Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy – 2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy – 2012-nji ýyl

view-icon 7431
5. Obasenagat toplumy

Dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň strategiki çelgisidir hem-de möhüm ileri tutulýan ugrudyr.

Soňky ýyllarda bu ulgamda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we çuň özgertmäge tarap alnan ugur netijesinde ep-esli üstünlikler gazanyldy. Kanunlaryň toplumy kabul edildi, şolaryň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe usullary ornaşdyrylýar.

Şunda döwletimiz pudagyň zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, şol goldaw obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýän milliardlarça maýa goýumlarynda beýan edilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler tehnika hem, dökünlere hem, tohumlara hem mätäçlik çekmezden işlemek üçin ähli zerur zatlar bilen üpjün edilýär. Pudagyň düzüm birlikleri üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, seýalkalar we beýleki enjamlar satyn alynýar. Möhleti geçen we hasapdan çykarylmaga degişli bolan oba hojalyk maşynlary bolsa olary dikeltmäge isleg bildirýän daýhanlara hem-de hususy telekeçilere mugt berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly ýerler babatda ägirt uly tejribe toplandy, uly möçberli suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Topragyň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerli meýdanlary özleşdirmek boýunça giňişleýin maksatnama durmuşa geçirilýär. Melioratiw işler täze derejä çykaryldy.

Ylym hem agrar pudakda iş ýüzündäki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Türkmen alymlarynyň garamagynda belli bir ugurly ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň tutuş ulgamy bar. Olar iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy barlaglary geçirmek we iň esasysy bolsa geljegi uly işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky iş meýdanlary boldy. Bu babatda öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary her bir welaýatyň ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan ýokary hasylly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ornaşdyrmak, tohumçylyk-seçgi işini we tohum maldarçylygyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oba hojalyk özgertmeleriniň maliýe-ykdysady daýançlary barada söz açyp, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerinie berilýän ýeňillikli karzlar hakynda ýatlap geçmek gerekdir. Bugdaý we pagta üçin satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklarynyň öňdebaryjy ulgamy bu ugurda oňat höweslendiriş çäresi bolup hyzmat edýär.

2012-nji ýylda döwlet buýurmasyndan artyk öndürilen pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemekden alnan süýümi, linti, ulýugy ýerlemäge, şol sanda daşary ýurtlara ýerlemäge mümkinçiligi pagtaçylara bermegiň 2011-nji ýylda başy başlanan netijeli iş usuly dowam etdirildi. Olar bu işi özbaşdak ýagdaýda ýa-da “Ak altyn” söwda kärhanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlary boýunça “Türkmenpagta” döwlet konserniniň üsti bilen amala aşyryp bilerler. 2012-nji ýylda oba hojalyk önüm öndürijileriniň zähmetine hak tölemek boýunça täze düzgünnama güýje girdi, ol hususan-da, şertnamalaýyn borçnamalardan artyk tabşyrylan önüm üçin 30 göterim goşmaça haky göz öňünde tutýar. Munuň özi daýhanlaryň zähmet öndürijiligini, olaryň barha köp ýokary hasyl öndürmäge gyzyklanma bildirmegini ýokarlandyrmak üçin ýene-de bir netijeli çäre boldy.

Mundan başga hem, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasynyň” we beýleki uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde ähli welaýatlarda türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

“2012-2016-njy ýyllar üçin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamasynyň” esasy düzgünlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan “2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasy” ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny hil taýdan täze sepgide ýetirer we şeýlelikde, ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde biziň ýurdumyzyň ýagdaýyny ýene-de has berkider.

Şu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze elewatorlary we un üweýän toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmaga ilkinji nobatda üns berilýär. Mysal üçin, 2012-nji ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda çörek önümlerini öndürmek boýunça önümçilik toplumy we “Bereketli” söwda merkezi açyldy.

Bu toplumyň düzümine dänäniň ýüz müň tonnasyny saklaýan jaýlar bilen elewator we bir ýylda 80 müň tonna un, şeýle hem bir gije-gündizde 40 tonna çenli çörek we çörek önümlerini öndürmek boýunça sehler girýär. Bu ýerde taýýarlanýan önümleriň hatarynda dürli görnüşlerdäki çörek, bulka önümleri, bublikler, kökeler we başgalar bar. Bir gije-gündizdäki kuwwaty 48 tonna bolan unaşy we unaş önümleri öndürmek boýunça seh ýewropa kompaniýalaryndan, esasan Italiýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan getirilen häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Mundan başga hem, kärhanalarda bir ýylda 18 million sany un üçin haltalar taýýarlanylýar.

“Bereketli” söwda merkezi Aşgabat-Gökdepe ýolunyň ugrunda guruldy. Bu ýerde çörek we çörek-bulka önümleriniň ähli görnüşleri, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän beýleki azyk önümleri öndürilýär. Olaryň hatarynda süýt önümleri, ösümlik ýagy, etden, balykdan, towukdan taýýarlanylan dürli görnüşli konserwirlenen önümler we başgalar, sowuk içgiler we miwe şireleri, mahlasy, sarp ediş azyk sebedine girýän ähli önümler bar, olaryň bolçulygy bolsa biziň oba zähmetkeşlerimiziň, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hem-de gaýtadan işleýjileriň zähmeti bilen üpjün edilýär.

Bu ýerde Ruhabadyň çörek kombinatynyň önümlerinden başga söwda merkeziniň çörek bişiriji sehiniň önümleri hem hödürlenýär. Bir gije-gündizde ýokary hilli süýji-köke önümleriniň 5 tonnasyna barabar bolan ýerli önümçilik kuwwaty, mysal üçin, maşgala dabaralary we beýleki wakalar hem-de baýramçylyklar mynasybetli buýurma boýunça taýýarlanylan önümlere müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Söwda toplumynyň ikinji gatynda has oňaýly kafe ýerleşýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň täze enjamlar we önümçiligi dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary bilen üpjün edilen bugdaýy saklamak hem-de un öndürmek boýunça täze kärhanalar gurulýar. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, 2014-nji ýylda Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy üçin öňki ýyllarda gurluşygyna başlananlardan başga hem ýene-de umumy göwrümi 360 müň tonna barabar bolan elewatorlaryň 8-si ulanylmaga berler. Türkmenistanyň indi ikinji ýyl azyklyk dänäni eksport edýändiginiň okgunly döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýeti bardyr. 2012-nji ýylda galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen 2011-nji ýylyň hasylyň möçberinden ýurdumyzyň içerki sarp edişinden artyk gelýän 300 müň tonna bugdaýy daşarky bazarlarda ýerlemäge rugsat berildi.

Ekerançylaryň güýzlük däne ekinleriniň ekişini bellenilen möhletlerde tamamlap, geljekki hasyl üçin oňat esasy döredendiklerini hem aýdyp geçmeli. Öň bolşy ýaly, ýurdumyzyň bugdaý ekilen ýerleri 860 müň gektara barabardyr. Şondan 2013-nji ýylda daýhanlar bir million 600 müň tonna bugdaýy, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň tonna bugdaýy, Mary welaýatynda 380 müň tonna bugdaýy, Lebap welaýatynda 350 müň tonna bugdaýy, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna bugdaýy we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaýy öndürmegi maksat edinýärler.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän maldarçylyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen möhüm çözgütler hem kabul edildi. Mysal üçin, ýakyn ýyllaryň dowamynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda tohumlyk malyň 500 başyny saklamak, her ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemek boýunça maldarçylyk toplumy gurlar. Bu ýerde 350 gektarda ekerançylyk meýdanlaryny damjalaýyn suwarmak üçin enjamlar gurnalar. Taslama bilen toplum üçin gara mallaryň 250-sini, oba hojalyk tehnikasyny we enjamlaryny getirmek hem göz öňünde tutuldy.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda bir ýylda 700 tonna eti we 1780 tonna süýt önümlerini öndürmäge niýetlenilen häziki zaman maldarçylyk toplumlarynyň ýene-de biri peýda bolar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda bir ýylda 8 million ýumurtga öndürmäge barabar kuwwaty bolan guşçulyk toplumy gurlar. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda şolar ýaly toplum gurlar, şonda bir ýylda 8 million ýumurtga we 1 müň tonna guş eti öndüriler.

Öri meýdanlarynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi hem-de olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, obasenagat toplumyny dolandyrmagyň has kämil usullaryny ornaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleriň ählisini ösdürmegi höweslendirmäge döwlet agrar syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanynda öň “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň ýanynda işläp gelen Mallara we guşlara weterinariýa taýdan hyzmat etmek boýunça birleşigiň binýadynda Döwlet wetarinariýa gullugy döredildi. “Türkmenmallary” assosiasiýasyny gaýtadan guramak hakynda çözgüt kabul edildi, onuň binýadynda täze, netijeli işleýän döwlet guramasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Azyk ulgamyna maýa goýumlaryny goýmak meselesini dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň ugry boýunça 2012-2016-njy ýyllarda täze kärhanalary gurmak hem-de işläp gelýänleriniň durkuny täzelemek üçin 391,1 million manady gönükdirmek bellenildi. Şu döwürde Ahal welaýatynyň Kaka şäherçesinde süýt zawody we Tejen şäherinde ösümlik ýagyny öndürýän kärhana döwrebaplaşdyrylar, şeýle hem Köneürgenç şäherinde süýt zawodynyň, Mary welaýatynyň Serhetabat şäherçesinde et önümlerini öndürýän kärhananyň we beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlanar. Şonuň netijesinde Assosiasiýa boýunça harytlyk önümlerini öndürmegiň möçberi 40 göterime golaý artar, täze iş orunlarynyň 460 golaýy dörediler.

Gurmak meýilnamalaşdyrylýan kärhanalarda öň biziň ýurdumyzda öndürilmedik önümleriň çykaryljakdygy möhüm ýagdaýdyr. Özüne-de olar ýerli çig maldan taýýarlanylar we halkara ülňülerine doly laýyk geler, munuň özi köp dürli we ýokary hilli azyk önümleriniň eksportyny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzyň azyk senagatynyň önümleri eýýäm birnäçe abraýly halkara baýraklaryna we sylaglaryna mynasyp boldy, munuň özi ilkinji nobatda naýbaşy türkmen çakyrlaryna degişlidir, olary deňsiz-taýsyz ajaýyp tagamy tapawutlandyrýar. Gürrüňsiz suratda bu babatda gazanylýan üstünlikleriň syry tehnologlaryň, hünärmenleriň döredijilikli işinden we ýerli tebigy şertleriň aýratynlygyndan ybaratdyr, munuň özi önümçilik üçin öz hili boýunça özboluşly çig maly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ilkinji nobatda ýurdumyzda öndürilýän iň gowy üzüm sortlary bolan “Terbaş”, “Gara üzüm” sortlaryna degişlidir. Olar çakyr öndürmegiň esasyny düzýär, şeýle hem biziň topragymyza oňat öwrenişen naýbaşy “Matrasa”, “Kaberne” sortlarydyr. Türkmenistanyň yssy günleri we özboluşly toprak-howa şertleri netijeisnde üzümdäki gandyň düzümi 30 göterime ýetip biler. Munuň özi daşary ýurtlardaky şolar ýaly önümler bilen deňeşdirilende bizde öndürilen önümleri has tapawutlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyň dowam etdirilmegi hem azyk bolçulygyny doly üpjün etmegiň wezipesine tabyn edilendir. Mysal üçin, has ýaramly toprak-howa şertleri bolan sebitlerde – Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Gök-bakja, miwe, ir-iýmiş ekinleri üçin köp ýerler bölünip berilýär, olaryň öndürilişi ýylsaýyň artyp, bazary gök önümler bilen üpjün eder.

Türkmen topragy datly miwelere sahydyr, hili we süýjüligi boýunça deňsiz-taýsyz şireli gawunlar, süýji garpyzlar, ajaýyp üzümler, narlar ýurdumyzyň we türkmen obasenagat toplumynyň ýüzi bolup durýar. “Waharman” we “Gülaby” gawunlaryna we gawunlaryň şolar ýaly sortlaryna dünýä bazarlarynda bolan isleg bolsa ýokarydyr hem-de barha artar. Daşary ýurtly sarp edijileriň gawun kakynyň adaty bolmadyk tagamyny hemişe ýadynda galýar. Täjirçilik babatda hem örän geljegi uly we isleg bildirilýän önüm hökmünde bu önüme ägirt uly gyzyklanma bilidirilýär. Mundan başga hem, Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalary bakja önümleriniň esasynda beýleki önümleriň birnäçesini hem öndürmegi özleşdirdiler. Bu tagamlaryň hemmesiniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem öz orunlaryny tapmaga ajaýyp mümkinçilikleri bardyr.

Ykdysadyýetimiziň hususy ulgamy hem obasenagat toplumynda we azyk senagatynda öz ornuny pugtalandyrýar. Sarp ediş bazarynda harytlaryň bolçulygyny, ilatyň iş bilen meşgullanmagyny, raýatlaryň girdejileriniň artmagyny üpjün etmäge önjeýli goşant goşjak hususy önüm öndürijiler babatda döwletimiziň täze strategiýasy ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegi çaltlandyrdy, jemi içerki önümiň umumy möçberinde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýyny okgunly ösdürmegi üpjün etdi.

Ol güýçli telekeçilik düzümlerini kemala getirmegi, önümleriň giň görnüşlerini öndürmegi höweslendirmegi, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň arasyndaky sagdyn bäsleşigi döretmegi maksat edinen netijeli çäreleriň toplumyny kesgitläp, döredijilik başlangyçlary üçin hususy işewürlige giň mümkinçilikleri üpjün edýär. Bu babatda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda gurlan “Guş toplumy” guşçulyk toplumy we Abadan şäherinde “Bereketli” hususy kärhanasynda şöhlat önümlerini öndürmek boýunça seh nusga alarlyk mysal bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolan giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda kiçi we orta işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de höweslendirmegiň möhümdigi hakynda söz açyp, obada täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça işi işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdi. Ilkinji nobatda ýerleri daýhanlara, telekeçilere uzakmöhletli kärendä bermek hakynda gürrüň barýar.

“Agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynda hem şunuň ýaly syýasaty ýöretmeli. Goý, adamlar önümleri gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary, süýt öndürýän fermalary gursunlar, maldarçylygy netijeli ösdürsinler! Döwletimiz bu ugurda iş alyp barýan adamlaryň ählisine ýeňillikli şertlerde karz serişdelerini berýär. Hususy pudagyň wekilleri gatnaşmasa, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler garaşylýan netijeleri bermez!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Pagta türkmen ekerançylygynyň möhüm ekini bolup durýar, ol tötänleýin “ak altyn” diýlip atlandyrylmaýar, sebäbi ol ýurdumyzyň eksportunyň möhüm bölegini düzýär. Türkmenistanda depginli ösýän dokma senagatynyň häzirki zaman kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup durýar.

2012-nji ýylda ýurdumyzyň pagtaçylary döwletimize bir million 200 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu gazanylan üstünlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Pudagyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze häzirki zaman pagta arassalaýjy zawodlary gurmak gün tertibinde durýar. Döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen Kararlara laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze pagta arassalaýjy kärhanalar gurlar. Mundan başga hem, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşen pagta arassalaýjy kärhanalarda täze önümçilik sehleri gurlar. Bu desgalary ulanmaga tabşyrmak 2013-2015-nji ýyllarda meýilnamalaşdyrylýar.

Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň bütin dowamynda suwa gymmatly hazyna, durmuşy eçilýän serişde hökmünde çemeleşip geldi. Suwa aýawly çemeleşmek hakyndaky sargytlar nesilden-nesle geçirilip gelindi, onuň her bir damjasy altyn dänesine deňeldi. Häzirki wagtda bu asylly däpler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmelerde sazlaşykly dowam etdirilýär. Suwdan rejeli peýdalanmagy, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek wezipeleri halkymyzyň durmuşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy.

Ähli welaýatlarda derýalaryň suwy bilen doldurylýan täze suw howdanlaryny, şeýle hem sil suwlaryny toplamak üçin niýetlenilen gidrotehniki desgalary gurmak, çölüň içinden uzalyp gidýän el bilen döredilen Garagum derýasynyň geçiriş ukybyny artdyrmak, suwy aýaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak – bularyň hemmesi täze ýerleriň özleşdirilmegini hem-de oba hojalyk dolanyşygyna girizilmegini nazara almak bilen, suwarymly ekerançylygyň barha artýan talaplaryny kanagatlandyrmagy maksat edinýär.

2012-nji ýylda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köneürgenç etrabynda göwrümi 20,5 million kub metr bolan emeli suw howdanynyň gurluşygyna badalga berdi. Mary welaýatynda “Zähmet-Türkmengala” maşyn kanalynyň suw göteriji beketleriniň üçüsiniň durkuny täzelemek hem başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Buýrugy bilen, Balkan welaýatyny agyz suwy, şeýle hem suwarylýan oba hojalyk ýerlerini suw bilen, üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmagy maksat edinip, Hazar deňziniň kenarýakasynda suw süýjediji enjamlary gurmak boýunça döwlet topary döredildi. “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Daşoguz welaýatynda arassa agyz suwuny öndürmek boýunça bada-bat iki sany täze kärhana işe girizildi. Olaryň biri – Ruhubelent etrabynda, beýlekisi “Bitaraplyk” geňeşliginiň “Ak ýaýla” daýhan birleşiginde ulanylmaga berildi. Täze önümçilikler häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir we öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda işleýär.

Ähli welaýatlarda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň taslamalary tassyklanyldy. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde agyz suwuny arassalaýan desga hem-de bu desga bilen baglanyşykly uzynlygy 100 kilometr bolan suw geçirijileri gurlar.

Merkezi Garagumda ähli welaýatlaryň oba hojalyk ýerlerinden minerallaşan zeýkeş suwlaryny toplamak üçin niýetlenilen özboluşly gidrotehniki toplum, gidromelioratiw desgalaryň çylşyrymly ulgamy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär. Öz möçberi boýunça bu deňsiz-taýsyz taslamanyň Türkmenistan, bütin Orta Aziýa üçin örän möhüm, hakykatdan hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen bir hatarda, tutuş sebitiň ekologiýasyna amatly täsir eder.

Bu babatda ekologiýa meselesine Türkmenistanda has uly, çynlakaý üns berilýändigini belläp geçmeli, sebäbi daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak we tutuşlygyna alnanda, ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Ykdysady we durmuş ulgamynda hemme iri möçberli milli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekololgiýa meseleleri bilen ýakyndan utgaşdyrylandyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy munuň mysallarynyň biridir, şol maksatnamanyň çäklerinde Aşgabadyň töwereginde we welaýatlarda iri tokaý zolaklary döredilýär, ähli şäherlerde we obalarda seýilgähleriň hem-de skwerleriň düýbi tutulýar. Asylly däplere görä, 2012-nji ýyl hem uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek çäreleriniň birnäçesine beslenendir. Şeýle çäreleriň her biriniň barşynda Köpetdagyň dag eteklerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, ençeme ähmiýetli desgalar açylan mahaly hoşniýetli däbe görä, bütin ýurdumyz üçin şeýle asylly möhüm işe hut özi gatnaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji agaç nahalyny oturdýar. Munuň özi çuňňur simwoliki ýagdaýdyr. Sebäbi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler türkmen topragy hakynda aladadan gelip çykýandyr, şol toprak barha gözelleşmelidir, gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwrülmelidir.

Türkmenistan ekologiýa meselesi ýaly şeýle örän möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, çözülmegi tutuş adamzadyň geljegine bagly bolan meseleler boýunça gatnaşyklary göwnejaýlaşdyrmaga ýardam etmäge çalyşmak bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we şu ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa Federatiw Respublikasy) bolan BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda aýdan teklipleri munuň subutnamasydyr.Ilkinji nobatda munuň özi BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmäge, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga, şeýle hem Ýer togalagynyň özboluşly künjegi bolan Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamaga degişlidir.

Şanly sene bolan Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäherinde bolan Türkmenistanyň Ýaşulularyň maslahaty ägirt uly taryhy ähmiýetli waka boldy, şonda türkmen döwletini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzyň gyşarnyksyz okgunly ösüşini üpjün etjek möhüm çözgütler kabul edildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmek boýunça meýilnamalaşdyrylýan çäreleriň toplumy maslahatyň garamagyna hödürlendi. Her bir welaýatda synag taslamasyny amala aşyrmak üçin bir etrap bellenildi, şonda kiçi şäherçeleri iri şäherçelere birikdirmek , adamlaryň durmuşy üçin ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen täze şäher kysymly şäherçeleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Mejlisde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz düşewündi pes ýerleri özleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, fermer hojalyklaryna hem-de beýleki hojalygy ýöredijilere ýeňillikli karzlary bermegi we ýeňillikli salgyt salmagy göz öňünde tutýan maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny hem belledi. Ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça iň oňat taslama üçin bäsleşigi geçirmek hakynda teklip aýdyldy.

“Eziz Watanymyzyň garaşsyz ösüşiniň üçünji onýyllygyna gadam basmagy bilen, biz berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň başlanandygyny uly buýsanç bilen yglan etdik. Bu bolsa sözüň doly manysynda kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi ykdysady we durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzda örän gysga, ýöne giň manyly “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge hakyky many-mazmuna eýe bolup, öz anyk beýanyny tapýar ” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynda sözlän sözünde nygtap geçdi.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" bu sözleriň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär, onuň çäklerinde häzirki wagtda türkmen topragynyň ähli künjeklerinde obalarda durmuşyň täze depginini, täze ülňülerini üpjün etjek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretjek möçberi boýunça deňsiz-taýsyz gurluşyk işleri alnyp barylýar. Hemme ýerde has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri hem-de medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, sanly awtomatlaşdyrylan telefon beketleri, zawodlar we fabrikler, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar, bularyň hemmesi ýokary, dünýä ölçegi boýunça amala aşyrylýar.

Täze şäherçeler we Daşoguz welaýatynda Ruhubelent, Lebap welaýatynda Döwletli, Mary welaýatynda Altyn sähra etraplary bu maksatnamanyň äşgär netijeleridir. Häzirki bar bolan ilatly ýerler çalt depginlerde döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Esenguly, Serdar we Bereket etraplaryny görkezmek bolar.

2012-nji ýyl hem aýdyň binagärlik açylyşlary we möhüm başlangyçlar bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze şäherçäniň düýbi tutuldy, Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda şol şäherçe üçin giň çäkler – 400 gektar ýer bölünip berildi. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşliginiň binasy, Medenýet öýi, metjit, aragatnaşyk bölümi, Saglyk öýi, söwda merkezleri, baýramçylyk dabaralarynyň merkezi, häzirki zaman mekdepler we çagalar baglary, sport desgalary – jemi 20 desga, şeýle hem ýaşaýyş kottejleriniň 2054-si gurlar.

Şolaryň taslamalarynda oba durmuşynyň aýratynlyklary nazara alyndy, her bir howluda asfaltlanan we enjamlaşdyrylan telär, mallary we guşlary saklamak üçin ýataklar, ot-iýmleri saklamak we garaž üçin ýerler bolan mellek ýerlerini abadanlaşdyrmak göz öňünde tutuldy. Şeýle hem milli däplere laýyklykda çörek bişirmek üçin howlularda tamdyr gurlar.

Köplenç halatlarda Ahal ýurdumyzyň däneçilik mekany diýlip atlandyrylýar, şunuň bilen baglylykda, bu ýerde ýokary netijeli oba hojalyk önümçiligini döretmek, şeýle hem serişdeler, medeni we düzümleýin mümkinçilikleri toplumlaýyn ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş gurşawyny gowulandyrmak, welaýatyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak bu babatda ilkinji nobatdaky sebitleýin wezipeleriň biri bolup durýar. Ruhabat etrabynda täze obanyň gurluşygynyň öz hünär ussatlygyny eýýäm ençeme gezek subut eden ýurdumyzyň hünärmenlerine ynanylandygyny hem belläp geçmek möhümdir. Degişlilikde munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine hem getirer.

Şu ýerde, Ahal welaýatynda, Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz obasynda durmuş düzüminiň bada-bat täze desgalarynyň dokuzysy ulanylmaga berildi. Köpreje oba ýajaýjylary üçin 200 orunlyk çagalar bagy guruldy, onda çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri, bilim almaklary, oýun oýnamaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary üçin göwnejaý şertler bar. Iň täze kompýuter we okuw-barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini peýdalanmaga mümkinçilik berýän 400 orunlyk orta mekdep hem bilimler dünýäsine tarap gapylaryny giňden açdy. Türkmen mekdepleri we şol sanda oba mekdepleri üçin hökman bolan ders otaglarynyň hatarynda lingafon, maglumatlar, zähmet okuwy otaglary bar. Mekdebiň uly sport zaly türgenleşik sport enjamlary bilen, şeýle hem toparlaýyn oýunlar üçin enjamlaşdyrylan meýdançalar bilen üpjün edilipdir.

Medeniýet öýi hem Babadurmaz obasynyň durmuş düzümine goşuldy, şol ýerde bir wagtyň özünde gurnaklarda we studiýalarda 200 adam meşgullanyp biler hem-de bir günde 150 müşderini kabul etmek üçin niýetlenilen oba saglyk merkezi hem goşuldy. Şolarda belli bir ugurdaky hünärmenler işleýär, dermanhana hem bar. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşlik hem-de daýhan birleşigi üçin täze dolandyryş binalary guruldy, aragatnaşyk nokady bolsa Babadurmazyň ýaşaýjylaryny häzirki döwrüň derejesindäki degişli hyzmatlar bilen üpjün eder.

Bir gije-gündizde 1000 kub metr kuwwaty bolan arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär, munuň özi çalt ösýän şäherçäniň ýaşaýjylarynyň şol suwa bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga hem Babadurmazda suw geçiriji we lagym ulgamlary, elektrik geçiriji ulgamlar we awtomobil ýollary guruldy. Täze inženerçilik desgasy bolan Garagum derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi obanyň ýol düzümine goşuldy. Ýerli ýaşaýjylaryň isleglerine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Babadurmaz obasyny Berkarar şäherçesi diýip atlandyrmak hakynda Karar kabul edendigini hem belläp geçmeli.

Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 500 orunlyk medeniýet köşgi, 350 orunlyk sport toplumy, oba geňeşliginiň dolandyryş binasy, şeýle hem ajaýyp söwda merkezi ulanylmaga berildi.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşen Bagtyýarlyk şäherçesinde täze desgalaryň toplumy guruldy. Öňki Üçajy adyna derek täze ada eýe bolan by şäherçäniň ähli durmuş, önümçilik, medeni durmuş we dolandyryş düzümleri bilen dolulygyna durky täzelendi. Bu ýerde geňeşligiň dolandyryş binasy, 200 orunlyk medeniýet öýi, haly sehi, 400 okuwçy üçin niýetlenilen multimediýa mekdebi guruldy. Mundan başga hem şäherçäniň Saglyk merkezi, 160 orunlyk çagalar bagynyň täze owadan binasy açyldy. Şäherçäniň günbatar böleginde özboluşly binagärlik keşbi bolan üç gatly myhmanhana ýerleşýär.

Bagtyýarlyk şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň esasan etrapda iri hojalyklaryň biriniň maldarlary bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ýerde bejeriş häsiýetli içgi bolan düýe çalyny öndürýän kärhana, şeýle hem gön taýýarlamak we gaýtaldan işlemek boýunça täze kuwwatlyklar guruldy. Şeýle hem täze suw geçiriji çekildi, munuň özi dünýäde iň uly Garagum çölüniň arid zolagynda ýerleşen bu ilatly ýeriniň ýaşaýjylaryny agyz suwy bilen üpjün etmegi gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Balkan welaýatynda, Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde täze durmuş-ykdysady desgalarynyň ondan gowragy – umumybilim berýän mekdep we çagalar bagy, medeniýet öýi, dynç alyş seýilgähi, demir ýol menzili, awtomatlaşdyrylan telefon bekedi bilen aragatnaşyk bölümi, dermanhana bilen saglyk öýi, söwda merkezi, maldarçylyk önümlerini taýýarlaýjy kärhana, myhmanhana açyldy. Obany bezän häzirki zaman binalary öňdebaryjy özgertmeleriň ýurdy bolan Türkmenistanyň adam hakyndaky aladany, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy esasy wezipe hökmünde öňde goýandygynyň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar.

Bu özgertmeleri amala aşyrmakda ýerlerde halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralaryna aýratyn orun degişlidir. Bu babatda Geňeş agzalarynyň 2012-nji ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen saýlawlary möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka boldy, şol saýlawlar bäsleşik we demokratiýa esasda, ýurdumyzda ulanylýan kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna berk laýyklykda geçirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek we işjeň tejribe alyşmagy ýola goýmak obasenagat toplumynda amala aşyrylýan reformalaryň we uly möçberli özgertmeleriň möhüm tarapy bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlary giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda bolan halkara ylmy-amaly maslahatda we GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisinde azyk önümleriniň giň möçberli bazaryny ösdürmek meselesi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda obasenagat toplumynyň ugry boýunça ösdürmäge täze depgin berjek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda guraldy.

GDA ýurtlarynyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiki ugurlary we bu ulgamda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň meýilnamasyna goşuldy, şol maslahata oba hojalykçy alymlar, bilermenler, belli bir ugurly pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Önümleri öndürmäge we gaýtadan işlemäge innowasiýalary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligiň häzirki zaman usullary, bioserişdeleri gorap saklamak hem-de seçgi işleri, işgärleri taýarlamak we hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak, azyk önümlerini öndürmek we ýerlemek babatda halkara hyzmatdaşlygy we beýlekiler ýaly mowzuklara aýratyn üns berildi.

Noýabr aýynyň ahyrynda bolan “Türkmenpagta” döwlet konserni, ýurdumyzyň Döwlet haryt çig-mal biržasy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Türkmenistanyň pagta önümleriniň II halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzyň işewürlik durmuşynda möhüm waka boldy. Daşary ýurtly işewürler tarapyndan uly gyzyklanma döreden ykdysady gözden geçirilişe pagtaçylyk we oba hojalygynyň beýleki ulgamlary babatda Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan dünýäniň 30 ýurdundan esasy kompaniýalar, söwda öýleri, iri korporasiýalar we kärhanalar gatnaşdylar.

Serginiň çäklerinde pagtaçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm meselelerine, dünýäniň pagta bazaryna, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman meýillerine we mümkinçiliklerine bagyşlanylan “Türkmenistanyň pagta önümi we dünýä bazary” atly halkara ylmy maslahat boldy. Türkmen pagtasyny eksport edijileriň we sarp edijileriň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkyna dünýä derejesinde şöhrat getiren atçylyk sportuny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň atçylygy döwlet goldawyny almak bilen täze ýokary göteriliş ýagdaýyndadyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň ähli talaplaryna laýyk gelýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýomut tohumyndaky bedewleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen athananyň, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda bolsa ahalteke tohum bedewleriniň 600-si üçin niýetlenilen athananyň gurluşygy ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir täsirli ädim bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda saklanylýan arassa ganly bedewleri halkara nusgasyndaky pasportlar bilen üpjün etmek hem-de bedewleriň baş sanynyň elektron hasabyny ýöretmegi geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem belläp geçmeli.

Her ýyl Aşgabat dürli ýurtlardan alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikleriň, seçip alyjylaryň, türgenleriň-çapyksuwarlaryň, tälim alyjylaryň duşuşýan ýerine öwrülýär. 2012-nji ýylda “Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty” atly halkara maslahaty döwletleriň 34-siniň wekillerini bir ýere ýygnady.

Halkara ahalteke atçylygy assosiasiýasynyň II mejlisi hem örän wekilçilikli boldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow şol assosiasiýanyň Prezidentidir. Atçylyk dünýäsiniň hünärli wekilleriniň duşuşygyna türkmen hünärmen bilen bilelikdäki işiň mundan beýläkki çärelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ýurtlardan esasy kompaniýalaryň hem-de assosiasiýalaryň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz artykmaçlyklary hakyndaky şöhradyň asyrlardan bäri dowam edýändigini we häzirki wagtda paýhasly hem-de gadymy halk we onuň gahrymanlary hakyndaky habary bütin dünýä ýaýýandygyny aýdyp geçmek ýeterlikdir. Sebäbi milli ruhubelentligimiz, kämillige tarap çalyşmak, gözellik, gujur-gaýrat we dostluk, wepalylyk, edermenlik, asyllylyk, abraý, Watana bolan söýgi ýaly düşünjelere uýmak şu gymmatlyklarda öz beýanyny tapýar.

Bedew asyrlaryň dowamynda halk düşünjesinde hasyl bolan arzuwlaryň, maksadaokgunlylygyň hem-de ýeňşe bolan erk-islegiň nyşany boldy. Munuň özi belli bir aralygy okgunly ýeňip geçýän we wagtdan ozýan çakgan ahalteke bedewiniň ýüwrükligini saklap bolmaýşy ýaly, biziň ösüşimiz, biziň depginli hereketimiz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň, rowaçlygyň hem-de ruhubelentligiň belentliklerine ynamly gadam urýan Türkmenistanyň kuwwatly gadamlary ýaly okgunlydyr.