Ï 2013-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2013-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 7266
Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary oňyn daşary syýasat hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirip we özleriniň öňünde duran möhüm strategiki wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirip, geçen maý aýynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagy boýunça giň möçberli işleri üstünlikli dowam etdirdiler.

Geçen aýda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň derejesinde geçirilen köpsanly halkara duşuşyklar we çäreler ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda hem, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde hem biziň ýurdumyzyň daşary syýasat gatnaşyklarynyň okgunly we yzygiderli ösmegine uly goşant boldy.

7-nji maýda Halkara Gyzyl Haç komitetiniň ynsanperwerlik işiniň 150 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre halkara ähmiýetli waka boldy. Foruma gatnaşmak üçin Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň utgaşdyryjysy Pýer Emmanuel Dýukrue Aşgabada geldi.

Geçen aýyň başynda biziň ýurdumyzyň medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynyň işgärleri, meşhur döredijilik toparlary Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň hormatly myhmanlary boldular. Olar şol ýere giň möçberli medeni çärä gatnaşmak üçin iberildi. 7-nji maýda Astananyň Parahatçylyk we ylalaşyk köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti uly üstünlik bilen we tomaşaçylaryň örän köp sanlysynyň gatnaşmagynda geçirildi.

10-njy maýda türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline ABŞ-nyň Sietl şäherinden täze «Boing-737-800» ýolagçy uçary gelip gondy. Munuň özi şu kysymdaky döwrebap howa gämileriniň üçüsiniň biridir, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, Amerikanyň dünýä meşhur «Boeing» uçar gurluşyk kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda biziň ýurdumyza şu ýyl gelip gowşar.

160 ýolagyçyny gatnatmaga niýetlenen täze, has oňaýly «Boing-737-800» uçaryny dürli ugurlarda uçuşda peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we döwletara hyzmatdaşlygy has-da okgunly ösdürmäge ýardam eder.

14-nji maýda paýtagtymyzyň «Mizan» işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-latwiýa işewürlik maslahatynyň gün tertibine Türkmenistanyň hem-de Latyş Respublikasynyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi. Duşuşykda dürli ugurlar boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Logistika we üstaşyr geçirmek, derman senagaty, maglumatlar tehnologiýalary geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Latwiýanyň wekiliýetiniň düzüminde esasy döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem bank we maýa goýum ulgamynda, oba hojalygynda, azyk senagaty, ulag, gämigurluşyk, maşyngurluşyk, metal işläp bejerýän, taslama düzmek we gurluşyk, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, hyzmatlaryň dürli görnüşleri ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň wekilleri geldiler. Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Işewürler duşuşygynyň çäklerinde Latwiýanyň döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň we hususy ulgamynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary kesgitlendi.

Mälim bolşy ýaly, ýewropa ugry biziň ýurdumyzyň halkara tejribesinde möhüm strategiki orny eýeleýär. Her hepdede diýen ýaly biziň ýurdumyzyň paýtagtynda ýewropaly myhmanlaryň, hususy işewürligiň, Ýewropa sebitinden senagatçylaryň hem-de syýasatçylaryň gatnaşmagynda dürli duşuşyklar we gepleşikler geçirilýär.

15-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen iş duşuşygynyň gün tertibine Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti, şol sanda Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň adam hukuklary meseleleri baradaky bölüminiň ýolbaşçysy hanym Elizabet Tison, şu gullugyň işgärleri hanym Perkauskien Adrone we hanym Aksel Nikez, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň geňeşçisi hanym Şafiga Mumin türkmen paýtagtyna geldiler. Duşuşyga şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Şertnama býurosynyň ýolbaşçysy hanym Rozariýa Pulizi gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen hukuk öwrenijileriniň halkara guramalar we hukuk ulgamynda işleýän daşary ýurtly hünärmenler, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine ýokary baha berildi.

17-nji maýda ýurdumyzyň Mejlisinde Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Ignasio Karbahal bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ispaniýa Patyşalagynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk, obasenagat, suw hojalygy we energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tuulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ynsanperwerlik ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ylym-bilim gatnaşyklaryny hem-de medeni alyşmalary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip aýdyldy.

Şol gün Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Şondan bir gün soň, 18-nji maýda ýurdumyzyň paýtagtyna bütin dünýäden köp sanly myhmanlar—Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjy, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň wekilliginiň baştutany Deýan Keserowiç, Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins, Rumyniýanyň Ýewropa Parlamentindäki wekili Nikolaý Norika, Bolgariýanyň Ýewropa Parlamentindäki wekili Metin Kazak we beýlekiler geldiler.

Şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň 21 ýyllygyna hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri: hukuk döwletini gurmagyň milli tejribesi» atly halkara ylmy-amaly maslahat uly üstünlik bilen geçdi. Bu maslahat Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi we beýleki iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramynyň

öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 17-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy hem-de Milletler Bileleşiginiň agzasy bolan döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminama energiýa serişdelerini halkara bazarlara turbageçirijileri we beýleki ulgamlary peýdalanmak bilen ygtybarly geçirmegi üpjün etmek işinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän hem-de dünýäde ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde halkara derejede energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly we ygtybarly uglamyny döretmek, dünýäniň energetika bazarlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulgamyny we nusgalaryny işläp düzmek ugrunda çykyş edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda bu Rezolýusiýanyň tanyşdyrylyşynyň barşynda energetikanyň köptaraplaýyn elýeterli bolmagynyň üpjün edilmeginiň iş orunlarynyň döredilmegi, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, howanyň üýtgäp durmagyna, azyk üpjünçiligine gözegçiligi we döwletleriň ykdysadyýetleriniň pugtalandyrylmagy üçin esas bolup durýandygy bellenildi. Binýatlaýyn energiýa serişdelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi bolsa ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda energiýany ygtybarly üstaşyr geçirmekden ybarat bolup durýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň nobatdaky möhüm resminamasyna öwrülip, ýene bir ýola dünýä goldawyna mynasyp boldy. Türkmen Lideriniň sebit derejesinde bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem döwrüň möhüm meseleleri boýunça yzygiderli öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary we teklipleri türkmen döwletiniň Baştutanyna belent abraý getirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň we ygtybarly ösüşiň pugtalandyrylmagy ugrundaky işlere saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi.

21—23-nji maýda Sergi köşgünde geçirilen Türkmenistanyň IV halkara Gaz kongresiniň hem-de oňa gabatlanyp geçirilen pudaklaýyn serginiň işiniň barşynda bu ugurda işleýän belli hünärmenler we bilermenler, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary tarapyndan biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýän pudaklarynyň birine uly gyzyklanma bildirildi. Bu ýöriteleşdirilen iri forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan hökümet guramalarynyň, dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň 150-siniň, esasy habar beriş serişdeleriniň 500-siniň wekillerini jemlän Türkmenistan möhüm halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrülendigini ýene-de bir ýola tassyklady, şonda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary, energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlyga we maýa goýumlara, milli hem-de sebitleýin gaz geçiriji düzümlerini ösdürmäge degişli meselelere garaldy.

Kongrese nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan dünýäniň iri kompaniýalarynyň giňden gatnaşmagy soňky ýyllarda ygtybarly işewür hyzmatdaşlyk abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge dünýäniň işewür toparlarynyň gyzyklanmasynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, deňhukuklylyk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda guralýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli uzakmöhletleýin Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, şeýle derejedäki halkara duşuşyklar netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly ýollaryny gözlemekde möhüm orun eýeleýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara enjamlary ibermek, häzirki zaman tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamlarynda öz hyzmatlaryny teklip etmek bilen birlikde, türkmen kärdeşleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şol gepleşikler Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini netijeli özleşdirmäge we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara badalga berip biler.

Forumyň işiniň çäklerinde şu meselä bagyşlanyp, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk, şeýle hem daşary ýurtly işewürleriň we Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň hem-de konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işewür duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýol goýmagyň täze mümkinçilikleri babatda bellenen wezipeler türkmen döwletiniň, şeýle hem tutuş halkara bileleşigiň bähbitlerine ýurdumyzyň gaz senagatynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Her gün diýen ýaly paýtagtymyza daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň uly wekiliýetleri gelýärler, ikitaraplaýyn hökümet gepleşikleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça forumlar geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda bolup geçýän ähli wakalary öz wagtynda we ýokary hilli beýan etmek zerurlygyny ýüze çykarýar.

Şu maksat bilen 24-nji maýda ählumumy maglumatlar giňişliginde türkmen paýtagtyna bagyşlanan nobatdaky internet — taslama işe girizildi. “Ak şäher—Aşgabat“ atly web-saýt Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan taýýarlanyldy. Bu saýtda Aşgabat barada dürli habarlar, paýtagtymyzyň taryhy we häzirki güni, ajaýyp ýerleri we dürli desgalary hakynda maglumatlar ýerleşdirildi.

Täze habarlar serişdesiniň açylmagy ýurdumyzyň baş şäheri babatda milli Liderimiziň kesgitleýän derwaýys we strategik wezipelerini netijeli çözmekde goşmaça itergi bolup, elektron hökümeti döretmekde ýene bir ädime öwrülmelidir. Saýt Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlygy, şeýle hem biziň ýurdumyz bilen işewür hyzmatdaşlygy, işewür gatnaşyklary we ynsanperwerlik gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin hem gyzykly bolsa gerek. Olar bu ýerde paýtagtymyz barada özleri üçin zerur bolan ähli maglumatlary tapyp biler.

26-njy maýda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden we dabaraly bellenip geçildi. Bu şanly sene mynasbetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda baýramçylyk duşuşyklary, çeperçilik sergileri we bäsleşikler, konsertler we sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynda baýramçylygyň esasy dabaralaryna orun berildi. Şol gün bu ýerde däp bolan „Türkmeniň kalby—türkmen halysy“ atly halkara sergi açyldy we onuň çäklerinde türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XVIII mejlisi geçirildi.

Iri pudaklaýyn çäräni “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen Türkmenistanyň Söwda —senagat edarasy bilelikde guradylar. Sergä we maslahata gatnaşmak üçin Ýewropanyň, Aziýanyň we GDA ýurtlarynyň köp sanly wekilleri Aşgabat şäherine geldiler. Foruma gatnaşanlaryň hatarynda Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Türkiýeden, Pakistandan we beýleki ýurtlardan alymlar, hünärmenler, belli haly öndürijiler, işewürler, türkmen halylarynyň muşdaklary bar.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda nagyşlaryň taryhy, dürli ýurtlarda we taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüş aýratynlyklary hem-de häzirki zaman kompýuter we beýleki innowasion tehnologiýalaryň halylary öndürmekde ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler barada gürrüň berdiler. Pikir alyşmalaryň barşynda gadymy arheologik we etnografik maglumatlar, ýazuw ýadygärliklerini öwrenmek, alnyp barylýan ylmy barlaglaryň üstünlikleri, türkmen we daşary ýurtlaryň halylary hem-de haly önümleri, täsin taryhy we çeperçilik ähmiýeti bolan gadymy sungatyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly maglumatlar getirildi.

Geçirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň türkmen halyçylary bilen daşary ýurtlaryň milletiň we tutuş dünýä medeniýetiniň beýik gazananlary bolan el işlerini wagyz edijileriň arasynda täze döredijilik we işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy üçin nobatdaky ädim bolandygy bellenildi.

26-njy maýda Türkmenistan ýene-de dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy. Biziň ýurdumyza nobatdaky gezek şeýle uly gyzyklanmanyň bildirilmegi ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplananan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanlylaryň aýratyn buýsanjyna öwrülen bu hoş habar ýyldyrym çaltlygy bilen bütin dünýä ýaýrap, esasy halkara we milli habarlar gulluklarynyň täzelikler hem-de meşhur durmuş ulgamlarynda, toplumlarda, garaşsyz bilermenleriň we seljerijileriň teswirlerinde esasy ara alnyp maslahatlaşylan täzelikleriň birine öwrüldi.

Döwletiň durmuşyndaky möhüm syýasy, ykdysady, medeni we beýleki meseleleri beýan etmegiň wajyp guraly hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň özi barada aýdylanda bolsa, biziň ýurdumyzda häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem uly ösüşe eýe bolandygyny we öz ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrüň ähli talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüşiň wezipelerine laýyk gelýändigini bellemek möhümdir.

Onlaýyn tertibindäki habar beriş serişdeleriniň halkara tejribelere we internetiň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşyna bagyşlanyp, 29—30-njy maýda geçirilen iki günlük maslahatyň çäklerinde guralan “tegelek stoluň” başyndaky ara alyp masalahatlaşmalarda milli habar beriş serişdeleriniň işine ýokary baha berildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan foruma biziň ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata Ukrainanyň Media Hukuk institutynyň derektory jenap Taras Şewçenko halkara bilermen hökmünde çagyryldy.

Şeýlelikde, maý aýyna degişli wakalar milli Liderimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtýarlyk döwründe rowaçlygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.