Şu gün Ahalyň dag eteginde, Halkara atçylyk sport toplumynyň golaýynda şöhratly ahalteke bedewi Polatla bagyşlanan heýkeller toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Atyň altyn çaýylan heýkeli oturdylan belent sütün Köpetdag şaýolunda aýlawly awtomobil ýolunyň çatrygynyň merkezinde bina edildi. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin bu ýere hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, ellerinde ýaşyl tug pasyrdaýan talyp ýaşlar we hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Bu günki waka Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan ajaýyp dabaralaryň hataryna belent heň we behişdi bedewlere halkyň söýgüsiniň röwşen, joşgunly mukamyny goşdy. Türkmen halkynyň medeni we ruhy durmuşynda bedewleriň nähili orun tutýandygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň behişdi bedewlerimiz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr” diýip aýdan ajaýyp sözleri hem şaýatlyk edýär.
Meşhur ahalteke bedewiniň ýadygärligini ebedileşdiren heýkel toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda owadanlygy we ajaýyplygy boýunça gaýtalanmajak bedewleri döretmek bilen türkmen seýisleri tohumy kämilleşdirdiler. Şonuň üçin hem şöhratly ahalteke atlary bu günki günde-de türkmen halkynyň milli gymmatlygy we aýratyn buýsanjy bolmagynda galýar. Ýelden ýyndam täsin atlar ählihalk dabaralarynyň bezegi, türkmenleriň ruhy ganaty, hakyky buýsanjyň we galkynyşyň nyşany bolup durýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň goldaw bermegi we aladasy netijesinde saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmak, täsin ahalteke bedewleriniň tohumlaryny bütin dünýäde ýaýratmak boýunça giň möçberli we köp taraply işler ýaýbaňlandyryldy. Halkyň ahalteke bedewlerine bolan çuňňur söýgüsiniň nyşany bolup, her ýylyň aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde halkara derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy hem orta çykýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýokary dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan döwrebap täze atçylyk sport toplumlary açylyp ulanmaga tabşyryldy. Bu bolsa at sportunyň ösmegine, milli at oýunlarynyň galkynmagyna oňyn täsirini ýetirdi.
Ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi ýola goýlan ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi hem oňat adata öwrüldi. Munuň özi bütin ýer ýüzünde ahalteke atlarynyň şöhratynyň ýaýradylmagyna, dünýä atçynaslygynda bahasyz gymmatlyk bolup durýan ajaýyp çapuw atlarynyň dowamatynyň saklanmagyna we kämilleşdirilmegine ýardam edýär.
Behişdi bedewleriň diňe bir olaryň watany bolan türkmen topragynda gadyry bilinmän, dünýäň ähli künjeklerinde-de täsin ahalteke atlaryna söýgi we mähir bilen garaýanlar köp. Türkmen paýtagtynda dürli halkara maslahatlar, sergiler yzygiderli geçirilýär, olar bolsa halkara ýaryşlarynda we çapyşyklarynda özlerini görkezen, ajaýyp ahalteke atlaryna bolan ünsüň güýçlendirilmegine täsir edýär.
Şeýle şöhrata eýe bolan bedewleriň biri hem Polatly diýen at boldy. Öz döwründe gözelligi we ýyndamlygy bilen öňüne at geçirmedik bu ahalteke bedewi uly meşhurlyga eýe bolmak bilen birlikde, dürli ýurtlarda çykyş edip, güýçli atlar bilen bäsleşiklerde köp sanly çempionlyk derejelerini we baýraklaryny gazanmagy başardy. Pereň we Gaçgyr diýen atlaryň neslinden bolan Polatly 1965-nji ýylda dünýä inip, esasy tohum ugurlarynyň birini dowam etdi.
1968-nji ýylda Aşgabat aýlawynda çykyş edende, Polatly 1600 metr aralygy 1 minut 44,8 sekuntda geçmegi başaryp, täze rekordy goýdy. Bu görkeziji Zeminiň ähli çapyksuwarlary üçin 30 ýyl töweregi ýetip bolmaýan dereje bolmagynda galdy.
Polatly özünden soň saýlama ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyryp, iň oňat häsiýetleri geçirmek bilen ýüzlerçe nesilleri goýdy. Pereňiň ugrunyň meşhur nesilleriniň biri – Polatlynyň agtygy — Pyýada diýen at hem atasyna meňzeş bolup, 1993-nji ýylda ýeňiji bolmagy başardy. Şeýlelik bilen, Pyýadadan hem 2006-njy ýylda Polatly diýen at dünýä inýär. Öz meşhur atasynyň adyny alan bu at öz nesliniň şöhratly ýoluny diňe bir dowam etmän, 2008-nji ýylda Daşkentde geçirilen halkara ýaryşynda “Türküstanyň Altyn ýyldyzy” adyna eýe bolmagy başaryp, gazanýan ajaýyp sport üstünlikleri arkaly meşhur adyna mynasyp boldy.
Bu gün bolsa meşhur bedewiň şanyna belent sütün görnüşli hormat münberinde Polatlynyň çarýana altyn öwüşginini saçýan heýkeli oturdyldy.
Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda atyň aýratyn orun tutýandygyna şaýatlyk edýän köpsanly mysallar bar. Şunda aýdyň we jedelsiz gözbaş hökmünde müňýyllyklaryň jümmüşinden atlaryň we çapyksuwarlaryň aýdyň keşplerini biziň günlerimize ýetiren türkmen gadymy gymmatlyklarynyň ajaýyp ýadygärlikleri, olaryň aýrylmaz, sazlaşykly birleşýändigine şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyzyň çäginde tapylan şaýy pullardaky atyň has irki şekilleri biziň eýýamymyza çenli II asyra degişlidir. Soňky taryhy döwürlerde bedew mowzugy sungatda we edebiýatda has uly orun eýeledi. Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, biziň behişdi bedewlerimiz milli nyşanlarymyzda öz beýanyny tapdy.
Polatlynyň heýkeli hem bu babatda şeýledir. Onuň keşbi özboluşly gözelligi döredip, bedewiň syratlylygy güýç-kuwwatyň, erk-islegiň we belentligiň nyşanlaryny kemala getirýär. Binýadyň üstündäki altyn nalyň ýüzünde Polatlynyň we onuň ene-atasynyň atlary ýazylypdyr. Binýatdan ýene-de dokuz atyň şekili şöhle kimin dürli tarapa ýaýrap, nesil daragtynyň dowamyny beýan edýär.
Halkara atçylyk sport toplumynyň golaýynda ýerleşen bu heýkel toplumy döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny şöhlelendirýän bedewler bilen duşuşygy ýadyňa salýar. Ine, şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyz heýkel toplumyny “Polatly aýlaw” diýip atlandyrmak baradaky halkyň öňe süren başlangyjyny goldady. Bu bolsa türkmen halkynyň behişdi bedewlerine hormatly garaýşynyň ýene bir aýdyň beýanyna öwrüldi. Olaryň şanyna şu günler baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlanýar.
Pudaga berýän uly ünsi üçin “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň çapyksuwarlarynyň we seýisleriniň, hünärmenleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözleri bilen dabarada Türkmenstanyň at gazanan atşynasy A.Gazakow çykyş etdi. Meşhur seýis şeýle hem gözbaşyny gydymyýetden alyp gaýdýan, Türkmenistanda görnükli ahalteke bedewleriniň wekili Polatlynyň aýratyn ukyplary we gylyk-häsiýetleri barada gürrüň berdi. Hut mele-tylla hem-de çypar-altyn reňkler häzirki zaman ahalteke bedewleriniň gadymy nebereleriniň—nusaý atlarynyň tapawutly aýratynlyklary bolupdur. Dabarada çykyş edenler döwlet Baştutanymyzy türkmen atşynaslarynyň ahalteke bedewleriniň öz ata-babalarynyň şöhrat-şanyny mynasyp dowam edip, türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrmagy üçin ähli gujur-gaýratlaryny sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ylham joşgunynyň, döredijilikli gujur-gaýratynyň we beýik işlere bolan erk-isleginiň nyşanyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň ýyl ýazgysyna täze taryhy sahypalar ýazylýar. Atçylygyň milli sungaty hem-de bedewleriň kemala getirilişi giň halkara derejesine çykyp, täze sepgitlere eýe bolýar.
Ynha, şu hepdede paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III maslahaty hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty” atly V Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Bu forumlara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna dünýäniň ençeme ýurtlaryndan myhmanlar, alymlar, bilermenler, atşynaslar hem-de iri habar beriş we ýöriteleşdirilen neşirlere wekilçilik edýän žurnalistler gelerler.
Şol günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan Halkara sergi- ýarmarkasy geçiriler. Oňa daşary ýurt atçylyk işewürliginiň ençeme wekilleri uly gyzyklanma bildirýärler. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, olaryň çeperçilik taýdan iň gowy şekillendirilen eserleri babatda sungat işgärleriniň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, şeýle hem belli çapyksuwarlaryň we görnükli bedewleriň gatnaşmagynda däbe öwrülen at çapyşyklary we atçylyk sport bäsleşikleri baýramçylygyň esasy wakalary bolar.
Şöhratly ahalteke bedewiniň heýkel toplumynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, “Polatly aýlawyň” ýanynda döredijilik we aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandy.
Ýeri gelende aýtsak, Ahal jülgesiniň gözel künjegine, Köpetdag şaýolunyň beýleki bir aýlawly halkasynda, Halkara atçylyk sport toplumyna alyp barýan ýoluň ortasynda bina edilen atlaryň heýkeli aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu özboluşly toplum “Atly aýlaw” diýlip atlandyryldy. Ajaýyp bedewiň üstünde oturan çapyksuwaryň heýkeli onuň özenini düzýär. Çapyksuwaryň arkasynda türkmen sungatynyň ylham joşgunynyň nyşany bolan dutar görünýär. Bu alamat topluma özboluşly owaz çaýyp, ol atyň aýaklarynyň sesi bilen sazlaşýar we aýdym-sazyň, duýgular şygrynyň beýanyna öwrülýär.
“Polatly aýlaw” we “Atly aýlaw” heýkel toplumlary türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden özboluşlylygyny, medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny biziň günlerimize ýetirendiginiň ýene bir subutnamasy bolup durýar. Ol milli atçylygynyň özboluşly medeniýetini gymmatly hazyna hökmünde saklap galdy. Bu medeniýet dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň gowy hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär.
Wagt şöhratly geçmişimiziň janly rowaýaty hasaplanýan ahalteke bedewine emrni ýöredip bilmeýär. Bedew ýelden ýyndam bolsa, adam wagtdan ozýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerimiziň täze taryhyny döredip, türkmen atçylygynyň we atçylyk sportunyň täze belentliklere çykmagy üçin ähli şertleri döredýär. Şol belentliklere bolsa diňe ganatly bedewler çykmaga ukyplydyr.