Ï Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy

view-icon 653
Şu gün türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre dürli ugurlar boýunça goňşy ýurtlaryň üstünlikli hyzmatdaşlygyny we dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde iki halkyň täze möhüm goşandyna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, giň gerimli medeni çäreleri geçirmek hakynda ylalaşyk Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emomaly Rahmonyň arasyndaky duşuşyklaryň barşynda gazanyldy.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynyň, medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegini berkitmäge, döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýän möhüm ýagdaý bolup durýar.


Soňky ýyllarda medeni-gumanitar ulgamda iki ýurduň hyzmatdaşlygy giň gerime eýe boldy. Türkmenistanyň we Täjigistanyň döredijilik işgärleri iki döwletiň toýlaryna we taryhyndaky şanly senelere bagyşlanan çäreleri geçirmäge gatnaşýarlar, döredijilik toparlarynyň saparlary, özara çeperçilik sergileri guralýar. Türkmen medeniýet işgärleri dürli döredijilik çäreleri bilen Duşenbe şäherine ençeme gezek bardylar, täjik alymlary we döredijilik işgärleri öz gezeginde Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara forumlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Täjigistanyň sungat ussatlarynyň şu ýylyň ýazynda Türkmenistanda geçirilen halkara Nowruz baýramçylygyna gatnaşmagy munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Ine, bu gün hem hoşniýetli dostlar ýene-de Aşgabatda duşuşýarlar. Medeniýet günlerini geçirmek üçin Türkmenistana dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň uly topary geldi. Olaryň ygtyýaryna iň gowy konsert zallary we kinokonsert merkezleri, şeýle hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp zallarynyň biri berildi.

Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik işgärleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.

Foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna täjik wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Rukiýa Kurbonowa gutlag sözleri bilen ýüzlendi. Döredijilik forumynyň ýokary derejede guralandygy we Täjigistanyň sungat wekilleriniň mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, wise-premýer bu çäräniň iki doganlyk halkyň dostlugyny berkitmekde, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňelmeginde ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Forumyň açylyş dabarasynyň barşynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän bu döredijilik duşuşygynyň iki halkyň däbe öwrülen hoşniýetli gatnaşyklaryny has-da berkidip, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga ýardam etjekdigi bellenildi. Dabara gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Emomaly Rahmona ýöredilýän parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, medeniýetiň we sungatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti boldy. Ýeri gelende aýtsak, Täjigistanyň döredijilik wekiliýetiniň düzümine dostlukly ýurduň meşhur toparlary — Akaşarif Juraýewiň adyny göterýän Täjik döwlet filarmoniýasynyň tans topary, «Gülrez» tans topary, «Zumhams» milli saz gurallar topary, belli halk we estrada aýdymçylary girdi. Olaryň köpüsi bu sahnada ozal hem ençeme gezek çykyş edipdiler.

Türkmen we täjik artistleriniň, döredijilik we tans toparlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary we tanslary, dünýäniň saz medeniýetiniň genji-hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary we joşgunly tans çykyşlary dostluk konsertiniň maksatnamasyny düzdi.

Konsert mizemez türkmen-täjik dostlugyna bagyşlanan edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Onda öz halklarynyň isleg-arzuwlaryny öz goşgy setirlerinde beýan eden şahyrlar Magtymgulynyň we Rudakiniň şygyrlary okaldy.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandy. Tans sungaty täjik halkynyň medeniýetiniň ösüşinde görnükli orny eýeleýär. Munuň şeýledigine tomaşaçylar aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Olar öz ýurdunyň çäklerinden alyslarda giň meşhurlyga eýe bolan «Gülrez» toparynyň täjik tansçy gyzlarynyň çykyşlaryna mynasyp baha bermek bilen şowhunly el çarpdylar. Mahlasy, bu toparyň ady täjik dilinde «Güllerden emele gelen ýagyş» diýmegi aňladýar.

Kakylyp çalynýan gadymy gurallaryň — doýranyň we nagaranyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalaryň çykyşy aýdym-sazly agşamyň şowhunyny artdyrdy. Biziň myhmanlarymyzyň ýerine ýetiren türkmen aýdymy hem-de türkmen aýdymçy gyzynyň ýerine ýetirmeginde täjik aýdymy diňleýjiler tarapyndan guwanç bilen kabul edildi. Biziň ýurdumyzyň «Serpaý» we «Laçyn» döredijilik toparlary, «Meňli» tans topary hem-de häzirki zaman türkmen estradasynyň wekilleri öz ussatlyklary bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary begendirdiler.

Ajaýyp zalda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri wasp edýän «Bagtyýar Türkmenistan» atly watançylyk aýdymy belentden ýaňlandy.

Türkmen we täjik artistleriniň bilelikde küştdepdini ýerine ýetirmegi dostluk baýramçylygynyň jemlenmesine öwrüldi. Bu joşgunly tans iki ýurduň artistlerini öz gurşawyna alyp, kökleriň gadymylygyny we doganlyk halklaryň döredijilik bitewüligini äşgär etdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde duşuşyk göz öňünde tutuldy. Bu ýerde medeniýet we sungat ulgamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşylar.

Ertir günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Täjigistanyň amaly-haşam sungatynyň we suratkeşleriniň işleriniň sergisi açylar. Tanymal täjik kinooperatory we fotosuratkeşi, köpsanly halkara baýraklarynyň eýesi, Täjigistanyň sungatda at gazanan işgäri Zaur Dahteniň fotosergisi dostlukly ýurduň häzirki güni hakynda gürrüň berer. Onuň suratlarynda goňşy ýurduň tebigaty, täjik halkynyň durmuşy, medeniýeti öz beýanyny tapyp, olar ene topragyň mährinden we şuglasyndan dolan ýaly bolup görünýär.

Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde kino görkezilişi bolar. Türkmen tomaşaçylaryna «Raştonyň çöregi» atly dokumental film, «Hakyky günortan» we «Owora» atly çeper filmler hödürlener. «Watan» kinokonsert merkezinde dostlukly ýurduň tans we aýdym-saz toparlarynyň konserti bolar.

3-nji iýunda, duşenbe güni aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne çäräniň ýapylyş dabarasyna hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konsertine çagyrylar.

Täjigistanyň medeniýet we sungat işgärleri Lebap welaýatynda hem konsert maksatnamalary bilen çykyş ederler.

Täjik myhmanlary üçin baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Ol türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri, Aşgabadyň muzeýleriniň ajaýyp gymmatlyklary bilen tanyşlygy öz içine alýar.