Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanda ýapon medeniýetiniň hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan bu cäre gumanitar ulgamda işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm halkasy bolup durýar hem-de dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, birek-biregi gowy tanamagy maksat edinýär.
Parahatçylygy üpjün ediji daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan Ýaponiýa bilen däp bolan dostluk gatnaşygyny pugtalandyrmaga, özboluşly ýapon tejribesini we bütin dünýäde belli bolan öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmaga uly ähmiýet berýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň netijeli işi munuň tassyklanmasydyr, bu komitetiň işi özara bähbitleri nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ýaponiýada Türkmenistanyň wekilhanasyny açmak barada häzirki wagtda alnyp barylýan iş hem iki ýurduň dostluk we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.
Biziň halklarymyzyň birek-biregiň ruhy durmuşyna işjeň gyzyklanmagy iki döwletiň gatnaşyklarynyň möhüm şertidir, munuň özi gumanitar gatnaşyklaryň çuňlaşmagyny hem maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň ýapon diline terjime edilmegi hem Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşine, halkymyzyň medeniýetine ýaponlaryň gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda professor Ýoşiaki Sasaki ýapon diline terjime edilen we Ýaponiýada neşir edilen «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» atly kitabyň nusgasyny türkmen döwletiniň Baştutanyna gowşurdy.
Diňe geçen ýylda türkmenistanlylary dostlukly ýurduň gadymy medeniýeti bilen tanyşdyran bilelikdäki çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda tuş bilen surat çekmegiň ýapon usulyny görkezmek, milli ýapon aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlamak, ýapon filmleriniň görkezilişi bar. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşyklar we ýapon medeniýetiniň gününi geçirmek däbe öwrüldi.
Türkmenistanda ýapon medeniýetiniň şu hepdeligi hem däp bolan cäredir we bu çäräniň ýaz paslynyň başynda geçirilmegi tötänleýin däldir. Mälim bolşy ýaly, ýaponlara tebigatyň duýgularynyň güýjemegi mahsusdyr, bu tebigatyň keramatlaşdyrylmagyna esaslanýar we şonuň üçin hem pasyllaryň çalyşmagy bakylygyň, dünýäniň kemala getirilmeginiň üýtgewsizliginiň subutnamasy hökmünde kabul edilýär. Ýaponiýada bahar ajaýyplyk bilen bir hatarda, oňa kalbyň aýratyn ýagdaýy hem mahsusdyr, gül açýan sakuranyň keşbi onuň beýany bolup durýar. Milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň ornuna çuňňur düşünmek kämillige tarap okgunly ymtylyş halklarymyzy birleşdirýän esasy häsiýetdir we şonuň üçin hem uzakda ýerleşýändigimize garamazdan, biz köp meseleler boýunça umumy dil tapýarys we özara düşünişýäris.
Bu çäräniň açylyş dabarasy «Watan» kinokonsert merkezinde boldy. Oňa Medeniýet ministrliginiň, türkmen paýtagtynyň jemgyýetçiliginiň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, talyplar, şeýle hem ýapon medeniýetiniň köpsanly muşdaklary gatnaşdylar.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Misuro Horiguçi dabara gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi, ol häzirki çäräniň iki halklaryň özara düşünişmegini we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda we gumanitar gatnaşyklaryň giňelmeginde ähmiýetini belledi.
Ýapon medeniýetiniň hepdeligi ýapon filmleriniň festiwaly bilen açyldy. Onuň maksatnamasyna ýapon kinematografiýaçylarynyň dürli ýyllarda döreden we ýapon jemgyýetiniň durmuşy, däp-dessurlary we urp-adatlary bilen tanyşdyrýan çeper hem-de dokumental filmler goşuldy.
Ýapon medeniýetiniň hepdeliginiň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, ýapon režissýory Sinobu Ýagutiniň «Ýüzüjiler» hem-de Kabuki teatrynyň gadymy we özboluşly sungatyna wekilçilik edýän, aýdymyň, sazyň, tansyň hem-de dramanyň utgaşmagyny özünde jemleýän görnükli aktýoryň, başarjaň kino goýujynyň we bezeýjiniň döredijiligine bagyşlanan «Kabukiniň aktýory—Içikawa Ennosuke» diýen dokumental film görkezildi.
Kino sungatynyň muşdaklaryna režissýor Kindzi Fukasakunyň «Günä ýassygy» atly doly göwrümli çeper filmi hem görkezildi. Film adamlaryň özara gatnaşyklary, hoşniýetliligiň we söýgüniň dabaralanmagy hakynda gürrüň berýär.
«Watan» kinokonsert merkeziniň eýwanynda Ýaponiýanyň şu günki güni hakynda gürrüň berýän žurnallar goýuldy. Bu ýerde ýaş ýaponlaryň çeken suratlary ýerleşdirildi, olar 2011-nji ýylyň martynda bu ýurt weýrançylykly ýer titremäni başdan geçirende ýaponiýa edilen goldaw we kömek üçin dünýäniň ähli halklaryna hoşallyk bildirmek taglymy birleşdirýär.
Ýapon kinofilmleri «Watan» kinokonsert merkezinde iki günüň dowamynda görkeziler.
Hepdeligiň maksatnamasy köpdürlüdir we Ýaponiýanyň däp bolan çaý içişlik dabarasyny (sado) we gül çemenini taýýarlamagyň gadymy ýapon sungaty bolan ikebanany görkezmegi özünde jemleýär. Bu çäreler Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 13-14-nji martda geçiriler. Bu çäreleri geçirmek üçin professor Midori Ýamada we onuň kärdeşi-professor Ikenobonyň Moskawadaky şahamçasynyň prezidenti Galina Dawidenko Aşgabada geldi.
Ikebananyň «So-Katoku» professory (Ikenobo mekdebiniň professorynyň ýokary derejesi), Omoto Senke mekdebiniň çaý dabarasynyň we Ýaponiýanyň sumi žiwopisiniň ussady Midori Ýamada ýapon medeniýetiniň işjeň wagyzçysydyr. Ol Ikenobonyň Russiýadaky we GDA ýurtlaryndaky Ikebana şahamçasyny esaslandyryjydyr we onuň prezidentidir, Ýaponiýanyň «Günüň dogýan ýurdy, altyn we kümüş şöhleleleri» diýen ordeniniň eýesidir. Midori Ýamada ikebana baradaky okuw kitabynyň awtorydyr, ýapon nusgawy eserleriniň meşhur terjimeçisidir, indi 20 ýyl bäri dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryny medeniýetiň üsti bilen ýakynlaşdyrmak ýaly möhüm işi alyp barýar.
Biziň ýurdumyza üçünji gezek gelýän professor öz kärdeşi bilen ýapon medeniýetiniň çemen taýýarlamagyň däp bolan ýapon sungatynyň taryhy, usullary we ugurlary hakynda gürrüň berip, türkmen tomaşaçylaryna öz ussatlyklarynyň käbir syrlaryny açarlar. Olar şeýle hem däp bolan ýapon çaýyny taýýarlamagyň usulyny görkezerler.
Ýapon medeniýetiniň hepdeliginiň çäklerinde D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda birnäçe çäreler geçiriler. 11-nji martda ýapon dilini öwrenýän gündogar dilleri we edebiýaty bölüminiň 2-4-nji ýyl talyplary suwhangöýlük sungatynyň bäsleşigine gatnaşarlar. Şu ýyl bu däp bolan bäsleşik «Ýapon dili» hünäri boýunça ýokary okuw mekdebiniň ilkinji uçurymlary bolan ýaş mugallymlar tarapyndan taýýarlanyldy. Ýapon dilini düýpli öwrenmek we onda erkin geplemegiň endiklerini ösdürmek, şeýle hem türkmen talyplaryna dostlukly ýurduň taryhy we medeniýeti barada bilim bermek bäsleşigiň maksady bolup durýar.
Şu ýerde14-nji martda professor Midori Ýamada çemen taýýarlamagyň ýapon sungaty boýunça ussatlyk okuwyny geçirer.
12-nji martda B.Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kagyzdan şekiljikleri döretmegi özünde jemleýän Ýaponiýanyň amaly-haşam sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolan, kagyzdan şekiljikleri döretmekden ybarat bolan Origami boýunça sapak berler.
Mahlasy, ýapon medeniýetiniň Türkmenistandaky hepdeligi aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň sungatynyň ajaýyp öwüşgini, özboluşly urp-adatlary we däp-dessurlary, medeniýet babatda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, häzirki eýýamda üstünlikli ösýän dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň, şol sanda gumanitar ulgamynda nobatdaky aýdyň subutnamasy bolar.