2013-nji ýylyň birinji aýy tamamlandy, şunda türkmen halkynyň we beýleki halklaryň abadançylygynyň we röwşen geljeginiň bähbitleri üçin halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen geljekki bäş ýyl üçin ýurdumyzyň daşary syýasata degişli ugry boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, nobatdaky üstünlikleriň, oňyn özgertmeleriň berk binýadynyň düýbi tutuldy.
Şol resminama we onda beýan edilen daşary syýasata degişli esasy ugurlary döwletimiziň dünýäniň syýasy giňişligine doly möçberde goşulyşmagy bilen bagly işde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ählisi üçin ugur görkeziji bolup durýar.
Milli Liderimiziň häzirki döwürdäki başlangyçlary dürli ýurtlaryň halklarynyň arasynda ynama we özara düşünişilmegine esaslanýan ýagdaýyň döredilmegine ýardam berip, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşiň gazanylmagyna, ýakyn we alysdaky daşary ýurtlaryň ählisi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna badalga berýär.
Ýanwar aýyndaky wakalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji ýanwarda Mary şäherinde amerikan kinosynyň günleri açyldy. Amerikanyň Birleşen Şatatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynyň geçirilen medeni çäräniň çäklerinde welaýat merkezleriniň we Aşgabat şäheriniň kinokonsert merkezlerinde doly metražly amerikan filmleriniň we animasion kinosynyň görkezilişi boldy.
7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde we Türkmenistanyň Mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň agzasy Jawad Karimi Godusi bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlar, şol sanda EYR bilen ikitaraplaýyn gepleşigi netijeli ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklara gatnaşyjylar iki döwletiň arasynda özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini bellediler.
Türkmenistanyň Hökümetinde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa energetikasyna degişli meseleler boýunça wekili jenap Deniel Staýn bilen duşuşygyň barşynda-da türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 11-njii ýanwarda geçirilen bu pikir alyşmalaryň çäklerinde dostlukly ýurduň Döwlet departamentiniň wekili ABŞ-nyň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady we medeni gepleşigiň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Şunda iki ýurduň, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetli jähetlerine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Jenap Deniel Staýnyň aýtmagyna görä, ABŞ-da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyna degişli hem-de ýurdumyzyň ählumumy energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegine we giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýädäki işewür toparlaryň, şol sanda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň örän amatly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen bazaryna we nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan uly möçberli taslamalara bildirýän gyzyklanmalarynyň artýandygy bellenildi.
15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň meseleleri boýunça kömekçisi jenap Robert Bleýk bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri girizildi.
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan – BMG bilelikdäki Iş toparynyň mejlisiniň barşynda biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 2015-nji ýyldan soňky döwürde ösüşe degişli maksatlary we wezipeleri kesgitlemek boýunça Milli maslahat beriş meýilnamasyny işläp taýýarlamak duşuşykda garalan esasy mesele boldy.
Şol gün Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary (BSG) jenap Taleb Rifai bilen hem duşuşyk geçirildi. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretarynyň Türkmenistana saparynyň özi dünýäde halkara syýahatçylygynyň täze, geljegine uly umyt baglanýan ugry hökmünde ýurdumyza hem-de syýahatçylyk we myhmansöýüjilik boýunça hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde kemala getirilýän milli nusga bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygyny tassyklaýan nobatdaky subutnama öwrüldi.
Halkara guramasynyň Baş sekretary türkmen döwletiniň Baştutanynyň syýahatçylygyň ösdürilimegine degişli başlangyçlaryna ýokary baha berip, Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň çalt depgin bilen ösdürilmegine gönükdrilen taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Bu guramanyň baştutany jenap Taleb Rifai halkara hyzmatdaşlygynyň göwnejaý we hemmelere elýeterli syýahatçylyk boýunça möhüm ugry barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň işinde wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigini kanagatlanmak bilen belledi hem-de Türkmen döwletiniň BSG-nyň we bütindünýä syýahatçylyk we jahankeşdelik boýunça geňeşiň “Dünýäniň liderleri syýahatçylyga golday bermek ugrunda” atly bilelikdäki çäresine gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygyň barşynda milli syýahatçylyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ähmiýetli jähetleri barada jikme-jik pikir alşyldy. Myhman saparyň çäklerinde Milli sport we syýahatçylyk insitiutynyň mugalymmylary we talyplary, şeýle hem döwlete degişli we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Syn berilýän döwürde ýurdumyzyň maliýe we maýa goýumlary bilen bagly netijeli syýasaty halkara derejesinde ykrar edilýär. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna, maýa goýumlary boýunça oýlanyşykly we çeýe syýasatyna, maliýe ulgamynyň açyklygyna we bank ulgamynyň ygtybarlylygyna dürli ýurtlaryň, Ýewropa yklymynyň halkara bilermenleri, maliýe işgärleri, ykdysadyýetçileri tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. “Financial Times” neşirýaty tarapyndan her aýda çap edilýän ýöriteleşdirilen “The Banker” atly žurnalda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna bagyşlanan “Türkmenistanyň ykdysadyýetini özgertmegiň netijeli dolandyrylmagy” hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurduň maliýe bazaryndaky öňdebaryjydyr” atly iki sany makalany ýerleşdirdi.
Çap edilen makalalarda soňky ýyllarda Türkmenistanyň ep-esli öňe gidişlik gazanmak arkaly has sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ymykly ornaşandygy, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň bolsa 2012-nji ýylda “Türkmenistanda 2012-nji ýylyň iň gowy banky” diýen derejä eýe bolandygy nygtalýar. Dünýäniň maliýe toparlarynyň arasynda has abraýly we wajyp ähmiýete eýe bolan bu dereje Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna eýýäm onunjy gezek berlendigi buýsançly ýagdaýdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň maýa goýumlary boýunça ýöredýän syýasatynyň, ýurduň serişdeleriniň sowatly dolandyrylmagynyň, milli ykdysady nusganyň we üstünlikli maliýe strategiýasynyň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşilmeginiň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz tarapyndan bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler şu ulgam boýunça döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu jähtden, hususan-da, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, dürli ýurtlrayň öňdebaryjy okuw mekdepleri bilen ýakyn aragatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
18-nji ýanwarda Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “PETRONAS” tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek boýunça üçtaraplaýyn Ähtnama gol çekilmegi ýurldumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli meseleler baradaky Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu täsin galdyrýan tebigy suw howdanynyň ekologik abadançylygynyň aýawly saklanmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna degişli meseleleri çözimekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birikdirilmegine gönükdirip, öňe sürülýän oňyn halkara başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlandy.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we onuň hapalanmagynyň monitoringi boýunça Utgaşdyryjy komitetde başlyklyk edýändigi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň 2013-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy.
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili Çarlz Hendriniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen wekilýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryny guramak uly gyzyklanma bildirilip garalan meselä öwrüldi. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Milli syýahatçylyk we sport institutynda geçirilen Türkmen-britan sport forumyna gatnaşdylar.
Biziň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde Birleşen Patyşalygyndan gelen myhmanlar Türkmenistanyň Hökümetinde kabul edildi. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdyryldy.
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožar bilen duşuşyk geçirildi. Onda özara bähbitli türkmen-ukraian hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen iş duşuşygyň esasy meselesi Owganystana ýardam bermek boýunça ynamy berkitmek baradaky çäreleri amala aşyrmagyň çäklerinde türkmen tarapynyň taýýarlan “Sebitleýin düzümler” atly çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Milli utgaşdyryjylar we 15 döwletiň, şeýle hem halkara abraýly guramalaryň birnäçesiniň wekilleri owganara gepleşigine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň barşynyň ösdürilmegine, sebit derejesindäki dürli meseleler boýunça özara ylalaşylan çözgütleriň gözlenip tapylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetli ugurlary barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda, Owganystanda parahatçylygy we durnukly ýagdaýy dikeltmek diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, has giň çygyrda howpsuzlyk we yzygiderli ösüş boýunça kadaly ýagdaýy ýola goýmakda möhüm ähmiýetli wezipedigi bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde oňyn halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan strategiýany amala aşyrýan Türkmenistanyň ykdysady we serişdeler babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň owgandaky ýagdaý boýunça çemeleşmeleriniň we iş ýüzündäki ädimleriniň bar bolan derwaýys meseleleri diňe parahatçylykly, diplomatik usullar we serişdeler arkaly çözmek bilen bagly ugra ygrarlydygyna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň howandarlyk etmeginde halkara forumlaryny, duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek üçin öz giňişligini hödürlemäge taýyndygyny beýan etdi.
Şeýle hem iri transmilli Türkmenistan-Owganysta-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň möhüm ähmiýetli taslama bolup dlurýandygy nygtaldy. Şol uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň durmuş-ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, Merkezi we Günorta Aziýada sebit derejesindäki howpsuzlygy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmakda wajypdygy nygtaldy.
21-nji ýanwarda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda, şeýle hem şol taslamany iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy.
Oba hojalyk pudagy, hususan-da, maldarçylyk hem-de dokma senagaty, ulag we aragatnaşyk pudagy boýunça netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň mümkinçilikleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda hindi tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol geçelgesini döretmegiň taslamasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen birldikde mejlisde howa gatnawy, şol sanda iki ýurduň üstaşyr geçirmek bilen bagly mümkinçiliklerini göz öňünde arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy. Mejlise gaonaşyjylar medeniýet we gumanitar ugur boýunça özara arkalaşykly hereket etmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.
24-25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda Alimentarius Kodeksiniň Topary bilen halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna bagyşlanan okuw maslahaty guraldy. Alimentarius Kodeksi FAO – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň azyk önümlerine degişli standartlary we kadalary ornaşdyrmak boýunça Halkara topary tarapyndan azyk önümleri babatda kabul edilen halkara strandartlarynyň toplumy diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Alimentarius Kodeksiniň Toparynyň agzasy bolmagy ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasy ugruň durmuşa gönükdirilendigi bilen şertlendirilendir, çünki azyk howpsuzlygyna, şol sanda azyk önümleriniň howpsuzylygyna degişli meseleler döwletimiziň öz raýatlarymyzyň saglygyny goramak ugrundaky işiniň wajyp strategiki ugurlarynyň biri diýlip hasaplanýar.
Türkmenistanyň Alimentarius Kodeksiniň Toparynyň düzümine girmegi ýurdumyzyň halkara söwda giňişligine has işjeň aralaşmagy, şeýle hem türkmen döwletiniň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 18-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BSG-nyň düzümine girmeginiň maksada laýyklygy baradaky meseläni öwrenmegi we bu iri halkara guramasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň onuň düzümine kabul edilmegi baradaky gepleşikleri geçirip başlamagy tabşyrdy. 24-nji ýanwarda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy boýunça Hökümet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu topara BSG-niň Ylalaşyklaryny we düzgünlerini öwrenmek, ýurdumyzyň BSG goşulmagynyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we ulgamlaryna ýetirjek täsirini seljermek, degişli teklipleri taýýarlamak, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasy we halkara düzümleri tarapyndan guralýan forumlara gatnaşmak tabşyryldy.
25-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýadaky we Kawkazdaky ýurtlar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy jenap Miýasita Tadaýukiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň Hökümetinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynda geçiren duşuşyklarynyň barşynda oňyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşanlar birgiden ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinilýändigini aýtdylar. Ýapon tehnologiýalarynyň we işläp taýýarlamalaryň, ýokary öndürijilikli tehnikanyň türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda giňden ulanylýandygy bellenildi. Şeýle hem duşuşyklaryň barşynda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň dürli jähetlerine garaldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Ýaponiýanyň Sukub uniwersitetiniň prorektory jenap Sujinaka Ýutakanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygynyň barşynda medeni-gumanitar ugur boýunça ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Minsk şäherinde bilelikdäki baýramçylyk çäreleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin bu dostlukly ýurda uly türkmen wekiliýeti bardy. Saparyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň hökümetinde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýokary we hökümet derejesinde ozal baglaşylan ylalaşyklary amala aşyrmak bilen baglylykda, hususan-da, söwda-ykdysay we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga ösdürmegiň meseleleriniň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
27-nji ýanwarda Türkmenistana Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary A.Kalinin iş sapary bilen geldi. Ýokary wezipeli myhman türkmen paýtagtynda bolan mahalynda Türkmenistanyň Hökümetinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklaryň barşynda, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary çalt depgin bilen ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylddy.
Ýanwaryň soňky ongünlüginde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Respublikasmynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmangynyň 20 ýyllygy mynasybetli Duşenbede bileleikdäki çäreleriň birnäçesi, şol sanda iki ýurduň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara bagyşlanan ylmy-amaly maslahat, çeperçilik sergisi we dokma önümleriniň sergisi, baýramçylyk konserti, iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň duşuşyklary guraldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-katar toparynyň birinji mejlisi hem ýanwar aýynda bolup geçen möhüm wakalaryň birine öwrüldi, onuň işine iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralrynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Hökümetara toparynyň mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň uly toplumy şol sanda söwda-ykdysady ugur, dokma-energetika ulgamy, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty we başgalar girizildi.
Katar Döwletiniň wekiliýetiniň agzalary bilen işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen dluşuşygyň barşynda olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän ykdysady we maýa goýumlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda uly düzümleri gurmak boýunça amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdyryldy. Gumanitar ugur, ilkinji nobatda bilim ulgamy, ýokary tehnologiýalar, ylym we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk barada aýratyn pikir alşyldy. Galyberse-de, duşuşyga gatnaşyjylar sport we syýahatçylyk boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny biragyzdan bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmegiň meselelerine garaldy.
28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary itşler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik protokol boýunça halkara tejribesine bagyşlanan bäş günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Bu çäre ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mihal Labendadan ynanç hatyny kabul etdi. Türkmen-polýak hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda söwda-ykdysady ugur, ylym, bilim we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem iki halkyň arasynda däbe öwrülen dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmaygyna ýardam berýän medeni gepleşigi işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Saparyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edildi.
30-njy ýanwarda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan özara peýdaly, şol sanda nebitgaz, ulag we gurluşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyga degişli esasy meseleler barada jikme-jik pikir alşyldy. Mejlisiň işine Ukrainanyň Wise-Premýer-ministri Ýuriý Boýkonyň ýolbaşçylygynda türkmenistana gelen wekiliýet gatnaşdy.
Ýanwaryň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Döwlet gümrük gullugynda, Döwlet migrasiýa gullagynda Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň gün tertibine netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň dürli jähertlerine degişli meseleler goşuldy.
31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan- BMG” Strategiki maslahat beriş geňeşiniň mejlisi boldy. Onda Geňeşiň işiniň görnüşlerini, onuň mandatynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmekde ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamagyň we ýerine ýetirmegiň usullaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy.
Şeýlelikde, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, işjeň we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek arkaly iri abraýly halkara düzümleri bilen netijeli gepleşigi dowam etdirýär hem-de syn berilýän aýda oňyn, ählumumy derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin açykldygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi we munuň özi ýurdumyzyň halkara bileleşigindäki ornuny has-da berkitdi.