Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) tarapyndan çap edilen “2012-nji ýylda dünýädäki maýa goýumlar hakyndaky hasabatynda” beýan edilen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistanyň gös-göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň indeksindäki ýurtlaryň birinji onlugyna goşulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsleşige ukyply we döwlete degişli ösen düzümini, netijeli telekeçiligi we bazar ykdysadyýetine mahsus döwrebap düzümli ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn kemala getirilmegine gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýan nobatdaky subutnama öwrüldi. Bu baradaky maglumat Halkara pul gaznasynyň her çärýekde çap edilýän “Maliýe we ösüş” atly žurnalynyň 2012-nji ýylyň dekabr aýyndaky sanynyň sahypalarynda ýerleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, çeýe, durmuşdan ugur alýan hem-de maýa goýumlary bilen bagly içerki we daşarky ykdysady ýagdaýlara laýyk gelip, milli ykdysadyýetiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň esasy jähetleriniň biri bolup durýar. Şunda maliýeleşdirmegiň býujetden daşary çeşmelerini giňeltmek, düýpli maýa goýumlaryny hem-de kadalaşdyryjy kanunçylyk binýadyny we netijeli maýa goýumly taslamalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegini mundan beýläk-de kämilleşdirmek esasynda ýurdumyza hususy we daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek üçin oňaýly ýagdaýy döretmek esasy wezipeler hasaplanýar.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli peýdalanmak yzygiderli ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir hem-de munuň özi ýurtlaryň arasynda özara peýdaly halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar. Öz gezeginde bu ýagdaý ykdysadyýetiň önümçilik düzüminiň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly täze önümçilikleriň döredilmegine, kärhanalaryň esasy gaznalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegine, menejmentiň, marketingiň we nou-haunyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam eder. Galyberse-de, munuň özi içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilen oňat hilli harytlar bilen doldurylmagy we şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara ugradylýan harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagy bilen baglylyakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, maýa goýumlarynyň çekilmegi döwlete degişli bolmadyk bölegiň kemala getirilmegine we pugtalandyrylmagyna, garyşyk kompaniýalaryň, karz berilýän kapitala degişli bazarlaryň döredilmegine ýardam berýär hem-de maýa goýumlaryny möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirýär.
Köp sanly daşary ýurtly bildermenleriň pikirine görä, gös-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy ýurduň ykdysady ýagdaýyna hem-de onuň ykdysadyýetiniň ortaça möhletde geljekki durnuklylygyna degişli çaklamalar bilen baglydyr. Şunda Halkara pul gaznasynyň çaklamalary boýunça hakyky jemi içerki önümiň ösüş depginleriniň 2013-nji ýylda 108 göterim möçberinde üpjün ediljekdigini bellemek gerek, munuň özi maýa goýumlary babatda göwnejaý syýasatyň ýöredilmegi hem-de daşary ýurtlardan düýpli maýa goýumlarynyň ep-esli möçberde çekilmegi arkaly üpjün edilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ykjam maýa goýumlaryna esaslanýan netijeli we kuwwatly ykdysady ulgam hereket edýär, munuň özi dünýädäki maliýe çökgünliginiň şertlerinde has-da möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) tarapyndan çap edilen “2012-nji ýylda dünýädäki maýa goýumlar hakyndaky hasabatynda” çap edilen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistana gönükdirilen gös-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 15,6 göterimine barabar boldy. Muňa soňky ýyllarda maýa goýumlarynyň möçberleriniň artmagy hem şaýatlyk edýär, milli ykdysadyýetiň ösüşine degişli makroykdysady görkezijilere laýyklykda, şol möçber soňky ýyllarda 8,6 esse artdy. 2011-nji ýyldakysy bilen deňeşdireniňde, 2012-nji ýylyň jemlerine görä, maýa goýumlarynyň möçberi 38 göterim artdy.
Dünýädäki köp ýurtlaryň toplan tejribesine görä, daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy we onuň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi ykdysadyýete oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň maýa goýumlary babatdaky örän uly mümkinçiliklerinden we daşary ýurtlardan gelip gowuşýan serişdelerden netijeli peýdalanylmagyna türkmen hökümeti tarapyndan kanunçylyk esasanda gözegçilik edilýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda daşary ýurtly maýadarlaryň işlemegi we olaryň maýa goýumlary bilen bagly bähbitlerine laýyk gelýän oňaýly durmuş, maliýe-ykdysady, hukuk tertibiniň döredilmegine gönükdirilip iş ýüzünde birnäçe çäreler amala aşyrydy. Şunda “Daşary ýurt maýa gouýmlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Şol Kanunda ýurdumyzda daşary ýurt maýa gouýmlaryna degişli hukuk tertibiniň görnüşleri we daşary ýurt maýa goýumlarynyň gönükdirilýän ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly maýadarlaryň işiniň, eksporta degişli mümkinçilikleriň netijeliliginiň artdyrylmagyna, ýurdumyzyň çig mala gönükdirilmegini ugur edinmän, importa degişli önümçiligiň kämilleşidrilmegine, ýurdumyzyň daşary bazarlardaky orunlarynyň pugtalandyrylmagyna, täze tehnologiýalar, dolandyryşyň we önümleri ýerlemegiň usullary arkaly önümçiligiň ylmy-tehniki derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, Döwlet býujetine salgytlar görnüşinde gelip gowuşýan serişdereiň artdyrylmagyna, çetdäki sebitleriň ösdürilmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine, işgärleri okatmak we täzeden taýýarlamak bilen, döwrebap önümçilik we dolandyryş bilen bagly tejribäniň peýdalanylmagyna gönükdirilen wezipleri berjaý etmek arkaly, daşary ýurt maýa goýumlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini artdyrmak bolar.
Dünýädäki maýa goýumlaryna degişli bazaryň ýagdaýy we daşary ýurtly maýadarlaryň öz işini giňeltmek üçin durnukly syýasy ýagdaýy saklaýan ýurtlar bilen iş salşylmagyny ileri tutmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde daşyndan öz täsirini ýetirýän ýagdaýlar diýlip hasaplanýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasaty Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny delillendirýän esasy ýagdaýdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň maýa goýumlary babatda özüne çekijligi onuň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerine eýe bolmagy, serişdeler we çig mal babatda kuwwatly binýadyň bolmagy bilen şerlendirilendigini aýtmak gerek.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmekde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösdürilmegine, maglumatlar boýunça ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Galyberse-de, maýa goýumlaryny has köp talap edýän pudaklara içgin üns berilýär, çünki şolary ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary, şeýle hem döwlet tarapyndan strategik derejede gözegçilik edilmegi zerurdyr.
Şeýle hem eýeçiligiň hususylaşdyrylmagyna we döwletden aýrybaşgalaşdyrylmagyna gönükdirilen ugruň yzygiderli amala aşyrylmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasy” hem-de şol döwürde bu binalary we desgalary hususylaşdyrmagyň meýilnamasy hem möhüm ähmiýetlidir.
Şeýlelikde, daşary ýurt maýa gouýmlarynyň çekilmegi milli ykdysadyýetiň maliýe taýdan durnukly ýagdaýyny saklamagyna ýardam berýär hem-de makroykdysady häsiýetli strategiki wezipeleriň çözülmegine oňyn badalga berýär. Galyberse-de, bu ýagdaý durmuş ulgamyna, ýurdumyzyň dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna we ahyrky netijede berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrunde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň maddy hal – ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna degerli täsirini ýetirýär.