Ï Üns merkezinde – şöhratly ahalteke bedewleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üns merkezinde – şöhratly ahalteke bedewleri

view-icon 735
Şöhratly ahalteke bedewleri bolan bahasyz milli gymmatlygy gorap saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Bu gün biziň ýurdumyzda bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny goşmak bilen atçylyga we atçylyk sportuny ösdürmek, şeýle hem behişdi bedewler bilen baglanyşykly bolan türkmen halkynyň özboluşly däplerini dünýäde giňden ýaýratmak ugrunda ägirt uly işler ýaýbaňlandyrylandyr.

Ýakynda şeýle işler täze halkara ykrar edilmesine mynasyp boldy. Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýanyň III mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Atçylyk sportuny ösdürmekde we ähli ýurtlaryň atçylyk sporty guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmekde goşan uly şahsy goşandy üçin atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň diplomy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy.


Mälim bolşy ýaly, ştab-kwartirasy Lozanna (Şweýsariýa) şäherinde ýerleşen FEI çapyşyklary geçirmek, päsgelçilikleri aşmak, çapuw, at üstünde dürli maşklary ýerine ýetirmek we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramakda ýeke-täk abraýly edara bolup durýar. Ol 1921-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda özünde milli federasiýalaryň 132-sini birleşdirýär.

Türkmenistana we türkmen halkynyň medeni mirasyna bütin dünýäde artýan köptaraplaýyn gyzyklanma Türkmenistanyň Baştutanyna “Reed Exhibitions” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň hormatly baýragynyň we ýadygärlik nyşanynyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu kompaniýa Ýewropada iri sergileriniň biri bolan “Equitana” halkara sergisini guraýjydyr.

Biziň milli atçylyk toplumymyzyň üstünlikleriniň we onuň ösüşiniň geljegini Türkmenistanyň “Equitana 2013” atçylyk sportynyň bütindünýä ýarmarkasynda görkezendigini hem bellemek gerek. Ol şu ýylyň mart aýynda Essen şäherinde geçirildi we oňa gatnaşyjylaryň we hünärmenleriň uly bahasyna mynasyp boldy.

“Türkmen bedewiniň baýramçylygy-2012” ady bilen Kanadada çykan owadan suratly nobatdaky neşir behişdi bedewlere hemme sarpa goýanlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Onuň awtory ahalteke atlary boýunça bilermen we “Argamak Stud” bütindünýä belli kompaniýasynyň direktory hanym Kerri-Jo Stýuart bolup durýar. Ol indi birnäçe ýyl bäri şöhratly ahalteke atlaryna bagylşlanyp geçirilýän milli baýramçylyga gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelýär.

Özüniň kitaplarynda we fotožurnallarynda Kerri-Jo Stýuart düşürilen suratlaryň çeper dili bilen Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge berilýän uly üns, saýlama ahalteke bedewleriniň baş sanyny gorap saklamak we köpeltmek işlerinde, bu täsin tohumlaryň mundan beýläk-de giňden ýaýradylmagyny gazanmak, umumydamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna bahasyz baýlyk goşan türkmen halkynyň hakyky buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýä şöhratyny ýene-de artdyrmak işinde gazanylanlar barada gürrüň berýär.

Täze neşir, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işjeň goldaw berilýän milli at çapyşyk däplerine we türkmen atçylyk sungatyna bagyşlanýar. Awtordan başga-da, 2012-nji ýylda Aşgabatda myhmançylykda bolan beýleki myhmanlar hem türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilen ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýsçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatyna, ahalteke bedewlerini suratlandyrmak boýunça döredijilik bäsleşigi dabaralaryna ganaşanlar hem özlerinde galan täsiri paýlaşyp pikiri beýan edýärler. Behişdi bedewleriň gözellik bäsleşiginiň hem ata sarpa goýan müňlerçe janköýerleri biparh goýmaşy ýaly, daşary ýurtlylarda hem onuň örän uly täsir galdyrandygy beýan edilýär.

“Ahalteke bedewleri – türkmen topragynyň hakyky täsinligi, türkmen halkynyň ruhy ganaty, biziň milli buýsanjymyzdyr”. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri türkmenleriň behişdi bedewlere bolan garaýyşyny aýdyň şöhlelendirýär. Bu günki olar Türkmenistan döwletiniň syýasatynyň nyşany hökmünde kabul edilýär. Ol syýasat bolsa her bir ynsanda ählumumy parahatçylyga iň oňat we ýagty umytlary, sazlaşygy we gülläp ösüşi oýarýan biziň ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji syýasatydyr.