Ï Garramaýan gurjaklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garramaýan gurjaklar

view-icon 967
Türkmen teatrynyň gözbaşlary mundan müň ýyldan gowrak ozal „dramatiki dini aýdym sungaty“ görnüşinde döräpdir. Bu sungaty döredijiler bolsa bagşylar bolupdyr. Olar öz liriki eserlerini özleri döredipdirler, aýdymlaryň birnäçe pursatlaryny dürli herekerler we mimiki sahnalar bilen bezemek bilen, dutaryň ýany bilen özleri hem aýdypdyrlar. Olar köplen „üçlik“ ýa-da „dörtlük“ bolup birleşipdirler, olaryň çykyşlary köplenç özboluşly teatral çykyşly häsiýete eýe bolupdyr. Ýöne Türkmenistanda teatr sungaty diňe geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyrynda peýda bolupdyr.


Bu günki gün biziň ýurdumyzda „baýry“ teatrlaryň köpüsiniň hatarynda döredijiligi ilkinji nobatda ýaş tomaşaçylara niýetlenen Türkmenistanyň döäwlet gurjak teatry hereket edýär. Gurjak teatrynyň umumy teatryň ösüşiniň ilkinji tapgyrlarynyň biridigini aýdyp geçmelidiris. Ol öz gözbaşyny gündogaryň gadymy medeniýetinden alyp gaýdýar. Türkmenistanda gurjak şekilini janlandyrýan aktýorlar sungaty barada öňden belli bolupdyr, ýöne öňler ýurtda gurjak teatry bolmandyr – oýunlary käwagt gastroýor gurjakçylar görkezipdirler. Bu spektakllar uly meşhutlykdan peýdalanypdyr. Ilkinji türkmen gurjak teatry haçan döräpdir? Ýurduň gurjak teatry barada Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň resminamalary gürrüň berýärler.

Gurjak teatrynyň ilkinji spektakly 85 ýyl mundan ozal, 1928-nji ýylda, türkmen obalarynyň birinde ulylar üçin niýetlenen bolupdyr. Ony guraýjylar gurjak teatryna biziň sebitlerimiz üçin ilatyň arasynda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäräniň täze görnüşi hökmünde garapdyrlar. Bu täze medeni işde terjimeçiler T.Myradow we A.Ýurtaýew ilkinjileriň biri bolupdyrlar. Olar aktýor bolmasalar hem, türkmen dilini, ýerli şiwe dilini, ötgür degişmeleri bilipdirler. Ynha-da geň galan, ýöne daşky göky görnüşleri boýunça parahat bolan oba adamlarynyň öňünde „sahnada“ – uly dilikli göçme çadyrly gurjak „artistleri“ peýda bolýar. Olar özlerine mahsus bilan – daýhayň, mirabyň, jarçynyň,milisioneriň, lukmanyň, mundan hem başga – şeýtanyň we baş roly ýerine ýetirýäniň keşplerini döretmek bilen, gülkünç ýagdaýda ellerini galgydýardylar, gaty ses bilen dawalaşýardylar we bir-birlerini öjükdirýärdiler. Tomaşaçylaryň geň galmaklary sahnada bolup geçýän wakalara düşünmeklerine alyp bardy, „gaňrymanlara“ göz ýetirdiler, olaryň degişmeleri güýçli gülki döretdi . Bu oýun oba lukmançylygyna bagyşlandt hem-de onuň anyk mazmuny bardy. Ýöne ssenariýanyň çäklerindäki hereketiň dowamynda ol ep-esli giňeldildi, durmuş sahnajyklary bilen üsti ýetirildi – gurjaklar meşhur aýdymlary ýerine ýetirdiler, Kemine hakynda degişmeler aýdyşdylar, jemagat bilen aç-açan söhbetdeş boldylar, tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berdiler, olaryň belliklerine garşylykly jogap berdiler. Ahyr soňunda hem ilatyň doly ynamyny ödediler. „Turkmenowedeniýe“ (Türkmeniöwreniş) žurnalynyň ýazyşy ýaly, „tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolundy, soňky görkezilen oýna pars çäklerinde ýerleşýän golaýdaky türkmen obalarynyň ýaşaýjylarynyň ählisi bu öýny görmäge howlukdylar“.

Şol 1928-nji ýylda Aşgabadyň drama studiýasynyň döredilmegi bilen, tiz wagtdan onuň ilkinji Türkmen döwlet drama teatrynyň binýady bolmagy bilen, diňe bir sahna ussatlary taýýarlanylman, eýsem gurjak sungaty hem çuňlaşdyrylyp öwrenilip başlandy. Türkmen gurjakçylarynyň arasynda Anna Öwezow, Gulkişi Gulmyradow, Galpak Herräýew, Owadan Ataýewa ýaly artistler soňra türkmen sahnasynyň halypalary bolup ýetişdiler. Zehinli we höwesjeň artistler bezegleri özleri ýerine ýetirýärdiler, gurgaklaryň geýimleirni özleri tikýärdiler we olary bezeýärdiler, täze sahnajyklary oýlap tapýardylar, şeýle hem her bir oýna ýadawsyz taýýarlyk görýärdiler.

Teatryň uzak wagtlap öz jaýy bolmady – oýunlaryň köpüsi obalarra we şäherlere aýlanyp görkezilýärdi. Ýygnanyşmak uzak bolmaýardy „artistleri – gurjaklary“ sandyga, perdeleri dolap, gurjakçylara sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ýere tarap tizden-tiz ugralýardy.

Türkmen döwlet gurjak teatry 30-njy ýyllarda eýýäm öz ýola goýlan hojalyk ulgamyna we iki sany döredijilik – tzrkmen (göçme) we Aşgabada we respublikanyň beýleki şäherlerine hyzmat edýän rus toparlaryna eýedi. 1937-nji ýylda tetrda aktýorlardan, hudožnik-oýun goýujylardan, sazandarlardan, tehniklerden ybarat bolan 139 adam işleýärdi. Teatr ahyr soňy 1937-nji ýylda öz binasyny edindi.

Şol ýyllarda gurjakçylar uly meşhurlyga eýediler. Tetryň repertuarynda dünýäniň halkalrynyň iň gowy folklor däp-dessurlary bardy. 30-njy ýyllaryň ahyrynda bolsa, oýunlaryň 25-si bardy. Olardan „Tom Soýer we beýlekiler“, “Balahana we balahanajyk“, „Kiçijek Muk“, „Aly-Baba we 40 garakçy“, „batyr Kekil hakynda erteki“, „Çopan we kör garga“, „Jadylanan gylyç“ we beýlekileri görkezmek bolar. Mundan başga hem gurjak estradasy işleýärdi – tanslar, çastuşkalar, steçkalar ýerine ýetirilýärdi. Bu gurjak estardasynyň bagşylary 70-den gowrak aýdymlary ýerine ýetirýärdiler.

Urşuň ýowuz günlerinde hem Türkmen döwlet gurjak teatry gyrada durmady – ol tomaşaçylaryň ruhyny galdyrmakda öz başarjaňlygyny giňden peýdalandy. Şol ýyllarda görkezilen „Halk ar alyjylary“, „Ar gülleri“, „Goňur bela“, „Naýza“ ýaly oýunlar halkyň faşistik basybalyjylaryna garşy göreşini beýan edýärdi. Döredijilik topary Beýik Ýeňşiň hatyrasyna öz güýç-gaýratlaryny we wagtlaryny gaýgyrman zähmet çekdiler.

Türkmen gurjak teatrynyň döredilmegi we aýaga galmagy barada gürrüň berýän resminamalar onuň biziň uly we ýaş ildeşlerimiziň durmuşynda nähili möhüm orun eýeländigine şaýatlyk edýär. Şonuň üçin hem gurjak aktýorluk hünäriniň şöhratly däp-dessuryny dowam etdirýän häzirki zaman gurjak teatry bu teatryň düýbüni tutujylara tüýs ýürekden buýsanyp biler.