2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda döwlet Baştutanlygyna geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlady. Bu waka täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamy diýlip atlandyrylan täze eýýamyň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Bu sözler ýönekeý çagyryş ýa-da meýilleriň jemlenmesi bolman, eýsem, ol jemgyýetiň ruhy galkynyşynyň, mähriban Watanynyň ykbaly üçin öz jogapkärçiligine düşünýän adamlaryň döredijilikli maksadynyň we olaryň amala aşyrylýan düýpli özgertmelere bolan ykjam taýýarlygynyň beýanyny alamatlandyrdy.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler jemgyýetiň döredijilik kuwwatynyň özboluşly beýanyna, ählihalk erkini kesgitleýän köp sanly şahsy meýilleri, maksatlary we umytlary bir ugra jemleýän bitewi ýörelgä öwrüldi. Olaryň başynda durmak bolsa halkymyzyň saýlan Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu eýýamyň ady täze asyryň möhüm wezipeleriniň çözgüdini özünde jemledi. Ýurdumyzda hemme zat - ruh, däp-dessur, köp asyrlaryň dowamynda toplanan bilim we täze tejribeler, maksatlar we wezipeler, olary ýerine ýetirmegiň usullary we serişdeleri galkynmalydy. Nesilden–nesle geçmek, wezipeleriň yzygiderli çözülmegi, maksada okgunlylyk we täzeçillik – ine, milli Liderimiziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykaran ýagdaýlary.
Şeýlelikde, milli Liderimiz her bir işde halkymyzyň başynda durup, beýik işleri bitirmek arkaly nusgalyk mekdebe öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berip, halkymyza has-da ýakynlaşdy. Bu bolsa türkmen halkynyň özüniň mähriban Arkadagy bilen bir bitewi göwrä öwrülmegini, halkyň hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşmegini şertlendiren ýagdaý boldy.
Häzirki döwürde, şol günleriň ykbal çözüji wakalary bizden daşlaşdygyça, özümiziň saýlap alan özgertmeler ýolumyzda äden ädimlerimize baha bermegiň derwaýyslygy ýüze çykýar. Öňde goýlan maksatlary ýetilen sepgitler we hereketiň depginleri bilen deňeşdireniňde, dünýä medeni ösüşiň wagtynyň ýurdumyzyň taryhynda bitirilen işler bilen deňeşdirilen ýagdaýynda gazanylan ösüşiň derejesine göz ýetirmek bolýar.
Amaly bilim bilen tejribäni, öňe sürlen wezipeler bilen onuň çözgütlerini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynyň durkuny doly täzelemäge, döwletimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn düýpli özgertmeleri kesgitläp, döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryny anyklady. Milli Liderimiz her gün, her sagat saýlanyp alnan ýola anyk işler bilen ygrarlydygyny subut etmek bilen, halka edilen wadalary yzygiderli ýerine ýetirýär we şol işleriň gerimini ählumumy wezipeleriň möçberine çenli giňeltdi.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň bäş ýylynda biziň gözümiziň alnynda we tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi, batyrgaý başlangyçlaryň gerimi giňeldi, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlary tanalmaz derejede özgerdi we adamlaryň aňynda esasy özgertmeler bolup geçdi.
Jemi içerki önümiň ösüşi, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň sazlaşykly derejesi, ýurdumyzyň senagatynyň depginli ösüşi, tarp ýerden döredilýän täze pudaklar we eksport kuwwatlyklarynyň täze ugurlary ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýän görkezijilerine öwrüldi.
Transmilli geçirijileriň täze ugurlaryna, gaz geçirijilere, awtomobil we demir ýollara, täze deňiz we howa ugurlaryna, nebiti we gazy gaýtadan işleýän täze önümçilik ulgamlaryna, dokma kärhanalarynyň ösdürilmegine, kuwwatly gurluşyk we obasenagat toplumlaryna, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegine, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň galkynmagy ýaly asylly başlangyçlara giňden badalga berildi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyryş usullarynyň düýpli özgerdilmegi, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, hususy ulgama döwlet tarapyndan goldaw berilmegi ýokary depginlere eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ähli ugurlary halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly baş maksady ugur edinýär. Döwletimiziň öz raýatlaryna tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan, suwdan we nahar duzundan mugt peýdalanmak ýaly ýeňillikleri eçilýändigini tassyklap, milli Liderimiz saglygy goraýyş, bilim ulgamyna, hünär ugurlarynyň ösdürilmegine, her bir şahsyýetiň medeni ösüşine giň möçberli maýa goýumlaryň mukdarynyň yzygiderli artdyrylýandygyny aýtdy. Bir söz bilen aýdylanda, ähli amatlyklar ýurdumyzyň raýatlaryna gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan özgertmeleriniň gözbaşynda bilim we durmuş ulgamyndaky özgertmeleriň durandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde esaslandyrylan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş merkezleri, sport toplumlary we beýlekiler gurlup başlandy.
Paýtagtymyzyň we gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherleriniň bezegine öwrülen ajaýyp binagärlik toplumlary, hemme ýerde giňden gurulýan häzirki zaman zawodlary we kärhanalary, lukmançylyk we medeni merkezleri, okgunly ösüşe eýe bolan türkmen döwletiniň beýik üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen möhüm işlerdir.
Bu zatlaryň aňyrsynda bolsa, ägirt uly zähmet, egsilmez güýç-kuwwat, şeýle çylşyrymly taryhy döwürde kynçylyksyz hil taýdan ösüşiň täze häzirki döwrüň talaplaryna, üçünji müňýyllygyň eýelän sepgidi bolan dünýä ösüşiniň gazananlaryna laýyk gelýän derejesinde ýurda ýolbaşçylyk etmek ýaly jogapkärçiligi öz üstüne alan ynsanyň polat erki bar.
Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň möhüm ugurlaryň ençemesi boýunça öňdäki hatarlara çykmagyny şertlendiren ägirt uly işler bitirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn özgertmeler syýasaty biziň ýurdumyzy we onuň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, örän baý medeni we aýawly saklanýan ajaýyp mirasy bolan halkymyzy dünýä tanatdy we ýurdumyzyň halkara derejesinde ykrarnama hem-de beýik baha mynasyp bolmagyny şertlendirdi. Munuň özi halkara jemgyýetçiliginiň ägirt uly işleri durmuşa geçirýän ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. Türkmenistanyň özi bolsa sebitleýin we dünýä möçberinde goşulyşmagyň möhüm ulgamyna, ählumumy geosyýasy ýagdaýlara täsir etmäge ukyply, mynasyp hem-de çynlakaý hyzmatdaşa öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň daşary syýasat strategiýasy dünýäniň köp döwletleri bilen pugta aragatnaşygy we özara peýdaly, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen açyklyk, oňyn aragatnaşyk esasynda ýola goýulýan syýasy, durmuş-ykdysady we gumanitar meseleler boýunça giň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
... Her bir gazanylýan sepgidiň aňyrsynda täze mümkinçilikler, täze gözýetimler açylýar. Biziň düýn başyny başlan we şu gün amala aşyrýan işlerimiz ertirki gün üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde 5 ýylyň dowamynda bitiren köptaraply işleri ugry hem-de möçberleri boýunça ägirt uly şanly wakalara beslendi. Olaryň hemmesi-de wajyp bolmak bilen, şol wakalaryň has möhümini ýüze çykarmak aňsat däl. Ägirt uly şähergurluşyk taslamalary ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasynyň merkezinde tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ägirt uly ähmiýeti bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň emele gelmegi we dünýä ähmiýetli hem-de halkara derejeli şypahana merkezi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi we başga-da örän ähmiýetli köp sanly taslamalaryň sanawy uzalyp barýar. Munuň özi türkmen döwletiniň we öz milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan baştutanlyk edilýän halkymyzyň birnäçe ýurtlar üçin onlarça ýylyň dowamynda külterlenýän ýoly gysga möhletde geçmek ýaly ýokary derejeli çylşyrymly wezipä abraý bilen hötde gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ähli ýagdaýlary umumylaşdyrýan we özgertmelere bolan meýilleri pugtalandyrýan ösüşi hem-de täzelenilişi, olaryň mynasyp hem-de bagtyýar geljegiň bähbidine gönükdirilen özgerişiň hem-de ösüşiň ýeke-täk ýoly hökmünde zerurdygyna bolan düşünjäni möhüm ýagdaý hökmünde görkezmek bolar.
Biziň jemgyýetimiz ýurdumyzyň garaşsyz taryhynda täze tapgyra hem-de täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny jemlän Türkmenistanyň Prezidentligine bolan täze saýlawlara hut şunuň ýaly dünýägaraýşy bolan oňyn tejribe bilen geldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň örän ynamly berjaý edilmegi halkyň öz Prezidentine, ähli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly kepiline we ýurdumyzyň kuwwatyny hem-de halkymyzyň abadançylygyny artdyrmagyň täze döwrüne gürrüňsiz ynamynyň baş şertine öwrüldi.
2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolan saýlawlarda türkmenistanlylaryň köp sanlysynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçin ses bermegi diňe bir ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli waka, geçen 5 ýylyň jemi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol biziň jemgyýetimizde höküm sürýän ylalaşygyň we bitewüligiň ruhuny äşgär eden ýagdaý boldy. Bu waka ýurdumyzyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne – ösüşiň täze derejesine çykylýandygyny alamatlandyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, beýik maksatlaryň hem-de giň möçberli meýilnamalaryň, ruhy ýokary göterilişiň we anyk işleriň, çeper pikirlenmeleriň we täze döredijilikli ýeňişleriň, iň gowy milli däplerimimziň hem-de dünýä tejribesiniň, häzirki zaman çemeleşmeleriň, batyrgaý, paýhasly çözgütleriň we işjeň innowaision ösüşiň eýýamydyr. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birsyhly belleýşi ýaly, biziň üstünliklerimiz we gazananlarymyz arkaýynlanmaga mümkinçilik berýän ýagdaý däldir. Munuň özi öňe, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap netijeli hereket etmek üçin badalgadyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar halkynyň döwri
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň maksatnamalaýyn çykyşynda geljek 5 ýylyň meýilnamasyny aýan edip, şeýle diýdi:
--Döwlet ösüşiniň indiki tapgyrynyň düýp mazmuny yzygiderli özgertmelerden we durnukly ösüşlerden ybaratdyr. Döwlet galkynyşynyň ilkinji tapgyrynyň wezipelerini öňde goýup we olary umuman çözüp, biz indiki tapgyryň – geljekki ösüş tapgyrynyň bosagasynda durus. Biz oňa taýýardyrys.
Ýurdumyzyň mäkäm ykdysady ýagdaýyny, ilatyň täze sepgide çykan durmuş hem-de hukuk derejesini özünde jemlän we jemgyýetiň anyk ýörelgelerini äşgär beýan eden 2012-nji ýylda Prezidentlige bolan saýlawlar syýasy waka hökmünde döwletimiziň geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlän syýasy waka hökmünde milletiň ösüşiniň ýakyn geljekdäki ugurlaryny kesgitledi.
Türkmenistanlylar saýlaw hukugy, watansöýüjilik aňy we ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işlere dahylly bolmak duýgusy arkaly kesgitlenen raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirip, ýokary döwlet wezipesine özüniň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlap hem-de hormatly Prezidentimize halk ynamy bilen birlikde, ýurdumyzyň geljekki ykbalyny, başy başlanan özgertmeleri ynanyp, özüniň işjeň durmuş ornuny hem-de agzybirligini aýdyňlygy bilen bütin dünýä äşgär etdi.
Şol geçirilen saýlawlardan bäri bary-ýogy bir ýyl geçdi. Şeýlelikde, şu geçen döwür örän uly hem-de möhüm wakalara, uly üstünliklere we yhlasly zähmetiň netijesinde gazanylan beýik ýeňişlere hem-de işjeň döredijilik galkynyşyna beslendi. Geçilen ýola nazar aýlanyňda, batly depginler bilen gurulýan hem-de ösýän, biri-birinden tapawutlandyryp bolmajak ajaýyp ýeňişleriň, üstünlikleriň toplumyna gözüň düşýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli özgertmeler maksatnamasynyň baş aýratynlygydyr. Olar toplumlaýyn we innowasion häsiýete eýe bolup, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş ýörelgeleridir.
Ähli meseleleriň çözgüdinde döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän şeýle netijeli çemeleşmeleri ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliginiň we netijeliliginiň esasyny kemala getirýän ýagdaýlardyr. Munuň özi döwlet gurluşyny kämilleşdirmekden we ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan başlap, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine we adamlaryň medeni hem-de ruhy durmuşynyň ösdürilmegine çenli öz içine alýar.
Munuň özi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, milletimiziň gadymy däp-dessurlarynyň galkynmagynda hem-de ilimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň äşgär edilmeginde aýdyň ýüze çykýar. Türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamak hem-de ony dünýä ýüzünde wagyz etmek wezipesini durmuşa geçirýän ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkyň içinde bolup, dürli medeni maksatnamalar bilen çykyş edýärler.
Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan medeniýet we sungat ussatlarynyň işiniň höweslendirilmeginiň, ýaş zehinleriň ýüze çykmagynyň, dürli derejedäki medeni hem-de çeperçilik bäsleşikleriniň yglan edilmeginiň çeper döredijilik üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugruň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berýär.
Häzirki zamanda özgertmeler maksatnamasynyň aýratynlygy ägirt uly, deňi-taýy bolmadyk innowasion häsiýetdäki ykdysady maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden, ähli durmuş ulgamlaryny pugtalandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmakdan, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Hut şunuň ýaly sazlaşyk ähli özgertmeleriň birek-birege bolan gatnaşygyny üpjün edýär, jemgyýetimize ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine maksada okgunly çykmagyny kepillendirýär.
Başlangyç pursatlarda geljekki onýyllyklara göz ýetirmäge ukyby bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasyny tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirýär. Her bir täze taslama ozalky ýyllaryň oňyn tejribelerini, onuň netijelerini hem-de bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny we Türkmenistanyň örän baý mümkinçiliklerini has doly peýdalanmaga gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy meýillerini özünde jemleýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmen ykdysadyýetiniň innowasion ösüşiniň ugurlary üçin zerur şertleriň döredilmeginiň we goldanylmagynyň wajypdygyny aýratyn öňe sürýär. Bu babatda aýdylanda, sazlaşykly ösýän pudaklaryň hatarynda dokma senagatyny görkezmek mümkin. Diňe geçen 2012-nji ýylyň dowamynda bu pudakda Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysy we Ruhabadyň dokma toplumy işe girizildi. Bulardan başga-da, Seýdi şäherinde täze pagta egriji fabriginiň gurluşygyna badalga berildi. Şunda dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak onuň maýa goýum we ylmy – tehniki göwrüminiň giňeldilmegini, pudaga ekologiýanyň talaplaryna gabat gelýän we işgärler üçin iň gowy zähmet şertlerini, önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bir wagtyň özünde dowam edýär. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu babatda hususy ulgamyň artýan ornuny hem bellemek gerek, döwlet tarapyndan uly goldawyň berilmegi, şol sanda maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak ugry boýunça ýardam edilmegi onuň ösmegine öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň telekeçileri şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga has giňden gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesinde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi türkmen işewürliginiň kemala gelmeginiň taryhynda möhüm waka bolup, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşinde möhüm wakany alamatlandyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň giň gatlagyna gönükdirilen syýasy, işewür başlangyjy ösdürmek boýunça işläp düzen döwlet strategiýasy jemgyýetçilik işjeňliginiň täze, has netijeli görnüşlerini döretmäge ukyplydyr. Sebäbi ýurdumyzyň durmuşyna ilatyň zähmet, aň-düşünje we döredijilik mümkinçilikleriniň doly çekilmegi bilen jemgyýetçilik we syýasy demokratiýanyň esaslarynyň biri bolan ykdysady demokratiýa pajarlap ösýär.
Türkmenistanyň çägi gadym döwürlerde möhüm söwda ýollarynyň çatrygy hökmünde hyzmat edipdir. Ine, bu gün hem ýurdumyzyň geografik ýerleşişi onuň ösmeginiň möhüm “serişdesine” öwrüldi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen häzir işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basýan Demirgazyk-Günorta halkara geçelgesiniň giň gerimli taslamasy amala aşyrylýar. Bu demir ýol Ýewropanyň ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna çenli aralygy 600 kilometre çenli gysgaldar. Ol nebitiň we gazyň baý ýataklarynyň golaýyndan, bir mahal gülläp ösen Dehistanyň ýerlerinden geçip, onuň gaýtadan galkynmagynda kuwwatly itergä eýe bolar. Demir ýol bilen ýerli şäherçelere we obalara täze durmuş geler. Onuň ähmiýeti bolsa welaýatyň we tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegini nazara alanyňda, yzygiderli artar.
Awtoulag ýollaryny ösdürmek bilen bagly aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň taryhynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalar şeýle gerimde entek hiç haçan amala aşyrylmandy. 2014-nji ýylda Türkmenistanda esasy ýollaryň durky doly täzelener. Zerur bolan ähli ýol düzümlerine eýe bolan ýokary tizlikli täze ýollar gurlar. Olaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar. Diňe Aşgabat-Türkmenbaşy we Aşgabat-Mary ýollarynda köprüleriň ýene-de 78-si gurlar.
Lebapda ýol gurluşygynyň çalt depginlerde alnyp barylmagy netijesinde Amyderýanyň sag kenary ýurdumyzyň bir bitewi ýol ulgamyna goşulyp, öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Häzir bu ýerde ähmiýetli desgalaryň birbada birnäçesiniň düýbüni tutmak, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini, öndürijiligi her ýylda million tonna deň bolan sement zawodyny we beýlekileri işe girizmek dabaralaryna taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanyň deňiz flotunyň ösüşi has ähmiýetli bolup durýar. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň durkuny täzelemek meýilnamasynda portuň meýdanyny 3 esse—150 gektara çenli giňeltmek, ýük geçirijilik ukybyny bolsa, 2,5 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi bir ýylda 25 million tonna barabar bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden möhüm halkara başlangyçlarynyň hatarynda Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny döretmek başlangyjy hem bar. Ýewraziýa ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, täze söwda-ulag ýollaryny döretmek boýunça anyk teklipler beýleki iri halkara maslahatlarynyň, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklaryň garamagyna girizildi.
Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr nokada öwrüljek täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Häzirki zaman howa menziliniň geçirijilik ukyby bir sagatda 1600 ýolagça barabar bolar. Türkmenabatda täze aerowokzal toplumynyň hem-de Daşogzuň howa menzilinde häzirki zaman uçuş-gonuş zolagynyň we beýleki birnäçe desgalaryň gurluşygyna bolsa badalga berildi.
Innowasiýalar biziň durmuşymyza has giňden ornaşýar. Şunda aragatnaşyk düzümini gurmagyň depginleri aýratyn guwandyryjydyr. Optika süýümli ulgamlar ýurdumyzyň çäginden demirgazykdan günorta we günbatardan gündogarlygyna geçýär. Ähli ýerlerde täze binýatlyk ulgamlar we aragatnaşyk nokatlary, häzirki zaman sanly ATS-ler gurulýar.
Täze desganyň indi ýeriň ýüzünde däl-de, eýsem, älem giňişliginde döremegi hem uly täsir döredýär. Hormatly Prezidentimiz ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasyny döretmek we älem giňişligine çykarmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Munuň özi milli telewideniýämiziň gepleşikleriniň alnyp görkezilişine täze öwüşgün çaýar, Internetde giň zolakly aragatnaşygy ösdürmegi üpjün eder, onuň häzirki zaman we netijeli usullaryna tarap ýol açar. Öz hemramyzyň bolmagy älem giňişligi bilen bagly bolan ylmy barlaglaryň täze ugruny döretmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda senagat kärhanalarynyň durky täzelenilýär we döwrebaplaşdyrylýar, häzirki zaman senagat desgalary gurulýar, täze pudaklar peýda bolýar. 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekki işleriň toplumlaýyn maksatnamasyny beýan etmek bilen, türkmen ykdysadyýetiniň ýangyç çig mal serişdelerine bagly bolmagyny aradan aýyrmak döwletimiziň senagat syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip belledi. Şeýlelikde, 2016-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň döwlete degişli pudaklarynda we döwlete degişli däl ugurlarynda 200 milliard manatlykdan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmek, önümçilik maksatly desgalaryň we üpjünçilik ulgamlarynyň 450-den gowragyny gurmak we durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Eýýäm bar bolan önümçilikleriň üstüni täze kiçi, orta we iri kärhanalaryň ýene-de 200-e golaýy bilen ýetirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe importy azaltmaga däl-de, eýsem, eksport edilýän harytlaryň görnüşini artdyrmaga hem mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda dowam edýän gurluşyklaryň depginleri diýseň haýran galdyrýar. Aşgabat şäherinde indi diňe ak mermere örtülen jaýlar däl-de, eýsem, ýaşaýyş jaý toplumlary we şaýollar ulanmaga berilýär. Olaryň ugrunda täze jaýlar belende galyp, maşgalalaryň ýüzlerçesi jaý toýlaryny tutýarlar. Bularyň hemmesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ýaşaýyş jaý syýasatynyň aýdyň nyşanlary bolup durýar. Diňe 2012-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça umumy meýdany 1,6 million inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Paýtagtymyzda olaryň 693 müň inedördül metre golaýy tabşyryldy. Bu bolsa esasan ýokary amatlykly jaýlardyr.
Aşgabatda on sekiz sany belent ýaşaýyş jaýlary hem-de amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki desgalary özünde jemleýän iri toplumyň açylmagy paýtagtymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biridir. Durmuş ähmiýetli möhüm binalary özünde jemleýän birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny nazarlaýan Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, mekdepleri we çagalar baglaryny, başga-da köp sanly desgalary, bir söz bilen aýdylanda, adamlar üçin zerur bolan oňaýlyklary üpjün edýän tutuş düzümi özünde jemleýän Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 13-nji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde bina edilýän desgalar diňe bir ähmiýetliligi we ygtybarlylygy bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýär we gözüňi dokundyrýan ajaýyp keşbi, paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik öwüşginini alamatlandyrýar. Aşgabatda bina edilen desgalaryň köpüsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýapyk görnüşli halkalaýyn dynç alyş desgasynyň dünýäde iň ulusy hasaplanýar. Paýtagtymyzyň bu ajaýyp binasy Oguzhan suw çüwdürimler toplumynyň we “Türkmenistan” tereradioýaýlymlar merkeziniň yzysüre Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Halkara binagärlik baýraklaryna we diplomlaryna mynasyp bolan desgalaryň hatarynda paýtagtymyzdaky “Bagt köşgüniň” kaşaň binasy we Türkmen döwlet nebit gaz institutynyň desgalar toplumy bar.
Binalaryň göze gelüwliligi möhüm ýagdaý bolup durýan hem bolsa, Türkmenistanda şähergurluşyk pudagynda durmuş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary has-da wajyp bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasat, kuwwatly önümçilik binýat we ösen düzüm durmuş üpjünçiligi ulgamynyň esasyny emele getirýär. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" durmuş ulgamyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň bir ugrudyr. Bary-ýogy bir ýylyň, ýagny 2012-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 45-si, umumybilim berýän mekdepleriň 33-si, 25 sany sport mekdepleri we 16 sany sport desgalary, saglyk öýleriniň 15-si, hassahanalaryň 8-si, medeniýet öýleriniň 7-si we arassa agyz suwuny öndürýän kärhanalaryň 9-sy gurlup ulanmaga berildi. Şu döwürde welaýatlarda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany 940 müň inedördül metrden gowrak boldy.
Sebitlerde täze şäherçeleriň, şeýle hem Daşoguz welaýatynda Ruhubelent, Lebap welaýatynda Döwletli, Mary welaýatynda Altyn sähra etraplarynyň döredilmegi özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Obalaryň we şäherçeleriň durkuny täzelemek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Esenguly, Serdar we Bereket etraplary bar. Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze şäherçäniň düýbi tutuldy. Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky Bagtyýarlyk şäherçesiniň hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň durmuş ulgamy täze derejä çykaryldy we olarda binalaryň täze toplumy guruldy. Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesiniň düýbi tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze şäherçeleriň nusgalyk görnüşlerini gurmak boýunça taslamalar, şeýle hem Abadan şäherini gurmagyň täze taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hawa, gurmak döwri geldi. Biz indi täze şäherleri gurmaga girişýäris! Şonuň bilen bir hatarda, geljekki ösüşiň binýady tutulýar. Çünki biz Watanymyzyň geljeginiň has-da rowaç boljaklygyna berk ynanýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi bu taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine içgin üns berýär we olaryň sazlaşykly durmuşa geçirilmegini hemmetaraplaýyn goldaýar.
Sebitlerdäki oba ýerlerinde durmuş ulgamyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk harytlarynyň önümçiligi üçin zerur şertler döredilýär, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleri artdyrylýar.
Şeýlelikde, täze elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda çörek önümleriniň önümçilik toplumy bilen bir hatarda, “Bereketli” söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi we ol ugurdaş desgalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. Ýakyn geljek iki ýylda ozalky gurluşygy başlanan şeýle desgalardan başga-da, 360 müň tonna däne saklamaga mümkinçilik berjek elewatorlaryň ýene-de 8-si gurlar. Ahal, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy kärhanalar gurlar. Täze önümçilik bölümleri ozal hereket edýän şeýle kärhanalaryň kuwwatyny artdyrar.
Azyk üpjünçiligi ulgamyna hem ägirt uly serişdeler goýberilýär. Bu pudakda süýt, et, ösümlik ýagyny, şeýle hem biziň ýurdumyzda ozal taýýarlanmaýan önümleriň köp görnüşlerini öndürmek boýunça täze kärhanalar gurulýar we bar bolanlarynyň durky täzelenýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäherinde taryhy ähmiýeti bolan möhüm waka—Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty geçirildi. Onda türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýurdumyzyň yzygiderli okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys çözgütler kabul edildi.
Maslahatyň garamagyna Türkmenistanyň edara ediş-çäk birligini ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän çäreler toplumy hödürlendi. Her welaýatyň bir etrabynda synag taslamasy durmuşa geçiriler. Bu taslama kiçi şäherçeleri iri şäherlere birikdirmegi, häzirki zaman we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän şäher görnüşli täze şäherçeleriň gurluşygyny nazarlaýar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisde çykyş etmek bilen, pes düşewüntli ýerleri özleşdirmegi we ösdürmegi, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, fermer hojalyklaryna we beýleki hojalyk ulgamlaryna ýeňillikli karzlary hem-de salgyt ýeňilliklerini göz öňünde tutýan maksatnamany işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Maslahatda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça iň gowy taslamany seçip almak üçin bäsleşik geçirmek hakynda hem teklip öňe sürüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň bähbidine gönükdirdi, ägirt uly ýangyç serişdelerini bolsa bütin adamzadyň bähbidine gönükdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary nebitgaz ulgamyndaky giň möçberli taslamalary amala aşyrmakda täze maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň dolanyşygynyň dünýä ulgamyna goşulyşmagy we täze energetika bazarlarynyň özleşdirilmegi ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, ýangyç serişdeleriniň çykarylyşyny durnukly artdyrmak, nebiti, gazy, elektrik energiýasyny gaýtadan işlemek we öndürmek babatda ýokary netijeleriň gazanylmagy bilen baglylykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň ýangyç serişdeleriniň halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanan möçberleri barada aýtmak bilen, ýakyn geljekde bu möçberiň dünýäniň ençeme ýurtlaryny ýangyç bilen üpjün etmek üçin zerur boljakdygyny bellemelidiris. Halkara bilermenleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň ýangyç serişdeleriniň umumy möçberi şertli ýangyjyň (ýa-da nebit ekwiwalentiniň) 71 milliarddan gowrak tonnasyna barabardyr.
“Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyry bu babatda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biridir. Bu ýatagyň “mawy ýangyjynyň” gorlary 26 trillion kub metrden geçýär. Ýurdumyzda iň uzyn Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurulmagy hem bu babatda örän ähmiýetli çäreleriň biri bolup durýar. Uzynlygy bir müň kilometre golaý bolan turbageçiriji ýerli gaz geçirijilerini bitewi halka birikdirmäge we türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly hem-de durnukly ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer. Bu ulgamy 2015-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça hem iberilýän türkmen “mawy ýangyjyny” 65 millard kub metre ýetirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk onuň esasy çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Ol Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem ýakyn wagtda badalga berler.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn on ýylda iri gazhimiýa önümçiliklerini döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamak babatda pudagyň öňünde uly wezipeleri goýdy. Munuň özi Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljak täze pudagyň döredilmegini aňladýar.
Biziň gözümiziň alnynda ýurdumyzyň senagatynyň ýene-de bir pudagy kemala gelýär. Köýtendag etrabynda ägirt uly senagat önümçiligi döredilýär. Şol ýerde Merkezi Aziýadaky iň iri kaliý dökünlerini öndürýän toplum gurulýar. Ol ýurdumyzyň himiýa senagatynyň esasy önümçilikleriniň birine öwrülmelidir. Bu amala aşyrylýan işler biziň milli Liderimiziň ýurdumyzyň mineral baýlyklarynyň ertirki güni bilen baglanyşykly giň möçberli işleriniň diňe bir bölegidir.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip taýýarlanylan ösüşiň innowasion nusgasy ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary hünär ussatlygyny, ylmy kuwwaty yzygiderli ýokarlandyrmagy, ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamagy talap edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmyny we bilimini dünýä derejelerine çykarmaga aýratyn üns berýär.
Geçen ýylyň dowamynda bilim ulgamynyň desgalarynyň örän köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda umumybilim berýän mekdepleriň 36-sy, çagalar baglarynyň 48-si bar. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üsti Türkmen döwlet nebit we gaz instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ýetirildi. Mundan başga-da, ýörite orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan hünär okuw mekdepleriniň 5-si öz işine başlady.
Wagtyň geçmegi bilen bilim ulgamyna goýberilýän serişdeler öz netijesini berer. Ýurdumyz ýaş zehinli alymlaryň, ýokary hünärli hünärmenlerň köp sanlysyna eýe bolar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça tehniki binýady döretmek işine hem aýratyn orun berilýär. Iň täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň hem-de dünäýniň ylmynyň iň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagy, innowasion teklipler hem-de öňdebaryjy özgertmeler bu işiň netijeli bolmagyny kesgitleýär.
Bilim we ylym ulgamynda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şol gatnaşyklaryň hatarynda dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýetleriniň, bilim we ylym ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki we geljekki ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklary görkezmek bolar.
Halkymyzyň nurana we bagtyýar geljegine bolan pugta ynamy, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine her bir adamyň döredijilikli zähmeti, durnuklylyk, parahatçylyk we jemgyýetçilik ylalaşygy köp babatda Watany goramak ýaly beýik jogapkärçiligi ýerine ýetirýän türkmen esgerleriniň wepaly gulluklaryna bagly.
Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň harby doktrinasyna laýyklykda, parahatçylykly we goranyş häsiýetine eýe bolan milli goşunymyzyň düzümlerinde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylyygnda giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli goşunymyzyň we hukuk goraýjy düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin ýokary derejeli ýaşaýyş jaýlary, döwrebap harby şäherçeler we gulluk, medeni durmuş ähmiýetli desgalar, harby okuw mekdepleriniň täze binalary gurulýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň her bir raýatynyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmegi özgertmeleriň baş maksady hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleriniň düýpli çözülmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Adamyň saglygyna onuň möhüm hukuklarynyň biri hökmünde garamak, adamyň saglygyny goramak babatda möhüm ýörelgeleriň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleriniň esasyny düzýär.
Şu maksatlar üçin döwletimiz tarapyndan goýberilýän köp serişdeler täze saglygy goraýyş edaralaryny hem-de sport-sagaldyş toplumlaryny gurmaga we olary iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmaga gönükdirilýär. Aşgabat iri lukmançylyk merkezine öwrülýär. Paýtagtymyzda iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, keselleri anyklaýyş merkezleri hem-de hassahanalar peýda bolýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hassahanalaryň durky täzelenilýär. Diňe 2012-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda saglygy goraýyş edaralarynyň 25-si ulanylmaga berildi.
Ýurdumyzda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmegi esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şol ulgam saglygy goraýyş edaralaryndan başga-da, şypahana-bejeriş we sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ugurlaryny öz içine alýar. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeler sportunyň ösdürilmegi häzirki wagtda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda “Berzeňňi” we “Mollagara” şypahanalarynyň täze binalary, bir wagtyň özünde çagalaryň müňüsini kabul edýän “Nesil” sagaldyş merkezi, 24,5 müň adamy orunlyk sport toplumlarynyň 16-sy ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň hem-de Olimpiýa mekdebiniň binalary açyldy, welaýatlardaky täze sport mekdepleri ýaş türgenleriň 9 müňden gowragyny kabul etdi.
Sport toplumlaryny, stadionlary, dynç alyş merkezlerini we beýleki desgalary gurmaga goýberilýän serişdeleriň öz netijesini berjekdigi gürrüňsizdir. Sagdyn durmuşyň milletiň gülläp ösmeginiň, ýurdumyzyň rowaçlanmagynyň esasydygy hemmämize mälimdir.
Bu babatda Saglyk ýolundan geçmek, welosiped ýa-da sport ulaglaryny sürmek, hokkeý oýnamak, ylgaw ýodasyndan geçmek we uçganaklap duran bedew ata atlanyp, çapuw ýodasyna çykmak arkaly aýdyň görelde görkezýän milli Liderimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, Türkmenistanyň ilatynyň, hususan-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta işjeň çekilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň esasynda halkymyzyň saglygynyň, raýatlarymyzyň sagdynlygynyň durandygyny bellemelidiris. Döwlet Baştutanmyzyň başlangyjy bilen geçirilýän umumymilli ýaryşlar hem-de Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ähli halk çäresine öwrülen Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeligi milletiň sagdyn durmuşyny berkarar etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Şu günler paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça geçirilýän ilkinji halkara ýaryşy hem örän ähmiýetli waka öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir adamyň ukybynyň açylmagyna, onuň sporta bolan höwesiniň ýokarlanmagyna ruhy güýjüniň artmagyna gönükdirilen şertleri üpjün etmegi ugur edinýän özgertmeleriniň esasynda halkymyzyň saglygy we döwletimiziň ösüşiniň düýpli binýady bar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynyň ugrunda ýurtda Umumymilli spartakiada, Bütindünýä Saglyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeligi ýaly ählihalk çärelerini görkezmek bolar. Şu günler ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý boýunça geçirilýän ilkinji halkara ýaryşlary türkmen sportundaky möhüm wakalarynyň biridir.
Häzirki wagtda ýurdumyz 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda hem-de söweşjeň sungat boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Şol ýaryşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýyl mundan öň gurluşygyna badalga berlen Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.
Geçen ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze şypahana desgalary – “Şapak” kottejler toplumy hem-de “Bereket” myhmanhanasy ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu ýerde täze desgalaryň ýene-de 20-den gowragy gurulýar.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmekde Hazaryň kenaryna aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli künjeklerinde köp bolan örän gyzykly we ajaýyp ýerleri abadanlaşdyrmak, şol ýerlerde myhmanhanalary hem-de degişli düzümleri gurmak barada aýtmak bilen, syýahatçylygy welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugry, ykdysadyýeti ösdürmegiň wajyp şerti, kiçi we orta işewürligi pugtalandyrmagyň möhüm ugry hökmünde häsiýetlendirýär.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimize goýberilýän serişdeler onlarça milliard dollara barabardyr. Olar özüniň anyk netijesini berip, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy we medeniýeti ösdürmäge gönükdirilýän býjet serişdelerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, milli medeniýeti we onuň mirasyny wagyz etmegiň, medeniýetleriň milletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, medeni düzümi giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi. 2012-nji ýylyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynda täze häzirki zaman kitaphanalaryny gurmak hakyndaky karara gol çekdi. Indiki aýda bolsa Ahal welaýatynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli uly dabaralar geçiriler. Oňa köp sanly daşary ýurtly wekiliýetler gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda her ýyl Medeniýet hepdeligini geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şeýle giň möçberli çäre ilkinji gezek şu ýylyň tomsunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Eýýäm häzirki günlerden 2014-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görülýär.
Umuman, häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýetiniň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini ynamly aýtmak bolar. Häzirki wagtda bu örän wajyp ulgamy ösdürmek döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, jemgyýetiň ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler bilen ýakyndan tanyşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň we döwletara gatnaşyklaryny guramagyň möhüm meselesi hökmünde medeniýeti ösdürmek barada Ýaşulularyň maslahatynda hem-de geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynda aýratyn durup geçdi.
Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen iri medeni çäreleriň hatarynda Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegini, GDA-nyň ýurtlarynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň konsertini görkezmek bolar. "Awaza" milli syýahatçylyk merkezi hem dünýäniň köp ýurtlaryndan myhmanlary kabul etdi. Häzirki wagtda ol halkara meşhurlygyna eýe boldy.
Milli Liderimiz ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynda, halklaryň arasyndaky özara ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda medeniýete aýratyn üns berýär. Çünki milli medeniýetiň täsinligi, özboluşlylygy onuň artykmaçlygy bolup durýar. Hut medeni syýasat Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýyny ýokary galdyrmaga ýardam etmelidir. Ýurdumyzyň abraýy diňe bir ykdysady serişdeler bilen däl, eýsem, onuň medeni babatda gazanan üstünlikleri, ruhy-ahlak kuwwaty bilen şertlendirilendir.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ýurdumyzda ägirt uly taryhy-medeni gymmatlyklaryň bardygy bilen şertlendirilendir. Şol gymmatlyklar diňe bir milli ähmiýete eýe bolman, eýsem, bütin dünýäde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda tebigy desgalaryň birnäçesini, şol sanda Garagumy UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giirzmek barada işler alnyp barylýar. Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça Köýtendagyň täsin tebigy baýlyklary halkara ylmy ekspedisiýasynyň üns merkezinde boldy. Köýtendagyň baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge dalaş edýär. Şol sanawa Beýik Ýüpek ýoluny girizmek barada hem işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu sanawa bir ýurtdan belli bir desgany däl-de, eýsem, sebitiň tutuş taryhy -medeni ýadygärliklerini girizmek barada gürrüň barýandygyny bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň gadymy milli gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny galdyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň aprel aýynda ahalteke bedewleriniň bäsleşigini, şeýle hem ahalteke bedewleriniň gözelliginiň döredijilik bäsleşigini geçirmek baradaky çözgüdi hem şuňa gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýandygyny we olar bilen gezelenç etmegi halaýandygyny bellemelidiris. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini wagyz etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýomut atlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin “Türkmenatlary” döwlet birleşigi üçin ýöriteleşdirilen athananyň, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda bolsa ahalteke tohum atlarynyň 600-si üçin niýetlenen athananyň gurulmagy ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda ýene bir uly ädim bolar.
Ýurdumyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek döwlet Baştutanymyzyň taýsyz-tagallalarynyň ýene bir ugry bolup durýar. Ägirt uly çöllük meýdanlary bagy-bossanlyga öwürmegiň ägirt uly taslamasy bir döwür arzuw-hyýal bolup görünýärdi. Emma ol bu gün gözümiziň alnynda amala aşýar. “Bagy-bossanlyga öwürmegiň strategiýasy” milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň usullarynyň biri hökmünde öňe sürüldi.
Ekologiýa meselesi ýaly aýratyn möhüm ugurda halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen Türkmenistan oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we geçen ýylyň tomsunda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa Federatiw Respublikasy) geçirilen BMG-nyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda beýan eden teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar ozaly bilen BMG-nyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, BMG-nyň Araly halas etmek boýunça Ýörite Maksatnamasyny işläp düzmek, şeýle hem dünýäniň täsin künjegi bolan Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny aýawly saklamak bilen baglydyr.
Milli Liderimiziň daşary syýasy işleri milli bähbitleriň esasynda guralyp, dürli ugurlarda we derejelerde kabul edilýän çäreler hökmünde aýdyňlyga eýe bolýar. Olar biziň halkymyzyň we onuň geljekki nesilleriniň mynasyp ýaşamagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň gülläp ösmegini, parahatçylygyň höküm sürmegini hem-de dünýäde asuda hyzmatdaşlyk, dostluk we rowaçlyk maksatlarynyň berkarar bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk, 2012-nji ýylda başlyklyk edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işlerine giňden gatnaşmak Bitarap Türkmenistanyň öz daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
2011-nji ýylyň sentýabrynda Duşanbede geçirilen GDA-nyň sammitinde başlyklygy kabul etmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde goşulyşmak hyzmatdaşlygynda toplan oňyn tejribesini berkitmegi, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagy öz baş maksady hasaplaýar“ diýip belledi. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy şol maksady doly derejede tassyklap, onuň çäklerinde çäreleriň 30-dan gowragy geçirildi.
Olaryň hatarynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň, Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň, Elektroenergetika geňeşiniň, Agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisleri, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” halkara maslahaty, GDA-nyň agzasy bolan ýurtlarda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň Halkara ýarmarkasy, GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat, GDA gatnaşýan döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII forumy we beýleki ähmiýetli forumlar bar. Arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçiren giň gerimli işleriniň mynasyp jemlenmesi boldy.
Häzir diňe Türkmenistanda däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy öňdengörüjiligine, islendik ýagdaýda geljek üçin oýlanmak başarnygyna mynasyp baha berilýär. Öz syýasatyny işe gönükdirmek we anyk ykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen ýöretmek başarnygy milli Liderimiziň halkara abraýyna we halkymyzyň çäksiz ynamyna eýe bolmagyna ýardam etdi.
Döwlet gurluşynyň esaslaryny we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan batyrgaý pikirleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, giň gerimli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi we düýpli özgertmeleriň anyk netijeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döwrüň syýasatçysy bolup durýandygyny kesgitli aýtmaga esas berýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini her bir adama ýakyn we düşnükli bolan ruhy gymmatlyklar bilen birlikde dolandyrmakda parasatlylygy we öňdengörüjiligi sazlaşykly utgaşdyrýan häzirki zaman döwlet işgäriniň belent nusgasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň köpugurly we maksada okgunly işlerinde yzygiderliligiň täze ädimlerinden başlap, däplere ygrarlylyga bolan hereketlerde aýgytlylygy täzeçillikden aýry göz öňüne getirmek mümkin däldir. Galyberse-de, milli Liderimiziň ajaýyp guramaçylyk ukyplaryny alymyň işe ukyplylygyndan üzňe goýup bolmaýar.
Taryhy, mälim bolşy ýaly, adamlar döredýär. Türkmenistanyň täze taryhyny hem biz, biziň watandaşlarymyz we döwürdeşlerimiz döredýär. Emma halky maksatlar bilen ruhlandyrmak bärden gaýdýar, ony yzyňa düşürip alyp gitmegi, öz göreldäň bilen ynandyrmagy başarmak gerek. Ine, şeýle göreldäni eziz Watanymyza we ildeşlerimize birkemsiz gulluk etmek ýaly beýik wezipä tüýs ýürekden ygrarly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezýär.
2012-nji ýylda geçirilen saýlawlarda öz seslerini durnukly we sazlaşykly ösüşiň, rowaçlygyň bähbidine bermek bilen, halky oý-pikirden beýik işlere, nazaryýetden hereketlere, maksatlardan olaryň dabaralanmagyna tarap gysga ýol bilen alyp gitmäge ukyply milli Liderini işjeň goldan türkmenistanlylar munuň şeýle boljakdygyna birjik-de şübhelenmändiler.
Jemgyýetçilik güýçleriniň milli Lideriň töwereginde jebisleşmegi biziň ähli oňyn we ösen özgertmelerimize durnuklylygy çaýýar. Adamlaryň görnükli şahsy häsiýetlere, durmuş tejribesine, bilimlere we paýhasa eýe bolan, jemgyýeti ruhlandyrmaga, milli ylalaşygyň we mäkäm döwletliligiň daýanjyny şöhlelendirmäge ukyply ynsana doly ynanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň esasyny düzýär.
Gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan demokratik nusganyň esasynda kemala gelen raýat jemgyýetini döredýän halk ägirt uly agzybir maşgala bolmak bilen, onda hemmeler doganlyk, hoşniýetlilik, birek-birege kömek bermek gatnaşyklary bilen baglydyr.
Bu aýratynlyklary oba zähmetkeşleri, gurluşykçylar, ýaşuşular, kümüş saçly enelerimiz ýa-da ýaş çatynjalar bilen söhbetlerde görmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz olaryň pikiri, arzuw-islegleri we teklipleri, adamlaryň gündelik aladalary bilen gyzyklanyp, islendik meseleleri çözmekde kömek etmäge ymtylýar. Bularyň hemmesi türkmen döwletinde adama, zähmetkeşe, raýata berilýän ünsüň örän uludygyna şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň çagalar bilen söhbetinde özara ynanyşmagyň, ýagşylygyň duýulýandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar ýurdumyzyň Prezidentine goýulýan ägirt uly hormaty duýmak bilen, şol bir wagtyň özünde milli Liderimiziň keşbinde aladaçyl we paýhasly, dil we el kömegini berip bilýän dosty görýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň çagalara ýüzlenip aýdan sözleri bolsa, hemişe ýagşy umytlardan, ata Watanymyza buýsançdan we onuň bagtly geljegine ynamdan doludyr. Şol gelejek bolsa, şu günki oglanlaryň we gyzlaryň elindedir. Ösüp gelýän nesle ak pata bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy göreldesinde ahlak gymmatlyklaryny görkezip, çagalary ozaly bilen Watany söýmegi, ululara hormat goýmagy, ata-babalarymyzyň maksatlaryny we halkyň köp asyrlyk däplerini, onuň mirasyny we baýlyklaryny aýawly saklamagy, bilimlere ymtylmagy we täze gözýetimleri açmagy ündeýär. Mahlasy, hakyky watançy bolmagy, başy başlanan beýik işleri dowam etmegi wesýet edýär.
...Dolanuwsyz taryh kimin öňe sary okgunly çapyp barýan we wagtdan öňe geçýän ýelden ýüwrük bedewiň badyny saklap bolmaýşy ýaly, biziň ösüşimizi, biziň batly gadamlarymyzy, ösüşiň, rowaçlygyň we ruhubelentligiň belentliklerine ynamly gadam urýan Türkmenistanyň öňe gidişligini hem indi durzup bolmaz.