Ï Käriz suwy – ýaşaýyş çeşmesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Käriz suwy – ýaşaýyş çeşmesi

view-icon 4043
Sekiz müň ýyl mundan ozal Köpetdagyň eteginde dagdan akýan derjajyklary we çeşmeleri peýdalanmak bilen, suwarymly ekerançylyk durmuşa ornaşdyrylyp başlanaypdyr. Soňra ekerançylygyň gyşarnyksyz ösdürilmegi täze çeşmeleri talap edipdir. Bu bolsa kärizleriň döremegine getiripdir.

Gözlegçileriň pikirine görä, Türkmenistanyň çäklerinde we Eýranyň demirgazyk sebitlerinde ilkinji kärizler biziň e.ö. I müň ýyllygyň ortalarynda peýda bolupdyr. Türkmen rowaýatlary kärizleriň gurluşygyny Aleksandr Makedonskiniň dörüne degişli hasap edýär. Gadymy taryhçy Polibiý „kim-de-kim özleşdirilmedik ýere çeşme suwyny çekse“ oňa bäş nesline ýeter ýaly oblastyň bölünip berijekdigini bellemek bilen, Günorta Parfiýanyň kärizleri barada habar beripdir.. Bu ýönelige däldir. Käriz – çylşyrymly gidrotehniki desga bolmak bilen, ol ýerasty suw akymlary bilen birleşdirilen guýular toplumydyr. Çuňlugi birnäçe ýüz metre, ýerasty birleşdirji çeşmeleriniň uzynlygy kilometrlere ýetýän kärizleriň gurluşygy köp zähmeti talap edýän iş bolupdyr. Özi hem käriz ussalary guýyny aşakda ýokarlygyna tarap gazypdyrlar. Bu bolsa örän howply bolupdyr , sebäbi olar gazylýan guýularyň ýumurylmagy ýigi-ýygydan bolup durupdyr. Bir käriziň gurluşygy birnäçe ýyllara çekipdir, käwagtlar bolsa ol onlarça ýyllap hem dowam edipdir. Ýöne ondan çykarylan suw onlarça gektar ekerançylyk meýdanyny suwlandyrypdyr.


Baş ussanyň – kärizgeniň 5-5 sany kömekçisi bolupdyr. Guýulyry we ýerasty geçitleriň gurluşygynda ýönekeýje gurallar; kerki, kepje, gorag tagtasy, yşyklandyryjy, kellä geýilýän ýörite gap, gaýyş halta, ussalary, toprakdan doldyrylan haltalary, gurallary aşak düşürmek we galdyrmak üçin agaçdan ýasalan derweze ulanylypdyr. Guýynyň çuňlugyny ýörite dereje (ujuna agramlyk daňylan ýüp) bilen baş ussa kesgitläpdir. Guýularyň diametri bir metrden uly bolmandyr, geçitleriň beýikligi adatça 1 m 30 sm-den 1 m 50 sm-e çenli bolupdyr, giňligi bolsa 80 sm ýetipdir. Howanyň ýetmedik ýagdaýynda guýuda demir körük oturdylypdyr we gamyş turbajygyň kömegi arkaly geçide howa göýberilipdir. Guýularyň aralygy 20-30 metr töweregi bolupdyr, guýularyň aralygyny ussanyň özi kesgitläpdir. Täze kärizleriň gurluşygy hem, abatlaýyş-bejeriş işleri hem diňe bir uly we uzak möhletleýin işi talap etmän, eýsem kärizgenleriň adatdan daşary başarjaňlygyny we erjelligini talap edipdir. Ussalar we olaryň kömekçileri örän uly güýje eýe bolupdyrlar. Muny her biriniň ölçegi 120х70х50 sm bolan daşlar hem şaýatlyk edýär. Şeýle ölçeglerdäki daşlary galdyrmak we has hem olary ýerasty geçitleri berkitmek üçin hyzmat edýän ýere örmek üçin göteriji kran gerek. Biziň ata-babalarymyz muny nähili amala aşyrypdyrlar – ol häzire çenli syrlygyna galýar.


Gidrolog G.Gurtöwezowyň belleýşi ýaly, ýerasty suwlary çykarmagyň täsinligi çylşyrymly ýerasty geçitler arkaly we gözegçilik etmek üçin dikligine gazylan guýular bilen adaty elektrik energiýasynyň çeşmesini ulanmazdan suwuň ýeriň ýüzüne öz akymy bilen çykarylmagy täsin ýagdaýdyr.

Hakykatdan hem, dag eteklerinde we çöllük ýerlerinde kärizler ýeke-täk agyz suwunyň çeşmesi bolup durýar. Türkmenler guýularynyň agzyny keçe bilen berk basyrypdyrlar. Şeýtmek bilen olar guýulary cage süýşüngilerinde we duşmanlardan gorapdyrlar. Asyryň ortalarynda kärizler Türkmenistanyň çäklerinde örän köp bolupdyr. Hatda Horasanyň hökümdary Abdullah ibn Tahyr (830-840 ý.ý.) din hukugynyň bilermenlerine kärizler barada ýörite gollanmany taýýarlamagy hem tabşyyrypdyr. Хi asyryň awtory Gardizi „Kitab al- Kuniý“(Guýylar barada kitap) ady bilen ýazylan kitap onuň döwrüne çenli hem, ýagny kitabyň ýazylandan 200 ýyldan soň hem hyzmat edipdir diýip ýazýar. Gynansak-da bu kitap biziö günlerimize çenli ýetmändir.


Kärizleriň köpüsi ýurduň Altyn asyr, Ak bugdaý, Ruhabat, Gökdepe, Baharly etraplarynda ýerleşýär. Ýaňy-ýakyna çenli ilaty suw bilen üpjün eden iri kärizler Baharly etrabynda işläpdir. Olara Baharly, şeýle hem Durun, Mürçe, Sünçe, Kelete ýaly kärizler degişlidir.

“1882 ýyldan 1890 ýyllar aralygynda Zakaspiý oblastyna synda” belenilşi ýaly, 1890-njy ýylyň başynda diňe Ashabad uýezdinde 17 sany käriz we 140 sany guýy bar eken. Aşgabadyň özünde hem ХХ asyryň 40-njy ýylyna çenli iri käriz ulgamy hereket edipdir. Inžener Ýa. Taýyrow 1892-nji ýylda Ashabad uýezdinde kärizleriň 42-si işläpdir diýip bellemegi täsindir. Has takygy kärizleriň bir bölegi arassalanayp dikeldilen bolmaly. Güýçli käriz ulgamy Akdepe şäherçesinde we Bekrewe diýen ýerde (Aşgabat şäheriniň häzirki Çandibil etraby) güýçli käriz ulgamy bolupdyr. Bu ýadigärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagtnda şu setirleriň awtory günorta-günbatar-günorta soňra günorta hazirki zaman şaýoluna uzap gidýän ýumurylan guýularyň 38-ni hasaba aldy. Ähtimal, guýular has köp bolandyr hem-de olar dag eteklerinden gadymy şähere tarap uzandyr.

Kärizler özleriniň berkligi we ululygy bilen geň galdyrýar. Meselem, Köne Mürçe käriziniň beýikligi 4 metre çenli bolup, giňligi metrdir! Durnuň kärizleri bolsa özüniň uzynlygy bilen geň galdyrýar. Gadymda olar bişen kerpiç bilen üpjün edilipdir we dag eteklerinden tä çöl bilen serhetleşýän Şährislam şäherine çenli onlarça kilometer uzapdyr.

Kärizleriň suwuny köp sanly suw degirmenleri we suw galdyryjy jykyrkar herekete getiripdir. Şeýle jykyrlaryň biri Х asyryň rabat Paraw oblastynyň kärizinde ýatlanylýar. Gözlegçileriň hasap edişleri ýaly, gürrüň Serdar şäheriniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Janahyr kärizi barada gidýär. Al-Horezmä laýyklykda, asyryň ortalarynda Horosanda tirkeg mallary bilen herekete getirilýän jykyrlaryň dürli görnüşi (dulab, daliýa, garraf, zurnuk, naura, manžanun) bolupdyr. ХХ asyryň 20-nji ýyllarynda Amyderýada 15 müňe çenli jykyr hereket edipdir diýip, çeşmeler şaýatlyk edýär. Olaryň kömegi bilen otuz müň gektar töweregi ekin meýdany suwlandyrylypdyr.

Türkmenlerde guy ussasynyň hemäýätkäri bolan Şahyzeňňi diýen şahsyýet bolupdyr. Onuň hormatyna hudaýoly hem beripdirler. Kärizgenler ýeriň ýokarky gatlagyny aýranlaryndan soňra adamlary üýşürip, guy gazamgyň şowly bolmagy we bela-beterden goramagyny diläp, Şahyzeňňäniň ýoluna sadaka beripdirler. Kärizgen guýy üçin oňaýly ýeri gözlemekden başlap, bu iş tamamlanýança işiniň şowly bolmagyny Şahyzeňňeden diläpdir. Käriz ussalarynyň zähmeti üçin her bir paýçy suwuň gije-gündüzdäki paýyna görä hak töläpdir. Bir käriziň adamlaryň köp sanlysyna hyzmat eip bilmegi täsin ýagdaýdyr. Meselem, 120 ýyldan gowrak wagt mundan ozal durunyň Huntuş we Aýnabat kärizleri degişlilikde 95 we 143 öý eýelerini suw bilen üpjün edipdirler, Köne Mürçe kärizi bolsa 53 hojalygy suw bilen üpjün edipdir. Käbir ýeriniň adamlary hatda käriz işleriniň ussalarynyň atlaryny hem ýatlaýarlar. Meselem, Janabat kärizi 160 ýyldan gowrak wagt mundan ozal kärizgen Ärnazar we onuň kömekçileri tarapyndan gurlupdyr.

Hakykatdan hem, özboluşly halk gidrotehnikasy müň ýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilipdir. Häzirki wagtda hem, haçan-da kuwwatly tehnikalar we hazirki zaman tehnologiýalar halka hyzmat edýärkä, geçmişiň bu bahasyna ýetip bolmajak tejribesi üns berilmegine we öwrenilmegine mynasypdyr.