Ï Ýatdan çykmajak syýahat ýa-da gözellik sapaklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýatdan çykmajak syýahat ýa-da gözellik sapaklary

view-icon 1141
Türkmen halylary özüniň nepisliigi we jadyly gölleri bilen hemmeleri haýrana goýýar. Oň adiňe bir amaly sungatyň ussatlary, dizaýnerler we hudožnikler gyzyklanma bildirmän, eýsem ýaşlyk ýyllaryndan daşyny gurşaplaýan jadylaýjy haly gölleri çagalarda hem gyzyklanma döredýär. Golaýlap gelýän Haly baýramynyň öňisyrasynda Aşgabat şäheriniň çagalar we ýetgionjekler köşgüniň kollektiwi üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine ekskursiýa guraldy.


Çagalar gadymy we häzirki zaman haly we haly önümlerini synlamak bilen, özleri üçin halynyň taryhynyň täze sahypalaryny açdylar. Çagalar sansyz we her-hili gölleriň ummanyna, ýagty reňler bilen milli äheňde reňklenen we geçen ýüzýyllyklarda zehinli halyçylar tarapyndan döredilen haly gölleriniň ummanyna doldylar.

Biziň Pazyryk halysy diýip atlandyrýan 1949-njy ýylda Altaýdan tapylan kiçiräk haly myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Türkmeniň haly dokamak senetçiliginiň iki ýarym müň ýyldan gowrak mundan ozal başlandygy çagalarda uly täsir galdyrdy. Halylaryň biziň döwrümize gelip ýeten iň gadymylary, takmynan mundan iki müň ýyldan gowrak mundan ozal dokalypdyr!

Bu tapyndy ajaýyp maglumata şaýatlyk edýär: ýüz ýyllaryň geçendigine garamazdan elde dokalýan halylar hiç-hili üýtgeşmelere sezewar bolmady! Bu günki asyrlaryň şaýady bolan bu haly Ermitažyň toplumyny bezeýär.


Äpet halylaryň üçüsi mezeý ýygyndylarynyň buýsanjy bolup durýar. Şeýle äpet halyny bir stanokda dokap boljakdygyny çagalar göz öňüne hem getirip bilmediler. Halyny döreýiş taryhyny bilmek oalr üçin geüekly boldy. Mälim bolşy ýaly, ilkinji äpet haly 1941-nji ýyldan başlap dokalyp başlandy. Ony agyr uruş ýyllarynda Serdar şäheriniň halyçylary dokadylar. “Türkmen kalby” diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp halynyň umumy meýdany 193 inedördül metrdir.

Şondan ýarym asyrdan soňra türkmen halyçylary “Türkmeniň altyn asyry” äpet halyny dokap, 2002-nji ýylda Ginnessiň rekordlar kitabyna girizilen ýene-de bir sapar özleriniň ussatlyklaryny görkezmegi başardylar. Bu halyny Baharlynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary dokadylar.

Çagalar ensi we çuwallar ýaly haly önümlerine hem gyzyklanma bildirdiler. Olaryň arasynda ХVIII asyrda dokalan salor önümlerine mahsuslygy bilen tapawutlanýan çuwalyňýüz tarapynyň gölleri aýratyn orun eýeleýär: olar adaty usulda ýüňe ýüpek goşulyp dokalypdyr.

Muzeýiň zallarynyň birinde çagalar türkmeniň ak öýünde bolmak başartdy. Bu ak öýde çagalary oňaýly we amatly halylar, dokalan we tikilen örtgüler we beýleki durmuşda ulanylýan zatlar gurşap aldy. Çagalar bu ýerdäki keçeden, ýüňli matadan, ýüňden, dokma önüminden, samandan özleri kiçijik ak öýi gurmaga synanyşdylar.

Türkmen halylarynda gyzyl reňkiň agdyklyk edýändigi köp sanly gyzlary gyzyklandyrdy. Goňur-gyzyl we garamtyl-gyzyl haly dokamak ulanylýan iň köp ýaýran reňkdir. Öňler haly dokamakda tebigy reňkler ulanylypdyr. Garamtyl-gyzyl reňk çöp boýadan, sary reňk sary çöpden, ýaşyl reňk – turşy süýde ýatyrylan mis owuntygyndan alnypdyr. Gök-nil reňki tapmak kyn bolupdyr. Ony uzak ýerlerden ýörite buýurmalar esasynda getiripdirler. Şonuň üçin hem gök reňk gadymy halylarda örän seýrek duş gelýär. Tebigy sapaklar – ak, çal, goňur we gara reňkleri reňklenmedik goýun ýüňünden egrilipdir.

Çagalar ýüňüň ähli görnüşleri görkezilen ekspozisiýanyň ýanynda ýüňüň ýüpek ýaly ýumşaklygyny elläp gördüler.


Soňra Köşgüň okuwçylary üçin uly bolmadyk bilesigeljilik sapak geçirildi. Onda olar muzeýiň önümçilik sehinde halylaryň taýýarlanyşyny we rejelenişini syn etmäge mümkinçilik aldylar.

Gyzlar muzeýiň işgärlerine haly önümlerini taýýarlamak boýunça köp soraglary berdiler. Olar uly bolmadyk halyçalary dokamaga höwes bilen gatnaşdylar, haly sehinde bolsa halyçylara ýakyn oturyp halynyň çitimini çitmek boýunça ilkinji sapagy öwrendiler. Olaryň birnäçesi ýüňden ýumak saramaga kömek etdiler, beýlekiler keseri we daragy ilkinji sapar ellerine aldylar. „Adaty stanoklarda dokmaçylyk“ gurnagynyň ýaş halyçylary öz dokan uly bolmadyk torbajyklaryny getirdiler.

Çagalar öz önümlerini görkezmek bilen, dekoratiw-prikladnoý döredijiliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergilerini yzygiderli geçirip durýarlar. Ýaňy-ýakynda dekoratiw-prikladnoý sungaty boýunça biziň muzeýmiziň zallarynyň birinde geçirilen sergide olar öz eserlerini höwes bilen görkezdiler we dekoratiw kompozisiýalry döretmäge we interýerleri bezemäge gatnaşdylar. Çagalar biziň okuwlarymyzda konstriuirlemegiň nusgalaryny, eşigi modelirlemegi we tikmegi, çeper keşdeleri, duzly hamyrdan ýasalan şekilleri, applikasiýalary, ýumşal oýnawaçlary örmegi görkezdiler

Soňra çagalar uly ruhybelentlik bilen gyzykly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler, goşgy okadylar, aýdym aýdyp, tans etdiler. Bu çärä gatnaşanlar “Şatlyk”, “Gyzyl güljagaz”, “Akpamyk” aýdym-tans toparlaryna, “Oguz ýaňlary” deprekçiler toparyna el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler. Ajaýyp milli lybasdaky ýaş artistler “Baýramçylyk tansyny”, “Gyzlar tansyny”, “Bagtly çagalar” we beýleki tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar.