Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Golýazmalar – milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan we geçirilen bu wekilçilikli ylmy maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 40-a golaý ýurdunyň gumanitar ugur boýunça alymlary türkmen topragyna ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda “Golýazmalar – milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahatynyň ýurdumyzda ylmy yzygiderli ösdürmekde, türkmen halkynyň baý ruhy we maddy mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmekde, dünýäde wagyz etmekde wajyp ähmiýetlidigi bellenildi. Türkmen döwletiniň baştutany şu ugurdaky çäreleri halkara ylmy gatnaşyklarda we döwrebap maglumatlar tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak arkaly işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Her bir taryhy döwür medeni hyzmatdaşlygyň häsiýetini we durmuşdaky ähmiýetiniň derejesini özüçe kesgitleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň medeniýetleriň gatnaşygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryny işjeň ýagdaýda geçirýän merkeze öwrülmegi kanuna laýyk ýagdaýdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baştutanlyk etmeginde halkymyzyň hakyky taryhyny dikeltmek we öwrenmek boýunça işler giň gerim bilen alnyp barylýar, taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak, ony giňden wagyz etmek bilen bagly wezipä bolsa, döwlet derejesinde ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar.
Halkara ylmy maslahatyň maksady hem hut şu ugra gönükdirilendir. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabatda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bilen birlikde gündogary öwreniji taryhçylar, dilçiler, medeniýeti, etnografiýany we sungaty öwrenijiler, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri, dünýäniň iri ylmy we medeni merkezleriniň hünärmenleri, şeýle hem golýazma görnüşindäki mirasy öwrenmegi ugur edinýän ylmy jemgyýetçiligiň başga-da köp sanly abraýly wekilleri ýygnandylar. Olaryň köpüsi türkmen alymlary bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak boýunça uly möçberli çärä işjeň gatnaşýar.
Ylmy maslahatyň işi “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe golýazma çeşmeleriniň öwrenilişi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri”, “Golýazmalar edebiýaty, dili we milli mirasy öwrenmegiň ygtybarly çeşmesidir”, “Taryhyň syrly sahypalary we golýazma eserleri”, “Golýazmalary abat saklamagyň häzirki zaman mümkinçilikleri we innowasion tejribeler”, “Golýazmalar: kataloglaşdyrmagyň we ylmy teswirlemegiň möhüm meseleleri” atly bölümleriň bäşisinde geçirildi.
Maslahatda bölümler boýunça mejlisleriň işiniň barşynda habarlaryň we çykyşlaryň 150-den gowragy diňlenildi. Alymlar golýazma görnüşindäki mirasyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine, onuň Türkmenistanyň we tutuş Orta Aziýanyň taryhyny we filosofiýasyny, dil bilimini we edebiýaty, lukmançylygy, sungaty we binagärligi öwrenmekdäki ornuna we ähmiýetine bagyşlanan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ylmy çykyşlaryň agramly bölegi golýazma görnüşindäki mirasy öwrenmekde, abat saklamakda we tertipleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda arhiwleriň we golýazma saklanýan uly merkezleriň hünärmenleri öz tejriebeleri barada gürrüň berdiler. Golýazma ýadygärlikleriniň, seýrek duşýan kitaplaryň, arhiw resminamalarynyň çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmegine, olaryň asyl nusgada we başga dillere terjime edilen görnüşinde neşir edilmegine ýardam berýän bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýdäk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler dürli döwletleriň arhiwlerinde we kitaphanalarynda saklanýan golýazmalaryň haýsydyr bir döwletiň ýa-da halkyň baýlygy bolmak bilen çäklenmän, umumy adamzat medeniýetine-de degişlidigini we hut şoňa görä-de, belli bir halkyň taryhyny we medeniýetini öwrenýän alymlar we ylmy barlaglar üçin elýeterli bolmalydygyny aýtdylar.
Käbir çykyşlar golýazmalary çeperçilik taýdan bezemegiň sungatyna bagyşlandy. Köp sanly ýurtlaryň toplumlarynda saklanýan ajaýyp golýazmalar şol bir wagtyň özünde hakyky sungat eserleri bolup durýar. Hatdatlaryň, göçürijileriň, sahaplaýjylaryň we suratkeşleriň tagallasy bilen, Jelaleddin Rumynyň, Abu Reýhan Biruniniň, Rudakynyň, Ferdöwsiniň, Nyzamynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki ajaýyp şahyrlaryň we akyldarlaryň beýik eserleri nesilleriň genji-hazynasna öwrüldi.
Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň, türkmen golýazma mirasynyň dünýäniň medeniýetleriniň toplumlarynyň ulgamyndaky gymmatynyň wagyz edilmegine aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar Aşgabadyň ylmy we medeni merkezlerine, muzeýlerine baryp gördüler hem-de türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen tanyşdylar, olara häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň giň gerimlidigine we çuňňurdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik döredildi.
Türkmen topragy alymlarda ýakymly täsir galdyrdy, munuň özi olaryň iki günläp dowam eden halkara maslahatynyň ýapylyş dabarasynda eden çykyşlarynyň mazmunyna hem öz täsirini ýetirli. Ýygnananlar türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň çuňňur öwrenilmegine, ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi pugtalandyrmagyň hatyrasyna halklaryň we olaryň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna ýardam berýän netijeli ylmy gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini biragyzdan bellediler.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata-babalarymyzyň medeni mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we wagyz etmekde, ylmy-barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, beýleki ýurtlaryň esasy hünärmenleriniň hyzmatdaşlyk etmäge çekilmegine ýardam berýän giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda hem-de oňaýly içerki syýasy ýagdaýy döretmekde aýratyn ornunyň bardygyny bellediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylmyň we medeniýetiň batla depgin bilen ösdürilýändigi, milli gymmatlyklar we olaryň dünýä ölçegleriniň ulgamyndaky ähmiýeti baradaky düşünjäniň baýlaşýandygy bellenildi. Medeniýetleriň plýuralizminiň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetleriniň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşindäki beýik gymmatyna düşünmekde öz beýanyny tapýan ýörelgesi bilen baglylykda, “Golýazmalar – milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahatynyň geçirilmeginiň wajyp ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.
“Golýazmalar – milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlandan soňra, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Alymlar türkmen döwletiniň Baştutanyna halkara ylmy forumynyň ýokary derejede guralyp, göwnejaý geçirilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, ruhy mirasyň genji-hazynasynyň geljekki nesiller üçin aýawly saklanmagyna we baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we beýik işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.