Ï Aşgabatda Ukrainanyň Medeniýet günleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Ukrainanyň Medeniýet günleri dowam edýär

view-icon 796
Türkmen paýtagtynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri üstünlikli dowam edýär. Şu gün Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmenistanlylary doganlyk ukrain halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyran çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly işiniň ikinji, üçünji we dördünji kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy döredijilik forumynyň esasy wakalarynyň biri boldy.


Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda geçirilen bu neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasyna Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, resmi ukrain wekiliýetiniň, biziň ýurdumyzda işleýän ukrain kompaniýalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň kitaphanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ukrain alymlarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem okyjylaryň köpüsi eýýäm bu täsin monografiýanyň birinji kitabynyň mazmuny bilen öz ene dillerinde tanyşmaga mümkinçilik alypdylar. Şol kitabyň tanyşdyrylyşy geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Kiýewde, şeýle hem şol döwürde Aşgabatda geçirilipdi.

Ine, indi bolsa Türkmenistanyň tebigy derman serişdeleri baradaky düýpli ensiklopediýa Ukrainanyň okyjylar köpçüligine özleriniň ene dilinde doly möçberde elýeterli boldy.

Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap W.Şewelýow iki dostlukly halkyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary hem-de ylym-bilim ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde bu ylmy eseriň ukrain dilindäki neşiriniň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ylmy işi diňe bir Ukrainanyň lukman hünärmenleriniň arasynda däl, eýsem okyjylar köpçüliginde-de uly meşhurlyga eýe boldy. “Çuňňur manyly hem-de ylmy barlaglara esaslanan bu kitabyň ukrain dilinde doly möçberde neşir edilmegi onuň meşhurlygynyň has-da artmagyna ýardam eder” diýip, ilçi belledi.


Ýygnananlar öz çykyşlarynda ýurduň hem-de dünýä lukmançylyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu neşiriň uly ähmiýete eýedigini bellediler. Bu düýpli akademiki eser bilen tanyşlyk türkmen topragynyň baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär diýip, ýygnananlar aýtdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly işiniň ukrain dilinde neşir edilen kitaplary Türkmenistanyň Milli kitaphanasyna sowgat berildi.

Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ukrain sergisiniň açylyş dabarasy Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäreleriniň tapgyryny dowam etdirdi. Türkmenistanlylara täsin sergi hödürlenildi, onuň ekspozisiýasyny bolsa çeper gologrammalar we täsin Petrikow suratlaryyň nusgalary düzdi. Kiýewiň “Bereginýa” ukrain folklorynyň akademiki teatrynyň sazandalary sergi zalynda aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny döretmegi başardylar. Olar ukrain halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap W.Şewelýowyň serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, ukrain ussatlarynyň köp dürli sungaty bilen tanyşmaga, Petrikow suratlaryny döredijileriň kalbynyň mährini görkezmäge mümkinçilik berýän bu sergi nobatdaky gezek biziň medeniýetlerimiziň kökleriniň, halklarymyzyň sungatynyň örän ýakyndygyny subut edýär. “Biz halklarymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň däplerini aýawly saklamaladyys hem-de nesillerimize ýetrimelidiris” diýip, ilçi aýtdy we bu çäräniň has işjeň medeni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar bolsa köp ýyllaryň dowamynda türkmen we ukrain halklaryny baglanyşdyrýan dostlugy has-da berkitmelidir.


Muzeýiň birinji gatynda ýerleşen serginiň esasyny meşhur Petrikow bezeg nagyşlary düzdi. Nakgaşlygyň bu görnüşi ukrain halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Halk sungatynyň bu görnüşi öz gözbaşyny diwarlarda çekilen surat bezeglerinden alyp gaýdýar. Ol XVIII asyrdan bäri Ukrainanyň gündogar obalarynda—Dnepropetrowsk oblastynda hem-de Günbatar Ukrainada (Podolýe, Bukowina) örän meşhurdyr. Dnepropetrowsk oblastynyň Petrikowka obasynda özboluşly nagyşlar häzirki wagta çenli aýawly saklanyp galypdyr hem-de bu däp üstünlikli dowam etdirilýär. Petrikow nagyşlary ukrain halkynyň özboluşly zehininiň, onuň gadymy däp-dessurlarynyň aýdyň beýanydyr. Bu nagyşlar ukrain medeniýetiniň ajaýyp ýörelgelerini hem-de ynsanperwerlik manysyny şöhlelendirýär. Häzikri wagtda Petrikow bezegleri UNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmäge dalaş edýär.

Aşgabatda hödürlenen ekspozisiýalaryň arasynda dürli reňklerde bezelen çanaklar, ýaglyklar, dürli suratlar—Petrikow nagyşlarynyň ussatlarynyň üç nesliniň işleri bar. Ukrainanyň halk suratkeşi Galina Nazarenko sergä gelenleri bu amaly-haşam sungatynyň taryhy hem-de milli äheňleri bilen tanyşdyrdy. Ol şeýle hem ýygnananlara ussatlyk sapagyny geçip, Petrikow nagyş bezeginiň täsin tehnikasyny görekzdi.

Serginiň ikinji bölegini Ukrainanyň täsin medeni we taryhy gymmatlyklarynyň çeper gologrammalary, şeýle hem “Golografiýa” ýöriteleşdirilen kärhanasynyň häzirki zaman golografiki işleri düzdi. Bu işler dürli halkara sergilerinde we maslahatlarda ençeme gezek ýokary baha mynasyp boldy.


Golografiki tehnologiýa fiziki obýektleriň üç ölçegli şekillerini döretmäge mümkinçilik berýär. Şol şekiller bolsa özleriniň hakykata ýakynlygy hem-de takyklygy, optikanyň kanunlaryny ulanmak we dürli öwüşginler arkaly täsin şekilleriň görkezilmegi bilen tomaşaçylary haýran galdyrýar. Şeýle ekspozisiýalar Kiýew – Peçýorsk Lawrasynda, Kiýewiň Sofiýa goraghanasynda, Sewostopolda hemişelik hereket edýär. 2011-nji ýylda Ukrainanyň Türkmenistandaky günleriniň çäklerinde aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV asyrlarda altyndan we bürünçden ýasalan skif şaý-sepleriniň, dürli gap-çanaklaryň, skif şalarynyň we haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen bulgurlaryň hem-de plastinalaryň, şeýle hem gadymy binagärlikde ulanylan heýkel bezegleriň, ukrain halkynyň taryhy-medeni mirasynyň beýleki gymmatly genji-hazynasynyň üç ölçegli şekillerini doly möçberde görmäge mümkinçilik aldylar. Şu gün sergä gelenlere şeýle hem Ukrainanyň muzeýlerinde saklanýan täsin zatlaryň çeper gologrammalary hödürlenildi. Olaryň arasynda biziň eýýamyzdan ozalky IV asyra degişli milli gymmatlyklar, skifleriň, sarmatlaryň, şeýle hem Kiýew Rusy döwrüne degişli bezegleri hem-de dürli zatlary bar.

Şu gün “Watan” kinokonsert merkezinde meşhur ukrain toparynyň -- Kiýewiň “Bereginýa” ukrain folklorynyň akademiki teatrynyň konserti boldy. Şu ýyl özüniň 25 ýyllygyny belleýän bu täsin topar dürli halkara festiwallarynyň hem-de bäsleşikleriniň laureaty bolup durýar.

Kiýewiň “Bereginýa” ukrain folklorynyň akademiki teatry özüniň işinde Ukrainanyň halk döredijiliginiň eserlerini – halk aýdymlaryny, tanslaryny däp-dessurlaryny ussatlyk bilen ulanýar. Şol däp-dessurlar bolsa asyrlaryň dowamynda ukrainalylaryň durmuşynda giňden ulanylypdyr. Artistler ukrainlylaryň däp-dessurlarynyň köpüsini we durmuş sahnalaryny – toýlary, gyzlaryň pal atyşyny, myhmanlary garşylamak we ugratmak däplerini ussatlyk bilen görkezýärler. Bu topar tarapyndan milli däpleriň we dessurlaryň köpüsi dikeldildi. Şunda bu topar özüniň ussatlygy bilen tomaşaçylary begendirmegi we haýran galdyrmagy başarýar. Şu gün ukrain artistleriniň konsertine gelen aşgabatlylar we paýtgatymyzyň myhmanylary hut şu duýgulary başdan geçirdiler. Ukrainanyň artistleri özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de aýdyň çykyşlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar.


Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde şu gün “Türkmenistan” kinokonsert mekrezinde ukrain filmleri görkezildi. Tomaşaçylara režissýor Leonid Bykowyň geçen asyrda döreden hem-de dürli nesilleriň tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanan çeper filmler hödürlenildi. Şol filmleriň arasynda “Söweşe diňe gojalar barýar” hem-de “Iki towşanyň yzyndan” atly kinofilmler bar. Bu filmleriň gahrymanlaryna Kiýew we Harkow şäherlerinde ýadygärlikleriň dikeldilmegi bu filmleriň Ukrainada uly meşhurlyga eýediginden habar berýär.

Şu gün Ukrainanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň başlygy S.Trymbaçanyň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda kino sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary sergi bilen tanyşmagyny dowam etdirip bilerler. Agşam Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy hem-de iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň jemleýji konserti bolar.