Adaty atçylyk enjamlary at eýesiniň aýratyn aladalarynyň biri bolupdyr. Sebäbi atlara türkmen durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Türkmen zergärleri üçin bolsa, bedew şaý-seplerini taýýarlamak elmydama hormatly hünär hasaplanypdyr. Bedew bezegleriniň arhiw materiallary gözden geçirilende seýrek duş gelýän fotosuratlary tapmak başartdy. Olarda ХIХ asyryň ortalarynyň baý gadymy bezegleri beýan edilipdir.
At bezegleriniň ählisi “bezeg şaýy” diýlip atlandyrylýar. Olar özünde “uýan” ýyldyzjygyny, göwüsbendi (gadym wagtlarda golaý aralykda duşmany gaýtarmak üçin ujy ýiti çiş), maňlaý bezegi bolan gözlügi hem-de birnäçe “alajaýyny” jemleýär. Uýan kümüş bilen bezelen inçe guşaklardan, şeýle hem guşaklaryň birleşen ýerindäki takyk daşlaryndan ybaratdyr. Häzirki uýanlara garanyňda boýun guşagy uzynlygy boýunça sazlaşdyrylmandygy täsin ýagdaýdyr. Bu her bir çapyksuwaryň amunisiýasy bolmaly diýen pikir bilen edilipdir. Bedewiň gözüni mör-mşeklerde goramak üçin gaýyşdan ýa-da ýüpekden ýasalan uzyn seçek has owadan bezeg bolupdyr. Ol maňlaý bagyna berkidilipdir hem-de kümüş bilen bezelipdir. “Alagaýyş” ýasylygy dürli bolan iki-üç sany boýunbagyndan ybarat bolupdyr. Inçeleri birinji dakylypdyr, ýasylary boýnuň aşagynda ýerleşipdir. Türkmenler doga hökmünde dakylýan asgyçlary we düwmeleri hem ýatdan çykarmandyrlar. Atyň boýnuna düýe ýüňünden taýýarlanan bagy dakypdyrlar. Atlary bezemek däbi häzirki günler hem dowam etdirilýär. Meselem, keçeden taýýarlanan basyrygy görkezmek bolar. Şeýle hem agramy 3-4 kilograma ýetýän kümüşden, gyzyldan, ýarym gymmat bahaly daşlardan at bezegleri taýýarlanylypdyr.
At bezeginiň iň möhümi eýer bolupdyr Türkmenler: “Atyň bolmasa-da, eýeriň bolsun. Aty gerek wagty goňşyňdan sorap bilersiň, eýeri bolsa, beräýse-de ýüregini titredip berer” diýip aýdýarlar. Şonuň üçin hem göçme halkda eýer atdan hem gymmat bolupdyr. Gowy eýer häzirki günler hem atlaryň ikisiniň gymmatyna durýar hem-de ýüzlerçe ýyllap hyzmat edýär.