Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 4575
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Berkarar” zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, şeýle hem gazetleriň, žurnallaryň we telewideniýäniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň iki aýyndaky deslapky jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly guwandyryjy netijeler gazanylýar.

2013-nji ýylyň ýanwar aýy üçin deslapky makroykdysady görkezijilere laýyklykda, senagat we gurluşyk pudaklarynda gazanylan ýokary netijeleriň hasabyna jemi içerki önümiň depginleriniň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2012-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde, ýanwar-fewral aýlarynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 112,3 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 119,6 göterime deň boldy.

Türkmenistanda işjeň alnyp barylýan maýa goýum syýasaty ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany" amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça 2013-nji ýylda göz öňünde tutulan işleriň 17,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 76,8 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.

Hasabat döwri üçin deslapky maglumatlar boýunça döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 95,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabatyň çäklerinde hökümet Baştutanynyň orunbasary hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem habar berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza ýerine ýetirilen işler, şol sanda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi üçin etalon synag enjamlaryny we nusgalyk ölçeg serişdelerini satyn almaga hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyny döretmäge degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, däp bolşy ýaly, her ýyl 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky degişli resminamany taýýarlamak meselesi boýunça habar berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak bilen baglanyşykly Permanyň taslamasy hem hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygyny okgunly döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny belledi we türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde maliýe-ykdysady edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny, umuman, makullap, “Döwlet etalon merkezi üçin etalon synag enjamlaryny we nusgalyk ölçeg serişdelerini satyn almak hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyny döretmek hakyndaky” kararlara gol çekdi we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky” Permana hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekip, biziň ata-babalarymyzyň zenanlara hemişe uly hormat-sarpa goýandyklaryny, öz mähribanlaryna çäksiz hormat bilen garamak däplerini nesilden-nesle geçirendiklerini nygtady. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu asylly ýörelge türkmen halkynyň ajaýyp däbine öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenler aýratyn hem çagalara örän mähir bilen garapdyr, nesiliň dowam etmegi barada alada edipdir, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde köp çagalylygyň jemgyýetimiziň durmuş taýdan abadançylygynyň aýdyň alamaty bolup durýandygyny belläp, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagynyň enelere goýulýan ýokary hormat-sarpanyň, türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň we sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan maşgala ojagynyň abadançylygynyň hem-de mizemezliginiň daýanjy hökmünde olara mukaddeslik hökmünde garamagyň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda giňden bellenilip geçilýän Halkara zenanlar gününiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, munuň özüniň ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet tarapyndan ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň eýeleýän orny barada aýdyp, olaryň oňyn özgertmeleri geçirmäge saldamly goşant goşýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlara degişli nyşanlary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny hem-de milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu ýylyň geçen iki aýynyň dowamynda çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurulýandygy, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, öňdebaryjy tehnologiýalar, okuw-barlaghana enjamlary bilen üpjün etmek işiniň dowam etdirilýändigi barada habar berildi. Hasabat döwründe orta mekdepleriň dördüsi we çagalar baglarynyň bäşisi ulanmaga berildi, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binasynyň gurluşyk işlerine girişildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän beýleki işleriň hatarynda türkmen şypahanalarynyň hyzmatyndan peýdalanýan adamlaryň, şeýle hem ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň artandygy bellenildi. Degişli döwürde türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy hem üstünlikli boldy. Olar dürli derejeli medallaryň 31-sini eýelediler, ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary bolsa matematika, fizika we informatika dersleri boýunça geçirilen halkara bäsleşiklerinde 12 medala mynasyp boldular. 2013-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmegiň hem-de alymlyk derejesine dalaşgärlige hasaba almagyň möçberi kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynda bilim, ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ýaly ileri tutulýan ugurlar hemişe döwletimiziň üns merkezinde durar diýip belledi. Biz geljekde hem adamlar üçin mynasyp durmuş şertlerini döretmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasaty yzygiderli alyp bararys diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetde ymykly ornaşdyrmak, şol sanda degişli ugurlar boýunça ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen has giň gatnaşyklary saklamak arkaly berkarar etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Soňra Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa söz berildi, ol hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda 12 ýyllyk orta bilime geçmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, iň gowy dünýä tejribesinden we bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, 12 ýyllyk orta mekdebiň düzüminiň taslamasy taýýarlandy. Bu taslamany amala aşyrmagyň slaýdlarda görkezilen esasy tapgyrlaryny teswirlemek bilen, ministr olaryň her biriniň üstünde jikme-jik durup geçdi. Hususan-da, 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek 2013-2014-nji okuw ýylyndan amala aşyrylyp başlanar diýlip bellenildi. Orta mekdepde bilim almak 6 ýaşdan başlanar. Başlangyç bilim birinji synpdan başlap, 4-nji synpa çenli berler. Esasy orta bilim bilen 5-10-njy synplaryň okuwçylary gurşalyp alnar. Umumy orta bilimi 11-12-nji synplaryň okuwçylary alarlar. Olara şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça okuwy saýlap almak mümkinçiligi dörediler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzda ýaşlaryň halkara derejesine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary, giň gözýetimli, zehinli nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredildi diýip, sözüni dowam etdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryny zerur bolan ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça hem doly mümkinçilikler döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzir ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyklykda, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik binýady täzelendi. Mekdeplerde okatmagyň usullary has-da kämilleşdirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bilim edaralarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň täze, häzirki zaman binalarynyň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Ähli mekdepler iň täze kompýuterler, multimediýa enjamlary we zerur bolan beýleki kämil serişdeler bilen üpjün edilýär. Häzirki döwürde zehinli ýaşlarymyzyň müňlerçesi beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Şu ýyl hem ýaşlaryň ýene-de uly toparyny bilim almak üçin daşary ýurtlara ibermegi göz öňünde tutýarys. Biz dünýä belli iri ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdyk. Biziň bu hyzmatdaşlygymyz häzirki döwürde güýçli depginler bilen yzygiderli ösdürilýär.

Döwletimiz bilim ulgamyny ösdürmäge geljekde hem uly üns berer. Ýaşlaryň talabalaýyk bilim almaklary, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin biz ähli şertleri dörederis, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada hem yzygiderli alada ediler diýip, milli Liderimiz bilim ulgamynda bar bolan öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň we bu tejribäni ýurdumyzda giňden ornaşdyrmagyň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky” Permana hem-de “Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakyndaky” Kapara gol çekip, bu resminamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz bilim ministri G.Mämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek bilen bagly mekdep okuwçylaryny zerur bolan okuw kitaplary bilen üpjün etmek we mugallymlary taýýarlamak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Wise-premýer A.Goçyýewe kitaphanalaryň, aýratyn-da, oba ýerlerindäki kitaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur bolan maliýe serişdelerini goýbermek tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe ýurdumyzyň ähli kitaphanalaryny Internet ulgamy we kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýer A.Goçyýewe şu ýyl ýurdumyzyň başlangyç we orta mekdepleriniň mugallymlarynyň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak meselesine seretmek barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew ýurdumyzda gurlan sport desgalarynyň aýawly we netijeli ulanylmagyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz sport desgalaryny gurmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynyň we şäher gurluşygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, şolar raýatlaryň durmuşynyň hiliniň ýokary ülňülerini gazanmagy maksat edinýär diýip belledi.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, döwrebaplaşdyrylan sport desgalaryny netijeli hem-de doly derejede peýdalanmak boýunça gözegçiligi güýçlendirmek barada tabşyryk berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýy, sport desgalarynyň ulanylyşy, sport ulgamynyň işgärler bilen üpjünçiligi hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini işjeň ösdürmek, şeýle hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak Prezident maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Ýurdumyzda gurlan köp sanly sport desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň biridigini nygtamak bilen, milli Liderimiz köpçülikleýin sport işlerini täze derejä çykarmak, ýaryşlary we beýleki sport çärelerini yzygiderli geçirmek boýunça degişli guramaçylyk çärelerini görmegi tabşyrdy.

Sport desgalary ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara we halkara ýaryşlaryna türgenleri taýýarlamak üçin binýat hökmünde ulanylmalydyr diýip, milli Liderimiz häzirki zaman sport düzüminiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň, şeýle hem Aziýa çempionatlarynyň derejesinde halkara ýaryşlaryny guramaga hem-de geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýerlerdäki sport edaralarynda we desgalarynda işleri talabalaýyk guramak bilen bagly meselelere jikme-jik seretmegi tabşyrdy. Hususan-da, sport edaralarynyň mugallymlar we tälimçiler bilen üpjünçiligine, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň bildirilýän talaplara gabat gelşini seljermek we geçirilen işleriň jemleri boýunça teklipleri bermek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan işine nägilelik bildirip, onuň başlygyna özüne ynanylan desgalarda işleriň degişli derejede guralmaýandygy, edaranyň işinde öňegidişligiň duýulmaýandygy barada tankydy belliklerini aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binasynyň açylyş dabarasynda beren tabşyryklarynyň haýal ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti B.Orazowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine ýolbaşçylyk etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin berk käýinç yglan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Diwanyň işi we dokma senagaty hem-de söwda toplumy boýunça esasy görkezijiler hakynda hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 125,1 göterime barabar boldy. Şunlukda, bölek-satuw söwda dolanyşygy 9 göterim, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 37 göterim artdy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,5 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň iki aýynda birža söwdalarynyň 25-si geçirildi.

“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar koporasiýasynyň kärhanalarynda şu ýylyň başyndan bäri 6 müň inedördül metre golaý haly önümleri dokaldy. Önümçiligiň ösüş depgini 105,9 göterim üpjün edildi. Harytlyk önümleri ýerlemegiň mukdary 19,1 göterim artdy. Haly önümleriniň eksport boýunça ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Korporasiýa boýunça düşewüntliligiň derejesi 11,7 göterime ýetdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden artyk boldy. Bu görkeziji 122,4 göterime barabar boldy. Hyzmatlary ýerine ýetirmekden gazanylan peýdanyň ösüş depgini 128,2 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 2013-nji ýylyň iki aýynda senagat harytlary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28,1 göterim artyk öndürildi. Hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň ösüş depgini 109,8 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn maksatnamalarda bellenilen sepgitlere üstünlik bilen ýetmek üçin önümçilik düzümini kämilleşdirmegiň, hödürlenýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň we bäsdeşlige ukyply täze önümleri önümçilige işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Dokma senagaty ministri S.Batyrowyň işine nägilelik bildirdi. Hususan-da, milli Liderimiz Abadan şäherinde ýerleşýän haly kombinatynyň indi bir ýyl bäri işlemän durandygyny, kärhanany talabalaýyk işletmek babatda degerli çäreleriň görülmeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eger pudak kombinatyň işini ýola goýmagy başarmaýan bolsa, onda ony ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Oňyn başlangyçlary bolan hem-de işewür adamlar bu babatda ýeterlik tejribe toplamak bilen, has kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kärhananyň işini gysga wagtyň içinde ýola goýup bilerler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz ministre dokma pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynda bar bolan meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oňa Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine çenli dokma pudagyndaky kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda doly hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.

DIM-niň geçen iki aýda geçiren işleriniň jemleri we 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi.

Nygtalyp geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna gyşarnyksyz eýerip, Bitarap Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryny häsiýetlendirýän okgunly depgin hem bellenip geçildi, ýanwar-fewral aýlarynda DIM-niň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 82-siniň saparlary amala aşyrandygy muňa şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda biziň ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 78-si daşary ýurtlara iberildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler geçirildi. Geçen iki aýda halkara resminamalaryň 19-syna gol çekilendigi hem habar berildi.

Yzygider esasda geçirilýän daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy maslahatlaşmalar oňyn döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň netijeli işiniň ýardam edýändigi hem bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň dördünji mejlisiniň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň birinji mejlisiniň bolandygy habar berildi. Mundan başga hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň iş duşuşyklary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de ikitaraplaýyn derejede hem, köptaraplaýyn derejede hem abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürjekdigini, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň gerimini yzygiderli giňeltjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2013-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik işgärleriniň öňünde goýlan esasy wezipelere ýene-de ünsi çekdi. Milli Liderimiz ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek, häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny we şertlerini nazara almak bilen gatnaşyklaryň täze netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, degişli döwürde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, şeýle hem daşary ýurtlarda milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barlandygyny belledi. Şu maksat bilen Hindistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna we beýleki birnäçe döwletlere ýurdumyzyň medeniýet, döredijilik işgärleriniň iş saparlary guraldy.

Wise-premýer şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli tutumly işleriň täze döredilýän kinossenarilerde, pýesalarda, romanlarda, powestlerde, iri göwrümli poemalarda çeper beýan edilişini hem-de olaryň kämil many-mazmunly bolmagyny gazanmak, dünýäniň taryhynda müdimilik yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň buýsançly keşbini ebedileşdirmek, ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň medeni keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem geljekde ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda goýuljak heýkelleri, ýerleşdiriljek portretleri seçip almak boýunça döwlet toparlarynyň we bilermenler geňeşiniň düzümi babatda durmuşa geçirilýän guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer Türkmenistanyň DIM-i bilen bilelikde işlenip taýýarlanan, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan täze Internet saýty hakynda habar berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, täze saýt Internetden peýdalanýanlaryň giň topary üçin peýdaly bolar, çünki onda Türkmenistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda Nowruzy baýram etmegiň däp-dessurlary hakynda üç dilde -- türkmen, rus we iňlis dillerinde baý mazmunly we dürli habarlar ýerleşdiriler, şeýle hem bu baýramçylyk bilen bagly bolan ylmy makalalar, suratly habarlar bilen giňden tanyşdyrylar. Täze saýtda şeýle hem halkara Nowruz baýramynyň şanyna biziň ýurdumyzda geçirilýän çäreler hakynda habarlar we reportažlar ýerleşdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de täze habarlar saýtynyň Internete çykarylmagyny makullap, onuň jemgyýetçilik-syýasy we medeni ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan saýt ýurtlaryň we halklaryň dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, şeýle hem bütin dünýäde türkmen halkynyň medeni mirasy bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Medeniýet we sungat boýunça döwlet toparlarynyň we bilermenler geňeşiniň düzümini tassyklamak hakyndaky” karara gol çekip, olaryň durmuşa geçirilmegi medeniýet we sungat ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegini üpjün eder, raýatlarymyzy ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýeleýän täze ýokary çeperçilikli eserleriň döredilmegine ýardam berer diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýerine ýetiren işiniň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, deputatlar ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak hem-de ozal hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy ýakyn günlerde Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on sekizinji maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini, onda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwarynda deputatlar bilen bolan duşuşykda öňde goýan wezipelerine laýyklykda, işlenip taýýarlanan kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna serediler diýip belledi.

Milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu ugurdaky işi yzygiderli dowam etmegiň derwaýysdygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň, kabul edilen ähli giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi alyp barmagyň, deputatlaryň ýerlerde öz-özüňi dolandyryş we ýerli häkimlikler hem-de saýlawçylar bilen ýygjam aragatnaşykda bolmagynyň derwaýysdygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda önümçiligiň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Oba hojalyk ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüp depgini, şeýle hem ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 108,1 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça –105,6 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça-- 104,7 göterime, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy boýunça-- 155,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasy boýunça--102,9 göterime, Azyk senagaty assosiasiýa boýunça--109,8 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça--123,7 göterime deň boldy.

Häzirki wagtda gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatlarda sürüm işleri doly tamamlandy. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri, şeýle hem haşal otlaryň garşysyna göreşmek çäreleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan ýazky oba hojalyk işlerini gysga möhletlerde takyk we guramaçylykly geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Şunda zerur bolan agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Munuň özi bugdaýyň we pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow öz gezeginde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabatda şäher gurluşyk maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz häkimden paýtagtymyzyň binagärlik keşbini, ýaşaýyş-durmuş desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň iki aýynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly çäreleri üstünlikli geçirmek hakynda durmuşa geçirýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekki bol hasylyň binýady bolup durýan ýaz-meýdan işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, senagat hem-de medeni-durmuş maksatly täze häzirki zaman desgalarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz adamlaryň öndürijilikli zähmeti, ýokary derejeli durmuşy we dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň ýerlerde amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamanyň esasyny düzmelidigini aýtdy.

Soňra şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynda işleriň jemleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew çykyş etdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, tutuşlygyna alnanda, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça 2013-nj ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 108,7 göterime barabar boldy.

Geçen iki aýda demir ýol pudagynda daşalan ýükleriň möçberiniň ösüş depgini 122,3 göterime, ýolagçylaryň gatnadylyşynyň möçberi-105,2 göterime deň boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberiniň ösüş depgini 125,1 göterime, ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak boýunça ösüş depgini degişlilikde 102,1 we 100,6 göterime barabar boldy.

Howa ulaglary ulgamynda hasabat döwründe geçen ýylyň derejesine garanyňda, ýük dolanyşygynyň ösüş depgininiň görkezijileri 107,6, suw ulagynda—101,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüş depginini belläp, munuň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlaryny tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyrmagyň netijesi bolup durýandygyny nygtady. Döwletimiz mundan beýläk-de howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek meselesine ilkinji nobatda üns berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem ilata hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmagy belledi. Öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we Internetiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary has giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Gurluşyk, energetika we senagat pudaklarynda geçirilen işleriň netijeleri, şol sanda şu ýylyň iki aýy üçin tehniki-ykdysady görkezijiler, olary has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew habar berdi.

Gurluşyk ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 111,5 göterime barabar boldy. Gurluşyk-gurnama işleri boýunça edilen işler 61 million 373 müň manada deň boldy.

Senagat ministrligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberi geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirenide 128,4 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça bellenilen döwürde öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça görkeziji 108,9 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 112 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,7 göterime, şol sanda, ýol gurluşyk işleri boýunça 113 göterime, ýollaryň bejeriş we abatlaýyş işleri boýunça 232,6 göterime barabar boldy.

Toplumyň pudaklarynyň milli ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetiniň uludygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny has-da ösdürmek, yzygiderli islege eýe bolýan ýokary hilli we dürli görnüşdäki gurluşyk önümlerini çykarýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň energiýa üpjünçiligini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnama toplumlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolýar diýip nygtady. Onuň tapgyrlarynyň her biri kuwwatly elektrik geçiriji ulgamlaryň, häzirki zaman transformator beketleriň, tok paýlaýjy ulgamlaryň, elektrik energiýasyny gös-göni sarp edijilere ýetirýän kärhanalaryň, guramalaryň gurulmagyny öz içne alýar. Täze inženerçilik çözgütleri we işleri häzir hem-de geljekde bu ulgamyň her bir halkasynyň takyk we bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa pudagynyň, şeýle hem balyk hojalygynyň kärhanalarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebiti gaýtadan işlemekde, çalgy ýaglarynyň, benzinleriň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişinde ösüş gazanylandygy bellenildi.

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şeýle hem şu maksatlar üçin ýer bölekleriniň berlişi barada jikme-jik habar berildi. Şol desgalaryň arasynda döwrebap myhmanhanalar, sport we seýilgäh toplumlary bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi. Şolaryň arasynda nebitgaz, himiýa, balyk hojalygy toplumyna ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna, gurluşyk, energetika we senagat toplumyna, ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň döwrebap myhmanhanalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň döwrebap köp ugurly sport toplumy bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjek wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, geljegi uly ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, täze düzümleýin desgalary gurmak babatda işleriň ilerledilmeginiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bularyň ählisi ýurdumyzda ýangyç serişdelerini çykarmagyň möçberleriniň gyşarnyksyz artdyrylmagyny, içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň köp görnüşleriniň öndürilişiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda döredilýän deňiz şypahanasyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri barada durup geçip, häzirki döwürde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap myhmanhanalaryň we şypahanalaryň onlarçasynyň gurlandygyny hem-de olaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini aýtdy. Bu ýerde halkara derejeli şypahana zolagyny döretmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär, halkara derejeli täze howa menzili hem gurlup, ulanmaga berildi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň meşgurlygy ýyl-ýyldan artýar. Bu ýerde halkara maslahatlary hem yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyza gelýän myhmanlaryň, daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýylsaýyn artýar. Ýakyn wagtlarda “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen, şeýle hem Awazada deňiz syýahatçylygynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, bu ýere dynç almaga gelýän adamlaryň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde “Awazada” her ýyl täze myhmanhanalaryň birnäçesiniň açylyp, ulanmaga berilýändigine garamazdan, bu ýere dynç almaga gelýän adamlaryň köpdügi sebäpli, olaryň ählisini bu myhmanhanalarda ýerleşdirmäge ýeterlik mümkinçilik bolmaýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Hojamuhammedowa we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe deňiz şypahanasynda 2-3 müň adam dynç alyp biler ýaly, nyrhlary arzan we ähli amatlyklary bolan uly dynç alyş toplumlarynyň taslamalaryny düzmegi we olary gurmagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu toplumlarda adamlaryň maşgalalary bilen gelip dynç almaklary üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda dynç alýan adamlara ýokary hilli hyzmat edilmelidir, bu hyzmatlar dünýä ölçeglerine laýyk gelmelidir. Şoňa görä-de, syýahatçylyk ulgamy üçin, şeýle hem myhmanhanalarda işlejek hünärmenleri we hyzmat edýän işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap myhmanhanalary we sport toplumlaryny gurmak hakyndaky” karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň jemleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew hasabat berdi. Nygtalyp geçilişi ýaly, durmuşa geçirilýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny depginli ösdürmegi şertlendirýär. Meşhur daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň ösdürilýän özara peýdaly hyzmatdaşlyk hem-de çykarylýan nebitiň we gazyň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy bu örän oýlanyşykly strategiýanyň netijesi bolup durýar.

Wise-premýer nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň netijeleri hakynda çykyş edip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan tematiki meýilnama laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 64 şertnamanyň esasynda işler ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen bir hatarda, möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça ylmy işler geçirilýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty boýunça geologiýa, burawlaýyş, nebitgaz känlerini işläp geçmek meselelerinde, nebiti we gazy çykarmagyň tilsimatlaryna we ekologiýa barlaglaryna degişli 27 sany ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Degişli ylmy işler “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ylmy-barlag geologiýa-gözleg instituty boýunça hem ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlary tarapyndan pudaklaýyn ylmy ösdürmek maksady bilen, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasy ilkinji nobatda, ýurdumyzyň baý ýangyç kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge hem-de milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça yzygiderli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygynyň ýokary hilli nebit önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bu önümiň eksportunyň möçberlerini artdyrmak ýaly möhüm wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň ähmiýetine we innowasion işläp taýýarlamalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu meseläni dowam edip, energetika ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge degişli bolan birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Prezident maksatnamasynda bellenen çärelere laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şu ýyl hem yzygiderli ösmegini dowam edýändigini belledi. Geçen iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 9,2 göterime barabar boldy. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat ýokary depginler bilen ösýär. Geçen döwürde onuň ösüşi 6,9 göterime, gurluşyk pudagynyň ösüşi 17,7 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynyň ösüşi hem 14,2 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary hem ýokary depginler bilen ösýär diýip belledi.

Şol bir wagtda şu döwürde daşary söwda dolanyşygy hem 11,4 göterim, ortaça aýlyk zähmet haklary bolsa 10,4 göterim artdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli binalaryň we desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Bu desgalaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalardyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň umumy bahasynyň 38 milliard amerikan dollaryna golaýlaýandygyny aýdyp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki ösüş depginini saklap galmagyň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, aýratyn-da, welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlara ýüzlenip, häkimler bilen bilelikde ýurdumyzda özgertmeleriň alnyp barlyşyna hemişe berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olaryň esasy wezipesiniň öz gözegçilik edýän pudaklarynda binalaryň we desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlap, ulanmaga bermekden, aýratyn-da, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamany bellenen möhletlerde durmuşa geçirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Bir söz bilen aýdylanda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamalydyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşan ýolbaşçylaryň şu günki edilen tankydy belliklerden degerli netije çykaryp, bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, şu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berer diýip nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlara, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmeginiň ýurdumyz üçin taryhy waka owrülendigini nygtady. Bu waka halk häkimiýetiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny, olaryň türkmen döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda iri jemgyýetçilik guramalarynyň ornuny belledi. Olar milli ruhy gymmatlyklara daýanyp, halkyň has-da jebisleşmegine, jemgyýetçilik esaslaryň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, halkyň baý medeni mirasynyň dikeldilmegine ýardam berýärler, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz bu düzümleriň ösüp gelýän nesli watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere ýaşlary giňden çekmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtap, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň, olaryň agzalary bolan müňlerçe raýatlarymyzyň mundan beýläk-de netijeli işlejekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşýanlaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.