Ï Ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň kepili

view-icon 7672
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on dokuzynjy mejlisinde „Magistral turba-geçiriji ulag halynda“ Kanunyň kabul edilmegi giň göwrümli ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň, gaz we nebit geçirijileriň şahalara bölünen toruny mundan beýläk hem ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Magistral turba-geçiriji ulag arkaly amala aşyrylýan ýük dolanşygy ýurduň umumy ýük dolanşygynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Onuň kömegi bilen Türkmenistanda gazylyp alynýan gazyň we nebtiň uly paýy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümler geçirilýär.

Magistral turba-geçiriji ulag köp sanly tehnologiki gurluşlary we enjamlary öz içine alýar. Bu ulgamlar ýangyç-energetika toplumynyň esasy bölümleri bolmak bilen, döwlet gaznasyna gelip gowuşýan köp gyzyl pul bilen üpjün edýär we ýurduň ykdysady ýagdaýy üçin möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hut şonuň üçin hem magistarla turba-geçiriji ulag ulgamynyň guramaçylyk gurluşyna bütewi we merkezleşdirilen dolandyryş ýörelgesi goýlandyr. Bu ýörelgeleriň saklanyp galmagy hem-de olaryň işlemeginde döwlet bähbitleriniň gazananlary üçin mundan beýläk hem ýokary neijeleriň gazanylmalydygy öz-özünden düşnüklidir.

Gaz we nebit pudagy türkmen ykdysadyýeti üçin binýan bolup durýar. Olar Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny, energetika howpsuzlygyny ep-esli derejede eksgitleýär, durmuş meseleleriniň çözülmegine özüniň täsirini ýetirýär. Magistral turba-geçiriji ulgamynyň işlemegi we ösdürilmegi sebäpli ýüze çykýan bu ulgamlaryň desgalary gurlanda we ulanylanda ýerden peýdalanamagyň meselelriniň sazlaşmagyny üpjün etmek – bularyň ähliisi bu ugruň hukuk esaslaryny kanuny taýdan çözülmegini talap etdi.

„Magistral turba-geçiriji ulag hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny, ilkinji nobatda, tebigy serişdeleri aýap saklamakdan we netijeli peýdalanmakdan, iş orunlaryny döretmekden, degişli önümler bilen içerki bazary üpjün etmekden ybarat bolan döwlet bähbitlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, nebit we gaz ýataklarynyň eýesi bolmak bilen, döwlet olary öz halkynyň bähbidine, onuň abadançylygy üçin has netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýär, görkezilen energetika serişdelerini – magistral-turba-geçiriji ulagy üçin ulagyň esasy görnüşini ulanmak we ösdürmek meselelerinde döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini amala aşyrýar.

Şeýle syýasatyň esasy ýörelgesi bar bolan magistral turba-geçiriji ulag ulgamynyň, şeýle hem geljekde dörediljek ulag ulgamynyň bölünmezligi bolup durýar. Şeýle ýörelge önümi daşamak, görkezilen ulgamyň howpsuz işlemegi boýunça hyzmatlary ygtybarly we yzygiderli üpjün etmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Magistral turba-geçiriji ulag ulgamynyň hukuk taýdan sazlaşyk gatnaşyklaryny talap edýän bu meseleleriň ählisi kabul edilen kanunda öz beýanyny tapýar. Husuanda, onda magistral turba-geçiriji ulag babatda işiň döwlet tarapynda düzgünleşdirilmegi, magistral turba-geçirijijiler taslamalaşdyrylýan, gurulýan, durky täzelenýän we ulanylýan mahalynda iň täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň peýdalanmagy ýaly magistral turba-geçiriji ulag ulgamynda döwlet syýasatynyň ugurlary kesgitlenipdir.

Magistral turba-geçiriji ulagyň netijeli işlamaegini üpjün etmekde döwletiň ornuny güýçlendirmek maksady bilen kanun magistarl turba-geçiriji ulag babatda döwlet häkimiýet guramalarynyň we dolandyryş edaralarynyň, beýleki ygtyýarlykly guramalaryň ygtyýarlyklaryny kesgitlerýär.

Magistral turba-geçiriji ulag ulgamynyň işlemeginiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen kanunda magistral turba-geçiriji ulag babatda standartlaşdyrmagyň meseleleri öz beýanyny tapýar. Meselem, turba-geçiriji ulagyň desgalaryna bilidirlýän talaplary üpjün etmek boýunça standart degişli barlag-ölçeg we önümiň ýitgisi, beýleki görkezijiler boýunça ýitgä şaýatlyk edýän diagnostiki enjamlaryna eýe bolmalydyr. Şeýle hem magistral turba-geçiriji ulaga, onuň aýry-aýry tehnologiki desgalaryna edilýän hyzmatlaryň güwänamalarynyň bolmagy hökmandyr.

Magistral turba-geçiriji ulagyň işleriniň aýry-aýry görnüşleriniň güwänamalaşdyrylmagynyň kanun tarapdan kesgitlendi. Bu bolsa güwänamalaşdyrylan desgalaryň howpsuz ulanylmagyna şertleri döreder. Güwänamalaşdyrmagyň hökmanylygy ulagyň görkezilen görnüşiniň, önümiň daşalýan görnüşleriniň çylşyrymlylyklary we aýratynlyklary bilen şertlendirilendir.

Magistral turba-geçiriji ulagyň netijeli işlemegini we ösdürilişini üpjün etmek maksady bilen kanunda ýerden peýdalanamgyň meseleleri düzgünleşdirilendir. Olar görkezilen ulgamyň desgalaryny gurmak we ulanmak üçin niýetlenen ýeri bölüp bermegi, bermegi, peýdalanmagy, eýe bolmagy we yzyna almagyguramalar tarapyndan peýdalanmak üçin berilen ýa-da berilýän ýeriň derejesini kesgitlemegi, şol sanda gorag zolagynda islendik gurluşyga çäklendirmeleri, görkezilen zolakda ýeri hojalyk maksatly peýdalanmaga çäklendirmeleri, meýdan ýolaryny çäklendirilen peýdalanmaga hukugy kesgitlemegi, magistarl turba-geçiriji ulagyň desgalaryny öwrenmek we abatlamak üçin gerek bolan ýörite tehnikanyň päsgelçiliksiz geçmegini öz içine alýar.

Magistral turba-geçirijiniň desgalaryny gurluşygy (durkunyň täzelenmegi), abatlanmagy üçin önümçiligi amala aşyrýan we tehnologiki enjamlary getirýän, magistral turba-geçirijiler gurnalanda, sazlananda we ulanylanda ýyze çykarylan ýurda getirilýän tehnologiki enjamlaryň ýetmezilikleriniň gizlenilmegi üçin kärhanalaryň we guramalaryň jogapkärçiligi kanunda göz öňünde tutulandyr.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, birikdirilen önümçilik tehnologiýa obýektiniň tehnologiýa we dispetçerlik taýdan dolandyrylmagy onuň birikdirilen magistaral turba-geçirijiniň operatory tarapynan merkezleşdirilip amala aşyrylýandygy kanunda görkezilendir.

Magistral turba-geçiriji ulagy önümçiligiň iň howply ulgamy bolup durýar. Şonuň üçin hem magistral turba-geçirijiniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplar, şeýle hem bolup biljek heläkçilikleriň kiçeldilmegi we ýok edilmegi boýunça hereketler, zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyrylmagy kanunda bellenendir

Şeýlelik bilen, „Magistral turba-geçiriji ulag hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny gaz we nebit geçiiriji ulagyň howpsuzlygyna, senagat we önümçilik desgalarynyň, ilaty ýangyç-energetika serişdeleri bilen üpjünçiligini gowlandyrmaga, ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň dolandyrylmagynyň kämilleşdirilmegine, ýurduň bütewi halkara energetika toruna has hem goşulyşmagy üçin şertleriň döredilemgi bilen üpjün eder.