Ï “Nowruznama” - täze zamananynyň nurana kitaby
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Nowruznama” - täze zamananynyň nurana kitaby

view-icon 2877
Türkmen okyjylary, şeýle-de halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçiriljek iri möçberli dabaralara gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelýän myhmanlara ajaýyp sowgat bolan täze kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça neşir edildi. Ol bu gadymy baýramyň döreýiş taryhyna we bahar aýynda bellenilýän täze ýyl däp-dessurlaryna bagyşlanýar.

“Nowruznama” ady bilen okyjylar köpçüligine gowşan bu kitap Türkmenistanyň belli alymlarynyň – taryhçylaryň, dilçileriň we etnograflaryň, şeýle hem ýurdumyzyň žurnalistleriniň we jemgyýetçilik işgärleriniň bilelikdäki zähmetidir. Onuň sahypalarynda asyrlaryň we müňýyllyklaryň çäksiz baýlyklary we täsin wakalary beýan edilýär. Nowruz biziň döwrümizde hem adamlara mähir, gözellik, hoşniýetlilik we şatlyk paýlaýar.


Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen bu baýramy halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, dostluk - doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ündeýän nurana baýram hökmünde belläp geçmäge çagyrdy.

Taryhy çeşmeler we arheologiýa maglumatlar Nowruzyň (“ Täze gün “, “Täze ýyl”) ilkinji gezek gadymy dünýä dininiň - zoroastrizimiň dörän ýerinde baýram edilendigine şaýatlyk edýär. Alymlar tarapyndan eýýäm oduň we suwuň ilkinji protozoroastriýsk ybadathanalarynyň Türkmenistanyň çäginde, has takygy, Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşendigi baradaky maglumatlar tapyldy. Ahuramazdadan täzeligi ilkinji gezek pygamber Zaratuştra ýa-da Zoroastr alypdyr. Biziň beýik ata-babamyz bolan ol pygamberi gadymy grek we rim ýyl ýazgylarynda şeýle atlandyrypdyrlar. Adamzadyň taryhynda ilkinji dünýä dini hem onuň ady bilen baglanyşdyrylýar.

Hut Zaratuştranyň özi Täze ýyl baýramçylygyny ýazky gije-gündiziň deňleşýän gününe gabat getirdi. Bu baýram baky ýaşaýşyň baýramy bolmak bilen kalbyňy joşdurýan täzeleniş güýjüne öwrüldi. Türkmen halky gadymyýetden bäri ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepaly bolup, bu baýramçylygy giň gerimde dabaraly ýagdaýda belleýär.

Nowruz gadymýetden bäri topraga bereket gelmegini, tebigatyň täzelenmegini alamatlandyryp, döredejilik güýjüni özünde jemleýär. Ol halkymyzyň medeniýetiniň dürli görnüşlerini we keşbini, edim-gylym kadalaryny, halk heňlerini, dilden-dle geçýän halk döredijiligini, tanslary hem-de milli toý tagamlaryny özünde jemleýär. Bularyň ählisiniň halkymyzyň gaýtalanmajak däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýandygy barada täze kitapda gürrüň berilýär.

baýramçylyk däp-dessurlary ekerançylyk bilen bagly bolup, tebigatyň janlanmagyny, adamyň Ýer ýüzündäki ornuna düşünmegi, halkyň daşky gurşaw bilen aragatnaşygyna bolan nukdaýnazaryny özünde jemleýär. Emma biziň parasatly ata-babalarymyz diňe bir synçy bolmak bilen çäklenmändir. Olar diňe Hudaýa çokunmak we gurban etmek bilen çäklenmän, tebigatyň dilini tapmaga, onda bolup geçýän hadysalaryň manysyna düşünmäge, daşky gurşaw bilen gatnaşyga girip ýaşamaga çalşypdyr. Şeýlelikde, biziň häzirki döwrümizde hem özüniň ajaýyplygyny ýitirmeýän däp-dessurlar döräpdir.

bolup gelýän halk medeniýetinde baýramçylyk, şadyýanlyk, dynç almak hiç wagt hem bikärlik hasap edilmändir. Olar örän möhüm jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolup, çuňňur many-mazmuna ýugrulypdyr. Adam onda özüni şol bir wagtyň özünde aýratyn şahsyýet hem-de köpçüligiň agzasy hökmünde bir bitewi uly maşgalanyň wekili hasap edipdir.

ýaşaýşynyň dünýäsini aňladýan şeýle durmuş halk döredijiliginde şöhlelendirilip, estetiki taýdan öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, asyrlaryň dowamynda türkmen sungaty täze bilimler we gözýetimler bilen çäksiz baýlaşypdyr. Kitapda biziň günlerimize çenli gelip ýeten Nowruz baýramy, şeýle hem mähriban tebigatyň gözel keşbi, onuň bahar paslynda gül açmagy bilen baglanyşykly halk döredijiliginiň nusgalary öz beýanyny tapýar. Olar bolsa öçmez-ýitmez hekaýatlarda, nusgawy şahyrlaryň eserlerinde şöhlelendirilýär. Nowruz biziň döwrümiziň edebiýatçylaryny, suratkeşlerini hem ruhlandyrýar. Sebäbi onuň esasynda döredijilik filosofiýasy ýatyr.

Kitap gadymy tematiki şekiller, häzirki zamanyň belli suratkeşleriniň ajaýyp eserleri bilen bezelipdir. Suratkeşleriň bir topary taryhy çeşmeler boýunça Nowruzy beýan edýän görnüşi ýörite döredipdirler.

adam bilen deňeşdireniňde ägirt uly älemdir. Emma ruhy taýdan täzelenmek, päklenmek duýgulary örän gadymy döwürler bilen baglanyşyklylykda daş-töweregi gurşap alýan bahar tebigatynyň görnüşi bilen ynsany has ýokary belentliklere çykmaga çagyrýar. Hut şu gylyk-häsiýetler türkmen halkynyň ähli nesilleriniň bahasyna ýetip bolmajak mirasynda şöhlelendirilýär.

Täze neşir okyjylara bu ajaýyp mirasyň däp-dessurlarynyň gözelligine has çuňňur göz ýetirmäge, Nowruzyň many-mazmunyna aralaşmaga mümkinçilik berer. Bu gadymy we müdimi juwan baýram Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşgine eýe bolýar. Türkmen halky Nowruz baýramy ýaly gadymy ajaýyp däp-dessurlaryny üýtgewsiz ýörelge edinip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.