Türkmen döwletiniň medeniýet syýasatynyň meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Hut şu ulgam milli Liderimiz tarapyndan häzirki zaman habarlar jemgyýetiniň kemala gelmeginde, onuň türkmen halkynyň intellektual we döredijilik kuwwatynyň esasynda ösmeginde möhüm hasaplanýar. Hut medeniýet bu sözüň giň manysynda biziň ýurdumyzda ähli özgertmeleriň taglym mazmunyny, durmuşyň ähli taraplaryny döwrebaplaşdyrmagyň iň kuwwatly serişdesi bolan jemgyýetçilik aňyny işjeňleşdirmäge ukyply gymmatly çelgileri kesgitleýär.
Türkmen medeniýeti häzirki wagtda beýleki ugurlaryň ählisiniň özara gatnaşygyny höweslendirip, halkara gatnaşyklary babatda hem işjeň ösdürilýär. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlik bilen çykyş edip, halklary ýakynlaşdyryp we syýasatda hem-de ykdysadyýetde döwletara gatnaşyklarynyň ruhy esasyny döredip, milli medeniýeti, sungaty, özboluşly däp-dessurlary dünýä ýüzünde giňden wagyz edýärler.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri we dünýä ýurtlarynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri gyzyklanma bildirilýän medeni alyş-çalşynyň nusga alarlyk mysaly bolup durýar.
Şunda içerki medeni düzümleriň oňyn ösüş depgini saklanyp galýar. Bularyň hemmesi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň täzeden gülläp ösmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hiç bir dabaraly çäre sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň çykyşlary bolmazdan geçirilmeýär. Olar türkmen döwletiniň durmuşynda ähli ähmiýetli wakalarynda, şol sanda halkara möçberinde milli medeniýetimiziň aýdyň öwüşginlerini beýan edýärler.
Biziň ýurdumyzda geçirilýän dabaralar milli öwüşginlere eýe bolup, olar halkymyzyň abadançylygyny, Türkmenistanyň durnukly ösüşini, onuň ösüşiň belentliklerine ymtylyşyny alamatlandyrýar. Hakykatda, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan asyrlardan bäri gelýän milli baýramçylyklar aýratyn gerim bilen bellenip geçilýär.
Şu ýyl halkara derejesinde geçirilen, türkmen topragyna dürli ýurtlardan ýokary wezipeli myhmanlary we daşary ýurt wekiliýetlerini ýygnan Nowruz baýramy hem şeýle aýdyň baýramlaryň biri bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Nowruz bütindünýäde dostluga we ylalaşyga çagyryp, myhmansöýerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowam edýändigini, ynsanperwerligiň we zähmetsöýerligiň ýokary ýörelgelerini özünde jemläp, asyrlaryň dowamynda dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem-de hakydasynda ýaşaýan iň gadymy baýramçylyklaryň biri bolup durýar.
Baýramçylyk çäreleri ähli ýerde: ýurdumyzyň kinokonsert merkezlerinde we teatrlarynda, muzeýlerde hem-de sergi zallarynda geçirildi, ýöne “Ýaýla” ady bilen Ahal jülgesinde ýazky täze ýylyň hormatyna gurlan şäherçe dabaranyň esasy meýdançasy boldy.
Bu ýerde geçirilen köpçülikleýin baýramçylyga köp sanly gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, olar göýä gadymyýetde özüne mahsus bolan ähli alamatlar bilen ägirt uly türkmen toýunda bolan ýaly boldular, wagt boýunça täsin syýahaty amala agşyrdylar we şunda döwürleriň we nesilleriň janly arabaglanyşygyny ýiti duýdular.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nowruza bagyşlanan halkara maslahatynda, Ahal jülgesinde geçirilen ajaýyp festiwalda eden çykyşynda dünýä medeni hazynasyna giren we belent ynsanperwerlik däpleriniň hatarynda durýan bu baýramçylygyň ynsan siwilizasiýasynyň iň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýändigini aýtdy.
Gyşyň aýazly günleri geçip, täze durmuşa gadam uran, adamlary zähmete, döredijilige ruhlandyryp tebigatyň täze güýç bilen oýanýan günlerinde köpsanly daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynda muny doly derejede duýup bildiler.
Tebigatyň ajaýyp aýratynlygy bilen bellenilýän aýdyň baýramçylyk mynasybetli guralan dabaralarda aýdymyň we sazyň owazlary bol suwly täsin çeşmeler bolup ýaňlandy. Olaryň täsinligine haýran galan tomaşaçylaryň köp sanlysyny toplan şadyýan tanslar, ajaýyp teatrlaşdyrylan çykyşlar, köp öwüşginli halk döredijiligi, atçylyk sport çykyşlary bilen utgaşdy.
Köp dürli kitap neşirleriniň, suratlar we zergärçilik sungatynyň eserleriniň, halylaryň we haly önümleriniň sergileri täsirli boldy. Bu ýerde türkmen halkyna mahsus bolan däpler, zähmet we beýleki toparlaýyn urp-adatlar, oba hojalyk däpleri we toý-dabaralary ähli gözelligi bilen görkezildi.
Milli aşhananyň tagamlary uly täsir galdyrdy, olar şu ýerde gadymy usullar boýunça taýýarlanyldy we ähli myhmanlara hödürlendi, şeýle hem pälwanlaryň, eserdeň guşlar we tazylar bilen awçylaryň, ajaýyp ahalteke bedewlerinde ýöriş edýän ýigitleriň özüne çekiji ýaryşlary geçirildi.
Gürrüňsiz suratda, bu dabaralar türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň myhmansöýerliginiň hem-de mähirliliginiň beýany boldy. Dürli ýurtlardan Türkmenistana gelen artistleriň, sazandalaryň, aýdymçylaryň hem-de tansçylaryň birek-birege bildiren ýürek mähri ajaýyp ýylgyryşlary, ýürekdeşligi diňe bir biziň ýatlamalarymyzda we bu ajaýyp pursatlary beýan eden suratlarda galmady. Olar bize döredijiligiň we zehinleriň dostluk güneşinde, biziň ykbalymyzda täze sahypany açan ajaýyp Nowruzyň älemgoşaryny bagyş edip, türkmen halkynyň sahy we açyk kalbynda saklanyp galdy.
27-nji martda Türkmen döwlet medeniýet institutynda kyssaçylaryň we şahyrlaryň, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň, muzeý we kitaphana işgärleriniň, tanymal aýdymçylaryň we sazandalaryň, milli habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň we ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň beýleki wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Ýurdumyzda ilkinji gezek halkara derejesinde bellenilen Nowruz baýramynyň netijelerini jemlemäge bagyşlanan duşuşykda ýakyn geljek üçin milli medeniýet ulgamynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ýakynda Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp ýokary derejede guralan giň gerimli çäreleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň medeni-jemgyýetçilik durmuşyndaky bu wakanyň dünýä bileleşiginde eziz Watanymyzyň abraýyny artdyrandygyny aýratyn bellediler.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramynyň şanyna geçirilen baýramçylyk çärelerini guramaga goşan goşantlaryna beren ýokary bahasy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli medeniýetimizi ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň ägirt uly orun eýeleýändigini aýratyn bellediler. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, ajaýyp we özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän şunuň ýaly halkara medeni çäreler dürli döwletlerden gelýän myhmanlara biziň ýurdumyz, gadymy senetler, milli däp-dessurlarymyz, aýdymdyr sazlarymyz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Medeni hyzmatdaşlyk – bu dünýäniň ähli halklary bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara düşünişmegi giňeltmäge we berkitmäge ýardam edýän ygtybarly köpridir.
Eziz Watanymyzyň medeniýeti köpasyrlyk taryhyň dowamynda halkyň milli düşünjesini kemala getirýän ähmiýetli gymmatlyk bolmagynda galýar. Onuň esasynda biziň jemgyýetimizi jebisleşdirip, onuň medeni-ruhy durmuşyny baýlaşdyrýan ynsanperwerlik ýörelgeler goýuldy. Bu barada aýtmak bilen, çykyş edenler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça öz öňlerinde durýan wezipelere ünsi jemlediler. Täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň özboluşly aýnasyna öwrülen, paýtagtymyzda hem-de ähli welaýatlarda gurlan we bina edilýän köpsanly medeni maksatly desgalar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu ýere ýygnananlar bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda gazanylýan her bir üstünlik – bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmeler ýolundaky nobatdaky ädimdir diýen pikiri biragyzdan goldadylar. Täze döwür ýazyjylaryň we publisistleriň, suratkeşleriň we kompozitorlaryň, sahna ussatlarynyň hem-de medeniýet we sungat ulgamynyň beýleki wekilleriniň öňünde täze döredijilik wezipelerini goýýar.
Ýaş dörediji zehinleri höweslendirmek we goldamak hem-de döredijilik işgärleriniň abraýyny artdyrmak barada edýän atalyk aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy geljekde hem öz ylham joşgunlaryny we ussatlyklaryny döwrüň ruhuna hem-de talaplaryna gabat gelýän, täze taryhy eýýamyň maksatlaryny wasp edýän, ýaşlarda watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemäge ýardam edýän, halkyň öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýan ajaýyp eserleri döretmek babatda öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp çözmäge gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

* * *