Türkmenistanyň Mejlisiniň ýakynda bolup geçen nobatdaky on dokuzynjy mejlisinde kabul edilen kanunlaryň biri hem „Magistral turba-geçiriji ulag hakynda“ Türkmenistanyň Kanunydyr.
Nebit we gaz magistral turba-geçiriji ulag ulgamy ýangyç-energetika toplumynyň esasy bölegi bolup, Türkmenistanda durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň alamaty bolup durýar. Türkmenistanda gazylyp alynýan uglewodorodlaryň uly paýy magistral turba-geçirijilere degişlidir, olaryň önümi bolsa gaýtadan işlemäge degişlidir. Bu ulgamlar altyn puluň ýurda gelmeginde möhüm orny eýeleýär, içerki nebit-gaz bazaryny we uglewodorod serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini döwlet tarapyndan sazlamagy amala aşyrmaga şertleri döredýär..
Nebit we gaz ýataklarynyň eýesi bolmak bilen, döwlet halkyň bähbidi, onuň abadançylygy üçin olary has netijeli peýdalanmak maksady bilen, magistral turba- geçiriji ulagy peýdalanmak we ösdürmek meselelerine örän uly üns berýär.
Kabul edilen bu kanun magistral turba- geçiriji ulag döredilende, işlände we ösdürilende ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär. Kanunyň hereket edýän çygry – Türkmenistanyň çäginde ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar. Muňa „Uglewodorod serişdeleri hakynda“ Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda turba-geçiriji ulag babatda ýüze çykýan gatnaşyklar degişli däldir.
Kanunyň birinji baby magistral turba-geçiriji ulag barada umumy düşünjeleri kesgitleýär, onuň esasy işlerini kadalaşdyrýar. Bu – ilatyň we döwletiň howpsuzlygyndan, daşky gurşawy goramakdan, döwlet tarapyndan utgaşdyrmagy üpjün etmekden, magistral turba-geçirijiler taslananda, gurluşygynda, rejelenende we ulanylanda iň täze tehnologiýalary we enjamlary ulanmakdan ybaratdyr.
Magistral turba-geçiriji ulag ulgamynyň guramaçylyk gurluşynda bütewilik we merkezleşdirilen, bar bolan magistral turba-geçiriji ulgamynyň bölünmezlik,, şeýle hem geljekde dörediljek ulag ulgagymynyň ýörelgesi berkidilendir. Işiň şeýle ýörelgesi önümi daşamak boýunça ygtybarly we yzygiderli hyzmatlary üpjün etmek, görkezilen ulgamlaryň howpsuz işlemegi bilen şertlendirilendir.
Magistral turba-geçiriji ulagyň netijeli işlemegini üpjün etmekde döwletiň ornuny güýçlendirmek maksady bilen, kanun döwlet häkimiýet guramalarynyň we doladyryş edaralarynyň, magistral turba-geçiriji ulag ulgamyndaky beýleki ygtyýarly guramalaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
Kanunda turba-geçiriji ulag ulgamyny standarlaşdyrmak meseleleri beýan edilýär. Meselem, Standart turba-geçiriji ulagynyň desgalaryny ýitgiler, syzýandygyna şaýatlyk edýän beýleki görkezijiler boýunça degişli barlag-ölçeg enjamlary bilen üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmelidir. Şeýle hem magistral turba-geçiriji ulagy, onuň aýratyn tehnologiki desgalarynyň hyzmatalry hökmany güwälendirilmäge degişlidir.
Magistral turba-geçiriji ulag babatdaky işiň aýry-aýry görnüşleriniň hökman ygtyýarlandyrylmagy kanunda görkezilýär. Bu ygtyýarlandyrylan desgalaryny howpsuz ulanmak boýunça şertleri döretmäge mümkinçilik berer.
Ýerden peýdalanamgyň – görkezilen ulgamlaryň gurluşygy we ulanyşy üçin niýetlenilip bölünip berlen ýerleri bölüp bermegiň, başga ýere geçirmegiň, peýdalanmagyň, eýe bolmagyň we çykarmagyň, guramalaryň peýdalanmagy üçin berlen ýa-da berilýän ýeriň derejesini kesgitlemek meseleleri beýan edilýär. Gorag zolaklarynyň çäklerinde islendik gurluşyga, görkezilen zolakda ýeri hojalyk taýdan peýdalanmaga çäklendirmeler girizilýär, magistral turba-geçiriji ulagyň desgalaryny barlag we abatlaýyş işleri üçin gerek bolan ýörite tehnikanyň päsgelçiliksiz geçmegi üçin meýdan ýollaryny çäklendirilen peýdalanmagyň hukugy bellenildi.
Magistral turba-geçirijiniň desgalary üçin gurmak, abatlamak üçin önümçiligi we getirmegi amala aşyrýan kärhanalaryň we guramalaryň, magistral turba-geçirijisi gurnalanda, göýberilende we ulanylanda getirilen tehnologiki enjamlarda ýüze çykarylan kemçilikler üçin jogapkärçiligi kanunda göz öňünde tutulýar,
Kanunda magistral turba-geçiriji desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça, görkezilen desgalaryň bolup biljek heläkçilikleriň kiçeldilmegi we ýok edilmegi boýunça hereketlere taýýarlygyna talaplar bellenilýär.
Kabul edilen bu kanun gaz-nebit geçiriji ulagyň ekologiki taýdan howsuzlygyny jogapkärçiligi ýokarlandyrmaga, senagat we önümçilik desgalarynyň, ilatyň ýangyç-energetika serişdeleri bilen üpjünçiligini gowlandyrmaga, ýurduň ýangyç-energetika toplumlaryny dolandyrmaga şertleri döreder. Ýurduň ykdysadyýetiniň bütewi halkara energetika toruna goşulyşmagyna şertleriň döredilmegini üpjün eder.