2013-nji ýyl iri jemgyýetçilik-syýasy wakalara, ruhy gymmatlyklara ygrarly, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlaýan, halkara derejesinde goşulyşmaga hem-de ählumumy ösüşe ugur alan demokratik döwlet hökmünde Türkmenistanyň depginli ösüşiniň ýolunda ýene-de bir ähmiýetli tapgyr boljak milli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna beslener.
Mälim bolşy ýaly, halkyň saýlanlary bilen 14-nji ýanwarda bolan duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl dördünji çagyrylyş Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy barada söz açyp, öňde boljak parlament saýlawlarynyň aýratyn häsiýetini belledi. Azyndan iki partiýanyň wekilleri ýeňiş üçin bäsleşikli göreş alyp barar. Munuň özi saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelere kuwwatly itergi berer we saýlawçylara ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk edaralaryna has mynasyp wekilleri hödürlemäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda işjeň jemgyýetçilik-syýasy güýje öwrülen Türkmenistanyň Demokratiki partiýasyndan başga hem indi ýakynda döredilen täze partiýa--Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy saýlawy edaralarda orunlara dalaş edip biler, şol partiýanyň öňünde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek wezipesi durýar. 2012-nji ýylyň awgustynda dörediş guraltaýynyň Aşgabatda bolandygyny ýatlap geçmeli, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň 500-e golaýy gatnaşdy, bu partiýanyň Tertipnamasy hem-de Maksatnamasy tassyklanyldy, Merkezi geňeşi we onuň Başlygy saýlandy.
Şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher partiýa komitetini döretmek boýunça birinji dörediş maslahaty boldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda ilkinji partiýa guramalarynyň 30-sy düzüldi, olar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniňm kärhanalarynda hem-de edaralarynda işleýärler we täze agzalary partiýa hatarlaryna çekmek boýunça işjeň iş alyp barýarlar. Ýakynda, 22-nji ýanwarda Lebap welaýatynda, 4-nji fewralda bolsa Mary welaýatynda şular ýaly komitet döredildi, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem şeýle komitetler dörediler.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz çalt depginler bilen ösdürilýär, ylma, bilime, saglygy goraýşa we medeniýete, durmuş düzümlerine goýulýan maýa goýumlary artýar.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny", pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly iri desgalaryň ýüzlerçesi guruldy we gurulmagy dowam edýär. Olaryň hatarynda täze zawodlar we fabrikler, häzirki zaman mekdepleri hem-de ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, lukmançylyk we medeni merkezler, şypahana-sagaldyş edaralary, stadionlar, paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bar.
Obasenagat toplumy ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegi maksat edinýär. Ýangyç-energetika toplumyna we ulag ulgamynda, dokma senagatynda, elektrik energetikasynda, telearagatnaşyk babatda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň hususy ulgamyna, kiçi we orta telekeçilige goldaw berilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, döwletimiz ilatyň durmuş taýdan kepillendirilen goragyny üpjün etmek syýasatyny ýöretmegi dowam edýär. Mugt elektrik energiýasy, gaz, suw, jemagat we ulag hyzmatlary üçin ujypsyz töleg—ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleriniň adamlaryň abadançylygyna hyzmat edinýändigi barada söz açmaga mümkinçilik berýän deliller şulardan ybaratdyr. Ilatyň anyk girdejileriniň artmagy ýene-de bir möhüm görkezijidir, bu iş hakyny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny hem-de talyp haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, döwletimiziň nyrh syýasatynyň, telekeçilik başlangyçlaryny goldamagyň we beýleki çäreleriň hasabyna üpjün edilýär.
Bu babatda birnäçe anyk mysallary getirmek bolar. Soňky bäş ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 8 esseden hem gowrak artdy. 2007-nji ýyldaka garanyňda, jemi içerki önümiň möçberi 3,5 esse satyn alyjylyk ukybyna deňeçerlikde ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüm bolsa 1,9 esse ýokarlandy. 2012-nji ýylda ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi orta derejeden ýokary girdejili ýurtlar üçin kabul edilen ölçegden ýokary boldy. Biziň ýurdumyzyň bu görkezijileri esasy halkara maliýe guramalarynyň bilermenleri tarapyndan hasaba alyndy.
Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň halkyň abadançylygyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň strategiki çelgileri we ilkinji nobatdaky wezipeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň geçen ýylda bolan maslahatynda kabul edilen möhüm çözgütlerde anyk beýanyny tapdy.
Tutuşlygyna alnanda bolsa, bularyň hemmesi biziň ýurdumyzda möhüm konstitusion hukuklary—zähmete, dynç alşa, saglygy goramaga, amatly daşky gurşawa, bilim almaga, çeperçilik, ylmy we tehniki döredijilik azatlygyna, durmuş taýdan üpjünçilige we başgalara bolan hukuklary durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.
Döwletimiziň demokratik gözbaşlaryny pugtalandyrmak, raýatlaryň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Bu babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerini aýratyn belläp geçmeli, şonuň çäklerinde 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi, umumylykda ykrar edilen halkara hukuk kadalary milli kanunçylygymyza işjeň ornaşdyrylýar.
Hususan-da, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlary geçirmegiň ýokary derejesini, raýatlaryň syýasy partiýalara erkin birleşmegini, köp partiýaly ulgamyň döredilmegini üpjün edýän täze kanunlar—“Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky”, “Syýasy partiýalar hakyndaky”, “Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky” we beýleki kanunlar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglanyşykly, 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolan, parahatçylyk, abadançylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly gadam urýan biziň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň dolanuwsyzlygyna beslenen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ägirt uly taryhy ähmiýetini belläp geçmeli. Mälim bolşy ýyla, halkymyzyň erk-isleginiň beýan edilmegi bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Täze taryhy eýýamyň ähli ajaýyp üstünlikleri we ýeňişleri milli Liderimiziň ady hem-de işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr we hormatly Prezidentimiziň ýöredýän täzeçil, öňdengörüji syýasaty türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini, biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde ýokary abraýyny şertlendirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary hereket edýän milli kanunçylygymyza we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik esasda, bäsleşiklilik ýörelgelerinde, erk-islegiň erkin beýan edilmeginde, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçirildi. Muny ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçiligi amala aşyrýan milli we daşary ýurtly synçylar, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar toparynyň wekilleri, şeýle hem Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býuronyň (DIAHB), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), BMG-niň Sekretariýatynyň Sýyasy meseleler boýunça departamentiniň Ýakyn Gündogar we Günbatar Aziýa bölüminiň wekiliýetiniň agzalary doly tassykladylar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara düzümleri bilen, şol sanda adam hukuklary babatda doly möçberli hyzmatdaşlygy giňeltmek häzirki zaman tapgyrynda türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm taraplarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň adam hukuklaryny üpjün etmek meselelerini kadalaşdyýan BMG-niň birnäçe binýatlyk Konwensiýalaryna we beýleki möhüm halkara resminamalaryna Türkmenistanyň goşulandygyny hem-de demokratik ugra gyşarnyksyz eýermek bilen halkara işlerine işjeň gatnaşýandygyny, şunda öz üstüne kabul eden borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezýändigini nygtap geçmek zerurdyr.
Şeýlelikde, bilen adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara topar döredildi. Geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda (DAHTMI) Adam hukuklary boýunça maglumat beriş merkezi açyldy, döwlet gullukçylarynyň, ylmy işgärleriň, talyp ýaşlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň we beýlekileriň bu ulgamda dünýä tejribesini öwrenmekde habardarlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak onuň wezipesi bolup durýar. Merkez Türkmenistanyň hökümetiniň we Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň “Adam hukuklaryna ýardam etmek we ony goramak boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredildi. Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýeti (GIZ) bilen hem hukuk ulgamynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Bu meseläni dowam edip, halk häkimiýetliliginiň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleriniň köp babatda döwlet gurluşynyň yzygiderliligini kesgitlemek bilen biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik – syýasy ýagdaýlaryna milli aýratynlyklary çaýýandygyny belläp geçmeli. Ruhy çelgiler, milletimiziň taryhy tejribesi, asyrlardan bäri dowam edip gelýän özboluşly pelsepewi-ahlak gymmatlyklarynyň Ýaşulular maslahatynyň işinde öz beýanyny tapmagy halkymyzy has-da jebisleşdirýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşlere Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy ulgamynda uly orun berilýär.
Mejlisiň strategiki döwlet maksatnamalaryny we öňdebaryjy demokratik özgertmeleri kanun taýdan üpjün etmek baradaky işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär.
Milli Liderimiz deputatlaryň öňünde çykyş etmek bilen, demokratiki, hukuk, dünýewi döwletini gurmak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýetimizi, ylmymyzy we medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we goramak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz geçen 4 ýylda milli parlamentimiziň kanunçykaryjylyk işiniň jemini jemlemek bilen, dördünji çagyrylyşdaky Mejlisiň deputatlarynyň syýasy we durmuş-ykdysady hukuklar hem-de azatlyklar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan kanunçylyk namalarynyň birnäçesini kabul edendiklerini belledi. Olaryň hatarynda “Syýasy partiýalar hakyndaky” Kanun, Türkmenistanyň maşgala kodeksi, Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” kodeksi, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky” Kanun, ýurdumyzyň saýlaw ulgamyny kämilleşdirmäge degişli köp sanly kanunçylyk namalary bar. “Şeýlelikde, häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribesinde bar bolan hukugyň esasy ugurlaryny we ulgamlaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Geçirilen bu işler bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň örän möhüm Konwensiýalaryny tassyklamak we olara goşulmak bilen bilelikde, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýäniň hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolsa, umuman, halkara-hukuk ölçeglerine laýyklykda göz öňünde tutulan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Elbetde, biz bu barada arkaýyn aýdyp bileris!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz milli parlamentimiziň işiniň esasy taraplarynyň üstünde jikme-jik durup geçmek bilen, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, “Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky” Türkmenistanyň kodeksini has-da kämilleşdirmegi, Ýaşaýyş jaý kodeksiniň kabul edilmegini kanunçylyk taýdan durmuşa geçirmegi talap edýän ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzady. Milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşynda salgyt-býujet ulgamynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge, oba hojalygy, hususy telekeçilik, maýa goýumlary, Raýat kodeksini täzelemek we başgalar babatda ýöredilýän döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ilat goruny rejeli ýerleşdirmek meselelerini we beýlekileri çözmek boýunça anyk wezipeleri kesgitläp, dolandyryş-çäk birliklerini giňeltmek boýunça çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlary geljekde ösdürmek meseleleri boýunça ýörite döwlet edarasynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi. “Şeýle hem, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we ýurdumyzyň Esasy Kanunyna hem-de degişli halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen işleri geçirmek zerurdyr. Şeýle hem, Türkmenistanyň raýatlarynyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny tertipleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli, geljekde bolsa, Saýlaw kodeksini işläp taýýarlamaly we kabul etmeli” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlardan bäri dowam edýän demokratik däpler we türkmen halky tarapyndan wagyz edilýän ynsanperwer taglymlar öz döredijilik ösüşine eýe boldy. Şunda biziň ýurdumyzda demokratiýanyň syýasy görnüşlerini we edaralaryny döretmegiň hem-de kämilleşdirmegiň adamlarda täze dünýägaraýşy kemala getirmek bilen hem üpjün edilýändigini nygtap geçmek möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil syýasatyny türkmenistanlylaryň işjeň goldamagy raýatlaryň erk-isleginiň we döwlet häkimiýetiniň mizemez agzybirligine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi demokratik jemgyýeti yzygiderli ösdürmegiň möhüm şertidir.