Ï Türkmen kalbynyň gölleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kalbynyň gölleri

view-icon 4338
Şu baýramçylyk günlerinde ýurdyň şöhratly halyçylaryny dabaraly ýagdaýda gutlaýarlar. Haly dokamagyň köp asyrlyk däp-dessury barada gürrüň berýän “Haly – bu türkmen kalbyny göli” atly ekspozisiýasy Türkmenistanyň Döwlet medniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde görkezildi. Halylar we palaslar, çuwallar, torbalar, ikler üçin daşlyklar, ak öýüň işikleri üçin örtüklikler, düýeler we ahalteke atlary üçin haly bezegler – bularyň barysy dürli asyrlarda taýarlanan önümler bolup, olar öçmejek gölleriň dilleri bilen gürrüň açýarlar. Eksponatlaryň arasynda muzeýiň gaznasynda saklanylýan gadymy (ХVIII asyr) we häzirki zaman halylary bar.


Haly gölleriniň aýrylmaz bölegi bolan zergärçilik önümleri, stoluň üstünde goýulýan sagatlar we heýkeltaraşlyk kompozisiýalar eksponatlaryň aýratyn toparyny eýeleýär. Olaryň arasynda - bezeg daşlaryndan, kümüşden we gyzyl çaýylyp ýasalan “Garaşsyz bitarap Türkmenistan” kompozisiýasy, stanogyň başynda işläp oturan ýaş halyçynyň skulpturasu we beýleki önümler bar.

Resminamaly materiallar we meşhur halyçylaryň hem-de geçen asyryň haly kärhanalarynyň işgärleriniň fotosuratlary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Ýurduň tebigaty we aw pursatlary şekillendirilen, şeýle hem taryhy şahslaryň, türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň portretleri ajaýyp ýüpek we ýüň halylarynda beýan edilipdir. Türkemn hudožnikleri Y.Gylyjowyň “Jadyly göller” eseri, Ö.Mämmetnurowyň “Ussatlar” atly suraty sergide mynasyp orny eýeleýär.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Haly baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen sergide peýzaž halylary, türkmen ussat žiopisleriniň çeper suratlary we meşhur heýkeltaraşlaryň eserleri görkezildi.


Türkmen hudožnikleriniň döreden eserleri halkyň dürli döwri we durmuşy barada gürrüň berýär. Sergide görkezilen suratlaryň arasynda türkmen hudožnigi A.Hajyýewiň döreden meşhur halyçysy A.Muhammedowanyň portreti, J.Şahberdiýewanyň “Oba” atly eserinde ak öýler, adamlar, bedewler we düýeler haly göllerinde beýan edilýär. Dürli döwürleriň meşhur hudožnikleriniň döreden eserleri göller arkaly dürli keşpleri döreden halyny we keçeleri taýýarlaýan eli çeper gelin gyzlaryň waspyny etirýär.



Çeper halylar bu ajaýyp baýramçylygygyň şatlygyna aýratyn öwüşgin berýärler. Olardan “Narlar” natýumortyny, “Ýüpek ýoly” halysyny, ok ýaly atylyp barýan ganatly bedewi, türkmen tazysy bilen aw ediliş pursatlaryny görkezmek bolar. Bu ýerde takyk gölli we göllere aýratyn öwüşgini berýän gyzyl reňkiň agdyklyk etmeginde özboluşly reňkler bilen sazlaşýan reňkli türkmen halylary ýerleşdirilendir.

J. Jumadurdyrdynyň “Tumar”, “Halyçylar” ýaly heýkeltaraşlyk işleri hem-de A. Şetininiň heýkeltaraşlyk kompozisiýalary bolan “Halyçylar iş başynda”, “Joralar” we eli çeper halyçylaryň nesilleriniň zähmetini wasp edýän beýleki eserler sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.