Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy—2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasy—2012-nji ýyl

view-icon 5781
6. Ulag we aragatnaşyk

Türkmen döwletiniň üstünlikli ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda köp şahaly, döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag düzümini döretmek häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan häzir hereket edýän awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek we olaryň täzelerini gurmak, şeýle hem demir ýollary çekmek we ýurdumyzyň howa we deňiz ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli başlangyçlar öňe sürüldi we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde öňe süren möhüm halkara başlangyçlary hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde ulag ulgamynyň köpugurly düzümini döretmek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenen Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen wezipeleriň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu düzüm sebitiň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we şeýlelikde, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan ählumumy durnukly ösüşe ýardam etmelidir.

Gürrüň, hususan-da, BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasyny döretmek barada barýar. Onda Hazar deňziniň we Gara deňziň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Degişli häzirki zaman düzüminiň – demir ýol we awtomobil gatnawlarynyň, kommunikasiýalar ulgamynyň döredilmegi sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüş bilen baglanyşykly çärelere işjeň goşulyşmagyna ýardam eder, maýa serişdeleriniň gelmegini üpjün eder, Ýewraziýa giňişliginde yklymara ykdysady ýagdaýlar jähetinden netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döreder diýip, türkmen Lideri belledi. 2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen “Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy maslahat bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Ony Türkmenistanyň Hökümeti Halkara ýol ulaglary birleşigi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşirilen edaralarynyň we düzümleriniň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hem-de Hökümetara Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag toparynyň (TRASEKA) goldaw bermeginde guradylar. Foruma 180 wekil, şol sanda 18 döwletiň halkara bilermenleri hem-de ýöriteleşdirilen edaralaryň hünärmenleri, halkara guramalarynyň 10-synyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň TRASEKA taslamasyna—Ýewraziýa ulag geçelgesi taslamasyna gatnaşmagy uly ykdysady peýda getirip biler. TRASEKA geçelgesiniň ugry Gündogardan Günbatara, Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza we Gara deňze çykmaga gönükdirilendir. Söwda gatnaşyklary we Aziýada esasy haryt öndürijileriniň we Ýewropada sarp edijiler bazarlarynyň ýerleşişi nukdaýnazaryndan bu ugur boýunça ýükleri daşamak beýlekilerden amatlylygy bilen tapawutlanýar – Gündogar we Günorta – Gündogar Aziýanyň portlaryndan Ýewropanyň iri portlaryna çenli ýük daşamagyň aralygy TRASEKA geçelgesi boýunça daşalandan 2 esse uzyndyr.

Beýleki iri halkara forumlarynyň, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklaryň garamagyna hem Ýewraziýada ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipler girizildi.

2012-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisinde çykyş edip, Arkalaşygyň giňişliginde dünýäniň iri bazarlaryna çykýan täze köp ugurly ulag ýollaryny döretmek pikirine garamagyň maksadalaýykdygyny belledi. Türkmen Lideriniň pikirine görä, Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň uly mümkinçiliklerini, şeýle hem Ýakyn we Orta Gündogaryň, Günorta we Günorta—Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykmagyň geljegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň ulag düzümi şeýle ýollaryň möhüm bölegi bolup biler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 30-njy maýda bolan mejlisinde eden çykyşynda Gazagystan -- Türkmenistan – Eýran demir ýoluny gurmak, şeýle hem GDA döwletleriniň arasynda utgaşdyrylan awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlary ýollaryny döretmek bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek babatda Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda açylýan mümkinçilikler barada aýtdy. Şunda Orta Aziýa, Hazar deňzi, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň uly kuwwaty bellenildi.

Bu mesele Şanhaý hyzmatdaşlyk guamasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisinde dowam etdirildi. Türkmenistanyň Baştutany geçen ýylyň iýun aýynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde bu mejlisiň işine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen özara gatnaşyklarynyň kuwwatyna ýokary baha berip, awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugarlary boýunça ulag ulgamyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen iri halkara düzümleýin taslamalary geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezdi. Bu gatnawlar Ýuwaş ummandan Baltika çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişlikleri birleşdirip bilerdi. Biziň ýurdumyz dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň doly hukukly agzasy hökmünde häzirki wagtda ulaglaryň ygtybarly üstaşyr gatnamagyny üpjün edýär. Şu mümkinçilikden döwletleriň onlarçasy üstünlikli peýdalanýar.

16-17-nji oktýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulag boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty geçirildi. Geňeşiň düzümine 17 ýurduň – GDA-nyň 11 döwletiniň, şeýle hem Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Latwiýanyň, Finlýandiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň demir ýol edaralary girýärler. Bu ýurtlaryň ählisinde demir ýollaryň ini 1520 millimetre barabardyr. Munuň özi olaryň arasyndaky demir ýol gatnawlaryny ýeňilleşdirýär, daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär. Geňeşiň maksady döwletara derejesinde “1520 giňişliginde” demir ýol ulgamynyň işini utgaşdyrmakdan, dünýädäki iň iri halkara demir ýol ulgamlarynyň biriniň tehnologiki bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümi ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr.

Forumyň işiniň iki gününiň dowamynda ýük wagonlaryny ulanmagyň ylalaşykly kadalaryny işläp taýýarlamak, bu ulgamda toplumlaýyn özara hasaplaşyklary geçirmek, demir ýollarda ulanylýan enjamlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek we beýleki köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň, sebitde ýükleriň daşalmagynyň möçberini artdyrmagyň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmek Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz gadymdan bäri sebitiň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we möhüm halkara ulag ulgamy hökmünde biziň günlerimizde onuň ähmiýeti barha artýar. Halkara demir ýol gatnawlaryny pugtalandyrmakdan başga-da, täze polat ýollar ýurdumyzyň içki sebitleriniň hem okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Soňky ýyllarda ep-esli giňelen Türkmenistanyň demir ýol ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar, täze giň möçberli ulag-aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we amala aşyrmak babatda tamamlaýjy tapgyra gadam basýan “Demirgazyk-Günorta” täze ulag geçelgesini döretmek, has takygy, Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýoluny gurmak baradaky halkara taslamasy halkara kommunikasiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ýol Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly “köpri” bolmalydyr. 2012-nji ýylda ýurdumyzyň hünärmenleriniň güýji bilen demir ýol gurluşygy ulgamynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka bölegini gurmak boýunça esasy işler tamamlandy.

Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýän täze demir ýol Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna we degişlikde Russiýanyň üsti bilen Günorta Ýewropa ýükleriň örän amatly we ykdysady taýdan bähbitli daşalmagyny üpjün eder. “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamlaryny birleşdirmek, ýagny, Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymara ulag geçelgesi, şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar ulag geçelgesi bilen baglanyşdyrmak mümkinçiligi nukdaýnazaryndan hem onuň işe girizilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu ýoluň işe girizilmegi ulag çykdajylarynyň ep-esli azaldylmagyny, haryt dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagyny, yklymyň çäklerinde söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde biziň ýurdumyzyň amatly geostrategiki ýagdaýyndan netijeli ulanmak üçin goşmaça şertleriň döredilmegini üpjün eder.

2012-nji ýylda şeýle hem Amyderýanyň üstünden awtomobil köprüsini çekmek boýunça esasy gurluşyk-gurnama işleri geçirildi we häzirki wagtda şol işler tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şondan öň bu möhüm desganyň golaýynda ägirt uly inženerçilik desgasy-Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi ulanmaga berlipdi. Bu desgalaryň gurulmagy hem Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ulag ýollaryny döretmek we netijeli ulanmak babatda möhüm ädim boldy.

Milli Liderimiz geçen ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda eden çykyşynda ulag ulgamynda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzy bitewi ykdysady düzüme birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Şol taslamalaryň arasynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň, Gazojak-Şasenem-Daşoguz demir ýolunyň we Atamyrat-Ymamnazar demir ýolunyň gurluşygy, Türkmenbaşy-Bekdaş-Gazagystanyň serhedi, Türkmenabat-Gazojak-Daşoguz, şeýle hem Mary-Serhetabat awtomobil ýollarynyň durkuny täzemek bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Awtomobil ýollary düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda entek awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň şeýle giň gerimde amala aşyrylmandygyny ynamly aýtmak bolar. 2014-nji ýyla çenli Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň durky doly täzelener, zerur bolan ýol düzümli täze ýokary tizlikli ýollar gurlar. Olaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar.

Awtomobil ýollaryny gurmak babatda işleriň köp bölegi ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýar. Bu ýerde gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär, şol sanda Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamlary ösdürilýär.

Milli Liderimiz paýtgatymyz boýunça amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda ýurdumyzyň baş şäheriniň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilýän işleriň ilerledilişi bilen içgin gyzyklanýar we ýol gurluşyk ulgamynda iň häzirki zaman tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur bolan kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Häzirki wagtda Arçadil şaýoly awtomobil ýollaryny gurýanlar üçin özboluşly nusga bolup durýar. Dünýä derejesindäki bu awtomobil ýoly türkmen paýtagtynyň özboluşly ýüzi hasaplanýar. Aşgabadyň töwereginde gurulýan häzirki zaman aýlaw awtomobil ýolunyň hem doly möçberde ulanmaga beriljek güni daşda däldir. Bu ýol paýtagtymyzyň iň iri ulag ýollarynyň birine öwrüler. Aýlaw awtomobil ýolunyň esasy wezipesi üstaşyr we uly ýükli ulaglaryň Aşgabatdan sowlup geçmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi şäheriň içindäki ýollarda gatnawlaryň ýygjamlygyny azaltmaga, ýollaryň zaýalanmagynyň öňüni almaga hem-de paýtagtymyzda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder.

Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary tarapyndan gurlan desgalaryň birbada birnäçesi açyldy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň iri awtomobil ýollarynyň aýlaw awtomobil ýoly bilen kesişýän ýerindäki ýol ulag aýrytlary, Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň Aşgabadyň golaýyndaky awtomobil ýolunyň bölegi, Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpri we beýlekiler bar.

Ulanmaga berlen desgalar şeýle desgalara bildirilýän talaplaryň ählisine doly laýyk gelýär. Taslama işlerine Türkmenistanyň we Russiýanyň esasy taslama we gurluşyk guramalary gatnaşdylar. Taslamalar taýýarlanylan mahalynda ylmyň iň soňky gazananlary ulanyldy. Munuň özi işleriň ýokary hilli bolmagyny we ýokarda agzalan desgalaryň hyzmat ediş möhletiniň örän uzak bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Hususan-da, estakadalaryň we ýol ulag aýrytlarynyň gurluşygynda häzirki günde iň döwrebap tehniki çözgütler ulanyldy. Şol çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler doly göz öňünde tutuldy. Köprüleriň we estakadalaryň sütünleriniň gurnamalaryna yrgyldyly sütün bölekleri we beýleki kämil enjamlar ornaşdyryldy. Olar dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden getirildi.

Kuwwatly inženerçilik desgalarynyň haýran galdyryjy keşbi bu ýerde amala aşyrylan işleriň örän giň möçberlidigine şaýatlyk edýär. Ulag ýol aýrytlarynyň her birinde 8 sany iniş ýoly bardyr, olaryň 4-si estakada görnüşinde ýerine ýetirilipdir, Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň awtomobil ýolunyň uzynlygy 2,5 kilometre golaýdyr we ini 35 metre barabardyr. Şol ýoluň her ugry boýunça 3 sany hereket ediş zolagy bar. Munuň özi 1-nji tehniki derejesine laýyk gelýär. Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň uzynlygy bolsa 150 metre golaýdyr.

Bar bolan ýollaryň yzygiderli durkunyň täzelenýändigi we täze ýollaryň gurulýandygy guwandyryjydyr. Türkmenistanda häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ulag düzümini döretmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler möçberi we gerimi bilen haýran galdyrýar.

Ýurdumyzda gurulýan Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap awtomobil ýollary hem ähli babatda dünýä ülňülerine doly laýyk geler. Bu uly awtomobil ýollarynyň ugrunda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy—häzirki zaman ýol ulag aýrytlary, köprüler we estakadalar gurulýar. Olar awtomobil ýollarynda gatnawlaryň kadaly bolmagyna, sil suwlaryna garşy böwet goýulmagyny hem-de hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl gol çeken Kararyna laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabryna çenli Aşgabat-Türkmenbaşy we Aşgabat-Mary awtomobil ýollarynyň ugrunda ýene-de 78 köpriniň guruljakdygyny bellemelidiris.

Halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde welaýat we etrapara derejesindäki ýollaryň gurluşygynda hem giň möçberli işler yzygiderli alnyp barylýar. Çünki, ýurdumyzyň senagatynyň we oba hojalygynyň okgunly ösüşi döredilýän netijeli ulag düzümi bilen hem berkidilmelidir we goldanylmalydyr. Mundan başga-da, ýollaryň giň gerimde gurulmagy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrmaga, Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň üstaşyr geçýän hereketini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň halkara gatnawlar boýunça ýolagçy awtoulag kärhanasynyň Aşgabat-Arçman-Aşgabat ugry boýunça täze ýolagçy gatnawlaryny açandygyny bellemelidiris.

Syýahatçylardan hem-de “Arçman” şypahanasyna saglygyny dikeltmäge we dynç almaga barýan Türkmenistanyň raýatlaryndan başga-da, täze ugur Aşgabadyň golaýyndaky ilatly ýerleriň, Gökdepe we Baharly etraplarynyň şäherçeleriniň we merkezleriniň ýaşaýjylary üçin hem örän amatlydyr. Täze gatnawlary guraýjylar awtobuslaryň gatnaýan ugurlarynyň üstünde jikme-jik we oýlanyşykly işlediler. Şol ugurlar ýerli ajaýyplyklary we tebigatyň gözel ýerlerini göz öňünde tutupdyr. Ýolagçylaryň arasynda bolsa Türkmenistana daşary ýurtlardan gelen syýahatçylar hem az däl.

Türkmenistanyň deňiz flotuny we tutuş degişli düzümi ösdürmegiň geljegi uly hasaplanylýar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty Ýewraziýanyň ýük daşamak babatdaky möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, Orta Aziýanyň “deňiz derwezesi” bolup hyzmat edýär. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli portuň gurluşygynyň tapgyrlaýyn tamamlanmagy bilen onyň meýdany 40 gektardan 150 gektara çenli artdyrylar, ýük geçirijilik ukyby bolsa 2,5 esse ýokarlanar hem-de ýylda 25 million tonna barabar bolar.

Milli Lidermiz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň, has takygy Türkmenbaşynyň deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän desgalaryň durkuny täzelemek, şeýle hem ýurdumyzyň Deňiz söwda flotuny kemala getirmek baradaky wezipeleriň derwaýysdygyny belläp, anyk işleri geçirmegi, şunda gämilerde ýolagçylary gatnatmagy we halk hojalyk ýüklerini daşamagy guramagy, syýahatçylyk işiniň we hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutmagy we munuň üçin degişli halkara derejesindäki gämileri satyn almagy tabşyrdy.

Ýokarda agzalan Baş meýilnamany ýerine ýetirmek boýunça işler giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji iýulda “ULJANIK Brodogradiliste d.d.” (Horwatiýa Respublikasy) kompaniýasy bilen iki sany “Ro-Rax” kysymly awtomobil-ýolagçy paromlaryny gurmak we satyn almak baradaky şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Halkara maliýe edaralarynyň goldaw bermeginde gämi abatlaýyş--gämi gurluşyk binýadyny, awtoýolagçylar terminalyny, logistik merkezi döretmek taslamalarynyň tehniki –ykdysady esaslandyrmalary geçirildi. Deňiz flotunyň Merkezi ylmy-barlag instituty (Russiýa) tarapyndan nebit we nebit önümleriniň heläkçilikli ýagdaýda deňze dökülmeginiň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu meýilnama nebitiň dökülmeginiň öňüni almak we aradan aýyrmak çärelerini, bu işleri ýerine ýetirmek üçin degişli enjamlary we gämileri satyn almagy özüne birleşdirýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy tarapyndan türkmen suwuklandyrylan gazyny Rumyniýanyň Konstansiýa portunyň (Gara deňiz sebiti) üsti bilen Ýewropa ibermek meselesi öwrenilýär. Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň kömegi bilen suwuklandyrylan gazy ýörite konteýnerlerde Baku portuna (Azerbaýjan) ýetirmek, Baku portundan bolsa Batumi ýa-da Poti portlaryna (Gruziýa, Gara deňiz sebiti) çenli bolsa demir ýol ulagy arkaly daşamak meýilleşdirilýär. Soňra Gruziýanyň portlaryndan konteýnerler deňiz ýollary arkaly Rumyniýa ýa-da Gara deňiz sebitiniň beýleki ýurtlaryna getiriler. Munuň özi beýleki türkmen harytlar üçin hem kabul ederlikli ýagdaýdyr. Şol harytlary konteýnerlerde ibermek mümkin bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “deňiz derwezesiniň” umumy keşbi köp sanly täze desgalar we tehniki taýdan üpjünçiligiň derejesi bilen haýran galdyrýar. Ýewropa –Kawkaz –Orta Aziýa halkara ulag geçelgesiniň üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşy şäheriniň porty arkaly biziň ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, awtoulag tehnikasy, metal önümleri, agaç materiallary, mineral dökünler getirilýär, daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri, himiýa senagatynyň önümleri iberilýär. Portuň üstünden geçýän ýük akymlarynyň ýygjamlygy diňe soňky ýyllarda 2 essä golaý artdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň 9-10-njy awgustynda Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany Stambul we Izmir şäherleriniň portlaryna baryp gördi. Türkmen wekiliýetiniň öz işinde ýük daşamagyň häzirki zaman ýollaryny we usullaryny ulanýan möhüm deňiz portlarynyň işi bilen içgin tanyşmagy diňe bir türkiýeli hyzmatdaşlaryň tejribesini öwrenmek babatda däl, eýsem, beýleki nukdaýnazardan hem örän peýdalydyr. Gürrüň ýük daşamagyň halkara bazarynda ylalaşykly özara hereketleriň mümkinçilikleri barada barýar. Şeýlelikde, saparyň barşynda ulag-aragatnaşyk bilen baglanyşykly mesele türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkiýäniň “Polimeks” we “Belda” kompaniýalarynyň iri taslamalary hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol kompaniýalar bu taslamalary saparyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde bolan tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi. Bu örän ähmiýetli taslamalar ýurdumyzyň howa ulagynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Olarda şeýle hem türkmen paýtagtynda täze Halkara howa menzilini, şeýle hem Türkmenabat şäherinde howa menzil toplumyny we Daşogzuň howa menzilinde häzirki zaman uçuş-gonuş zolaklaryny we beýleki birnäçe desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ulag-aragtanaşyk düzümlerini ösdürmek işinde esasy halkara işewürler toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň bu giň möçberli meýilnamalarynyň innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütlere we dünýäniň iň gowy tejribesine gönükdirilendigini aýratyn bellemelidiris. Howa ulagy bolsa tutuş ulag-aragatnaşyk düzüminiň ileri tutulýan ulgamlarynyň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy okgunly ösüp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülýär. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda hem-de “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip, ýurdumyzyň howa ulag ulgamynyň işgärleri ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Bu maksatnamalaryň amala aşyrylmagy halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan başga-da, raýat awiasiýasyny täze döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, ilatyň ýokary hilli ulag we aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edilişini gowulandyrmak, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň ýene-de işjeň dowam etdirilmegini göz öňünde tutýar.

Howa gatnawlary barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan bu babatda hem Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän özboluşly “howa derwezesi” bolup durýar. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň giňelmeginiň, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň, şeýle hem raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň häzirki zaman ýörelgeleri täze halkara howa gatnawlarynyň açylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki üpjünçiliginiň hem-de uçarlaryň häzirki zaman binýadynyň bu işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemelidiris.

Howa gämileriniň parkyny meýilleşdirmegi üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar: birinji tapgyr Türkmenistanyň içerki howa gatnawlarynyň ulgamyndan; ikinji tapgyr 5200 kilometre çenli orta uzaklykdaky howa gatnawlarynyň halkara ulgamyndan; üçünji tapgyr 5200 kilometrden ýokary uzak aralykdaky howa gatnawlarynyň halkara ulgamyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny okgunly ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada yzygiderli alada etmegi netijesinde häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlar parky dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň kämil uçarlarynyň hem-de dikuçarlarynyň hasabyna döredilýär. Soňky ýyllarda onuň üsti özüni iň gowy tarapdan görkezen “Boing” uçarlary we dünýäniň beýleki meşhur tehnikalary bilen ýetirildi.

Türkmenistanyň uçarlaryň hut şu görnüşini seçip almagy olaryň halkara, sebitleýin we içerki howa ýollarynda ulanmak babatda ýurdumyzda toplanan oňyn tejribe bilen şertlendirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatynyň berkdigine şaýatlyk edýär.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa ulaglar ulgamynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde ulanylýan tehniklaryň ähli görnüşleri boýunça hünärmenleri, ýeňil motorly uçarlaryň uçarmanlaryny, howa tehniklerini we raýat awiasiýasynyň kärhanalarynyň dürli gulluklarynyň beýleki işgärlerini taýýarlamak işi maksadalaýyk alnyp barylýar. Hususan-da, mekdebiň talyplary uçarlary, howa gämileriniň radioelektron enjamlaryny we hereketlendirijileri, aeroportlaryň hem-de aerodromlaryň radiotehniki enjamlaryny, elektrik yşyklandyryş tehniki ulgamlaryny ulanmak ýaly möhüm ugurlarda zerur bolan hünärleri özleşdirýärler.

Şeýle hem sebitlerde howa menzillerini hem-de ýerüsti tehnikalaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda, Türkmenabatda, Daşoguzda ähli zerur bolan düzümli täze howa menzillerini, Mary şäheriniň howa menzilinde täze ýolagçylar terminalyny gurmak, Balkanabat şäheriniň howa menziliniň desgalaryny täzelemek bilen birlikde, Atamyrat, Magdanly, Gazojak, Köneürgenç, Hazar we Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini gaýtadan dikeltmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlaryň merkezlerinde uçarlaryň ähli görnüşlerini kabul etmäge mümkinçilik berýän täze uçuş-gonuş zolaklary gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň iýul aýynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda belleýşi ýaly, soňky ýyllarda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan amala aşyrylýan halkara howa gatnawlarynyň çägi ep-esli giňeldildi. Bu ugurlar dürli ýurtlary we yklymlary gurşap alyp, dostlugyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky köprülerine öwrüldi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolan Aşgabadyň halkara howa menziliniň sebitleýin we halkara ähmiýetli möhüm ulag hökmündäki derejesi barha berkeýär. Munuň özi taslamanyň her bir böleginiň üstünde oýlanyşykly işlenilmegini şertlendirýär. Elbetde, täze howa menzil toplumynda ýolagçylar üçin ähli amatlyklar we hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we howa ulag ulgamynyň işgärleri üçin ähli degişli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

2012-nji ýylda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy özüniň ýolagçylaryna hyzmatlaryň täze görnüşini – türkmen howa ýollarynyň ýolagçylary üçin maglumat beriji žurnaly hödürledi. Bu žurnalyň birinji sany oktýabr aýynda çapdan çykdy. “Laçyn” atly täze žurnalyň – “inflaýt” formatyndaky ilkinji milli önümiň, ýagny, ýörite uçuşda okamak üçin niýetlenen žurnalyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy üçin şanly ýylda peýda bolmagy bellärliklidir. 2012-nji ýylda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy özüniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belledi.

Mugt ýaýradylýan žurnal diňe bir uçarlarda däl, eýsem, resmi wekiliýetler üçin zallarda, Türkmenistanyň howa menzilleriniň VIP- zolaklarynda hem elýeterli bolar. Žurnal Türkmenistan baradaky, şeýle hem türkmen uçarlarynyň baryp ýetýän ýurtlary hakyndaky makalalaryň ýygyndylaryndan ybaratdyr. Şol makalalarda syýahatçylyk, işewürlik, medeni däpler, türkmen halkynyň we dünýäniň beýleki halklarynyň mirasy we häzirki zaman sungaty barada gürrüň berilýär.

Täze žurnalyň neşir edilmegi “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini, hususan-da, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak babatdaky wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan uly işiniň bir bölegidir. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň milli howa ýollaryny ösdürmek boýunça kesgitlän toplumlaýyn strategiýasynda täze halkara ýollarynyň goşulmagy, raýat awiasiýasy ulgamyna maýa goýumlarynyň çekilmegi, howa gämiler parkynyň täzelenmegi, ýurdumyzyň şäherlerinde täze aeroportlaryň gurulmagy we howa hereketini dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda milli howa ýollary 15 halkara ugry boýunça her aýda ýolagçylaryň 57,5 müňüsini we içerki ugurlar boýunça ýolagçylaryň 90 müňüsini gatnadýar.

Biziň ýurdumyzda halkara ähmiýetli polat ýollaryň we uly awtomobil ýollarynyň eýýäm müňlerçe kilometri guruldy, deňiz we howa menzilleriniň täzeleri gurulýar hem-de öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalaryň diňe bir bölegidir.

Hakykatdan hem, edilen işler örän köpdür, ýöne, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, başlanan işleri dowam etdirmek bilen çäklenmän, ýakyn ýyllar üçin bellenen maksatlary nazara almak bilen, geljegi nazarlap işlemek möhümdir. Täze ulag ýollary – awtomobil we demir ýollary, howa we deňiz ýollary milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri döretmäge hyzmat etmek bilen çäklenmeli däldir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, biziň gurýan ýollarymyz we şunlukda, XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmäge goşýan goşandymyz halklary durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýar. Çünki, şol ýollar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, golaýdaky goňşular hem-de dünýäniň alysdaky halklary bilen dostlukly doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Türkmenistanyň möhüm yklymara ulag mekrezi bilen baglanyşykly uly geljegi, gürrüňsiz, ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny dünýäniň häzirki zaman ülňüleriniň derejesine çalt çykarmak baradaky derwaýys wezipäniň çözülmegini hem talap edýär. Häzirki wagtda, ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän asyrynda biziň durmuşymyzy telekommunikasiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Telekommunikasiýasyz aragatnaşyk hem, özara gatnaşyklary hem bolup bilmez.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Aragatnaşyk ministrliginiň edaralary ilata, guramalara we kärhanalara uly möçberdäki elektron, poçta, öýjükli aragatnaşyk we teleradio gepleşikleri ýaýratmak babatdaky hyzmatlary edýärler. Özi-de, şol hyzmatlar täjirçilik kompaniýalarynyň nyrhlaryndan örän pes bahalarda amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda öýjükli aragatnaşyk boýunça “Altyn asyr” milli kompaniýasynyň müşderileriniň sany ep-esli artdy. 3G öýjükli aragatnaşygyň üçünji nesliniň enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen bolsa ulanylyjylarda ýokary tizlikli, giň zolakly Internet ulgamyna girmäge mümkinçilik döredi.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel--2012” atly VI halkara sergisi we onuň çäklerinde guralan ylmy-amaly maslahat aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň aragatnaşykçylary, paýtagytmyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary iň täze kompýuter, ulgamlaýyn, optiki, hemra enjamlary, durmuşda we edaralarda ulanylýan guramaçylyk tehnikasy, maglumatlar tehnologiýalary, sanly ulgamlar, maksatnama üpjünçiligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Aşgabadyň Sergi köşgünde şol zatlary dünýäniň esasy aragtanaşyk serişdelerini we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän kompaniýalary hödürlediler. Beýleki bir tarapdan bolsa, halkara forumlary dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň ösüşiniň barşyna bolan gyzyklanmasyny kanagatlandyrmaga ýardam edip, olara ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen aragatnaşykçylarynyň ýakyn geljek üçin öňünde goýan wezipeleri milli teleradiogepleşikleri hemra arkaly ýaýratmagyň zolagyny giňeltmekden, sanly teleradiogepleşiklere geçmäge taýýarlyk görmekden, geostasionar giňişlige özümiziň emeli hemramymyzy çykarmak arkaly milli hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek taslamasy boýunça işleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Ýakyn geljekde Türkmenistanyň özüniň milli kosmos aragatnaşyk ulgamy bolar. Özümiziň emeli hemramyzyň bolmagy ýeriň golaýyndaky asman giňişligine gözegçilik etmegi, hemra aragatnaşygyny ýola goýmagy, älem giňişligi bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmegi aňladýar, şeýle hem ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň we Internetiň, telewideniýäniň hem-de beýleki pudaklaryň çalt depginler bilen ösmegine kuwwatly itergi berer, umumymilli maksatnamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Ykdysdadyýeti ösdürmek boýunça Türkmenistanda kabul edilen giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi aragatnaşyk serişdelerini we elektron gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri öňe sürýär. Şol bir wagtyň özünde ösen tehnologiýalar ulgamynda hödürlenilýän dürli hyzmatlara islegler hem artýar. Döwletimiz ilatymyzyň häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ähli tagallalary edýär: telefon stansiýalarynyň enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli ulgamlar çekilýär, aragatnaşygyň emeli hemra ulgamlary hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňelýär. Guramalaryň, kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar bilen üpjünçiliginiň derejesi ýokarlanýar.

Geçen ýylyň 18-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. 350 işgär üçin niýetlenen 4 gatly binada poçta, telegraf, öýjükli, şäher we şäherara aragatnaşyk, Internet hyzmatlary üçin töleg kassalary, Internet-kafe, gije-gündiz işleýän maglumat beriş gullugy, kömekçi we tehniki otaglar ýerleşýär. Ýylyň islendik paslynda özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamy müşderiler we kärhananyň işgärleri üçin oňaýly howa şertlerini döredýär. Aragatnaşyk enjamlarynyň howpsuz işlemegi üçin ýörite elektrik ulgamy ornaşdyryldy.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2012-nji ýylda bolan möhüm wakalara bagyşlanan synymyzy tamamlamak bilen, beýleki pudaklarda bolşy ýaly, olarda hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň okgunly ösüş depgini öz beýanyny tapdy. Yklymyň möhüm söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzy dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr-ulag geçelgesine öwürýän, öz halkyny täze zähmet ýeňişlerine tarap ynamly alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary bolsa bu okgunly ösüşe kuwwatly itergi berýär.