Şu gün türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda “German bahary” atly medeni çäräniň açylyş dabarasy boldy.
Dostlukly ýurduň artistleriniň gatnaşmagynda birnäçe medeni çäreleri özünde jemleýän “German bahary” sazlaşykly ösýän türkmen-german gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu çärä iki dostlukly döwletiň netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, iki halkyň gatnaşyklarynyň berkidilmegini we olaryň birek-biregiň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmagyny şertlendirýär.
Häzirki döwürde türkmen-german gatnaşyklary täze galkynyşa eýe boldy. Biziň ýurtlarymyzyň köpugurly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge bolan meýilleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Türkmenistan we Germaniýa ynanyşmak we özara peýda esaslarynda ikitaraplaýyn we iri halkara düzümleriniň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn gatnaşyklary alyp barýar.
Soňky ýyllarda iki ýurduň medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňedi. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň türkmen-german gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýeti bolan nemes kitaphana gaznasy açyldy. Şu ýyl türkmen paýtagtynda geçirilen Germaniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünliklere beslenmegi medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanda guraýan çykyşlary we biziň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde geçirýän medeni çäreleri indi asylly däbe öwrüldi. Türkmen we nemes alymlarynyň arheologiýa gözlegleri we golýazmalar mirasyny saklamak boýunça alyp barýan bilelikdäki işleri örän netijeli häsiýete eýe boldy.
2013-nji ýylyň başynda iki ýurduň köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirmäge bolan meýillerini alamatlandyrýan birnäçe gumanitar çäreler geçirildi. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Germaniýanyň Kýoln şäherinde geçirilen “Spoga horse” halkara atçylyk sporty sergisine gatnaşmagy uly üstünliklere beslendi. Ol şondan bir aý soňra Germaniýanyň Essen şäherinde guralan “Equitana 2013” Bütindünýä atçylyk sporty ýarmarkasynda has-da berkidildi. Türkmenistan mart aýynda 180-den gowrak ýurduň gatnaşmagynda Berlinde geçirilen ITW Berlin 2013 halkara syýahatçylyk sergisinde öz mümkinçiliklerini beýan etdi.
Iki ýurduň wekilleri şu gün gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary dowam etmek maksady bilen ýene-de duşuşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň medeniýet we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklarynyň işi boýunça wekili doktor Hans-Ulrih Zaýdtyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Wekiliýetiň hatarynda German-türkmen forumynyň ýolbaşçysy hem-de wekilleri bar. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde, Medeniýet minisrliginde we Bilim ministrliginde duşuşyklar meýilleşdirildi. Toparyň agzalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine we paýtagtymyzdaky nemes dilini öwredýän 27-nji orta mekdebinde bolarlar. Şeýle hem myhmanlar “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Goňurdepe arheologik toplumyna baryp görerler.
Paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Oňa Germaniýýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen bir hatarda, Germaniýanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Öz eserlerinde ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wasp eden türkmen halkynyň beýik ogluna goýulýan çuňňur hormaty alamatlandyrýan ajaýyp ýaz gülleri ýadygärligiň etegine goýuldy.
Türkmenistanda “German baharynyň” dabaraly açylyşyna alamatlandyran bu özboluşly şahyrana gezelenç halklaryň hoşniýetliligini we tutuş dünýäde birek-birege bolan hormaty tassyklaýan ruhy gymmatlyklarynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Görnükli türkmen şahyry we akyldary, Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň setirleriniň bütindünýä şöhratyň we hormatyň seýilgähi bolan “Öňdengörüjileriň ýodasynda” ýerleşdirilendigini bellemeli. Ol Berliniň günorta künjegindäki esasy köçeleriň biri bolan Fridrihştrasse köçesindäki UNESKO agza ýurtlaryň milli edebiýatlarynyň meşhur wekilleriniň setirleriniň toplumyny alamatlandyrýan açyk asmanyň astynda ýerleşen sergide görnükli orun eýeleýär.
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda “German bahary” ady bilen Türkmenistanda geçirilýän medeni çärä gatnaşanlaryň juda köp bolmagy oňa bolan gyzyklanmalaryň ýokarydygyny alamatlandyrdy. Baharyň ajaýyp günleriniň birinde guralan bu çärä ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, döredijilik toparlary, paýtagtymyzyň ýaşlary, dostlukly ýurduň medeniýetiniň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça wekili doktor Hans-Ulrih Zaýdt dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa köp ugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şol sanda türkmen-german gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, iki halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagy boýunça alyp barýan netijeli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Jenap Hans-Ulrih Zaýdt özüniň Türkmenistana saparynyň hem iki ýurduň arasyndaky medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Goý, häzirki çäre türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi bersin we anyk netijelere eýe bolsun diýip, myhman aýtdy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut-Wolfgang Brett öz gezeginde ajaýyp bahar paslynda Türkmenistanda “German baharynyň” geçirilmegi - bu ozaly bilen, dostlugyň we döredijiligiň baýramçylygydyr, oňa bolsa Germaniýanyň medeniýet işgärleri Türkmenistana nemes medeniýetiniň bir bölejigini getirdiler diýip aýtdy. “Biz bu çäre arkaly german-türkmen gatnaşyklaryny has-da baýlaşdyrmak isleýäris” diýip, ilçi nygtady.
Soňra “QuntettAvanti” üflenip çalynýan saz gurallary toparynyň konserti boldy. Onda çykyş eden sazandalar Germaniýanyň abraýly konserwatoriýalarynyň biri bolan Gamburgyň Saz we teatr ýokary mekdebiniň uçurymlarydyr. Nemes saz ussatlary Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan çykyşlarynyň maksatnamasyna nusgawy we häzirki zaman saz eserlerinden özboluşly kompozisiýalaryny girizdiler.
Barokko eýýamynyň sazy bolan we özboluşly ruhy lezzet berýän Samuel Şaýdtyň we Iogann Sebastýan Bakyň eserleri bilen konsert açyldy. Sazandalar ussatlaryň bu ölmez-ýitmez eserelere girizen ähli nepisliklerini diňleýjileriň aňyna ýetirmegi başardylar.
Wiktor Ewaldyň we Gustaw Hostyň romantik eserleri agşamyň maksatnamasynda öz beýanynyn tapdy. XX asyryň sazlarynda Aksel Ýorgenseniň, Ýan Kutsiriň we Malkolm Arnoldyň “Kwintetalary” ýaňlandy. Biri-biniň üstüni ýetirýän dürli eserler aýdym-saz baýramçylygynyň beýik öwüşginini alamatlandyrdy.
Jaz we tango eserleri saz agşamynyň jemini jemledi. Hyjuwly we joşgunly sazlar tomaşaçylara uly täsir galdyrdy. Olar dowamly el çarpyşmalary bilen germaniýaly zehinleriň joşgunyna we ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berdiler.
Ertir Türkmenistanyň Döwlet sirkinde medeni maksatnamanyň çäklerinde akrobatik we žanglýor çykyşlary ýaýbaňlandyrylar. Ussat artist we tansçy Hinnerg Şihta zehinli artist Werena Şulse bilen bilelikde žanglýor tansynyň ýokary ussatlygyny görkezerler. Joşgunly flamenko owazy astynda kümüşsow şarlar bilen edilýän tans has-da täsirliligi bilen tapawutlanylýar. Onda şarlar tansçylar bilen bir bitewiligi emele getirýär.
16-njy aprelde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň tomaşaçylary doganlar Grimleriň “Bremen sazandalary” ertekilerinden oýunlara tomaşa ederler. Ony bütindünýäde meşhur “Laku Paka” teatrynyň zehinli artistleri Kerstin Rýon we Gýuntera Staniýewskiý ýerine ýetirýärler. Şeýle hem olar sahnanyň dramaturglary, režissýorlary, oýun goýujylary, gurjaklary we bezeg gurallaryny taýýarlaýjylary, aktýorlary we kompozitorlary bolup durýarlar. Teatryň repertuary örän köp dürli bolup, ol adaty gurjak oýunlaryny, kiçi gurjak tomaşalaryny, hatda kölege teatryny özünde jemleýär.
“German bahary” türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda şanly waka bolmak bilen, ol iki ýurduň halklarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň mundan benýläk-de ýakynlaşmagyna, olaryň özara tejribe alyşmagyna ýardam berýär. Tomaşaçylar bolsa bu ajaýyp baharyň döredijilik baýramçylygynyň gözel dünýäsine çuňňur aralaşarlar.