Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm tarapy durmuş üpjünçiliginiň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmekdir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugynyň umumy kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň birnäçesi goşuldy. Olaryň hatarynda “Ilatyň durmuş üpjünçiligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kodeksi we “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakyndaky” Kanun bar, olar 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.
Pensiýa üpjünçiliginiň, şeýle hem ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň maliýe taýdan durnukly, ykdysady taýdan netijeli ulgamyny döretmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan durmuş özgertmeleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda yzygiderli iş geçirilýär, şonuň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli raýatlary durmuş üpjünçiligi bilen gurşalyp alyndy, adamlaryň durmuş derejesi gyşarnyksyz ýokarlandyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň martynda “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kodeksi kabul edildi, ol ýurdumyzda durmuş üpjünçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitledi. Bu kanunçylyk namasynyň kabul edilen gününden bäri geçen wagtda Kodeksiň uly ýaşly nesliň, ilkinji nobatda, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň we maýyplaryň, uruşda wepat bolan esgerleriň maşgalalarynyň bähbitlerini, şeýle hem eneligi we çagalygy, maýyplary we durmuş goragyna mätäçlik çekýän beýleki raýatlary goramaga degişli maddalaryna ençeme gezek üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizildi.
Hususan-da, çaga dünýä inen mahaly we oňa seretmek boýunça işleýän hem-de işlemeýän enelere, şeýle hem çagalygyndan maýyplara berilýän döwlet kömek pullary köpeldildi. Çaga seretmek boýunça kömek pullaryny tölemegiň dowamlylygy bir ýarym ýyldan üç ýyla çenli artdyryldy.
Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weteranlaryna döwlet tarapyndan uly hormat goýulýar we olar barada içgin alada edilýär. Köp sanly hukuklar we ýeňillikler bilen olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Mysal üçin, häzirki wagtda urşa gatnaşyjylaryň pensiýasynyň iň az möçberi pensionerleriň beýleki toparlary üçin bellenilen pensiýanyň iň az möçberinden ep-esli ýokarydyr. Mundan başga hem olaryň dermanlary we protez-ortopediki önümleri, şeýle hem ýylda bir gezek sanatoriýa-şypahana bejerişini mugt almaga, şeýle hem demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulagynda gidişin we gaýdyşyn mugt gatnamaga hukugy bardyr. Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäçlik çekýänlere nobatdan daşary ýaşaýyş jaýy berilýär. Telefon mugt oturdylýar.
Biziň ýurdumyzda 1932-nji ýyla çenli doglan ähli raýatlara degişli ýeňillikleri bermek bilen 1941-1945-nji ýyllarda tylda zähmet çeken weteranlaryň derejesiniň berlendigini hem belläp geçmeli. Bu deňsiz-taýsyz çözgüt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly ýaşly nesil hakyndaky işjeň aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Uruş we zähmet weteranlary üçin şäher ýolagçy ulagynda gatnamak hem mugtdur. Mundan başga hem işleýän weteranlar girdeji salgydyny tölemekden boşadyldy.
Pensiýa ýaşyna ýeten we azyndan bäş ýyl döwlet ätiýaçlandyrmasyna serişdeleri töleýän raýatlaryň pensiýa üpjünçiligini döwletimiziň kepillendirýändigini hem ýatlap geçmeli. Işlän ýyllary bolmadyklara bolsa, durmuş kömek puly bellenilýär. Erkek adamlar üçin pensiýa ýaşy 62, zenanlar üçin bolsa 57 ýaşdyr. Kanunçylyk tarapyndan üç we ondan köp çagasy bolan ýa-da maýyp çagasy bolan eneleriň; harby gullukçylaryň; uçuş düzüminden bolan adamlaryň; agyr işlerde işlän adamlaryň ir pensiýa çykmagy hem göz öňünde tutuldy. Daýhanlaryň pensiýalary hasaplanylan mahaly durmuş ätiýaçlandyrmasyna serişdeleriň tölenendigine garamazdan, olaryň oba hojalygynda işlän döwri nazara alynýar.
Her ýyl pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyndan başga hem raýatlaryň aýry-aýry toparlaryna tölenýän tölegler artdyryldy. Mysal üçin, 1998-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli pensiýa çykan raýatlar üçin işlän ýyllaryny hasaplamakda çäklendirmeler aýryldy. 2010-njy ýylda oba hojalyk önümlerini öndürmekde işlän raýatlaryň pensiýalarynyň möçberine gaýtadan seredildi. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap kömek pulunyň möçberi maýyplyk boýunça ortaça alnanda 80 göterim, ekleýjisini ýitirmegi boýunça we durmuş kömek puly ortaça alnanda 27 göterim, ýetimlere bolsa ortaça alnanda 33 göterim artdy. Umuman alnanda, geçen bäş ýylda çaga dünýä inen mahaly çaga seretmek boýunça berilýän kömek puly, durmuş kömek puly 3,5 esse artdy. Türkmenstanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, guramalaryň we kärhanalaryň işgärleriniň iş hakynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň 10 göterim, pensiýalaryň möçberleriniň bolsa 15 göterim ýokarlandydygyny belläp geçmeli.
Döwletimiziň durmuş syýasatynda beden taýdan çäkli mümkinçilikleri bolan adamlary durmuş-ykdysady taýdan goldamaga uly üns berilýär. Türkmenistanyň 2008-nji ýylyň oktýabrynda BMG-niň “Maýyplaryň hukuklary hakyndaky” Konwensiýa, 2010-njy ýylyň sentýabrynda şol Konwensiýa Fakultatiw teswirnama goşulmagy munuň subutnamasydyr. Bu ugurdan görülýän çäreler, şol sanda olary durmuş ulgamyna doly çekmegi, özbaşdak hünär işine taýýarlamagy, ýörite lukmançylyk hyzmatlaryny etmegi we başgalary göz öňünde tutmak bilen, işe ukypsyz adamlaryň döwlet kepillendirmeleriniň toplumlaýyn ulgamyny kemala getirmäge, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge hem-de goramaga gönükdirilendir.
Pensiýa ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy wezipesi pensiýa hasaplamalaryny ýönekeýleşdirmek arkaly, pensiýa almak üçin amatly şertleri döretmekden, pensiýa ätiýaçlandyrmasyna töleleri geçirmek üçin raýatlaryň zähmet çeken döwrüni ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2012-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy döredildi. Pensiýa gaznasynyň üstüne pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we beýleki durmuş töleglerini bellemek, maliýeleşdirmek boýunça borçlardan başga-da, pensiýa ätiýaçlandyrmasyny guramak, pensiýa töleglerini toplamak we jemlemek, olaryň tölenilişine gözegçilik etmek, maliýe serişdelerini kemala getirmek boýunça wezipeler hem ýüklenildi.
Bu babatdaky kanunçylyk çäreleriniň hatarynda “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny bar, ol işlän döwründe raýatlaryň pensiýa ätiýaçlandyrmasyny doly derejede gurşap almagy maksat edinýär. Munuň özi her bir adama pensiýa maýasyny toplamaga mümkinçilik berer, pensiýanyň möçberi şoňa bagly bolar.
Şu kanun esasynda raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň şertleri üýtgedilip, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy girizilýär. Şu kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna we ätiýaçlandyrylan adamlaryň öňünde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan borçnamalaryny ýerine ýetirýän onuň ýerli edaralaryna ätiýaçlandyryjynyň derejesi berildi.
Hakykatda, ýurdumyzyň ähli işe ukyply ilatyny pensiýa ätiýaçlandyrmasyna çekmek kabul edilen resminamanyň esasy artykmaçlygy bolup durýar. Kärhanalaryň, şol sanda daşary ýurt kärhanalarynyň işgärleri; hususy telekeçiler we olarda işleýän adamlar; kärendeçiler hem-de olar bilen zähmet gatnaşyklary bolan adamlar; ýekebara işläp, girdejisi bolan adamlar şol ätiýaçlandyrma bilen gurşalyp alyndy.
Kanun arkaly hökmany we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyndan başga hem pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň täze görnüşi, ýagny, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy girizildi. Işlän ýyllary üçin ýa-da zähmetiň aýratyn şertlerinde /zyýanly, aýratyn agyr/ işländigi üçin möhletinden öň pensiýa çykmaga hukugy bolan adamlar ätiýaçlandyrmanyň bu görnüşi bilen gurşalyp alnar.
Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa tölegleri Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine geçirilýär, olaryň belli bir maksady bardyr we olar ätiýaçlandyrylan adamlaryň pensiýa üpjünçiligine gönükdirilýär.
“Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” 2012-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kodeksine laýyklykda, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap täze--şertli toplaýyş pensiýa ulgamy girizildi. Şu Kodekse laýyklykda, döwletimiz şertli toplaýyş pensiýa ulgamynyň girizilmegine çenli işlän döwri üçin raýatlaryň pensiýa üpjünçiligini kepillendirýär. Bu kepillendime ilkinji pensiýa maýasy hökmünde olaryň hukuklaryny hasaba almak bilen amala aşyrylar. Ilkinji pensiýa maýasynyň möçberi raýatyň işlän ýyllaryna, iş hakynyň möçberine we pensiýa ýaşyna ýetenden soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygyna baglydyr. Şunda pensiýany ýa-da kömek puluny bellemek meselesine indiden beýläk raýatlaryň hemişelik ýaşaýan ýerinde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edaralary tarapyndan garalar.
Ýaşy boýunça pensiýany hasaplamagyň görnüşi hem ýönekeýleşdirildi. Ol raýatlaryň pensiýa bellenilýän senesine çenli pensiýa hasabynda bar bolan şertli pensiýa maýasynyň möçberini ömrüň garaşylýan dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylar.
Pensiýalaryň iň az we iň köp derejesini bellemek meselesi barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanda eýýäm hereket edýän kömek pullarynyň giň ulgamy bilen bir hatarda, döwletimiz gartaşan adamlar üçin pensiýanyň iň az möçberini kepillendirýär. Şu Kodekse laýyklykda, pensiýalaryň aňyrçäk möçberleri çäklendirilmeýär.
Şertli – toplaýyş pensiýa ulgamy her bir adama iş beriji tarapyndan tölenilýän pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hasabyna we hut özüne pensiýa maýasyny toplamaga mümkinçilik berýär, pensiýanyň möçberi şoňa bagly bolar. Şunda döwletimiz pensiýa ätiýaçlandyrmasyna tölegleri tölemekden boşadylan aýry-aýry döwürler üçin raýatlara pensiýa üpjünçiligini kepillendirýär.
Pensiýa ýaşyna ýetenden soň, erkek adamlaryň we aýallaryň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygyny ulanmak bilen pensiýalary hasaplamak şertli- toplaýyş pensiýa ulgamynyň möhüm aýratynlyklarydyr. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda gol çeken kararyna laýyklykda, ol Türkmenistan boýunça 174 aýa barabardyr.
Bu görkeziji hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň ulgamynda ätiýaçlandyrylan, ýagny şertli – toplaýyş pensiýa ulgamy girizilýänçä olaryň işlän döwri üçin adamlaryň ilkinji şertli pensiýa maýasyny hasaplamaga ulanylýar. Munuň özi 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ulanylan pensiýa ulgamynyň we şertli –toplaýyş pensiýa ulgamynyň dowamlylygyny saklap galmaga mümkinçilik berýär. Ilkinji şertli pensiýa maýasy ýaşyna garamazdan 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli işlän ýyllary bolan ähli adamlar üçin hasaplanylýar, bu barada şahsy hasabynda degişli ýazgy ýazylýar.
Ätiýaçlandyrylan adamlaryň şertli pensiýa maýasynyň möçberiniň her ýyl şol ýyl üçin Türkmenistan boýunça ortaça iş hakynyň ýokarlandyrylmagynyň möçberine gaýtadan hasaplanjakdygyny hem belläp geçmeli. Munuň özi pensiýa ulgamynyň maliýe taýdan durnuklylygyny saklamagyň aýrylmaz şertidir, döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm bölegidir. Bu çäre raýatlaryň haçan-da olar pensiýa çykanlaryndan 30-40 ýyldan soň hem durnukly bolup galjakdygyna ynamlarynyň bolmagy üçin geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda gol çeken ýörite Karary bilen, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriniň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýmaga gönükdirilmeginiň Tertibini tassyklady, munuň özi biziň ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň möhümdiginiň nobatdaky subutnamsydyr.
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri diýlip, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hasaplanylan wznoslaryň pensiýa gaznasyny saklamak bilen baglanyşykly häzirki wagtda tölenýän pensiýalar we çykdajylar maliýeleşdirilenden soň galýan pul möçberlerine düşünilýär. Bu resminama laýyklykda, Pensiýa gaznasynyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri karz edaralary bilen gol çekilen ylalaşyklar arkaly maýa goýumlaryny goýmaga gönükdiriler. Maýa goýumlaryna goýlan serişdelerden alnan girdejiler pensiýa ulgamynyň maliýe taýdan durnukly bolmagyna, maliýe-hojalyk ýagdaýynyň gowulanmagyna we ätiýaçlandyryş gaznalarynyň döredilmegine ýardam eder.
Şeýlelikde, şertli-toplaýyş pensiýa ulgamy ähli pensiýa borçnamalarynyň maliýeleşdiriş çeşmeleri bolan pensiýa ulgamyndan ybaratdyr. Munuň özi her bir adamyň hem, tutuşlygyna alnanda döwletimiziň hem bähbitlerine has doly laýyk gelýär.
Homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlary bilen şu ýylyň 14-nji ýanwarynda bolan duşuşygynda demokratik dünýewi we hukuk döwletini gurmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etmek, jemgyýetiiň we döwletiň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we goramak maksatlaryna gönükdirilen, ýurdumyzda amala aşyrylyp başlanan hukuk özgertmelerini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
“Bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçilýän şertlerde raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak hemişe döwletimiziň üns berýän meselesi bolupdy we bolmagynda galar. Biz raýatlarymyzyň aýry-aýry toparlaryny—köp çagaly maşgalalary, ýaşululary we çagalary, maýyplary, pensionerleri, bir söz bilen aýdylanda, döwlet tarapyndan goldaw berilmegine mätäç adamlaryň ählisini asla ýatdan çykarmaýarys. Ilatymyza gazyň, elektrik energiýasynyň, agyz suwunyň, nahar duzunyň we benziniň mugt berilmegi, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň ujypsyz bomagy, ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin karzlaryň berilmegi we salgytlaryň örän az bolmagy muňa şaýatlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Durmuş özgertmeleri geçirilen mahaly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, bu guramanyň hünärmenleri durmuş ulgamyna degişli täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda durmuş goraglylygynyň ulgamyny ösdürmegi goldamak” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagy bilen seminarlar guraldy, ýurdumyzyň gyzyklanýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat täze pensiýa ulgamynyň zerur bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça iş toparlary döredildi.
Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakyndaky” Kanuny we “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” Kodeksi raýatlaryň bähbitlerini goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan uly möçberli oňyn özgertmeler syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugrudygynyň we şeýle bolmagynda galýandygynyň nobatdaky tassyklanmasy boldy.