Ï Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanun: ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanun: ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi

view-icon 15440
Eýýäm habar berilşi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji mejlisinde “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Kanun kabul edildi. Kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ösýän demokratik wektorynyň güýçenýändigine şaýatlyk edýär. Häzire çenli hereket edip gelen “Türkmenistan SSR-inde neşirýat we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 1991-nji ýylda kabul edildi. Elbetde ol häzirki zaman habar beriş serişdelerini dolandyrmakda, gurluşynda we mazmunynda ähmiýete eýe bolan garaşsyzlyk ýyllarynda, şeýle hen umumydünýä tendensiýasynda bolup geçen özgertmeleri nazara alyp bilmedi.

Bu kanunyň kabul edilmegi Habar beriş serişdeleri üçin kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça işleriň tamamlanýandygyny hiç hili aňlatmaýar diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim we medeniýen boýunça komitetiniň başlygy Wladimir Gubanow gürrüň berýär. Şu ýyl hem Mejlis Türkmenistanda Internet-hyzmatlaryny sazlaşdyrmaga degişli bolan kanunyň taslamasynyň üstünde ilemegini dowam etdirer, şeýle hem onda olaryň işlemek aýratynlykaryny beýan edýän Internet-Habar beriş serişdeleri ulgamynyň düzgünleri kesgitlener.

“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” kanunyň kabul edilmegine täsirini ýetiren obýektiw faktorlaryň hatarynda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlygy hakynda Türkmenistanyň umumy ykrar edilen halkara resminamalaryna goşulyşmagydyr. Bu ilkinji nobatda, islendik döwletde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanuny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan raýat we syýasy hukuklar hakynda adam hukugynyň ähliumumy deklersiýasy we Halkara paktydyr.

Şeýle hem täze kanunyň kabul edilmeginiň zerurlygy häzirki günde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniiň öňünde duran wezipedir. Olaryň hatarynda ýurduň gazananlaryny giňişleýin beýan etmegi, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň özlerini kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmagy, olaryň bu ulgamda dünýä tendensiýalaryna gabat gelmegini, garaşsyz (hususy) köpçülikleýin habar beriş serişdelerini guramagy, bu ulgamda bar bolan halkara we iň öňdebaryjy normalaryna implementasiýa etmegi görkezmek bolar.

Usulýet-hukuk we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynda halakara tejribelerini öwrenmek jähtden milli parlamentariýelere täze kanuny işläp taýýarlamakda halkara guramalary maslahat beriş kömegini berdiler. Bu “BBS” bütindünýä gullugynyň Gaznasynyň goldamagynda ýerine ýetirilen Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa bileleşiginiň taslamasydyr hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlyk meselesi boýunça ÝHHG-ň, onuň Býurosunyň, ÝHHG-ň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilçilikleriniň gatnaşmagynda düzülen “Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunlary kämilleşdirmek işini goldamak hakynda” taslamadyr.

Kanunyň esasyny Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döredilmegine we işlemegine esaslanjak Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen gymmatlyklar, ideýalar we ýörelgeler düzýär. Olara, ilkinji nobatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, köpçülikleýin maglumatlar ulgamynyň azatlygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine senzuranyň we goşulyşmagyň ýol berilmesizligi, halkara resminamalaryna degişli düzgünlere esaslanýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygyna hyýanat etmezlik degişlidir.

Kanunda beýleki ýurtlaryň kanunlaryndaky ýaly kanuny düzgünleriň standart toplumy berilýär.Bu köpçülikleýin habar beriş serişdelerini esaslandyryjylara, redaksiýalara, çap edijilere we ýaýradyjylara, žurnalistleriň hukuklaryna we borçlaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň raýatlar, jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet guramalary bilen gatnaşygyna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanuny bozmagyna jogapkärçiligine, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy degişlidir. Şeýle hem kanunda Türkmenistanyň kanunçylygynda häzirlikçe öz rugsadyny tapmadyk birnäçe meselelere garlýar. Meselem, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde reklama bermek.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek örän möhüm meseledir. Kanuna laýyklykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş guramalarynyň, ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň, syýasy partiýalaryň we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň çäklerinde hereket edýän beýleki jemgyýetçilik bileleşikleriniň, beýleki ýuridiki şahslaryň, on sekiz ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýa-da olaryň bileleşiginiň habar beriş serişdelerini döretmäge hukugy bardyr.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini açyk ýaýratmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mazmuny üçin jogapkär adamyny kesgitlemek üçin hukugy tassyklamak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hasaba alnan bolmalydyr. Biz üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hasaba almak – bu rugsat bermezlik däldir, eýsem Türkmenistanda hereket edýän ýuridiki şahslary hökany hasaba alynmagydyr.

Kanuna laýyklykda her bir köpçülikleýin habar beriş serişdesi redaksiýa tarapyndan berilýär. Şunlukda kanun çykaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlemegi maliýe tarapdanam, maddy tarapdanam, işgär babatdan hem köp çykdajy talap edýän işdigini nazarda tutdy.

Bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine döwlet tarapyndan berilýän goldaw barada kanunyň düzgünlerini belläp geçmelidiris. Döwlet döredilen badyna milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini saklamak we mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen olara, aýratyn hem maliýe-maddy babatda, uly goldaw berdi. Habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredildi we ösdürilýär: bu häzirki zaman binalaryndan, redaksiýalaryň tehniki binýadyndan, neşir binýadyndan, ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistleri taýýarlamakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Dünýä ýüzünde syýahatçylygy we sporty giňden wagyz etmek we ýaýaratmak maksady bilen, geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurtda türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän täze “Bedenterbiýe we sport”, “Syýahatçylyk” žurnallary döredildi. Şeýle hem hususy köpçülikleýin habar beriş serişdesini döretmekde ilkinji üstünlikli tejribäni bellemelidiris - Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşmesi “Rysgal” gazetini çap edýär. Döwletiň programma-tehniki goldawyny berýän “Türkmenistan: altyn asyr” elektron gazeti üç dilde berilýär.

Kanun köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sazlaşdyrmak maksady bilen, habar beriş serişdeleri ulgamynda ygtyýarly döwlet guramalaryny görkezýär (çap edilýän serişdeler boýunça, telewideniýe, radio we kinematografiýa boýunça, Interneti ösdürmek we peýdalanmak ulgamynda), şeýle hem žurnalistler üçin öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak, jemgiýetçilige maglumatlar berlende takyklygy we adalatlylygy üpjün etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş ulgamynda öz-özüňi sazlaşdyrmagy amala aşyrmaga mümkinçilik döredilýär.