Ï Muzeý işini ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Muzeý işini ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1817
Şu gün Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe muzeý işiniň wezipeleri” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Medeniýet ministrliginiň paýtagt, welaýat, etrap we şäher muzeýleriniň, pudaklaýyn muzeýleriň hünärmenleri, alymlar, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň muzeý işi kafedrasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň taryhyny işjeň öwrenmek, onuň maddy we ruhy baýlygyny gorap saklamak we dünýä ýüzünde wagyz etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Milletiň taryhy-medeni baýlyklaryny gorap saklaýan we ýurdumyzyň iri merkezleri bolup durýan Türkmenistanyň muzeýleri bu möhüm işiň durmuşa geçirilmeginde wajyp orny eýeleýär. Türkmen halkynyň bäş müň ýyla barabar gadymy taryhy, halkyň özboluşly medeni däpleri, milletiň deňsiz-taýsyz gazananlary Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynyň muzeýleriniň baý gymmatlyklaryna öwrülýär.


Döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamyndaky möhüm bölegi bolup durýan muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. Ministrler Kabinetiniň 4-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugra aýratyn üns bermek bilen, ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanylýan milli gymmatlyklaryň degişli derejede saklanylmagyny, olar üçin zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ulgamynda paýtagtymyzda hem-de mähriban Watanymyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda 35 muzeý hereket edýär. Türkmenistanyň Baş milli muzeýi, Şekillendiriş sungaty muzeýi, Türkmen halysynyň muzeýi, “Gökdepe” milli muzeýi, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Ak bugdaý” muzeýi we beýlekiler baý gymmatlyklaryň saklanylýan iri merkezleri bolup durýar. Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Atamyrat, Gadymy Dehistan, Köne Sarahs, Abiwerd ýaly köne şäherler we Gökdepe galasy döwletimiz tarapyndan taryhy-medeni goraghanalar diýlip yglan edilen açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir.

Diňe soňky ýyllaryň dowamynda türkmen paýtagtynda muzeýleriň, şol sanda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň bölümleriniň--Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň döwrebap täze binalary guruldy. Ýurdumuzyň Baş Muzeýiniň düzüminde “Galkynyş muzeýi”, “Bitaraplyk muzeýi” we “Garaşsyzlyk muzeýi” ýaly üç şahamça bar. Olar degişlilikde Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Bitaraplyk we Garaşsyzlyk binalarynda ýerleşýär. Olar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň baş binagärlik nyşany bolup durýar. Türkmen halysynyň milli muzeýi hem täze binada ýerleşýär.

Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýat merkezlerinde taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täze ajaýyp binalary gurlup ulanmaga berildi. Olaryň hemmesi gymmatlyklaryň göwnejaý saklanylmagyna, olaryň dürs hasabyny alyp barmaga, gymmatlyklaryň öwrenilmegine we dikeldilmegine, şeýle hem gymmatlyklaryň görnüşleriniň has-da artdyrylmagyny we okuw-düşündiriş işleriniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Muzeýleriň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli möhüm waka öwrüldi. Ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde, türkmen halkynyň baý taryhynyň öwrenilmeginde, milletiň ruhy mirasynyň goranyp saklanylmagynda we artdyrylmagynda ýurdumyzyň muzeýlerine möhüm orun degişlidir.

Milli binagärlik däpleriniň we häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny özünde jemleýän döwrebap binalarda her welaýatyň taryhy, tebigaty, etnografik aýratynlyklary hakynda gürrüň berýän baý gymmatlyklar toplanyldy. Şeýle ylym we medeniýet ojaklary seýrek duş gelýän gymmatlyklary hem-de maglumatlary degişli talaplara laýyk derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen döredilen muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklaryň hatarynda welaýatlaryň häzirki döwürde ýeten derejelerine, ilatyň durmuşy we işi hakynda gürrüň berýän maglumatlara aýratyn orun berilýär. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanda muzeý işiniň ösdürilmegine, medeni gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagyna gönükdirilen birnäçe resminamalar toplumynyň yzygiderli kabul edilýändigini bellemeli. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalmaýan medeni gymmatlyklary goramak we çykarmak hakynda” Kanunlar bar. Häzirki döwürde bu ulgam boýunça milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Şu günki maslahatda edilen çykyşlarda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we guramaçylyk usullaryny döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri barada aýdyldy. Milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek işinde muzeýleriň alyp barýan işleriniň ugurlary we geljegi äşgär edildi, muzeýleriň maksatnamalaýyn işi, şol sanda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň muzeýleri ylmy barlaglaryň we medeni syýahatlaryň merkezine öwrülmek bilen, alymlar we dünýäniň dürli ýurtlarynyň köp sanly jahankeşdeleri üçin söýgüli ýerlere öwrüldi. Şeýle hem çykyşlarda soňky ýyllarda Diýarymyzyň muzeýleriniň, şol sanda, diňe bir gymmatlyklaryň saklanylýan iri mesgeni däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli muzeýleri üçin usulyýet merkezi bolup durýan Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznalarynyň gorlarynyň has-da artandygy nygtaldy.

Muzeý işini ösdürmek ulgamyndaky netijeli döwlet syýasaty Türkmenistanda diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyklaryň ägirt uly möçberleriniň toplanylmagyny şertlendirdi. Deňsiz-taýsyz milli mirasy, medeni we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak we öwrenmek boýunça möhüm wezipeleriň çözülmegi hem-de oňa döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açdy. Türkmenistanyň häzirki zaman muzeýleri diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen, çäklenmän, eýsem olar halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin oňaýly merkezi bolup durýar diýip çykyş edenler bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýahatçylygyny ösdürmekde hem muzeýlere aýratyn orun degişlidigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Milli medeni merkeziniň Prezident muzeý işini geçirilen maslahatyň üç ugur boýunça guralan mejlislerinde muzeýi öwrenmäge, medeni gymmatlyklary resminamalaşdyrmaga degişli, häzirki zaman çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ulgam boýunça halkara tejribesini öwrenmegiň wajypdygy bellenildi. Şu şähetden muzeý gymmatlyklaryny we gaznalaryny guramak işine täze usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze elektron maglumat merkezleriniň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň we dünýäniň muzeýleri boýunça maglumatlary ýygnamagyň hem-de ony kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda işjeň pikir alyşmalar boldy. “Muzeý gymmatlyklaryny ýaýbaňlandyrmak: häzirki zaman mümkinçilikleri we wezipeleri” atly mowzuga mejlisiň aýratyn bölümçesiniň işi bagyşlanyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda maslahata gatnaşyjylar muzeý işiniň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi mähriban halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklamagyň hem-de baýlaşdyrmagyň bähbidine öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi üçin ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.