Ï „Ak öýi çagalar üçin aýaýaryn“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Ak öýi çagalar üçin aýaýaryn“

view-icon 2002
Meşhur akademik L.N. Gumiýow müň esse mamla. Ol ak öleriň sadalygy hakyndaky pikiriň ýaýramagyna garşy bolup çykyş etdi: “Üstü ýötite taýýarlanan keçeler bilen örtülýän – içi ýyljajyk, giň we bir ýerden başga bir ýere göçürmäge amatly bolan ak öýler bilen deňeşdireniňde daşdan gurulan külbeleriň ýa-da laýdan galdyrylan kepbeleriň ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary görnüşidigi hiç kim tarapyndan ykrar edilmedi. Göçüp-gonup ýören adamlar üçin şeýle öýlerde ýaşamak ýöne bir adaty zat bolman, eýsem tebigat bilen ýakyn baglanyşykda bolan durmuş zerurlygy bolupdyr.“


Hut şonuň üçin hem ak öýler – biziň gadymy pederlerimiziň – saklaryň we massagetleriň ajaýyp oýlap tapmalary çöllük şertlerinde ýaşamak üçin esasy ýaşaýyş jaýy bolup galdy. Ýowuz duşman çozup gelýärmi, iň gowy ýerlere göçmelimi – ak öýleri bir sagadyň dowamynda söküp bolýar, şonça wagtyň içinde hem düzüp bolýar.

Öňki döwürlerde türkmenlerde ýaşaýyş öýleriniň dürli görnüşi – hemişelik we göçme görnüşleri bolupdyr. Eger-de sebitlerde çig we bişen kerpiçden (ýaşaýyş we hojalyk jaýlary, köşkler, galalar,) salynan hemişelik jaýlar ýaýaran bolsa, çöllük we beýleki ýerlerde ýaşaýyş jaýynyň göçmek üçin kämilleşdirilen görnüşleri ak öýler oýlanylyp tapylypdyr.


Hytaý çeşmelerinde türk dilli halklaryň ak öýlerini „sýunlu“, ýagny „gümmez görnüşli öý“ diýen adalga bilen belläpdirler.Biziň eramyzdan öňki II asyrdaky „Huaýnanszy“ çeşmede bu barada has ir ýatlanylyp geçilýär.

Irki orta asyrlarda, haçan-da hytaý howlusynyň ýanynda oguz serkerdeleri we harby ýolbaşçylar bolanda bu ýerdäki imperiýada geýim, ýaraglanyş, däp-dessurlar ýaly „türk“ modasy ýaýrapdyr.

Imperatoryň ogly Li Çensýan hat-da „sýunjuny“ öz hususy howlusynda gurduryp, onda ýaşapdyr.


ХII asyryň awtory Çen Daçan „Tan eýýamynda toýlarda adaty çadyrlary gurupdyrlar... Söwdüň şahalaryny egmek bilen, hemmesi birleşýän egreldilen gözenekleri ýasapdyrlar. Olary ýerinden süýşürip hem-de gozgap bolýar ekeni. Şeýel gözenekler köp bolupdyr. Şonuň üçin hem olara „ýüz bölekden ybarat çadyr“ ýaşaýyş öýi diýip at beripdirler. Haçan-da olar süýşürilende, ýokrsy çykyp duran häzirki zaman teläre meňzeş. Ol hemme tarapyndan we aşagyndan ýokarsyna çenli gök keçe bilen örtülipdir. Ony göçürmek hem-de gurmak ýeňil bolupdyr“ diýip ýazypdyr.

Aýratyn hem hanlaryň ak öýleri täsin bolupdyr. Wizantiýa imperatopy Menandr Protektoryň köşk adamsynyň ilçinaha wekilleri bilen oguz-türkmen hany Istemiň (Vi a.) ýanyna gelende altyn tagtly, içiniň owadanlygyny, gyzyl çaýylan sütünleri we beýlekileri beýan edýär. Imperatoryň ajaýyp köşgünde birnäçe gezek bolan adamda bu aýratyn täsin galdyrypdyr

Şeýle öýleri „ak öý“ ýa-da „gara öý“ diýip atlandyrypdyrlar. Sebäbi täze öýler ak keçeler bilen örtülipdir. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen hem-de tüssäniň, gurumyň täsir etmegi netijesinde garalýar.

Adaty öýler obalarda hatary ýa-da aýlaw boýunça gündogardan günbatara tarap gurulýar.Onuň ortasynda bolsa kethudanyň jaýy oturdylýar. Däp boýunça, her bir hojalyk belli kesgitlenen ýerde öz ňýüni gurupdyr. Bu ýere ondan başga hiç kim dawa edip bilmändir.

Ak öý bilen bagly köp sanly dessurlar we dini ynançlar bolupdyr. Meselem, öýüň içine girilende öýde adam bolsa bolmasa salam berlip girilipdir. Türkmenleriň gadymy dessurlaryna görä, ojaga sežde edipdirler, onuň üstünden artlap geçmek we her hili hereketler bilen ony depgilemäge ýol berilmändir. Adamsynyň ýanyna gelen gelen ilkinji nobatda ojaga salam beripdir.

Örän gadym wagtlarda ak öýleriň gapysy bolmandyr, onuň girilýän ýerine ýörite taýýarlanan halyny (eňsi) ýa-da keçäni asypdyrlar. Orta asyrlarda ak öýler üçin iki açylýan gapylary taýýarlapdyrlar. Bosa mukaddes hasaplanypdyr: onda oturmak, üstüne basmak ýa-da durmak bolmandyr. Biziň pederlerimiz: „Miniň bosagam – meniň mukaddesligim“ diýip, aýdypdyrlar. Käwagtlar işige jadylaýjy „güýje“ eýe bolan nal kakypdyrlar.


Etnograf A.Öwezowyň aýtmagyna görä, ak öýleriň ýagdaýy barada indiki maglumat hem şaýatlyk edýär: ak öýüň agaç böleklerini zyňmak bolmaýar ýa-da olary ýangyç hökmünde ulanmak bolmaýar. Olary mukaddes ýerler äkidipdirler hem-de şol ýerlerde goýupdyrlar.

Ak öýüň karkasy adatça 4 ýa-da 6 agaç gözeneklerinden-ganatlaryndan ybarat bolupdyr. Ak öýüň gözenekleriniň 4-niň diametri 5,5 m. Bolupdyr. Ýöne çeşmelerde has uly ak öleriň bolandygyna – ýogyn ýüpek ýüpleri berkidilen, keçeler we bezelen mata bilen örtülen 8,9 we hat-da 12 gözenekli bolandygyna gabat gelmek bolýar.

Öýüň agaç bölekleri söwüdiň we deregiň dürli görnüşlerinden ýasalypdyr. Dub we pisse agaçlaryndan ýasalan ak öýlere ýokary baha berlipdir. Sebäbi olar abatlamasyzdan 50 ýyldan gowrak wagtlap hyzmat edipdir. Öýleriň agaç böleklerini taýaýarlamak bilen ýörite ussalar meşgullanypdyr.

Türkmen ak öýleri adatça tegelek görnüşde bolupdyr. Onuň gümmezi yşyklara aýlawly goýulan we ýokary bölegine berkidilýän onlarça ujy ýiti görnüşli syrykdan ybarat bolupdyr

Türkmenleriň köp toparlarynda zenanlar öýleriň aşhana enjamlary, ýorgan-düşekler, her dürli torbalaryň we beýleki öý goşlarynyň ýerleşýän ýeri bolan öýüň sag böwründe bolupdyrlar. Erkek adamlar bolsa öýüň çep böwründe bolupdyrlar. Ol ýerde adatça aüykly haltalar,degirmen daşy, ýarag, at esbaplary we beýlekiler ýerleşipdir.

Köp sanly haly önümleri bilen bezelen öýleriň baý içki bezegi, öýüň daşyna gamşyň tutulmagy, beýleki alamatlar türkmen öýlerini Merkezi Aziýanyň halklarynyň öýlerinden tapawutlandyrýar. Bu günki gün ol ata-babalardan geçip gelýän nyşan hökmünde özleriniň ajaýyp görnüşleri bilen türkmen toý-dabaralarynyň, maşgala we köpçülikleýin çäreleriň bezegi bolup durýar.