Baharly etrabynyň Mürçe obasynda režissýor Baba Annanowyň „Kärizgenler“ kinofiminiň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen kinematografiýasynyň altyn gaznasyna girizilen bu filmiň esasy suratlary hut şu etrabyň çäklerinde düşürildi. Bu kinony döretmäge gatnaşan artistler, meşhur medeniýet işgärleri, artistler ýerli ýaşaýjylaryň myhmanlary boldylar. Birnäçe nesilleriň söýgüli kinosyna öwrülen bu filmiň nähili surata düşürilendigini bu ýere gelen myhmanlar – bu filmi döretmäge gatnaşan döredijilik topary, elbetde olaryň hemmesi däl, gürrüň berdiler. Öz döwründe kinofestiwallaryň dürli baýraklaryna we sylaglaryna mynasyp bolan bu çeper filmiň görkezilmegi duşuşygyň esasy wakasy boldy.
Kino ussadynyň adybir hekasy esasynda 1978-nji ýylda döredilen bu film Türkmenistanyň we SSSR-ň halk artisti, şeýle hem ssenariýeçi we aktýor hökmünde meşhur bolan Baba Annanowyň iň gowy işleriniň biri boldy. Ol onlarça çeper filmleri döretdi, birnäçe powestdir hekaýalary ýazdy. Ýöne ol aktýar hökmünde tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Meselem, Baba Annanow Alty Garlyýewiň Berdi Kerbabaýewiň romany esasynda döreden „Aýgytly ädim“ filminde Artygyň rolyny ýerine ýetirendigi üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.
„Kärizgenler“ kinodramasynda adamlaryň ýaşamak üçin tebigat bilen barlyşyksyz göreşýän ýowuz günleri, beýik Ýeňşe golaýlaşmak üçin olaryň alyp barýan durmuşy beýan edilýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uly bolmadyk türkmen obasynyň mysaly esasynda bu ýerde gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk beýan edilýar. Adamlar şeýle häsiýetleri bilen ähli kynçylyklary, agyr günleri we külpetleri ýeňip geçýärler. Olar durmuşynda bolup geçýän her-hili kynçylyklara döz gelip, adamlar urşa giden ogullarynyň, doganlarynyň, ýanýoldaşlarynyň gelerine uly umyt bilen garaşyp, şatlykly günlere ýetýärler.
...Obada ir ertirde giç agşama çenli zähmet gaýnap joşýar. Oňa garry adamlar hem, çagalardyr ýaşlar hem, zenanlar hem gatnaşýardy. Dag eteginiň obasynyň ýaşaýjylary bugdaý ösdürip ýetişdirýärler. Degerli ideg edileni we suw tutmak işleriniň wagtynda geçirilendigi sebäpli bugdaý hasyly bol bitipdi. Ýerli ýaşaýjylar kyn şertlerde kärizleri gurupdylar. Şol döwürlerde kärizler suw geçirijiler we ekin meýdanlaryny suwlandyrmak üçin ulanylýardy. Kärizgenler bolsa – ony ýasan ussalar – türkmen halkynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyrlar.
Bu film watany söýjülik temasy bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli häsiýetini, däp-dessuryny we durmuşyny beýan edýär. Onda dutaryň we gopuzyň owazy täsirli ýaňlanýar. Bu filmiň sazyny meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň ýazandygyny ýatlap geçeliň.
Filmiň gahrymanlaryny Türkmenistanyň Halk artisti Ata Döwletowyň, artistler Kerim Annanowyň, Bahargül Kerimowanyň, Enwer Annagulyýewiň we beýlekileriň ýerine ýetirmekleri tomaşaçylarda uly söýgi we hormat döretdi.
Moskwada nusgalyk sany görkezilenden we giň tekekrana çykandan soňra „Türkmenfilm“ kinostudyasy tarapyndan surata düşürilen bu film sowt soýuzynyň ähli çäklerinde uly meşhurlyga eýe bolýar. 1979-njy ýylda Ýerewanda geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynda filmiň baş gahrymanyny – Maraly – oýnandygy üçin Elwira Kulyýewa „Iň gowy zenan keşbini döreden“ diýen baýraga eýe bolýar.
1980-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilen bütinsoýuz festiwalynda bu film „Iň gowy çeperçilik-şekillendiriş çözgüdi“ diýen diplom bilen sylaglanýar. Bu baýrak ilkinji nobatda Öwez Welmyradowyň operatorlyk işini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi netijesinde gazanyldy.