Ahalteke bedewiniň keşbi çeper halyçylyk sungatynda öz beýanyny tapýar. Şöhratly türkmen bedewleriniň özboluşly haly porttretleri özüni haly dokamak sungatyna bagyş eden hem-de bu ugurda uly üstünlikler gaznan Şatlykgeldi Bozaganow tarapyndan döredildi. Şeýle haly porttretleriniň ilkinjilerinň biri meşhur ahalteke bedewi, sergileriň birnäçe gezek çempiony, birnäçe at çapyşyklarynyň ýeňijisi bolan, Türkmenistanyň tugrasyny bezeýän Ýanardagyň haly portreti boldy. Bu haly birnäçe ýylyň dowamynda dokaldy. Haly dokamak üçin ýüňi saýlamaga köp wagt gerek boldy. Sebäbi bu ussadyň döredýän halylary diňe tebigy reňkli ýüňlerden dokalýar, dürli öwüşgünleri bolsa, düýe, geçi we goýun ýüňlerini saýlamak arkaly alynýar. Halyny diňe bir özboluşly reňkler tapawutlandyrman, eýsem ol ýokary hilliligi – bir inedördül metre350 müň çitim çitilmegi hem tapawutlanýar. Bu günki gün bu haly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýinde görnükli ýerde orun aldy.
- Biziň maşgalamyzda, beýleki türkmen maşgalalarynda bolşy ýaly, halyny dokamagy başarmak nesilden nesillere geçirilip gelinýär – diýip, Şatgeldi gürrüň berýär. – Men kiçiligimden ejemiň halyny dokaýşyny, enemiň aýal doganlaryma halynyň dokalyş usulyny öwredişine syn etmegi gowy görerdim. Ilkibaşda meni haly stanogynyň işleýiş usuly gyzyklandyrdy, ýöne elde haly dokamak usuly biygtyýar ýadymda galypdyr...
boýun alşy ýaly, ol ahalteke atlarynyň owadanlygynyň çuňňur täsirleri esasynda, bu bedewiň türkmen halky üçin hem uly ähmiýete eýedigi üçin Ýanardagyň portretini döretdi. Sebäbi Ýanardag biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji baharynda dünýä inen, ahalteke tohumly atlaryň arasynda 1999-njy ýylda Moskwada geçirilen ilkinji çempionatyň ýeňijisidir.
ýyllarda Şatlykgeldi Bozaganowyň „behişdi bedewleriniň“ galereýasynyň üstüni Berkarar (2005 ý.), Gyrat (2006 ý.), Garader (2008 ý) ýaly meşhur türkmen bedewleriniň keşpleri ýetirdi. Garaderiň çeper porttretini haly gölleri bezeýär. Ölçegi 2 х 2,5 metr bolan bu halyda tebigy boýaglaryň 30-dan gowrak öwüşgini ulanyldy. Bedewiň hereketi, Garagumyň çägeliginiň zyýra-zyýrakary örän inçelik bilen berilýär. Bu owadan haly eserinde bedew edil diri ýaly bolup, gum alaňlary bilen ýeňillik bilen çapyp barýar.
Bu ussadyň toplumynda dürli ölçegdäki halylaryň 60 gowragy bar. Olaryň ählisi hem emeli reňkler ulanylmasyzdan tebigy boýagly ýüňler bilen dokalandyr. Olar owadan gölli adaty türkmen halylaryna meňzeş bolmasa-da, bu halylar örän owadandyr.
Şatlykgeldi Bozaganowyň ajaýyp halylary Awstriýada, Russiýada we Özbegistanda geçirilen sergilerde görkezildi. Onuň her bir döreden halysy özboluşlydyr. Onuň taýýarlan soňky halylarynyň biri ýütgeşikdir – relýef halydyr. Bu ýerde ak ahalteke bedewiniň keşbi giň göwrümde berlendir. Ussat bu halyny döredende kakylyp dokalýan relýew matasynyň aýratyn usulyny ulandy. Ol bu halyny döretmek üçin 4 ýylyny sarp etdi.
Şatlykgeldiniň döreden eserlerinde çeper ussatlygyny we halkyň çeper däp-dessurlaryny, şeýle hem ussadyň täzeliklerini we şahsy tejribesini görmek bolýar.