Ï Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar

view-icon 1045
Şu gün Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramçylygy giňden we dabaralary bellenildi. Halkymyzyň milli mirasy bolan haly sungatyna, eli hünärli halyçylara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde milli senanamamyzda möhüm orun eýeleýän türkmen halysynyň baýramçylygy irginsiz zähmetleri bilen gaýtalanmajak gözellik döredýän zehinli zenanlaryň şanyna guralýar. Bu ählihalk baýramçylygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň baş baýramlarynyň birine öwrüldi.

Geçen asyrlaryň mirasyny we nepis halyçylarymyzyň köp sanly nesilleriniň döredijilikli zähmetini özünde jemleýän milli halyşynaslyk sungaty türkmen halkynyň umumy adamzat medeniýetiniň hazynasyna goşan bahasyz goşandy bolup durýar. Häzirki döwürde döwletimiziň goldaw bermegi we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ünsi netijesinde milletiň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däpleri, türkmen halyşynaslygy täzeden dikeldilýär. Türkmen halylara özüniň gözelligi we kämilligi bilen tutuş dünýäde meşhurlyk gazanyp bu nepis sungatyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirýär.

Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri we bäsleşikler, konsertler we teatrlaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynda baýramçylygyň esasy dabaralaryna orun berildi. Bu ýerde “Türkmeniňiň kalby –türkmen halysy” atly halkara sergisi açyldy we onuň çäklerinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XIII mejlisi geçirildi.

“Türkmenhaly” Döwlet birleşigi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu iri pukdaklaýyn foruma gatnaşmak üçin Ýewropanyň, Aziýanyň we GDA ýurtlarynyň köp sanly wekilleri Aşgabat şäherine geldi. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystan we Pakistandan alymlar, hünärmenler, belli haly öndürijiler, işewürler, türkmen halylarynyň muşdaklary we žurnalistler bar.

Giň möçberli sergi Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zallarynda we bölümlerinde, şeýle hem binanyň ýanaşyk ýerlerinde meýdançada guraldy. Ol ýerlerde ajaýyp haly önümleri bilen bezelen bölümler we ýurdumyzyň welaýatlaryna degişli bolan milli ak öýler ýerleşdirildi.

Şu gün säher bilen bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürdi. Aýdym-sazyň sesi belende ýaňlandy. “Dokmaçylar” floklor-etnografik toparyň, “Serpaý” we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” tans toparlarynyň, paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetgenjekler köşgüniň “Şatlyk” toparynyň ýaşajyk artistleri, şeýle hem Türkmen konserwatoriýasynyň gyzlardan düzülen hor toparlary özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen dabara gatnaşyjylara hezil berdiler.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary we milli parlamentiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen meşhur halyçylar, pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary bar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda, giň dünýägaraýşa, ylmy kämillige, çuňňur pähim-paýhasa eýe bolan türkmen halysy pederlerimiziň asyrlardan aşyp biziň günlerimize ýetip gelen ýürek arzuwlarydyr, köňül kemalydyr, beýik sungatdyr diýen sözler bar. Ähli döwürlerde şöhrat eýesi bolan bu nepisligiň we türkmen halkynyň beýik ruhunyň sungatynyň ösüşi, gadymy halylaryň nusgalarynyň dikeldilmegi, täze döwrüň ruhyny beýan edýän özboluşly haly önümleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly işler häzirki zaman halyçylarynyň möhüm wezipeleri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we milli halyçylyk pudagynyň ýeten derejesini dünýä ýüzünde wagyz etmekde guralaýan pudaklaýyn forumlaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Guralan sergi gadymy milli sungatyň, pudagyň beýik üstünliklerini we ägirt mümkinçiliklerini giňden beýan etdi. Köp sanly haly muşdaklarynyň we hünärmenleriň tagallalary arkaly geljek nesiller üçin aýawly saklanýan gadymy haly nusgalary, häzirki zaman halyçylarynyň önümleri bilen utgaşyklykda ajaýyp sazlaşygy emele getirýär we pederlerimiziň ruhy wesýetlerine, milli ygmmatlyklara, özboluşly däp-dessurlaryň ösdürilmegine wepalylygy alamatlandyrýar.

Sergide “Türkmen haly” Döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň önümleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň telekeçileriniň dokan halylylary we haly önümleri görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar aýdym-sazlaryň joşguny bilen belende göterilýän baýramçylyk dabaralaryna goşuldylar. Serginiň çäklerinde teatrlaşdyrylan çykyşlarda türkmen halkynyň toý dessurlary görkezildi. Bu ýerde haly önümleri bir hatarda bir kemsiz keştelenen zenan lybaslary, şaý-sepler, sowgatlyk önümler, durmuş ulgamyna degişli senetler we elbetde ajaýyp ýüňden we ýüpekden dokalan halylar görkezildi. Bu görnüşler türkmen halkynyň baý ruhy-medeni mirasyny aýdyň beýan edip, sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Sergide görkezilýän halylaryň nusgawy nagyşlary ýüňden we ýüpekden dokalan halylar, gözel tebigatymyz, ahal tekebedewleri we dürli şekiller janlandyrylan halylar görenleriň ünsüni özüne çekýär. Şele hem bu ýerde türkmen halysynyň baýramçygy mynasybetli her ýylda guralýan bäsleşikleriň netijeleri boýunça iň gowy halylar diýlip seçilip alnan halylar görkezildi . Olaryň hemmesinde özüne çekiji gözellik, reňkleriň sazlaşygy, gaýtalanmajak nepislik we özboluşlyk döredijilik çemeleşmeler duýulýar. Döredejilik ussatlygynyň ägirt uly mümkinçilikleri täze ýörelgeleriň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Işewürçilik toparlarynyň wekilleri, el halylarynyň muşdaklary hem öz önümlerini sergide görkeziler. Olar arassa ýüňden we ýüpekden dokalan halylarda özboluşly nagyşlary, gölelleriň sazlaşygyny emele getirip adaty bolmadyk şekilleri janlandyrypdyrlar.

Şeýle hem serginiň çäklerinde palas dokamagyň ugurlary görkezilýär. Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň ussatlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetiren gobelenleriniň, sowgatlyk önümleriniň, bezegli daşlyklaryň, torbalaryň we dürli gaplaryň, şeýle hem keteniden edilen amaly-çeper sungatyň önümleriniň ýany köp adamly boldy.

Muzeý zalynyň daşynda pederlerimiziň durmuşyny janlandyrylan görnüş emele gelýär. Meýdançada oturdylan milli ak öýler baýramçylyk lybasyndaky türkmen obasyny janlandyrýar. Bu ýerde, ak öýleriň ýanynda ähli zerur senetleri özünde jemleýän ussahanalar gurlupdyr. Şeýle hem bu künjekde haly üçin taýýarlanylýan ýüplükleriň işlenilişi, olaryň boýalyşy, keçe basmagyň, milli lybaslary biçmegiň, nagyş döretmegiň we beýleki el işleriniň aýratynlyklary görkezilýär. Oňa tomaşa edenler bu usullaryň asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten görnüşine haýran galmak bilen syn etdiler. Dabara gatnaşýan zenanlar pessaý ses bilen halk aýdymlaryna hiňlenip, el işleriniň täze nusgalaryny ýerine ýetirýärler.

Serginiň çäklerinde pudygyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ussat halyçylara Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen at berildi. Şu günki dabarada olara hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylyş çäresi boldy.

Günüň ikinji ýarymynda sergä gatnaşyjylar “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, jemgyýet öz düzüminde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bäş müňýyllyk taryzy bolan halkymyzyň halyşynaslyk däplerini we gadymy çeperçilik ýörelgelerini gorap saklamaga hem-de ony artdyrmaga meýilli hünärmenleri, alymlary we bilermenleri jemleýär. Şu günki mejlisde diňe bir halk senetkärçiligiň bahasyz baýlygy, onuň maddy hazynasy we halkyň beýik ruhunyň nyşany däl, eýsem türkmen halkynyň taryhynyny, onuň umumydünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny öwrenmekde bahasyz çeşme bolup durýan halkyň beýik gazananlaryny öwrenmek boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, dünýäde ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda bir durkuny saklan gymmatlyklar o diýen köp däl, ýöne türkmen halylary hünärli gollaryň önümi, halk sungatynyň muşdaklarynyň arzuwy bolan türkmen halylary häzirki döwüre çenli üýtgewsizligini saklady.

Häzirki döwürde halkymyzyň amaly-haşam sungaty, halyçylygyň gadymy däpleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde döwrebap kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda täze, häzirki zaman kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda halyçylaryň ýeňil bolmadyk ýöne asylly işleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Serdar, Bereket we Esenguly şäherlerinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalar täzeden galkynan we sazlaşykly ösýän pudagyň aýdyň nyşanlarydyr. Pudagyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň jähetinde ýakyn wagtlarda paýtagtymyzda hereket edýän “Arkaç” fabriginiň binýadynda täze ýüň egriji kärhanany, şeýle hem Mary şäherinde hereket edýän degişli fabrigiň binýadynda ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň etrap merkezlerindäki çeperçilik haly kärhanalarynyň täze önümçilik sehlerini açmak meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda täze gurulýan binalaryň, myhmanhanalaryň we beýleki desgalaryň bezeg işleri üçin dürli görnüşli haly önümlerine bolan islegiň artýandygyny nazara almak bilen, halyçy zenanlar iri buýurmalary ýerine ýetirmek işlerini alyp barýarlar we haly önümleriniň önümçiliginii görnetin artdyrdylar. Serdarly halyçylaryň dokan 378 inedördül metrlik halysy paýtgatymyzdaky Maslahat köşgüniň uly zalyynyň bezegine öwrülmegi halyçylaryň adaty bolmadyk möçberdäki halylary yzygiderli dokaýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň halyçylyk pudagyny ösdürmekde, täsin sungaty giňden wagyz etmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan medeni hem-de söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bardyr. Netijeli hyzmatdaşlyk arkaly türkmen halylarynyň dünýä bazarlaryna eksporty ýokarlanýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen üstünlikli ösdürilýär.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda nagyşlaryň taryhy, dürli ýurtlarda we taryhy döwürlekrde halyçylyk sungatynyň ösüş aýratynlyklary we häzirki zaman kompýuter hem-de beýleki innowasion tehnologiýalaryň halylaryň öndürmekde ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler hakynda habar berdiler. Pikir alyşmalaryň barşynda gadymy arheologik we etnografik maglumatlary, ýazuw ýadygärliklerini barlamakda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň üstünlikleri türkmen we daşary ýurtlaryň haly hem-de haly önümleri, täsin taryhy we çeperçilik ähmiýeti bolan gadymy sungatyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly maglumatlar öňe sürüldi.

Şu günki halkara sergisi we ylmy maslahaty türkmen halyçylary bilen daşary ýurtlaryň milletiň we tutuş dünýä medeniýetiň beýik gazanjy bolan el işlerini wagyz edijileriniň arasynda täze döredijilik we işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin nobatdaky ädim bolandygy bellenildi.

Halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIII mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza milli halyşynaslyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrunda edýän yzygiderli aladasy we bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň etrir hem Türkmen halysynyň milli muzeýinde guralan halkara sergisiniň gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar.