Ï Owadan we ajaýyp hakyky halk baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owadan we ajaýyp hakyky halk baýramy

view-icon 7252
Nowruz ynsanýetiň iň gadymy baýramlarynyň biridir diýip atlandyrsa bolar, ol durmuşyň özi ýaly bakydyr, tebigatyň janlanmagy we ynsanyň ruhy täbizlenişi bilen baglanyşykly ol öz ýyl aýlanyşygynda täze tapgyry başlaýar. Ol terjime edilende „täze gün“ diýen manyny aňlatsa-da, ol aslynda astronomiki gün senenamasy boýunça täze ýyl baýramçylygydyr hem-de ýazky gije-gündüziň deňleşmesinde bellenilip geçilýär.

Nowruzyň taryhy kökleri adamzat taryhynyň ýazuw çykmazdan ozalky eýýämine uzap gidýär hem-de bu soňra zoroastrizm tarapyndan kabul edilen dil däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr. Baýramçylygyň özi bolsa, naturfilosofiki düýp esasa daýanýar. Onuň ruhy durmuş kökleri hem asyrlardan-asyrlara aşyp, Ýewraziýanyň halklarynyň köpüsiniň däp-dessurlarynda taryhyň köklerine uzap gidýär. Bu türkmen halkyna hem degişlidir. Sebäbi Türkmenistan – bu baýramçylyk bilen gönüden-göni baglanyşykly gadymy ýer eýeçiliginiň ösen ýeriniň mekanydyr. Nowrüzyň ündeýän zähmetsöýerlik, açyk göwünlilik we arassa ahlaklylyk, gowulyga we mylakatlylyga çalyşmak bolsa türkmen halkyna elmydama mahsus bolupdyr.


Bu gadymy baýramçylygyň optimistik, döredijilik ruhuna eýe bolmagy adamzadyň bakylyk we hemişelik durmuş baradaky arzuwyna jogap berýär, erbetligi ýeňip geçýän ýagşylyga, ýazyň ýyly howasynyň gyşyň sowuk howasyny ýeňip geçmäge ruhlandyrýar. Bu gumanistik güýç bolsa baýramçylygy halkara derejesine öwürdi. 2009-njy ýylyň 30-nji sentýabrynda ÝUNESKO Nowruzy adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Wekilçilikli sanawyna goşdy, 2010-nji ýylyň 19-njy fewralynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde gün tertibiniň 49-njy maddasynyň çäklerinde „Dünýä medeniýeti“ konsensumy tarapyndan „Halkara Nowruz güni“ diýlip atlandyrylan rezolýusiýa kabul edildi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni hökmünde ykrar edýär hem-de bu baýramçylygy belleýän agza ýurtlaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny saklamak we ösdürmek bilen bagly tagallaryny goldaýar diýlip aýdylýar. Şeýle hem onda BMG gatnyjy ýurtlaryň Nowruz barada maglumatlar derejesiniň ýokarlandyrmaga tagallalary güýçlendirmäge, Halkara jemgyýetçiliginde Nowruzyň birasy hakynda bilimleri ýaýratmak maksady bilen, bu baýramçylygyň gelip çykyşyny we däp-dessurlaryny öwrenmäge hem-de gerek bolan ýagdaýynda bu baýramy dabaralandyrmak üçin her ýylda çäreleri guramaga çagyrdy. Gyzyklanma bildirýän agza döwletler we Birleşen Milletler Guramasyna, hususan-da onuň degişli ýöriteleşdirilen guramalaryna, Gaznalara we maksatnamalar, esasan hem, bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna, gyzyklanma bildirýän halkara we sebitleýin guramalara, şeýle hem döwlete degişli däl guramalara Nowruz baýramçylygyny belleýän ýurtlaryň çärelerine gatnaşmaklary teklip edildi.

Şu ýyl Nowruzyň halkara derejesinde giňden baýram edilmegi Türkmenistanda geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda baýramçylygy geçirmek bilen bagly guramaçylyk, maliýe we beýleki meselerini çözmek boýunça Höhümet iş topary döredildi hem-de goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramyny Türkmenistanda baýramçylyk etmek boýunça giňişleýin meýilnamalaryň maksatnamasy taýýarlanyldy. Olar „Nowruz – parahatçylygyň we gumanizimiň baýramçylygydyr“ atly halkara maslahatyndan, türkmen halkynyň däp-dessurlaryndan, şeýle hem Halkara Nowruz baýramyna gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda halkara konsertinden ybaratdyr. Baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň milli aýratynlyklaryny we onuň doganlyk halklar bilen taryhy-medeni umumylygyny, däp-dessurlaryny we häzirki zaman gazananlaryny dowam etdirijidigini beýan eder. Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýazky täze ýylyň döreýiş taryhyna we nowruzy garşylamagyň däp-dessurlaryna bagyşlanyp çap edilen „Nowruznama“ bu geçirilýän dabaralara mynasyp sowgat boldy.


Nowruz özüniň uzyn taryhynda çuňňur filosofiki mana eýe boldy, dürli halklaryň onuň bilen öz dessurlary, adatlary, atributlary, täleýe garaýyşlary baglanyşykly. Meselem, birnäçe halklar baharyň ilkinji buşlukçysy bolan – söýgüň we daýhan zähmetiniň başlanýan dörüni alamatlandyrýan podsnežnigi – gar eränden soňra basym gülleýän ösümligi Nowruz güli diýip hasap edýärler. Baýramçylygyň öňisyrasynda öýi arassalamak, egin-eşikleri, goş-golamlary, gap-çanaklary täzelemek kabul edilendir. Nowruzy diňe päk ýürek we mylakatlylyk bilen geçirmelidir. Nowruzyň öňisyrasynda köpçülikleýin bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ine, 9-njy martda Prezidentiň ýolbaşçylygynda bütin ýurt ene topragy bag-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ählihalk ýowaryna çykdy. Bu bag ekmek işlerine türkmenistanlylaryň umumy 465 müňe golaýy gatnaşdy. Bu bag ekmek çäresiniň dowamynda pürli we beýleki baglaryň 755 müň düýbi ekildi, şeýle hem öň ekilen 1500 düýp bag nahallaryna ideg etmek boýunça çäreler geçirildi.

Bugdaýyň ýaşajyk maýsasy Nowruzyň esasy alamatlarynyň biri hasap edilýär. Türkmen halky ýaşajyk maýsadan semeni taýýarlaýar. Semeniniň dürli ýerlerde dürli hilli atlandyrylyşy ýaly, beýleki halklarda dürli-dürli atlandyrylýar, semeni sözi rus dilindäki semýa ýa-da semena sözlerine hem kybapdaş gelýär. Birnäçe awtorlar semeniniň Nowruz baýramynda diňe bir biziň saçaklarymyzyň we ýaşaýşymyzyň bezegi bolman, eýsem ol gyş paslyndan soňra emele gelýän özüniň reňk aýratynlygy bilen has uly ähmiýete eýedir. Birinjiden ol – bol hasyllylygyň nyşany. Ýaşajyk maýsadan hasylyň nähili boljakdygy kesgitlenilýär: eger-de ýaşajyk maýsa oňat hilli boý alan bolsa, onda şu ýyl hasyl bol bolar. Semeni – mähirliligiň nyşany. Näzijek ilkinji gök maýsa örän ýumşak we ejizje bolýar, oňa seresaply çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin semeni, Nowruzdan we onuň dessurlaryndan bize mälim bolşy ýaly, ol mähremliligiň hem nyşanydyr. Bugdaý maýsasyny ösdürip ýetişdirmek çuňňur ahlak we filosofik mana eýedir: täze durmuşa şaýat bolmak, täze durmuşa we onuň ösüşine täsir etmeklik mähremlilikden nyşandyr. Maýsany ösdürip ýetişdirýän halk özüniň psihologiýasynda döredijilikli başlangyja eýedir hem-de ol erbetligi ýa-da beýleki ýaramaz işleri edip bilmez. Şonuň üçin hem halk häzir Nowruzy baýramçylyk hökmünde belleýär we ýaşyl maýsajygy ösdürip ýetişdirmek bilen, dörediji adam hökmünde galýar.


Mähremlilik bilen meşgullanmak baýramçylyk başlanýança birnäçe hepde öň başlanýar. Ol adamzadyň beden we ruhy arassalanmagyna bagyşlanýar. Şeýle hem bu hepdelerde amala aşyrylýan däp-dessurlarda adamzadyň tebigy hadysalar we ekerançylyk alamatlary bilen bagly ynamlary yzarlanylýar. Şeýlelikde, Nowruza çenli bir aýyň dowamynda öňde duran dört hepdäniň her biri – has takygy, dört çarşenbe günleri – tebigy hadysalaryň birine – suwa, oda, ýere we howa bagyşlanypdyr.Ynançlara görä, ilkinji çarşenbe güni suw tämizlenipdir we ýata duran suwlar herekete giripdir, ikinji çarşenbe güni – ot tämizlenipdir, üçünjide – toprak, dördünjide bolsa ýel agaçlaryň pyntyklaryny açypdyr hem-de halk yrymlaryna görä ýaz başlanypdyr. Ahyrky çarşenbe agşamynda – ahyr çarşenbede pal atmak bolupdyr. Meselem, öz ykballary bilen gyzyklanan ýa-da durmuşa çykjak gyzlar, ýüzükde pal atypdyrlar. Otagyň ortasynda suwdan doly gaby goýup, gyzlar oňa ýüzüklerini atypdyrlar. Şondan soňra gabyň ýüzüne mara örtüpdürler hem-de arzuwlary boýunça pal atypdyrlar. Soňra gyzlaryň biri bir ýüzügi gapdan çykarypdyr. Gapdan çykarylan ýüzük kimiňki bolsa, şol gyzyň arzuwy amala aşýar diýip hasap edipdirler. Beýleki bir pal atmak öňünden taýýarlanan duzly çörejigi ahyr çarşenbede ýatylmazyndan ozal iýipdirler. Şunda çörejik iýlip bolunandan soňra suw içmek gadagan edilipdir. Gije suwsuzlukdan ýaňa suw düýşe giripdir, düýşünde suw beren adam ýaňky gyzyň adamsy hökmünde kabul edilipdir.

Nowruz guşlaryň „Ýaz gelýär – ýaza ýol beriň“ diýip saýraýyşlary ýaly, gyşyň we çyglylygyň sowulandygyndan habar berýär. Miweli baglar ak-gyzyl gülleri bilen ajaýyp görnüşe beslenýärler, beýleki baglarda hem ilkinji ýapraklar peýda bolýar. Günsaýyn asman has dury görnüşe eýe bolýar, günüň ýiti şhleleri bolsa barha ýiti we gyzgyn häsiýete eýe bolýar. Ynsan bolsa tebigatyň bir bölegi bolup, owadan we sahy, şatlykdan, ýagtylykdan, ýagty geljege bolan ýagşy umytlardan doly hakyky halk baýramy bolan Nowruz baýramyny belleýär.