Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudagynyň köpugurly işini kämilleşdirmäge täze kuwwatly itergi berildi.

Ýurdumyzyň beýleki pudaklary we durmuş ulgamlary boýunça tamamlanyp barýan ýylyň jemleri hakynda teswirlemeler “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy –2012-nji ýyl” atly synlarymyzyň nobatdaky tapgyrlarynda dowam etdiriler.