Ýene az wagtdan Türkmenistanda okuw ýylynyň tamamlanandygyny we mekdep okuwçylarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan tomusky dynç alşynyň hem gelendigini aňladýan soňky jaň kakylar. Çagalaryň tomusky dynç alşynyň peýdaly we şatlykly geçmegi üçin şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bu möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär.
Bu işleriň döwlet ähmiýetlidigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygyndan hem görünýär. Milli Liderimiz häzirki bahar aýlarynda geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde we göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatlarynda degişli ýolbaşçylaryň bu meseleler baradaky hasabatlaryny yzygiderli diňleýär.
Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň dynç almagy üçin sagaldyş merkezlerinde zerur taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy bilen birlikde, welaýatlaryň häkimleriniň öňünde çagalaryň dynç alyş möwsüminde amatly dynç almagy we wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin hemme şertlere eýe bolan döwrebap çagalar sagaldyş - dynç alyş merkezlerini gurmak işlerini çaltlandyrmak barada wezipeleri goýdy.
Çagalaryň tomusky dynç alşyna taýýarlyk Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny we ähli taraplaýyn ösüşini berkitmek maksady bilen durmuşa geçirilýän uly we yzygiderli işleriň diňe bir bölegidir. Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän ýurt üçin çagalar, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi babatdaky içgin alada häsiýetlidir. Bagtly çagalyk Türkmenistanyň durmuş ugruna gönükdirilen syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bu bolsa milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän strategik ugurdyr.
Çagalara aýratyn üns berilmegi we olara söýgi bilen garalmagy asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy gymmatlygy bolup geldi. Şol gymmatlyklara esaslanyp, Türkmen döwleti aň-bilim taýdan ösen we ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda we başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş maksatnamalary hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.“Iň arzyly isleg-arzuwlaryň, beýik maksatlaryň hasyl bolýan Watanymyzda çagalar hakdaky alada hiç mahal ünsden düşürilmez” diýip hormatly Prezidentimiz belleýär.
Çagalaryň hukuklaryny goramakda, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň gazananlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde goldawa eýe bolýandygyny we ykrar edilýändigini bellemek möhümdir. Munuň mysaly hökmünde biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, ilkinji nobatda bolsa, onuň iri düzümleriniň biri bolan Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny görkezmek bolar. BMG-niň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak bilen çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligine biziň ýurdumyzyň öz ýaş raýatlary üçin iň oňat şertleri döretmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň aýdyň mysaly hökmünde BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmagy hem hyzmat edýär. Olaryň hatarynda enelige we çagalyga degişli meseleleri öz içine alýan halkara - hukuk resminamalary, şeýle hem garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda kabul edilen kanunçylyk namalary bar. Olaryň hatarynda çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň toplumlaýyn üpjün edilmeginiň ulgamyny, olaryň beden we ruhy taýdan ösüşiniň üpjün edilmegini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda raýatlyk garaýyşlarynyň kemala gelmegini göz öňünde tutýan “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakyndaky” Kanuny, çaga zähmetiniň meselelerini düzgünleşdirýän “Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakyndaky” Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy namalary bar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy adam hukuklary boýunça, şol sanda aýallaryň we çagalaryň hukuklaryna degişli halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň ählisiniň diýen ýaly esasy düzgünnamalaryny göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, eneligiň we çagalygyň hukuklaryny goramagyň esasy düzgünnamalary, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmiti önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky” Kanunyň Türkmenistanyň “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” Kodeksiniň we “Zähmet Kodeksiniň”, şeýle hem “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamagyň 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli Maksatnamasynyň” soňky ýyllarda kabul edilen wajyp ähmiýetli resminamalardygyny bellemek gerek. Olaryň ählisi halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, hususan-da, BMG-niň çaganyň hukuklaryny kesgitleýän düzgünnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.
Ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli künjeklerinde iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň, çagalar we ýetginjekler üçin medeni merkezleriniň, sport toplumlarynyň we dynç alyş merkezleriniň gurlandygyny we gurluşygynyň dowam edýändigini ýatlaman geçmek bolmaz.
Çagalyryň tomusky dynç alşyna taýýarlyk meselesine gaýdyp gelmek bilen, ýaş türkmenistanlylaryň saglygyna we terbiýesine berilýän uly ünsi özünde jemleýän Türkmenistanyň durmuş ugruna gönükdirilen syýasatynyň doly amala aşyrylýandygyna çagalaryň täze sagaldyş merkezleriniň gurluşyklarynyň güýçli depginde alnyp barylýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Gökderede yzygiderli ulanmaga tabşyrylan çagalaryň dynç alyş merkezleri halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrüldi, bu gün täze çagalar sagaldyş merkezleriniň gurluşygy Gökderede ýa-da Hazaryň kenar ýakalarynda dowam edýär. Munuň özi durmuş ugurly syýasatyň durnuklylygyndan, geljegimize ynamymyzyň uludygyndan, hemme gowy zatlaryň eziz çagalarymyza bagyş edilýändiginden gelip çykýar.
Ýerli tebigat bilen ajaýyp sazlaşýan täsin künjek bolan Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 13-si daşary ýurtlulary hem kabul edip, dünýäniň ähli künjeklerinden bolan çagalar bilen biziň ýurdumyzyň çagalarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde abraýly halkara mekdep olimpiýadalary, iri halkara bäsleşikleri hem-de döredijilik gözden geçirişleri we maslahatlar yzygiderli guralýar. Häzirki wagtda täze merkezleriň gurluşygy alnyp barylýar. Eýýam ýakyn wagtda bu ýerde Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça 300 orunlyk täze çagalar sagaldyş merkezi çagalara gapylaryny giňden açar.
Ýaş türkmenistanlylar tomusky dynç alyşlaryny deňiz ýakasynda geçirip, mynasyp dynç alyp bilerler. Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, ýaşlaryň festiwallarynyň guralýan merkezi diýen mynasyp ada eýe bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky iki sany merkeziň üstüne şu ýylyň tomsunda her biri 300 orunlyk örän oňaýly çagalar sagaldyş merkezleriniň birbada bäşisi goşular. Olar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça bina edilýär. Şunuň bilen birlikde, Hazar şäherinde deňiz kenarynda gurulýan 400 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşyk işleri hem tamamlanyp barýar. Bu ýerde hem çagalaryň saglygyny üpjün etmek we maşgala bolup dynç almak üçin hemme şertler döredilýär. Eýýam şu günden Hazar deňziniň türkmen kenarynda halkara ähmiýetine eýe bolan çagalaryň deňiz şypahanalarynyň özboluşly toplumynyň döredilendigini aýdyp bolar.
Çagalaryň täze sagaldyş merkezleriniň gurluşyklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki çagalaryň dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işleri hem güýçli depginde barýar. Umumbilim berýän mekdepleriň ýanynda döredilýän çagalar meýdançalary möwsüme taýýarlanýar. Şeýlelik bilen, şu tomus möwsüminde ýaş türkmenistanlylaryň on müňlerçesi dürli ýerlerde dynç alyp bilerler.
Dynç aljak çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda hem işler alnyp barylýar. Bu babatda dynç alyş döwründe çagalar sagaldyş merkezlerinde işlejek terbiýeçileriň we beýleki hünärmenleriň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Bu ýerlerde işlemek üçin ussat mugallymlar we terbiýeçiler saýlanyp alynýar. Olar üçin Türkmenistanyň Milli bilim institutynda ýörite okuwlar guraldy.
Tomus hemme döwürlerde ähli çagalar üçin şatlygyň we umytlaryň, täze duşuşyklaryň, töweregiňi gurşap alan dünýäde we öz-özüňde täzelikleriň açylmagynyň wagtydyr. Çagalaryň öz dynç alşyny ajaýyp täsirler bilen geçirmegi üçin Bilim ministrligi ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudak edaralary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde çagalar sagaldyş merkezlerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlaýar. Ol çagalaryň köptaraply zehinlerini açmagyna, milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna ýakynlaşmagyna mümkinçilik berjek döredijilik bäsleşikleri we duşuşyklary, şeýle hem täsin gezelençleri we sport ýaryşlaryny, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny we beýlekileri özünde jemleýär.
Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisinde dynç almak, ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin ajaýyp şertler döredilýär. Kitaphanalar, kompýuter otaglary, medeni merkezler we wideo zallar, ýüzülýän howuzlar, akwaparklar, tennis, sport we oýun meýdançalary çagalaryň ygtyýarynda bolar. Olaryň ählisiniň türkmen topragynyň ekologiýa taýdan arassa täsin künjeklerinde-Köpetdagyň eteklerinde, Hazar deňziniň kenarlarynda, şeýle hem ajaýyp tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde ýerleşendigini bellemek gerek.
Bu ajaýyp künjekleriň tebigy şertleri saglygyňy berkitmäge we ruhuňy galkyndyrmaga ýardam edýär, dürli gezelençler bolsa ýaş türkmenistanlylara mähriban ülkämiziň tebigatynyň baý dünýäsini açmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa çagalaryň dynç alşyny ýatdan çykmajak, peýdaly geçirmäge we aňyň ösmegine ýardam eder.
Milletiň kuwwatly ösüşiniň geljeginiň köp babatda çagalaryň ýagdaýyna baglydygy aýan zat. Jemgyýetde iri möçberli durmuş - ykdysady özgertmeleriň geçirilýän şertlerinde Türkmenistanyň geljegi köp babatda çagalaryň maddy, ruhy-medeni, bilim-terbiýeçilik, saglygy goraýyş, ekologik taýdan üpjünçiligi bilen kesgitlenýär. Çagalaryň terbiýesi, bilim almagy, beden we ruhy taýdan ösüşi Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlarydyr. Çagalarymyzyň bagtyýar ýüzleri, şatlykly gülküleri, şadyýan sesleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlarymyzyň dabaralanmasynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamymyzyň iň oňat şaýatnamasydyr.