Ï Durmuş-ykdysady strategiýasy: geljegi nazralaýan maýa goýumlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuş-ykdysady strategiýasy: geljegi nazralaýan maýa goýumlar

view-icon 7766
Senagat-maýa goýum böleginiň geljegi uly bolan pudaklaryny ösüşini öňürtmegiň hasabyna gazanylýan jemi içerki önümiň ösüş depgini häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýar. 2012-nji ýylda bu bölegiň umumy paýy 65%, onuň 52% senagatyň paýydyr, gurluşygyňky – 13%. Soňky bäş ýylyň dowamynda ýurtda esasy kapitala maýa goýumlar 3 esse artdy. Diňe 2012-nji ýylda 2011-nji ýyl bilen deňeşdireniňde , maýa goýumlaryň umumy möçberi 38,0% artdy. Maýa goýumyň ýurduň jemi içerki önümine bolan gatnaşygy 48 göterimden hem köp boldy

Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Maslahatynyň „2012-nji ýylda dünýä maýa goýumlary hakyndaky çykyşynda“ Türkmenistanyň gönüden-göni daşary ýyrt maýa goýumlaryny çekmekde döwletleriň ilikinji onlugyna girýändigi bellenilýär.

Ýokary maýa goýum işjeňligi biziň ýurudmyza her ýylda senagatyň, oba hojalyk toplumynyň, ulag we inženerçilik girluşygynda, dürmuş, ýaýayş ähmiýetli ulgamlarda ýüzlerçe täze desgalaryny işe girizmäge mümkinçilik berýär.2012-2016-nji ýyllaryň dowamynda ýurtda 200 mlrd. manat maýa goýumlaryny özleşdirmek, senagat desgalarynyň wekärhanalarynyň 450 sanysyny ulanmaga bermek we durkuny täzelemek bellenilýär. Şeýle seretseň bu sanlar has köp ýaly bolup görünýär, sebäbi Prezident Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň ilkinji ýylynda ýurtda 48 mlrd maýa goýumlary özleşdirildi we maksatnamada bellenilen tabşyryk 121% ýerine ýetirildi.

Türkemnistanda 2012-nji ýylda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 48-si, umumy bilim berýän mekdepleriň 36-sy, sport mekdepleriniň 25-si, sport desgalarynyň we stadionlaryň 16-sy, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 17-si, keselhanalaryň 8-si, medeniýet öýleriniň 7-si, agyz suwy çkarýan kärhanalaryň 9-sy, ýarysyna golaýy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 1,6 million inedördül meýdany guruldy.

2008-nji ýyldan başlap, haçan-da dünýä ykdysady çňkgünligi başlanda, Türkmenistanda „Oba“ Milli maksatnamasy durmuşa geçirilip başlandy. Bu bolsa dünýä ykdysady çökgünliginiň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça geçirilen çäreleriň biri boldy. 2008-2011-nji ýyllaryň dowamynda „Oba“ Milli maksatnamasy boýunça 8,7 mlrd manat özleşdirildi, 2012-nji ýylda bolsa – 4,9 mlrd. manat maýa goýumlary özleşdirildi, ýagny 2006-njy ýyldaky ýurduň ähli ykdysadyýetindäkiden epe-esli köpdür

2012-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 21,4 % artdy. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, oňaýly daşary söwda saldosynyň ýokary derejesi gazanyldy. 2012-nji ýylda dünýäniň 110-dan gowrak ýurtlary Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlary bolup çykyş etdi

Ýurduň maýa goýum işjeňligine daşary söwdanyň edýän täsiri bellärlikli ýagdaýdyr. Bir tarapdan, Türkmenistanyň importynyň ep-esli bölegini önümçilik-tehniki ähmiýetli, ýagny tehnologiki enjamlar, elektron maşynlary, mehaniki gurluşlar, ulag serişdeleri, çig mal we önümler tutýar. 2012-nji onuň paýy 84% boldy. Olar, ilkinji nobatda, desgalaryň gurluşyklarynda ulanylýar. Beýleki bir tarapdan, töleg balansynyň gündelik hasabatynyň oňaýly saldosynyň ep-esli bölegi esasy kapitaly maýa goýum bilen maliýeleşdirmegiň möhüm çeşmesi bolup durýar.

Ýurduň maýa goýum işjeňligine Döwlet býujetiniň girdejileriniň çalt depginler bilen ösüşi hem özüniň oňaýly täsirini ýetirýär 2008-2012-nji ýyllaryň dowamynda ýurduň Döwlet býujetiniň girdejileri 2,1 esse artdy. 2012-nji ýylda ýurduň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 69% jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryna goldaw bermek üçin gönükdirildi. 2012-nji ýylda umumy kapitala maýa goýumlaryň umumy möçberi merkezleşdirilen we ýerli býujetden serişdeleriň paýy düýpli ösýär. 2012-nji ýylda ýurduň esasy kapitalynyň maýa goýumlary merkezleşdirilen we ýerli býujetinden 16,3% maliýeleşdirildi.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujeti durnukly ýagdaýda boldy, ýagny girdejiler çykdajylardan artdyryldy. 2012-nji ýylda Döwlet býujetiniň jemi içerki önüme bolan profisit gatnaşygy 6,4% boldy. Bu ýurduň maýa ulgamynyň berkligini beýan edýän örän ýokary görkezijidir.

Döwlet býujeti uly göwrümli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň girewi bolup durýar. Mundan hem başga, 2012-nji ýylda maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi (34%) önümçilik däl ulgamyň desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.

Türkmenistanyň maýa goýumlar derejesiniň artmagyna dürnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, milli manadyň üýtgewsiz ugry, kuwwatly serişde-çig mal binýady we halkara talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýumlarynyň ygtybarlylygyna kepil geçýän hukuk ulgamy köp babatda şertleri döredýär.

Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde öz işlerini amala aşyrýan daşary ýurt maýdarlary Türkmenistanyň has amatly şertlerinden peýdalanýarlar. Hususan-da, „Awaza“Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde işleýän daşary ýurt kompaniýalaryt salgyt, gümrük we beýleki ep-esli ýeňilliklerden peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen başlanan „Awaza“ Milli syhatçylyk zolagynyň özleşdirilmegi dynç alyş ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi dowam etdirilýär. 2012-nji ýylda „Bereket“ myhmanhanasy we „Şapak“ kottejler toplumy ulanylamaga berildi, dürli maksatlar üçin niýetlenen täze desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy alnyp barylýar. „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagy – bu biziň döwletimiziň örän uly mümkinçiliklerini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup dyrýar. Onuň amala aşyrylamgyna diňe bir Türkmenistanyň işewürler toparlary gyzyklanma bildirmän, eýsem iri halkara maýa goýujylaryň we maýadarlaryň örän köp sanlysy hem uly gyzyklanma bildirýärler.