Şu gün türkmen paýtagtynda “Fransuz diliniň we Frankofoniýanyň hepdeligi” açyldy. Biziň ýurdumyzyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň goldaw bermeginde Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan medeni çäre dünýäniň köp ýurtlarynda her ýyl bellenilýän Halkara Frankofoniýa güni – dünýä siwilizasiýasynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkyň dilinde pikir alyşmagyň baýramçylygy mynasybetli geçirilýär.
Hepdeligiň dabaraly açylyşy Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebinde geçirildi, şol ýere fransuz medeniýetiniň köp sanly muşdaklary, paýtagtymyzdaky fransuz dilini öwrenýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de talyplary ýygnandylar. Duşuşyga Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň wekilleri hem çagyryldy.
Bellenip geçilişi ýaly, Frankofoniýa baýramçylygy halklaryň arasynda parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak maksady bilen medeni hem-de dil köpdürliligine sarpa goýmak ýörelgelerinde işleýän fransuz dilinde gepleýän ýurtlaryň döwletara guramasy tarapyndan döredildi. Ol Türkmenistanda 2004-nji ýyldan bäri geçirilýär, türkmen we fransuz halklarynyň arasyndaky ruhy-medeni gymmatlyklar we bilimler bilen özara baýlaşmaga, bu ulgamda has ýakyn gatnaşyklary giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik berdi.
başarnyklaryny poeziýada, aýdym aýtmakda we teatrda ýüze çykarmaga çalyşýan, fransuz dilini bilýän ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik bäsleşikleri bu baýramçylygyň maksatnamasyny açdy. Olaryň hatarynda Aşgabatda işleýän Fransuz medeni merkeziniň okuwçylary hem bar. Bu bäsleşikde Fransiýa gezelenç ýeňijiler üçin esasy baýrak bolar. Şu gün ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we fransuz dilini öwrenýän mekdep okuwçylary üçin okuw materialyny, şol sanda elektron görkezijilerde tanyşdyrmak we bermek çäresi hem geçirildi.
“Fransuz diliniň we Frankofoniýanyň hepdeliginiň” çäklerinde Magtymguly adyndaky turkmen döwlet uniwersitetinde we D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýazgylarda, söz düzümlerinde we suratlarda fransuz diliniň ähli baýlygyny beýan edýän, 12 pannodan ybarat bolan”Maňa bütin dünýäde ýaýran on sözi aýt” diýen mugallymçylyk sergisi boldy.
Meşhur ýazyjy G.Floberiň “Hanym Bowari” romanynyň äheňi boýunça “Emmanyň ruhy” atly oýun hepdeligiň maksatnamasynyň aýdyň wakasy bolar. Ony Türkmen döwlet medeniýet institutynda biziň ýurdumyzyň myhmanlary bolan “Soleý” halk teatrynyň artistler topary tomaşaçylara görkezer. Fransuz aktýorlary şol ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin ussatlyk okuwyny geçirmegi hem maksat edinýärler.
“Fransuz diliniň we Frankofoniýanyň hepdeligi” 14-nji aprele çenli dowam eder.