Haçan-da gyzjagaza näme sowgat etmeli diýen sorag ýüze çykanda, uzak pikirlenip durman – elbetde gurjak diýip pikir edýärsiň. Gyzjagazlar gurjaklary görenlerinde elmydama şatlanýarlar, olar gurjak oýnanlarynda özlerini ene ornunda goýýarlar. Hçan-da gyzjagaz sallançakda öz „çagasyny“ üwrände gülmän durup bolanok. Ol oňa özlerine düşnikli dilde hüwdi aýdyp berýär, gowy görýän gurjagyny naharlandyrýar, suwa düşürýär. Gyzjagaz ulaldygy saýy gurjagyň ornuna başga zatlar gelýär, gyzjagaz eline sapakdyr iňňe alyp, eziz görýän gurjagyny bezeýär. Gurjaga bolan söýgi ýyllar boýy dowam edýär, hat-da gyzjagazlaryň özleri eje bolanlarynda hem bu ýagdaý dowam edýär. Çünki gurjaklaryň ornuna ölaryň öz çagalary gelýär...
... Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasibetli geçiriljek sergä taýýarlyk görülýärdi. Däp bolşy ýaly, her ýyl geçirilýän, iň owadan we ýatda galyjy bu sergä gatnaşyjylar diňe zenanlardan ybaratdy. Men görkezmek üçin taýýarlanan näzik zenan ellaeri bilen döredilen suratlary, ofortlary, owadan gobelenleri, zergärçilik we keramiki önümleri, eli adaty däl ýükli basgançakdan galyp barýan ýaş aýaly synladym. Iki sany uly göwrümli gapda parahat ýatan adaty däl gurjaklar öňde duran wakalara garaşýardy. Bu döredijilik toplumynyň hemmelerde uly täsir galdyrandygyny, sergi eksponatlaryny guramaga gatnaşanlar barada aýtmak hökmanmy.
Radmila Guseýnowa öz gurjaklaryny usullyk bilen gapdan çykardy hem-de olary seresaplyk bilen tekjäniň üstünde goýdy. Ahyryn-da gurjaklaryň ählisi häzirlikçe sany az bolan toamaçylaryň öňünde goýuldy. Ýöne bular adaty oýnawaç bolamn hakyky gurjaklardy, olar ajaýyp sungat eserleridi. Biziň öňmüzde dýnýäniň dürli halkalarynyň milli eginbaşyndaky zennan wekilleri, Ýewropanyň „ýokary gatlagynyň“ owadan gelinleri, ertekilerde duş gelýän daglary goraýjy, köşk tansçy gyzy, patyşanyň hyzmatkär gyzy ... durdylar.
Keşpleriň ählisini Radmilanyň özi oýlap tapdy hem-de olary durmuşa ornaşdyrdy. Çaglaykda onuň mahmaldan taýýarlanan syçanjyk, masgarabaz, itjagaz ýaly oýnawaçlary örän köp bolandygyna garamazdan, bu adaty däl zatlary onuň özüniň ýasasy geldi. Şonuň üçin hem ol eline reňkleri, çotgalary , plastilini ýygy-ýygydan alýardy hem-de öz göz öňüne getirşi ýaly surat çekerdi, nämedir bir zatlary ýasardy. Ol şeýle oýnardy. Bu çaga oýunlary we owadan oýnawaçlary ýasamaga çalyşmagy uzak wagtlap dowam etdi. Soňra, haçan-da ol ulalanda, arzuw etmäge wagt tapylmady – maşgala, çagalar, öý hojalyk aladalary ýetik boldy... Ýöne bir sapar, Radmilanyň ukyp-başarnigini bilmek bilen, onuň tanyş gyzy Russiýa sowgat hökmünde äkitmek üçin milli türkmen lybasyndaky gurjaklary taýýarlamagy haýyş etdi. Bu babatda şowlulyga garaşmasa-da Radmila iş başyna geçdi. Haýran galaýmaly – ilkinji owadan gurjak emele geldi. Şunuň bilen hem gurjaklaryň sany barha artyp başlady. Ilkinji gaüanylan üstünlikden soň ol saklanyp bilmedi. Söňra ýene-de bir gurjak döredi – bu şeýdip hem dowam edip gitdi. Häzirki äagtda gurjaklaryň sany onlarça ýetdi. Ýöne Radmila wagtyň geçmegi bilen gurjaklaryň görnüşleriniň we keşpleriniň dürli-dürli boljakdygyna uly ynam bilen garaýar. Öý işelriniň ählisini edip bolandan soňra we çagalaryny ýatyrandan soňra Radmila öz iş stolunyň başyna geçýär. Oňa bu ýerde önuň söýgüli işi – häzirki wagtda amala aşýan hem-de oňa kanagatlanma duýgusyny berýän çagalykda arzuw eden durmuşy garaşýardy.
örän näzik bolýarlar. Olar plastilinadan we italýan toýnundan ýasalýar. Olary öndürmek boýunça degişli bolan zatlaryň ählisi ulanylýar. Geljekki gurjaklar üçin gereklei enjamlaryň üsti Radmilanyň işi bilen tanyş bolan adamlaryň kömegi netijesinde ähli zatlar bilen ýetirilýär. Kimdir biri bilezigiň bölegini, beýlekisi – owadan iligi, berçinlemäni, gulpjagazy, adaty bolmadyk matanyň bölejigini getirýär. Netijede bolsa çeper ellerde hiç bir zat zaýa bolmaýar. Aýakgapdan bölünip aýrylan her bir gaýyş güljagaz üýtgeşik baş gaby, çagalar kurtkasynyň bölejik ýüňi – meşhur aýdymçynyň geň-enaýy owadan boasy bolýar, döwülip daşy galan gulakhalka gelniň täjinde ýalpyldaýar, özboluşly türkmen lybasyndan bolsa, gurjagyň bütin egin-eşigi tikilýär. .
Bu Radmilanyň gatnaşýan ilkinji sergisidir. Elbetde, ol bir azajyk tolgunýar. Sebäbi ol özüniň „Tüýs ýürekden“ diýip atlandyran öz gurjaklar toplumyny sergide hemmelere görkezýär. Ol owadanlyk, näziklik, zenan ýumşaklygy bilen öz işleri arkaly zenanlary wasp edýär. Öňde durmuşda hökaman amala aşyrylmaly uly göwrümli oýlanmalar kän. Bize – tomaşaçylara bolsa, onuň ussatlygyna guwanyp, bu zenanyň döredýän owadanlygyna, söýgüsine şatlanaýmak galýar.