Ï BSG goşulyşmagyň ýolunda: wezipeler we ösüşler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSG goşulyşmagyň ýolunda: wezipeler we ösüşler

view-icon 6348
Türkmenistanda amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasat ýurtlaryň arasyndaky durmuş-ykdysady aragatnaşyklaryň çuňlaşdyrylýan şertlerinde ýurduň häzirki zaman globallaşan dünýäsine hemmetaraplaýyn goşulyşmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Ptezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolup girmegi bilen bagly meseläni öwrenmegiň möhümdigini we BSG ýolbaşçylary bilen ýurdumyzyň bu gurama agzalyga kabul edilmegine degişli gepleşikleri geçirip başlamagy baradaky tabşyrygy muny nobatdaky gezek tassyklaýar. Eýýäm Ministrler kabinetiniň 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda geçirilen nobatdaky mejlisinde döwlet baştutany Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meselleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi.

Türkmenistanyň BSG girmegi bilen bagly meseläni öwrenmek, şeýle hem bu gurama goşulyşmak mümkinçiliginiň ykdysady netijelerini seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynda işçi topary döredildi. Hatarynda Tarif we söwda boýunça baş ylalaşyk, Dokma we eşikler boýunça ylalaşyk, söwda bilen bagly Maýa goýumlar ölçegleri boýunça ylalaşyk, importy lisenzirlemek işleri boýunça ylalaşyk we beýlekiler bolan harytlaryň söwdasy boýunça hemmetaraplaýyn ylalaşyklary öwrenmek ýaly meseller seljerilýär. Şeýle hem Gorag ölçegleri boýunça ylalaşyk, Hyzmatlar söwdasy boýunça baş ylalaşyk, Intellektual eýeçiligi hukugynyň söwda nukdaý nazaryndan ylalaşyk, „Jedelleri çözmegiň düzgünleri we işleri babatda düşünje“, „Söwda syýasatyna synlaryň mehanizmi“ we BSG beýleki kadalary we düzgünleri öwrenilýär. Şeýle hem işçi topary bu meseleleri öwrenmegiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary söwda kadasynyň we daşary söwda kanunçylygynyň BSG hemmetaraplaýyn söwda ylalaşyklaryna laýyk gelmegine garar

Häzirki wagtda ýurduň BSG agzalygyna girmek işi işçi topary tarapyndan öwrenildi. Ýurduň BSG agzalygyna girmek işi köpmaksatly bolup durýar we „Bütindünýä söwda guramasyny döretmek hakynda“ Marrakeş ylalaşygynyň ХII maddasy tarapyndan kesgitlenilýär. Agzalyga girmek işi ortaça 5-7 ýyla çekýär.

Onuň birinji tapgyry ýurduň BSG agzalyga girmek baradaky Baş direksiýa dalaşgärlige zaýawka bermek bolup durýar. Soňra bu ýurda synçy derejesi berilýär. Soňra synçy ýurt söwda kadasy hakynda jikme-jik Memorandumy berýär berýär. Onda gümrük tarifleriniň gepleşik derejesi we bar bolan stawkalaryň çäkli derejeleri bilen ýuwaş-ýuwaşdan garmonlaşma usuly, geçiş döwrüniň möhleti, ýurduň milli howpsuzlyk we nyşanlary (bank ulgamy, awiaýükdaşama, telekommunikasiýa we beýlekiler) meseleri we beýleki çäreleri görkezilýär. BSG agza ýurtlary bu Memorandumy öwrenip, synçy ýurda bu resminama degişli soraglary iberýärler.

Ikinji tapgyrda ýörite işçi toparlarynyň çäklerinde Memorandumyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşmasy, hemmetaraply derejede ykdysady mehanizmine we birleşen ýurtlaryň söwda-syýasat düzgünine garamak geçirilýär. Şondan soňra synçy ýurduň bu gurama agzalygynyň şertleri barada maslahat beriş we gepleşikler geçirmek başlanylýar. Bu maslahatlar we gepleşikler, düzgün bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän agza ýurtlaryň işçi toparlarynyň ählisi bilen ikitaraplaýyn derejede geçirilýär.

Birleşmegiň jemleýji üçünji tapgyrynda, bellenilen kadalara laýyklykda, geçirilen gepleşikleriň ählisiniň jemleri, synçy ýurduň öz üstüne alýan hukuk we borçnama toplumy işçi toparynyň çykyşynda beýan edilýär. Ondan soňra işçi taparynyň çäklerinde ylalaşylan we Baş geňeş tarapyndan tassyklanan resminamalar toplumynyň ählisi synçy ýurduň milli kanunçylyk guramasy tarapyndan ratifisirleme geçirilýär. Şondan soňra görkezilen borçnamalar BSG hem-de milli kanunçylygyň hukuk resminama toplumynyň bir bölegi bolup durýar, synçy ýurduň özi bolsa, BSG agza ýurdy derejesini alýar .

BSG agzalyga girmegiň Türkmenistan ýaly ýurtlar üçin – girdejileri orta derejeden agýan ýurtlar üçin artykmaçlyklary barada aýdyp geçmelidiris. Artykmaçlyk kanunçylygy gowlandyrmakda we durnukly söwda-maýa goýum ulgamyny emele getirmekde öz beýanyny tapýar. Bu bolsa milli ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge şertleri döredýär. Şeýle hem ýerli kärhanalara maşyn, enjamlar, tehnologiýalar we maglumatlar, mineral-çig mal serişdeleri we ulag kommunikasiýalary bilen dünýä bazarlaryna has giňişleýin çykmagy üpjün edilmegini gowulandyrýar. Bu standartlaryň ýokarlandyrylmagy we bäsdeşligi ösdürmäge täsirini ýetirmegi netijesinde ýurduň harytlarynyň we hyzmatlarynyň hiliniň gowulandyrylmagy üçin şertleriň döredilmegini öňünden kesgitleýär. Türkmenistanyň BSG agzalygyna girmek mümkinçiligi hem hil taýdan, hem möçber taýdan çuňňur seljerilmegini talap edýär.

Umuman, biziň döwletimiziň bu halakara ykdysady guramasyna agza bolup girmek mümkinçiligi Türkmenistanyň halkara bazarlarynda bäsdeşligi berkitmek, biziň daşary ykdysady aragatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin, degişlilikde, türkmen önüm öndürijileriniň önüme we hyzmatlara bolan daşary islegini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar.