Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasat başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirip biziň ýurdumyzyň ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna mundan beýläk-de netijeli goşulyşmagy boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek bilen, özleriniň işjeňligini ýokarlandyrýarlar. Munuň özi şu ýylyň fewral aýynyň degişli wakalarynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar.
Geçen aýyň möhüm wakalarynyň synynyň başynda, ilkinji nobatda, göni daşary ýurt maýalarynyň möçberleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ilkinji onlugynyň hataryna girendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygyny bellemelidiris. Bu waka halkara işewürler toparlarynyň arasynda giň seslenme döretdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy tarapyndan taýýarlanan “2012-nji ýyl üçin dünýä maýa goýumlary hakynda hasabatda” habar berildi. Şol maglumatlara laýyklykda, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi Türkmenistanda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 15,6 göterimine deň boldy.
Şeýle ýokary netijeler esasan hem daşary ýurtly maýadarlaryň işlemegi üçin amatly durmuş, maliýe-ykdysady, hukuk ýagdaýyny hem-de olaryň bähbitlerine laýyk gelýän maýa goýum ýagdaýyny döretmäge gönükdirilen anyk ädimleriň netijesinde gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň örän bähbitlidigini aýdyňlyk bilen görkezýär.
Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürip, geljegi uly ugurlaryň biri bolan Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirýär. 4-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Antonio Dzanardi Landiniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen italýan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, şol sanda iki dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň köpugurly kuwwatyny we ileri tutulýan mümikinçiliklerini nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugurlary boýunça, şol sanda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda emele gelen oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berdi.
Şeýle hem fewral aýynyň başynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesinde we Türkmenistanyň Hökümetinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri baradaky gürrüň dowam etdirildi. Olaryň barşynda durmuş-ykdysady ösüşiň birsyhly ýokary depginlerini saklaýan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga Italiýa Respublikasynyň uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtap, jenap Antonio Dzanardi Landi türkmen we italýan halklarynyň barha depginli ösüş häsiýetine eýe boýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy.
Sporty ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek biziň ýurdumyz üçin halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Fewral aýynyň başynda Germaniýanyň Kýoln şäherinde geçirilen “Spoga horse” atçylyk sportunyň halkara sergisine Türkmenistanyň ilkinji gezek gatnaşmagy dünýäniň atçylygynyň ýagdaýyny we geljegini görkezýän abraýly gözden geçirilişiň maksatnamasynda ähmiýetli waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, munuň özi dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň we işewürleriniň ünsüni türkmen atçylygynyň kuwwatyna çekmek babatda uly üstünlige eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan milli ekspozisiýada Türkmenistanda häzirki wagtda atçylygyň okgunly ösýändigi aýdyň görkezildi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz bu ulgamda umumy ykrar edilen dünýä merkezine öwrülýär.
Serginiň işiniň barşynda türkmen wekiliýeti halkara assosiasiýalaryň, atçylyk ulgamynda we atçylyk sportunda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de firmalarynyň, hususan-da, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Gollandiýa, Norwegiýa,
Türkiýe, Argentina, Hytaý, Pakistan, Hindistan ýaly ýurtlaryň kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerini üpjün etmäge işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry bolup durýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmek Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan BMG-ny ählumumy gatnaşyklaryň häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, halkara giňişliginde parahatçylygy we deňagramlylygy saklamagyň, howpsuzlygyň durnuklylygyny üpjün etmegiň kepili hasaplaýar.
Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işi BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk esasynda, onuň syýasy-diplomatik gurallarynyň esasynda amala aşyrylar. Bu Maksatlar 2015-nji ýyla çenli döwür üçin dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek üçin ählumumy maksatlara we ösüşiň wezipelerini kesgitlemek zerurlygy ýüze çykdy.
2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş maksatnamalaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça Milli geňeşmeler meýilnamasyny taýýarlamak meseleleri Türkmenistan-BMG bilelikdäki iş toparynyň duşuşygynyň gün tertibine girizildi. Bu duşuşyk 5-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar – BMG-niň degişli düzümleriniň, iş toparynyň düzümine girýän Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri Milli geňeşmeler meýilnamasynyň ähli bölümlerini ylalaşdylar, şeýle hem ilatyň dürli gatlaklaryndan ybarat bolan üns berilýän toparlaryň düzümini we geňeşmeleri geçirmegiň usulyýetini tassykladylar. Meýilnama laýyklykda, Milli geňeşmeleri geçirmek 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlanar we iýun aýynda tamamlanar.
6-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň başlyklarynyň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň wekiliýetleri ozal gazanylan ylalaşyklaryň ilerledilişini ara alyp maslahatlaşyp, iki dostlukly ýurduň ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Bu Toparyň ikitaraplaýyn iş duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň Russiýa Federasiýasy tarapyndan başlygy A.W.Dworkowiç wekilçilikli rus wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.
7-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çeh we iňlis dillerinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ginek Peýhanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyza geldi. Şol gün bu wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiri bilen tanyşdyryş dabarasynyň bolandygyny ýatlatmalydyrys. Bu duşuşygy biziň ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy guradylar. Bu waka Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň birek-birege hormat goýmak ýörlegesine esaslanan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukuklylyga, ösüşe we rowaçlyga bolan birmeňzeş hyjuwa üýtgewisiz ygrarlylygyny nobatdaky aýdyň nyşany boldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam etdirip, 7-nji fewralda Türkmenistanyň hökümetinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary hanym Linn Treýsi bilen geçirilen duşuşyklaryň gün tertibine ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň girizilendigini bellemelidiris. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ynsanperwer ugurlarda we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
11-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekili jenap Saber Azam bilen geçirilen duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralary bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy.
12-nji fewralda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky gazanylan ylalaşyga laýyklykda, bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus Mundus Hereket 2 CANEM – Central Asian Network of Economics and Management” taslamasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi.
15-nji fewralda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda geçirilen okuw maslahaty hukuk ulgamynda netijeli türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. Halkara bilermenleri we türkmen hukuk öwrenijileri okuw maslahatyna gatnaşyjylara awtorlyk hukugynyň, onuň usulyýet we amaly meseleleriniň umumy düzgünleri bilen tanyşdyrýan çykyşlary hödürlediler.
Hususan-da, GIZ-iň bilermenleri –sebitleýin taslamanyň direktory, Berlin şäheriniň administratiw kazyýetiniň kazysy jenap Ýorg Pudelka, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kil şäheriniň uniwersitetiniň professory Lado Çanturiýa, şeýle hem haryt belgileri boýunça bilermen hanym Nigina Negmatullaýewa hukuk ulanmak tejribesi ulgamynda halkara tejribesi barada çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “Türkmen diplomatiýasynyň täze sepgitleri” atly maslahat ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň 18-nji fewralda bellenilen gününe bagyşlandy.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ählumumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, iri abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.
20-nji fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüşiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça Milli geňeşmeleriň Meýilnamasyny amala aşyrmaga girişýändigi aýdyldy. Türkmenistan – BMG iş toparynyň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt žurnalistleriniň sowallaryna jogap berdiler. Metbugat maslahatynyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins 2015-nji ýyldan soňky döwre degişli ählumumy maksatlary we wezipeleri kesgitlemek boýunça meýilnama bilen žurnalistleri tanyşdyrdy.
Bellenilşi ýaly, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dünýä bileleşigini tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlnmagyna işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyz dünýäniň beýleki döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga degişli meselelere täzeçe we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan oňyn we iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere esaslanýan syýasatyň amala aşyrylmagy Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna dolulygyna laýyk gelýär.
Şondan bir gün geçenden soň, 21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Azýiýadaky sebitleýin wekilhanasynyň baştutanynyň orunbasary jenap Ihtiýar Aslanow bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýeti daşary ýurt maýadarlary üçn örän özüne çekiji bolup durýar. Munuň şeýledigini türkmen we daşary ýurtly ykdysadyýetçileriň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Saud Arabystany Patyşalygynyň hususy işewürliginiň wekilleriniň arasyndaky halkara duşuşyklarynyň sanynyň yzygiderli artýandygy hem tassyklaýar.
20-nji fewraolda türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň birinji mejlisi boldy, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesini, şol sanda ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tewfik ben Fewzan Al-Rabiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgadaba geldi.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda toparyň agzalary hyzmatdaşlyk babatda örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmelidigini we ösdürilmelidigini nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda söwda-ykdysady ugur, nebitgaz pudagy, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen anyk ädimler kesgitlenildi.
20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň fewral aýynda Aşgabatda geçirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Fatih Jeýlan bilen bolan duşuşykda taraplaryň köpden bäri gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklary bellenildi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, taraplaryň netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda dowam etdirmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.
21-nji fewraldan 23-nji fewrala çenli Aşgabadyň Sergi köşgünde esasy türk kompaniýalarynyň 70-den gowragy – önüm öndürijiler we haryt iberijiler, ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän, geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny berkitmäge çalyşýan kompaniýalar, şeýle hem Türkmenistan bilen netijeli hyzmtadaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän işewürler özleriniň eksport kuwwatyny dolulygyna görkezdiler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi tarapyndan “Meridyen Fuarçelik” türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda guralan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergä gatnaşmak üçin şu ýurduň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mustafa Seweriň ýolbaşçylygynda 136 wekilden ybarat türk wekiliýeti Aşgabada geldi.
Her ýyl geiçrilýän ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezip, ähli ugurlar boýunça netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy.
26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň gümrük we söwda ministriniň orunbasary jenap Mehmet Güzeliň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususan-da, gümrük ulgamynda we halkara derejesinde ýük daşalmagyny amala aşyrmakda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.
Türk wekiliýetiniň agzalary ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, olaryň iki ýurduň we tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýändigini kanagatlanmak bilen bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň deňhukuklylyk, uzakmöhletlilik esasynda guralýan ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, ozal gazanylan ylalalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem iki dostlukly ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we kuwwatyny nazara almak bilen, oňyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VII ýöriteleşdirilen sergisiniň işiniň barşynda bu dostlukly ýurduň söwda-ykdysady kuwwaty dolulygyna görkezildi. Bu sergini “Pars Pegah Tejarat” sergi kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady.
Sergä önüm öndüriji kompaniýalaryň hem-de gurluşyk serişdelerini we enjamlaryny, ulag serişdelerini we ätiýaçlyk şaýlary, dag-magdan we himiýa önümlerini, dokma önümleri, azyk harytlaryny, bezeg ösümliklerini we beýlekileri getiren kompaniýalaryň onlarçasy gatnaşdy. Olar sergä hünärmen – işläp taýýarlaýjylaryň, menejerleriň, bilermenleriň 220-den gowragyny iberip, işewür hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge uly isleg bildirdiler, täze teklipleri we taslamalary hödürlediler.
Serginiň açylan gününde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary jenap Ali Saidlu Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi. Şonda ozal gazanylan ylalaşyklary we iki ýurt üçin ileri tutulýan gurularda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary jenap Knut Wollebek bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda umumy gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlaryň ählisi boýunça Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyldy.
Geçen aýyň esays wakalary baradaky synymyzy jemläp, ýokarda agzalyp geçilen wakalaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri syýasatyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çalt goşulmagyny üpjün etmäge, dünýäniň ähli döwletleri bilen, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyndaky döredijilikli başlangyçlarynyň aýdyň beýanyna öwrülendigini bellemelidiris.