Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwriüniň senenamasy – 2012-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwriüniň senenamasy – 2012-nji ýyl

view-icon 5842

Nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we balyk hojalygy


Geçen ýylda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda döwlet, şeýle hem halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolan şanly we möhüm wakalaryň ençemesine beslendi. Seljerilýän 2012-nji ýylda nebitgaz toplumynyň, himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň işgärleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna önjeýli goşant goşup, döwletiň energetika boýunça strategiýasynyň hem-de “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatynyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde uly möçberli maýa goýumly taslamalary amala aşyrdylar.

Geçen ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna baryp, hususan-da, Demirgazyk Goturdepede nebitgaz ýatagyny özleşdirmek hem-de Hazaryň kenar ýakasynda balyk we balyk önümlerini öndürmek boýunça iri toplumy gurmak bilen bagly işleriň barşy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz ýatagyň düzümi bilen jikme-jik gyzyklanyp, 200-nji guýyny gazmakda ulanylan buraw enjamyny, bu ýerde alnyp barlan işleri synlady we hünärmenleriň bu ýatagyň uly kuwwata eýedigi baradaky gürrüňini diňläp, nebitiň we gazyk çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň we pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan we ileri tutulýan wezipeleriň hataryna goşulandygyny aýtdy. Şunda günbatar sebitde nebit we gaz çykaryjy senagaty mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi esasan Hazar deňzindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Ýeri gelende aýtsak, burawlaýjylar öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda elektrik energiýasy arkaly burawlamak, ýapgytlaýyn gönükdirilen we dik guýulary gurmak boýunça usullary ulanmakda ep-esli tejribe topladylar. Bu tehnologiýalar önümli gatlaklardan nebitgaz çig malynyň alnyşyny ep-esli artdyrmaga we galyberse-de, kiçeňräk ýataklary özleşdirmek işini alyp barmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu döwrebap tehnologiýalar Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanylýar. Bu ýerde burawlanan guýular şol tehnologiýalaryň ýokary netije berýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümleri ýatakdaky uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça işleri giň gerim bilen alyp barýarlar.

Western Gego amerikan geofiziki kompaniýasynyň berýän bahalaryna laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitiň we kondensatyň 12,1 mlrd. tonnasyna, şeýle hem gazyň 6,1 trln. kub metrine barabar gorlary bar. Şunda diňe 7 kilometre barabar çuňlukdaky ýerasty baýlyklara baha berildi. Şol bir wagtyň özünde türkmen ýataklary çylşyrymly, köpugurly gurluşy bilen tapawutlanýar we alymlaryň çaklamalary boýunça hut 7 kilometrden geçýän çuňlukda nebitiň we gazyň has köp gatlaklarynyň ýüze çykarylmagy mümkin.

Şondan biraz wagt öň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesiniň ýanynda balyk we balyk önümlerini öndürmek boýunça täze we halkara standartlaryna laýyk gelýän önümçilik toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy, bu toplumy Hazaryň kenarynda gurmak bellenildi. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy gaplanan dürli görnüşdäki balyklaryň 2 million 824 müň gabyna, şeýle hem dürli balyk önümleriniň, şol sanda kakadylan, duza we marinada ýatyrylan balygyň, balykdan edilen ýarym fabrikatlaryň we kulinar önümleriň 300 tonnasyna barabardyr. Galyberse-de, önümçilik galyndylaryndan balyk uny taýýarlanylar, ol, hususan-da, maldarçylykda we guşçulykda iýmlere goşulýan ýokumly iýmit goşundysy hökmünde ulanylyp bilner.

Bu ýerde balygy senagat derejesinde gaýtadan işlemegi we balyklaryň, şol sanda bekre balygynyň emeli usulda ösdürilip ýetişdirilmegini utgaşdyryp amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, munuň özi bu toplumyň esasy aýratynlygy bolup durýar.

Umuman alanyňda, ýurdumyzda balyk senagatynyň döwrebap önümçilik düzüminiň döredilmegi, deňizdäki balykçylygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi içerki sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek wezipesiniň çözülmegine gönükdirilendir, munuň özi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Balyk tutujy we doňdurýan gämileriň ikisiniň, şeýle hem köp maksatlaýyn, balykçylyk boýunça ýöriteleşdirilen gäminiň satyn alynmagyny munuň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň balyk senagatynyň öňdebaryjysy hasaplanýan “Balkanbalyk” döwlet kärhanasy kiçi göwrümli we balyk tutujy-doňduryjy gämilerden ybarat flotiliýa eýe bolmak bilen, kaspi kilkasyny, ownuk gözenekli tor bilen tutulýan balyklaryň kepir, kifal ýaly görnüşlerini tutmak işini amala aşyrýar. Hazaryň eçilen önümleri – janly balyk, kakadylan, duza ýatyrylan, gaplanan görnüşdäki balyklar ýurdumyzyň söwda ulgamyna iberilýär. Geçen ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy. Şol saparyň çäklerinde döwlet Baştutany ýurdumyzyň himiýa pudagynyň baýry kärhanalarynyň biri hasaplanýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşigine bardy hem-de “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň serişdeler babatda örän uly kuwwata eýe bolmak arkaly çalt depgin bilen ösýän pudaklarynyň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda 2011-nji ýylyň ýanwarynda Mary şäheriniň ýanynda uly senagat toplumynyň – ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlaryň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Dünýäde öňdebaryjy önüm öndürijileriň döwrebap enjamlary we kämil tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu täze himiýa toplumynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümini düýpgöter döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary hilli mineral dökünleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüler, munuň özi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mineral dökünler babatda bildirýän islegleriniň artmagy bilen şertlendirilendir. Toplumyň umumy kuwwatlylygy her ýylda ammiagyň 400 müň tonnasyny we karbamidiň 640 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Dökünleri öndürmek boýunça eýýäm hereket edýän kärhanalary göz öňünde tutup aýdanyňda, bu möhüm ähmiýetli taslamanyň amala aşyrylmagy geljekde azot dökünleriniň her ýylda çykarylýan möçberini 1 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer. Galyberse-de, himiýa senagatynyň eksport bilen bagly kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Şeýle hem täze zawodlaryň ulanmaga berilmegi durmuşda-da wajyp ähmiýete eýedir, çünki zawodlaryň açylmgy bilen täze iş orunlary dörär.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ammiagy we karbamidi öndürmek boýunça zawodlaryň täze toplumynyň taslamalary we “Maryazot” önümçilik birleşigini ösdürmegiňň baş meýilnamasy, önümçilik birleşiginde alnyp barylýan, şeýle hem birleşigiň birinji we ikinji ammiak bölümlerinden, azot kislotasyny we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça bölümlerden ybarat bolan düzümi, olaryň kuwwatlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ammiak selitrasyny, azot kislotasyny, sintetiki ammiagy öndürmegiň tehnologiýalary bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Ýeri gelende aýtsak, Köýtendag etrabynda örän uly senagat merkezi döredilýär, bu ýerde kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy alnyp barylýar, ol Orta Aziýa boýunça iri toplumlaryň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň öňdebaryjylarynyň birine öwrülmelidir. Şu aýdylanlar ýurdumyzyň minerallardan ybarat genji-hazynasynyň ertirki güni bilen bagly giňişleýin meýilnamalaryň diňe bir bölegidir.

Galyberse-de, geçen ýylda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa kärhanasynyň hünärmenleri ekinleriň ösüşiniň tizleşmegine ýardam edýän döküniň täze görnüşiniň – oksigumatyň öndürilmegini ýola goýdular. Bu täze dökün bilen gowaçanyň tohumy işlenip taýýarlanylýar hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan ölçeglerde meýdanlara sepilýär. Önümçilikdäki synaglaryň netijeleri oksigumatyň gowaçanyň we beýleki ekinleriň ösüşine, hasyllylygyň artmagyna netijeli täsirini ýetirýändigini görkezdi. Ammoniniň superfosfatyndan we meliorantdan soňra, oksigumat türkmenabatly himikler tarapyndan işlenip çykarylýan dökünleriň üçünji görnüşine öwrüldi.

Şeýle hem geçen ýylda Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda çykarylýan polipropilene bildirilýän islegler iki esse artdy. Bu ýerde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän çig maldan uzak möhlet üçin niýetlenip we sarp edijileriň buýurmasy göz öňünde tutulyp, dürli ölçeglerdäki amatly turbalar çykarylýar. Bu turbalar jemagat, aragatnaşyk, gurluşyk ulgamlarynda, oba hojalygynda ulanylýar. Diňe 2012-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda polipropilen turbalarynyň 25 müň pogonmetri çykaryldy, munuň özi tutuş 2011-nji ýylda öndürileninden hem ep-esli köpdür.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri “Galkynyş” gaz känine, has takygy “Osman-5“ guýusyna tarap ugrady. Milli Liderimiz dikuçardan bu ýerde ýatagy özleşdirmek, şeýle hem çykarylýan çil maly arassalamak we taýýarlamak üçin niýetlenen desgalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimine baha berdi.

Buraw wyşkasynyň meýdançalarynyň birinde burawlaýjy ussa döwlet Baştutanyny “Osman-5” guýusynda alnyp barylýan gözleg-agtaryş işleriniň, toplumlaýyn geologiki-geofiziki barlaglarynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Hünärmenler döwlet Baştutanyna ýatagyň uly mümkinçiliklere eýedigi we ondaky nebitgaz serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdiler.

Şu ýerde milli Liderimiz çyzgylary synlady, şolarda “Galkynyş” gaz käniniň gurluşy we geologik kesigi, şeýle hem üç ölçegli geologik şekiller suratlandyrylypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda nebitgaz serişdeleriniň möçberleriniň 71 milliard tonnadan gowrak şertli ýangyja (ýa-da nebit ekwiwalentine) barabardygy halkara bilermenler tarapyndan tassyklanyldy şol möçberiň ýakyn geljekde Hytaýyň, Russiýanyň, Eýranyň we Ýewropanyň bildirýän islegleriniň ählisini üpjün etmäge aňryýany bilen ýetýändigini bellemek gerek.

“Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyry şu ugurda amala aşyrylýan uly möçberli taslamalaryň biri bolup durýar, şol ýatakdaky “mawy ýangyjyň” gorlary 26 trillion kub metrden geçýär. 2012-nji ýylda bu ýerde şol işler, galyberse-de, ulanyş guýularyny burawlamak, kükürtden arassalamak we gazy eksporta iberilýän kondisiýa ýetirmek, şeýle hem “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýadan uzynlygy 100 kilometre golaýlaýan gaz geçiriji çekmek bilen bagly işler dowam etdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri öz güýçleri arkaly, şol gaz gysyjy stansiýadan başlap, “Belek” gaz gysyjy stansiýa çenli ýurdumyzyň çäginde has uzyn “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň gurluşygyna degişli taslamany amala aşyrýar. Uzynlygy müň kilometre golaýlaýan bu ýangyç geçiriji ýerli gaz geçirijileriň ählisini bitewi halka birleşdirmäge hem-de türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ýetirmegiň ygtybarly we durnukly ulgamynyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde täze gaz geçirijiniň ugrunda gaz gysyjy stansiýalaryň 8-si gurlar. Gaz geçirijiniň çekilýän ugrunda inženerçilik-geologik we topografik işler eýýäm tamamlandy, gurluşyk işleri bolsa batly depginler bilen alnyp barylýar. Ony 2015-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şu ugur boýunça hünärmen bolmanyňda-da, bu gaz geçirijiniň oňaýly taraplaryna göz ýetirmek kyn däl. Onuň gazy sormak bilen bagly mümkinçilikleri “mawy ýangyjyň” gündogara, şeýle hem geljegine uly umyt baglanýan günbatar tarapa ýetirilmegine ýardam eder.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şanly 20 ýyllygyna ajaýyp sowgat bilen geldiler. Şol gün Garabil gaz kondensat ýatagynda ozal Garabilden Gurrukbil ýatagyna çenli çekilen 42 kilometrlik gaz geçirijä gazy ýetirmek üçin niýetlenen birlşdiriji desga ulanmaga berildi. Şu ýerde Garabil ýatagynda her biriniň gije-gündizdäki önüm berijiligi 750-800 müň kub metr gaza barabar bolan gaz kondensat guýularynyň ikisi özleşdirilip ulanmaga berildi.

Bu ýerde başga-da birnäçe guýulary özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şolaryň ulanmaga berilmegi bu gaz ýatagyndan her ýylda umumy möçberi 1 milliard kub metre barabar bolan tebigy gazyň çykarylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu gaz ýatagyndann çykarylan tebigy gaz Garabil- Gurrukbil- Döwletabat-2 gaz geçiriji düzümden ybarat ulgamdan geçip, ýurdumyzyň daşary ýurtly sarp edijilere iberýän gazynyň umumy akymyna goşular.

Geçen ýylyň martynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ýerleşýän Şiringuýy geologik gatlakda täze gözleg guýusyny burawlamagyň netijesinde tebigy gazyň senagat derejesindäki akymy alyndy, onuň önüm berijiligi her gije-gündizde “mawy ýangyjyň” 1,5 million kub metrine barabardyr.

Şiringuýy meýdançasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýär, ol Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) tarapyndan önümi paýlaşmak boýunça şertnama esasynda işlerip taýýarlanylýar hem-de 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň esasy çig mal binýady bolup durýar. 2011-nji ýylyň dekabrynda bu ýerde gazy gaýtadan işleýän 2-nji zawodyň gurluşygyna girişildi, şol zawoda Şiringuýuda işlenip çykarylýan çig mal ýetiriler.

Bu wakanyň Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrmagyň netijesi bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we HHR-iň arasynda baglaşylan ylalaşyklar bilen baglylykda, ýurdumyzyň gündogar welaýatynda geljegine uly umyt baglanýan ýataklaryň senagat derejesinde özleşdirilmeginiň çaltlandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Şol ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenitsan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça türkmen “mawy ýangyjynyň” eksporta iberilýän möçberini tapgyrlaýyn artdyrmak boýunça netijeli iş amala aşyrylýar, bu gaz geçiriji arkaly eksporta iberilýän ýangyjyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şol aýda Lebap welaýatynyň Üňüz aňyrsyndaky Garagumda gaz çykaryjy demirgazyk sebitinde gaz kondensatly Kerwen atly täze ýatak senagat taýdan ulanmaga berildi. Başlyngyç tapgyrda bu ýerde ilkinji gazly guýy -- 6-njy guýy işledildi, şondan her gije-gündizde gaz çykaryjy ulgama 700 müň kub metre çenli “mawy ýangyç” akdyrylýar.

Üňüz aňyrsyndaky Garagumdaky ürgün çägeli depelerde gaz çykaryjy düzümiň ähli desgalary guruldy. Bular gazy deslapky görnüşde taýýarlaýan desgadan, gaz ýygnaýjy ulgamdan, gurlan şleýflerden, ulanylýan guýynyň agyzlaryny bekleýjiden, gaz geçirijiden- kollektordan, gaplardan, energetiki desgalardan we beýlekilerden ybaratdyr.

Guýudan çykarylýan gaz we gaz kondensaty Demirgazyk Balguýydaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň esasy desgalaryna ýetirilýär. Nebitgaz serişdelerini ýetirmek üçin ýokary basyşly esasy gaz geçiriji hem-de Kerwen-Babarap—Demirgazyk Balguýy kondensat geçiriji çekildi, bularyň her biriniň uzynllygy 45 kilometrden gowrakdyr.

Demirgazyk Balguýudaky desgalarda gaz arassalanylýar, guradylýar, taýýarlanylýar we şondan soňra Naýypdaky gazy gaýtadan işleýän topluma ýetirilýär, täze ýatagyň ulanmaga berilmegi bilen bu toplum üçin çig malyň ýene-de bir çeşmesi döredilýär.

Kerwendäki ýerasty baýlyklar nebitgaz kondensatyna hem baýdyr. Şeýlelikde, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin hem çig malyň ýene-de bir çeşmesi döredi, bu zawodda gaz kondensaty gaýtadan işlenip, dünýä bazarynda örän geçginli dury nebit önümleri öndürilýär.

Naýypdaky gaz kondensatly ýatakda bolsa ýene-de bir döwrebap gysyjy stansiýanyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Senagat toplumy uly we kiçi desgalaryň birnäçesinden ybaratdyr hem-de ol takmynan ýataklaryň 20-sinde gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin niýetlenendir. Täze senagat kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bilen, her ýylda çykarylýan gazyň möçberine goşulýan gaz 1 milliard kub metre golaý bolar. Stansiýa kuwwatly, döwrebap enjamlar, şol sanda 2 derejeli kuwwatly kompressor agregatlarynyň ikisi bilen üpjün edilýär. Şolaryň diňe biriniň ulanylmagynyň özi gazyň gije-gündizde çykarylýan möçberini 2 million kub metrden gowrak artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem azot-kislorod stansiýasy işe girizildi.

Şol günlerde Merkezi Garagumda Mydar atly nebit ýatagynda gözleg üçin burawlanan 20-nji guýyda synag geçirilende nebitiň senagat derejesindäki akymy alyndy, onuň her giäe-gündizdäki önüm berijiligi 90 tonnadan geçýär. Hünärmenleriň pikirine görä, munuň özi gözleg-agtaryş işlerinde gazanylan nobatdaky üstünlikdr, çünki Mydar ýatagynyň demirgazyk tarapynda nebitli gatlak ilkinji gezek ýüze çykaryldy. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan bu nebitli ýerde synaglary we geofiziki barlaglary geçirmek arkaly toplanan maglumatlar şol pikiri tassyklaýar. Häzirki wagtda bu ýerde barlaglar dowam etdirilýär, şol barlaglar bu önümli gatlagyň geologik gurluşyny takyklamaga, nebitgaz çig malynyň bolup biljek gorlaryna baha bermäge, meýdançada geljekki gözleg işleriniň ugruny kesgmitlemäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak, şeýle hem şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etdirmek bilen bagly meselä dolanyp gelip, mart aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilen “Türkmenistan – Ýewropa: hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly iki günlük halkara maslahatynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny belläsimiz gelýär. Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurtda şunuň ýaly derejedäki maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ilkinji gezek geçirildi. Maslahata gatnaşanlaryň arasynda dünýäde belli Exxon Mobil, Eni, CNPC, Petronas, Burried Hill, RWE Dea AG, Wintershall Holding GmbH, ITERA ýaly kompaniýalar, şeýle hem Ýewropa toparynyň, Energetika Hartiýasynyň , ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri bar. Türkmenistana nebitgaz toplumynyň, himiýa senagatynyň, Nebit we gaz institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary milletiň Lideriniň tabşyrygy boýunça şeýle hem daşary ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Gepleşiukleriň barşynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar, türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa etmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maý aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk geçen ýylda, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli waka öwrüldi, şonda taraplar bu wajyp taslamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmagyň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar hem-de ylalaşyklary baglaşdylar.

Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Pakistanyň Inter State Gas System Limited kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak –satmak hakyndaky Ylalaşyga, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Hindistanyň GAIL Limited kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, III Halkara gaz kongresiniň barşynda hakykatda taryhy wakanyň bolup geçendigini nygtamak bolar, munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça nobatdaky uly möçberli taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga berdi.

Gol çekmäge gatnaşan Paksitan Yslam Respublikasynyň nebit we mineral serişdeler ministri Asim Huseýn, Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Jaýpal Reddi, Owganystan Yslam Respublikasynyň gazylyp alynýan magdanlar ministri Wahidulla Şahrani öz çykyşlarynda bu gaz geçirijiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlara diňe bir energetika degişli meseleleri däl-de, durmuş we ynsanperwer ähmiýetli, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijiniň ugrunda durmuş ulgamyna degişli düzümleri bilen bagly meseleleriň çözülmegine hem-de iň esasysy – tutuş sebitde syýasy durnuklylygyň saklanylmagyna we berkidilmegine ýardam berjekdigini aýratyn bellediler.

Bitarap Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen netijeli we ykdysady taýdan oýlanyşykly ýörelgä eýerýändigi köp ugurly ýangyç geçiriji düzümiň döredilmeginde öz beýanyny tapýar, şol düzüm geljekde Ýewraziýa yklymynyň ep-esli böleginde energetiki howpsuzlygy üpjün etmäge, diýmek – şu uly giňişlikde ýaşaýan millionlarça adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga ukyply bolup biler.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara gaz kongresiniň barşynda TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde iberilmeginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleriň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini diwersifikasiýa etmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny hem-de häzirki wagtda şu meseleleriň ählumumy derejede ilkinji hatarda durýandygyny bellediler. Döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we köp sanly halklaryň ýaşaýşynyň hiline gös-göni täsirini ýetirýän energiýa serişdeleriniň elýeterliliginiň durmuşda we işde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy şübhesizdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç geçiriji ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyjy möhüm ähmiýete eýedir, şol başlangyç BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky ýörite Rezolýusiýasy arkaly berkidildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan oňlanan bu başlangyjy Türkmenistpanyň halkara ölçegleri ulgamyndaky ornunyň artmagynyň, şeýle hem onuň ählumumy derejede energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşmagynyň ykrar edilýändigini görkezdi.

Halkara gaz kongresine Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlaryň, ABŞ-nyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň, HHR-iň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň we beýleki döwletleriň wekilçilikli toparlary, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Hökümetiniň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, pudaklaýyn döwlet konsernleriniň we institutlarynyň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şunuň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy, gös-göni daşary ýurt maýa goýumlary, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda dünýäde toplanan tejribeden we tehnologiýalardan peýdalanmak, nebitgaz serişdeleriniň gorlaryny rejeli işläp taýýarlamak ýaly häzirki wagtda möhüm ähmiýete eýe bolan meseleler öz beýanyny tapdy.

Käbir çykyşlar önümçilige täze tehnikany, öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýäde gaz pudagy boýunça ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda ileri tutulýan ugurlara, ýokary netijeli, dolulygyna awtomatiki we telemehaniki tehnologik enjamlardan giňden peýdalanylmagyna bagyşlandy.

Foruma gatnaşyjylar tebigy gazyň düzümindäki komponentleri – metany we etany himiki taýdan gaýtadan işlemek we soňra polietilen, polipropilen, poliwinilhlorad we beýleki geçginli gazhimiýa önümlerini öndürmek meselesiniň ähmiýetiniň has-da artýandygyny bellediler. Şeýle hem ugurdaş nebit gazyny utilleşdirmek we şondan suwuklandyrylan tebigy gazy, sintetiki suwuklyklary we elektrik energiýasyny almak boýunça işläp taýýarlamalar aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Forumda ammiagy, karbamidi, tehniki uglerody öndürmek, ekologiki ýangyç we himiýa senagaty üçin gymmatly çil mal hökmünde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän suwuklandyrylan gazyň çykarylýan möçberlerini ardyrmak üçin ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek barada aýratyn gürrüň edildi.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň taslamasyny amala aşyrmak baradaky gürrüňimizi dowam etmek bilen, sentýabryň ikinji ongünlüginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça biznes-tapgyryň (road show) bolup geçendigini bellemek gerek, bu çäre dünýäniň aýry-aýry künjeklerinde duşuşyklary we TOPH taslamasy bilen tanyşdyrmak üçin guraldy, onuň maksady taslama babatda maglumatlaryň berilmegini kämilleşdirmekden we şol taslamany amala aşyrmak üçin dörediljek konsorsiuma esasy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny çekmekden ybaratdyr. Singapurda, Nýu-Ýorkda we Londonda bu uly energetika köprüsini döretmäge gatnaşýan ýurtlaryň we Aziýanyň Ösüş bankynyň dünýäniň ýangyç-energetika toplumyndaky iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň ykdysady hem-de nebitgaz edaralarynyň degişli ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat bolan bilermenler toparynyň agzalary bilen işjeň gepleşikleriň barşynda Chevron, Exxon Mobil amerikan kompaniýalarynyň, BP, BG Group britan kompaniýalarynyň, Germaniýanyň RWE, Malaýziýanyň Petronas kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň esasy şertleri bilen tanyşdylar hem-de oňa gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Olar ähli tehniki ölçegler, gaz geçirijiniň ugurdaş desgalary, onuň maliýe we ykdysady taýdan maksada laýyklygy we başga-da birgiden meseleler boýunça ilkinji çeşmelere esaslanýan we bular barada has doly maglumatlar taslamanyň hukuk bilen bagly ýagdaýyny we kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary bilen tanyşdyryldy. Ýeri gelende aýtsak, Aziýa boýunça bu iri gaz geçiriji taslama babatda nebitgaz pudagynda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalardan başga-da, köp sanly daşary ýurt maliýe we bank edaralary hem uly gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem sentýabryň ikinji ongünlüginde TORH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda bilermenleriň topary biznes- tapgyryň netijeleri boýunça taýýarlanan maglumaty hödürledi.

Mejlise gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň şonuň öňüsyrasynda Aşgabatda bolup geçen mejlisiniň jemine garadylar we bu işiň esasy netijelerini oňladylar, şol mejlisiň çäklerinde TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagyna badalga bermegiň tehniki jähetleri bilen bagly möhüm meseleler babatda ylalaşyldy we çözüldi.

Ýolbaşçy komitetiň işjeň we netijeli ýagdaýda geçen mejlisinde ýakyn geljekde transmilli ýangyç geçirijiniň gurluşygyny çalt depgin bilen amala aşyrmak, hususan-da, gaz geçirijiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin döredilýän konsorsuma goşulýanlaryň düzümini giňeltmek, şol sanda konsorsiumyň ýolbaşçysyny saýlamak bilen bagly meýiller göz öňünde tutuldy.

16-njy iýulda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde 2011-nji ýylda energetikanyň ösüşiniň depgini baradaky statistiki syn bilen tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Bu syn Beýik Britaniýanyň dünýäde ululygy boýunça ikinji hatarda durýan nebitgaz kompaniýasynyň -- BP-“British Petroleum” kompaniýasynyň “Dünýä energetikasy boýunça statistiki syny” esasynda taýýarlanyldy. Munuň üçin BP kompaniýasynyň wise-prezidenti we baş ykdysatçysy türkmen paýtagtyna ýörite geldi.

Her ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän şunuň ýaly tanyşdyrylyş dabarasy ilkinji gezek Türkmenistanda guraldy, munuň özi halkara bileleşiginiň biziň ýurdumyza kuwwatly energetika döwleti hökmünde bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde jenap Kristof Rýul geçen ýylda energetika bazarlarynyň ösüşindäki ýagdaýlar, ykdysadyýetleriň energiýa serişdeleri babatda bildirilýän islege ýetirýän täsiri, nebitiň we gazyk çykarylýan we sarp edilýän möçberleriniň artyş depgini, şeýle hem nebitgaz serişdeleri boýunça nyrhlar we beýlekiler barada gürrüň berdi. Dünýä boýunça Hytaýda gazyň sarp edilişiniň has-da artandygy hem-de munuň Türkmenistandan iberilýän “mawy ýangyjyň” hasabyna-da üpjün edilendigi bellenildi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda Türkmenistandan tebigy gazyň goşmaça möçberlerini ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi, şonda her ýylda HHR-e iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde jenap Kristof Rýul bar bolan resmi maglumatlary seljermek esasynda, BP kompaniýasynyň Türkmenistanyň gazyň örän uly gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ymykly eýeleýändigini tassyklaýandygyny we munuň öz gezeginde Türkmenistanyň häzirki wagtda hereket edýän we geljekki gaz geçirijileri “mawy ýangyç” bilen islendik möçberde üpjün etjekdigini kepillendirýändigini belledi.

BP kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan “2030-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşi boýunça çaklama” laýyklykda Türkmenistanyň halkara energetika bazaryndaky orny has-da ýokarlanar.

BR kompaniýasynyň “Dünýä energetikasy boýunça statistiki syny”, Halkara energetika agentliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir bölümleriniň, Bütindünýä bankynyň dürli neşirleri esasynda hem-de milli we beýleki dürli maglumatlary ulanmak arkaly düzülen şu çaklama 2030-njy ýyla çenli dünýäniň energetika bazarlarynyň ösüşindäki uzakmöhletleýin ýagdaýlary äşgär etmek bilen bagly maksady öňde goýýar. Munuň teoretikleriň çaklamalary däl-de, abraýly hünärmenleriň esaslandyrylan çaklamasydygyny bellemek gerek.

Iýul aýynda Lebap welaýatynyň demirgazyk etrabynda täze Babarap gaz kondensatly ýatak senagat taýdan özleşdirmek üçin ulanmaga berildi. Bu ýerde ulanylyp ugralan ilkinji guýularyň ikisinden her gije-gündizde 3 müň metrden gowrak çuňlukdan gaz geçirijä tebigy gazyň 300 müň kub metrden gowragy, kondensat geçiriji arkaly bolsa uglewodorod çig malynyň 40 müň tonna golaýy geçirilýär. Babarap ýatagynda gaz çykarmak üçin zerur bolan düzüm gurulýar, bu ýatak Üňüz aňyrsyndaky Garagumda hasap boýunça gaz çykarylýan ikinji meýdançadyr we bu ýerde geçen ýylda energiýa serişdelerini senagat taýdan işläp çykarmaga girişildi. Ozal bellenilişi ýaly, bu ýerde täze Kerwen gaz kondensatly ýatak hem ulanmaga berildi.

Babarap ýatagynyň senagat taýdan özleşdirmek üçin ulanmaga berilmegi Naýypdaky gazy gaýtadan işleýän kuwwatly toplumyň çig mal bilen üznüksiz üpjün edilmegine we ýokary derejede arassalanan, ekologik taýdan arassa harytlyk tebigy gazyň ýangyç geçiriji ulgama ýetirilýän möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik döretdi. Ýakyn geljekde bu zawodyň gazy gaýtadan işleýän birinji awtomatiki desgasynyň häzirki döwürde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna laýyklykda toplumlaýyn durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak we çykarylýan önümiň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary çykyş edip, maslahata gatnaşyjylary türkmen döwletiniň ýangyç-energetika toplumynyň senagat we çig mal babatda bar bolan kuwwaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgah serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, şeýle hem energiýa serişdeleriniň Ýewraziýa yklymyndaky iri bazarlaryna ygtybarly we howpsuz ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen energetiki strategiýasy bilen tanyşdyrdylar.

Çykyşlarda nebitgaz serişdeleri özleşdirilen we ulanylan mahalynda ekologiýa degişli talaplaryň we kadalaryň berjaý edilmegine degişli meseleler, has takygy, nebitgaz pudagynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirmeginiň öňüni almak we şol täsiri azaltmak, nebitgaz serişdeleri özleşdirilen mahalynda ekologik meseleleri çözmegiň ýollary, ýerasty ýataklardaky serişdelerden netijeli we rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler barada aýratyn gürrüň etdiler.

Çykyşlarda döwletimiziň nebitgaz pudagyny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal görlüp-eşidilmedik çäreleri amala aşyrýandygyna hem-de pudygyň çig mal binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna, munuň nebitgaz çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenýän möçberleriniň artdyrylmagyna, halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň işlenip çykarylmagynyň ýola goýulmagyna badalga berendigine aýratyn üns berildi.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanda potratçylar we maýadarlar üçin döredilýän mümkinçilikler, şol sanda maýa goýumlaryna degişli şertler, milli kanunçylyk we salgyt salmak, bäsleşiklere gatnaşmagyň meseleleri, ygtyýarnamalary almak, gümrük amallary we işewürligi alyp barmagyň beýleki jähetleri barada jikme-jik maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda dünýäde toplanan tejribäniň milli senagatyň möçberlerini has-da artdyrmak, onuň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly sazlaşykly ösdürmek üçin himiki serişdeleriň ýokary tehnologik önümçiligini ýola goýmagyň, şol sanda nebitgaz çig malyny ulanmagyň zerurdygyny görkezýändigini belledi.

Ýurdumyzda ýokary düzümli etanly gaz ýataklary bar. Munuň özi gazhimiýa pudagyny çalt depgin bilen ösdürmek üçin oňaýly şertleri döreldýär. Meselem, gazhimiýa toplumynyň gurulmagy gysga möhletlerde – 4-5 ýylda polietileniň we polipropileniň giň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Şol önümçilikleriň sintezi bolsa senagat önümleriniň ýüzlerçesini öndürmek, şeýle hem rezin-tehniki we kauçuk önümçiliginde çig mal hökmünde peýdalanylýan önümi işläp taýýarlamak üçin serişdeler hökmünde ulanylýan polimerleriň dürli görnüşlerini işläp çykarmak boýunça amatly şertleri döreder.

Şol bir wagtyň özünde kämil gazhimiýa önümçiliginiň sazlaşykly ýola goýulmagy tebigy gazy turbalar arkaly eksporta iberilmeginiň ýerini tutmaga ukyply bolan möhüm ähmiýetli ugur hasaplanýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýakyn on ýylda gazhimiýasyna we nebithimiýasyna degişli hem-de senagat we kömekçi desgalaryň düzüminden ybarat bolan iri pudaklaryň döredilmegini jikme-jik öwrenmegi hem-de bitewi we uly möçberli taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksada laýyk gelýändigini anyk kesgitlemegi tabşyrdy.

Noýabrda Türkmenistana ýene-de dünýäniň nebitgaz boýunça işewür toparlarynyň wekilleri ýygnandylar. Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygy bilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2012” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlyk” atly 17-nji halkara ylmy masllahat guraldy.

Üç günüň dowamynda däbe öwrülen we her ýylda guralýan sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň 30-sy sergä ilkinji gezek gatnaşdy. Kompaniýalar hem-de kärhanalar hyzmatlar we işlenip çykarylýan önümler, şol sanda nebitgaz çig malyny gözlemek, çykarmak we ýetirmek, çuň burawlamak, deňizde gözleg işini geçirmek we kenarlarda ulgamlary gurmak, ulanylýan ýangyç geçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täze ýangyç geçirijileri gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, guýulary gurmak we ulanmak, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, ýangyç geçirijilerde anyklaýyş işlerini geçirmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak we beýlekiler boýunça döwrebap tehnologiýalar we soňky gazanylanlar bilen tanyşdyrdylar.

Dünýäniň 47 ýurdundan halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gelenleriň 700-den gowragy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, bu topluma döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, hyzmatlary berjaý etmek boýunça toplan tejribesi we ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanma bildirmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň şu pudagynyň binýadyndaky düzümlerde özgertmeleriň giň gerimde amala aşyrylmagy, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejä ýetirilmegi bilen şertlendirilendir.

Hususan-da, ulanyş üçin burawlamagyň barşynda önümli gatlaklary anyklamak, guýularda abatlaýyş işlerini geçirmek, bilelikdäki geofiziki barlaglary amala aşyrmak, ýangyç geçiriji düzüme degişli desgalaryň durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak, ýataklary gözlemek we agtarmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, nebit himiýasy we beýlekiler, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny göz öňünde tutup aýdanyňda, bu hyzmatdaşlyga badalga berip biljek has möhüm ähmiýetli taslamalaryň hatarynda görkezildi. Gazhimiýa senagatynda “mawy ýangyjy” ulanmak boýunça tehnologiýalar hem geljegine uly umyt baglanýan ugur hökmünde bellenildi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň uly ähmietiniň bardygyny nygtady .

Maslahatda Türkmenistanyň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnamalary bu çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi, çünki bu ýerde nebitiň we tebigy gazyň uly gorlary bar. Türkmenistanyň islendik tarapa tebigy gazy ýanaşak ýerleşýän döwletler bilen serhetde satmak baradaky ýörelgä ygrarlydygy ýene-de bir gezek tassyklandy, muňa ýurduň öz çägindäki gaz geçirijileriň halkalaýyn ulgamy degerli ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap türkmen döwletiniň nebitgaz çig malynyň eksporty üçin özara hasaplaşyklarda eýerýän we hemmelere mälim bolan ýörelgesi ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň syýasata dahylsyz bolmagyna esaslanýan ýörelgä ygrarlydygyny tassyklaýan aýdyň subutnamalaryň biridir.

Türkmenistanda halkara nebitgaz maslahatynyň taryhynda ilkinji gezek onuň geçirilişi özgerdildi. Maslahat üç günläp dowam etdi. Her günüň birinji ýarymynda mejlisler geçirildi, günüň ikinji ýarymynda kompaniýalaryň wekilleriniň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guraldy.

Galyberse-de, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen gepleşiklere gatnaşmadyklar we Türkmenistana ilkinji gezek gelen wekiller üçin her günüň ikinji ýarymynda leksiýalar we okuw maslahatlary guraldy.

Birneme öňki wagta dolanyp, 17-nji maýda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna Türkmenistanyň buýurmasy boýunça gurulan nebit guýulýan “Etrek” tankeriniň gelendigini belläsimiz gelýär.

Nebitiň çykarylýan möçberiniň sazlaşykly artdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda milli tanker flotunyň ornunyň artmagyna badalga berýär, häzirki wagtda bu flot ýurduň içinde we daşary ýurtlara suwuk nebitgaz serişdeleriniň uly möçberlerde daşalmagyny amala aşyrýar.

2-3 ýylda türkmen deňiz söwda flotuna ähli ölçegler boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän täze ulaglaryň 5-si goşuldy. “Etrek” ýokary tehnologiki we has kämil gämileriň tapgyryna degişli 5-nji tankerdir.

Täze tanker – ýük göterijiligi 7100 tonna barabar bolan 140 metrlik gämi gaýtadan işlenmedik nebiti we nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenip, esasy dwigatelleriň ikisi bilen üpjün edilendir, bular gäminiň ulagyň şunuň ýaly görnüşi boýunça bellenilen ýokary tizlik bilen ýüzmegini üpjün edýär. Gämide biri-birinden üzňe gaplaryň 12-si bar, bular bir ýüzüşde 20 gije-gündize golaý wagtlap ýangyjyň dürli görnüşlerini daşamaga mümkinçilik berýär.

Umuman alanyňda, energetiki ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäklerinde görlen çäreleri seljereniňde, geçen ýylda Türkmenistanyň Aziýa sebitindäki iri ýurtlaryň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak bilen çäklenmän, geljekde bu ýerde esasy strategiki ýurt we gaz ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly ähmiýete eýe bolmak üçin pugta esaslary döredendigini bellemek bolar.

Şeýlelikde, geçen ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna degişli kärhanalar tarapyndan pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça uly işler geçirildi. Ýöne indiki ýyllarda has uly möçberli meýilnamalary amala aşyrmaly bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji nobatda türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna degişli köp sanly başlangyçlary hut şol wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa adam baradaky alada döwlet derejesinde ileri tutulýan ugurdyr.