Ï Milletimiziň mukaddes nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şanyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milletimiziň mukaddes nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şanyna

view-icon 1954
Şu gün Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanylan döwlet konserti boldy.

Döwletimiziň milli nyşanlarynyň biriniň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän baýramçylyk uly watançylyk ruhuna eýedir. Beýik mukaddesliklerimiz bolan-- Senamyzda, Tugramyzda, Baýdagymyzda döwletimiziň güýç-kuwwaty, milletimiziň abraýy we mertebesi, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň nesilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygy we gülläp ösüşi, agzybr hem-de jebi mähriban halkymyzyň batyl durmuşa hakyndaky isleg-arzuwlary simwoliki beýan edilendir.

“Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň Watan erkinligi, ýurt garaşsyzlygy hakyndaky köpasyrlyk arzuwlary bilen häzirki döwürde gazanýan üstünliklerimiziň we öňde durýan beýik maksatlarymyzyň sazlaşygyny aňladýan baýramdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna baýramçylyk Gutlagynda belläp geçýär.

Berkarar döwletimiň bagtyýarlyk döwründe biziň özbaşdak Watanymyzyň ýaşyl Tugy parahat gülläp ösýän ýurdumyzda, onuň her öýüniň, garaşsyz Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň iň oňat subutnamasy bolan köp sanly täze desgalarynyň depesinde parlaýar. Özbaşdak Türkmen döwletiniň baýdagy türkmen alpinistleri tarapyndan boýun egdirilen dünýäniň dag belentlikleriniň üstünde parlaýar, ol älem giňişliklerine baryp ýetdi. Dürli ugurlarda öz başarnyklary, üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzy şöhratlandyrýan türkmenistanlylaryň hormatyna dünýäniň dürli yklymlarynda ençeme gezek belende galdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasat ugry, öňe sürülýän, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagy maksat edinýän asylly başlangyçlary netijesinde asudalygy üpjün ediji merkez hökmünde Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýy gyşarnyksyz artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň ýurdumyzyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň beýany hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň binasynyň öňünde buýsanç bilen pasyrdaýar.

Halkymyz Baýdaga mukaddeslik hökmünde garap, oňa döwlet derejesinde uly sarpa goýýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilen gününiň--1992-nji ýylyň 19-njy fewralynyň ählihalk baýramçylyk hökmünde bellenilmegi hem şol hormat-sarpanyň aýdyň alamatydyr.

Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki ruhubelentlik şu baýramçylyk gününde ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň hakyky gülläp ösüşiň döwründe ata Watanymyza uly buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny beýan edýär.

Zala ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň, şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular hem-de talyp ýaşlar, ählihalk baýramçylyk günlerinde Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar bar.

Ajaýyp zalda Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilýän Döwlet senasy ýaňlanýar.

Konsert maksatnamasyny Watanymyzyň şanyna pasyrdaýan Döwlet baýdagyna bagyşlanan aýdym we täze taryhy eýýamda halkymyzyň Arkadagy--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işi bilen aýrylmaz baglanyşykly täze taryhy eýýamynyň okgunly depginlerini beýan edýän wideo şekiller açdy.

Mähriban Watanymyzyň şu günki ajaýyp gününi ýakynlaşdyran, türkmen erkinliginiň, mähriban Watanywmyzyň şu günki ajaýyp gününi ýakynlaşdyran nesilleriň taryhyň arabaglanyşygynyň nyşany bolan buýsançly ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleri we döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen “Ýer ýüzünde pasyrdan, synmajak ruhum meniň!” atly edebi--sazly çykyş ägirt uly baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp owazy boldy.

Soňra sahnada halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, ýurdumyzyň iň oňat aýdym-saz, tans we folklor toparlary öz ussatlygyny görkezdiler. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ajaýyp nury Mukamlar köşgüniň sahnasyndaky baýramçylyk dabarasynyň beýany boldy.

Konsertde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oňyn syýasaty netijesinde ykdysady we ruhy ösüşine eýe bolan Garaşsyz Bitarap Türkmenistany wasp edýän ajaýyp döredijilik çykyşlary görkezildi..

Tomaşaçylar milli sungatymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirýän we ösdürýän ýaş aýdymçylaryň çykyşlaryna şowhunly el çarpdylar. “Ýaşyr tugy wasp edýän bäş welaýat, bäş dogan” atly çykyşy hödürlän ýurdumyzyň bäş welaýatynyň folklor toparlary ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterdi, şonda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Meşhur tans toparlarynyň çykyşlary hemmeleriň göwnünden turdy.

Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ýerine ýetirilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanç duýgusy bilen tomaşaçylaryň kalbyny gaplap alan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň ajaýyp jemlenmesi boldy.

* * *

Agşam Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna dabaralar türkmen paýtagtynyň günortasynda Garaşsyz Türkmenistanyň baýdagy pasyrdaýan ägirt uly flagştogyň ýanynda bolan uly baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.

Bu ýerde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, şäheleriniň we obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýram gününde Garaşsyz türkmen döwletiniň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mukaddes nyşanlaryny şöhratlandyrýan ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy.

Dabara täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşany bolan, ak mermerli Aşgabadyň agşamyny ajaýyp yşyklar bilen şuglalandyran owadan feýerwerk bilen tamamlandy.

Baýramçylyk çärelerine milli telewideniýämizde giňden beýan edilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýüzlerçe müň adamlar oňa gatnaşyjylar boldular.