Ï Türkmenistanyň medeni syýasaty – dowamatlylyk we täze çemeleşmeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň medeni syýasaty – dowamatlylyk we täze çemeleşmeler

view-icon 9322
Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan örän wajyp we ykbalçözüji durmuş-ykdysady özgertmeler döwletiň medeni syýasatyna hem öz täsirini ýetirdi. Medeniýet ulgamy häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň esasy ugurlaryny – döredijilik we terbiýeçilik – aň-bilim işinden başlap, ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge hem-de ählumumy häsiýetli meseleleri çözmäge çenli ileri tutulýan ugurlary öz içine aldy.

Şunda, degişlilikde, medeni prosesleriň täsir ediş ulgamy hem giňeldi, olar diňe bir syýahatçylyga aralaşmak bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady özgertmeleriň senagat ulgamyna, ýurdumyzyň maýa goýum ýagdaýyna täsir edip başlady, ruhy gymmatlyklara dahylsyz ulgamlarda hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly şertleri döretdi.

Şu ýylyň şanly wakalaryny we ýokary derejede kabul edilen çözgütleri umumylaşdyryp, milli medeniýetiň ösüşiniň haýsy esasy ugurlaryny aýratyn bellemek bolar?

Ilki bilen, şol çözgütleriň derejesini ýene-de bir gezek nygtasymyz gelýär: türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm medeni taslamalara howandarlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň başyny başlap we anyk ädimler bilen olaryň durmuşa geçirilmegine iş ýüzünde ýardam berip, medeni strategiýany kemala getirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmen Lideri maliýeleşdirmekden başlap, diplomatik ýollar arkaly kömek bermäge çenli wajyp meseleleri çözmäge ýakyndan kömek berýär.

Milli medeniýeti we onuň mirasyny has giň halkara çäklerde wagyz etmek, milletara medeni gatnaşyklary, dürli döredijilik duşuşyklaryny we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek ugry hem hut şu jähtden örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunda içerki medeni düzümi ösdürmek okgunly ösüşini saklap galýar. Aýratyn hem munuň özi welaýatlaryň mysalynda aýdyň görünýär: ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisinde hususy etnografiki muzeýleri hasaba almanyňda-da, medeniýet we döredijilik öýleriniň 700-e golaýy hereket edýär. Olar köp babatda şäherçeleriň özboluşly medeni ojaklary bolup hyzmat edýär. Ösen medeni düzümi bolan paýtagtymyzyň medeni ojaklary bolsa diňe bir türkmenistanlylary däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelýän köpsanly myhmanlary hem haýran galdyrýar. Umuman, ýurdumyz boýunça medeniýet ulgamynyň edaralarynyň 1254-si hereket edýär.

Mahlasy, häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni syýasatynyň diňe bir san görkezijileri bilen däl, eýsem, onuň çuň many-mazmuna eýeligi, döredijilik başlangyçlaryny, zehinleriň ýüze çykarylmagyny höweslendirmek, ýurdumyzyň durmuşynda özgertmeleriň okgunly amala aşyrylýan döwründe jemgyýetiň täzeçilliklere seslenmegini ýokarlandyrmak bilen kesgitlenýändigini aýtmak bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda Medeniýet hepdeliklerini geçirmek baradaky başlangyjy hem şu maksatlara laýyk gelýär. Sözüň doly manysynda, gürrüň täze däbiň döreýändigi barada barýar. Şeýle däpler hemişe-de türkmen medeniýetiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda ýüze çykypdyr.

Ilkinji gezek şunuň ýaly Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Şol medeniýet hepdelikleriniň ählisi iýun aýynda bellenilýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp guralar. Hepdeligiň çäklerinde döredijilik bäsleşiklerini, sergileri, maslahatlary, folklor çykyşlary, dürli okuw çärelerini we beýleki dabaralary, şeýle hem meşhur daşary ýurt artistleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki uly konsert geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öňümizdäki medeni çäre uly türkmen toýy hökmünde geçirilip, türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň, myhmansöýerliginiň we açyklygynyň aýdyň beýanyna öwrülmelidir.

Milletiň Lideriniň bu sözlerinde köp öwüşginli halk baýramçylyklarynyň gadymy däplerini dikeltmek, şeýle hem jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryna ýetmek üçin täze pikirleri we taslamalary özünde jemleýän medeniýeti giňden wagyz etmek baradaky çagyryş jemlenendir. Ilkinji nobatda, bu ruhy taýdan ösüşi, halkyň döredijilik güýjünden ylham alýan gözbaşlar baradaky hakydany aňladýar.

Şoňa görä-de, häzirki wagtda döwlet syýasatynyň derejesinde medeniýet jemgyýeti jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýç, ahlak we estetiki ýörelgeleriň binýady, demokrtik we durmuş özgertmeleriniň esasy hökmünde häsiýetlendirilýär.

Hut şuňa görä-de, häzirki wagtda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň öňünde döredijilik hem-de hünär taýdan ösüş babatda uly mümkinçilikler açylýar. Bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagy türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmäge, ýurdumyzyň üstünliklerini ýaýmaga we wagyz etmäge, türkmen halkynyň häzirki döwüriň nobatdaky belent sepgitlerine tarap ynamly öňe gitmeginiň depginini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dürli festiwallar we bäsleşikler, şol sanda halkara möçberindäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Olara diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hem sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar. Öz nobatynda, biziň ýurdumyzyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we özara aralaşmagyna, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýärler.

2012-nji ýylda Mary şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde örän ähmiýetli çäreleriň ençemesi geçirildi. Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen paýtagty Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyny kabul etdi.

Häzirki döwürde öz öňünde belent maksatlary goýmagy we olara ýetmegi başarýan döredijilikli, tutanýerli nesli terbiýeläp ýetişdirmek türkmen medeniýetini ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipesine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli durmuş we bilim özgertmeleri, adamlaryň intellektual mümkinçiliklerini açmak üçin şertleriň döredilmegi, olaryň hünär taýdan ösüşini höweslendirmegiň köpugurly çäreleri, zehinleriň ýüze çykarylmagy we goldanylmagy, zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň ösdürilmegi hem şuňa gönükdirilendir.

Medeniýet ugrukdyryjy ruhy güýç hökmünde häzirki wagtda biziň özgertmelerimiziň özenini düzýär. Ol bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alýar. Türkmen halky bolsa asyrlaryň dowamynda medeniýetiň durnuklylygy we onuň iň gowy däpleriniň mizemezligi, baý mirasa aýawly garalmagy netijesinde öz medeniýetiniň arassalygyny saklap galmagy başardy. Häzirki wagtda milli mirasymyz diňe bir buýsançly zat hökmünde däl-de, eýsem, ruhy, döredijilik tejribesiniň genji-hazynasy hökmünde kabul edilýär.

Türkmen jemgyýetinde bolup geçýän özgertmeleriň häzirki zaman ýörelgeleri biziň medeniýetimiziň uzak bolmadyk geçmişindäki gymmatlyklaryň hem köpüsini-opera sungatyny, simfoniki sazy, sirki gaýtadan dikeltdi. Dynç alyş we boş wagtyny netijeli geçirmek ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň binagärlik keşbini özgertmek işi giň gerime eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, jemgyýetde milli medeniýetiň ruhy özboluşlylygyna göz ýetirmek ýagdaýy güýçlenýär.

Munuň özi asla bu prosesleriň ösmegi bilen, konsert zallarynda diňe halk sazlarynyň ýaňlanjakdygyny, teatrlarda diňe milli nusgawy materiala esaslanýan sahna oýunlarynyň goýuljakdygyny aňlatmaýar. Türkmenistanyň medeniýeti dünýä açylmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özünde özleşdirip, sungatyň ýörelgeleriniň, görnüşleriniň we ugurlarynyň köpdürliligini döredýär.

Biz özümiziň milli medeni özboluşlygymyzy saklap galmaga çalyşsak-da, Internet ulgamynyň, teleradio ýaýlymlaryň ösen döwründe ol daşky täsirden sowlup bilmez. Munuň özi guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki, oňat we peýdaly zatlaryň ählisi özara alyşmak arkaly gelýär – munuň özi ösüşdir. Beýleki medeniýetlere bolan gyzyklanma, dünýäniň gazananlarynyň maglumat babatda erkin elýeterli bolmagy, özara alyşmalar we özara baýlaşmak möhüm orun eýeleýär, hünär we höwesjeň çeper döredijiligini ösdürmek, umuman, ýurdumyzyň medeni durmuşyny köpöwüşginli etmek üçin şertleri döredýär.

Biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýelemegi üçin häzirki wagtda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi, onuň ileri tutulýan ruhy ugurlarynyň kämilleşdirilmegi örän wajypdyr. Jemgyýetiň syýasy medeniýetiniň hem bir bölegi hökmünde täze medeni syýasatyň kemala gelmegi –bu düzümleýin özgertmeler däl-de, biziň ösüşimiziň özenidir. Ol biziň ählimiziň bähbidimiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz hut şu meselä aýratyn üns berýär, halkara hyzmatdaşlygy babatda hem bu meseläniň örän uly ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Başgaça aýdylanda, medeniýet jemgyýeti ösdürmegiň strategiýasynyň bir bölegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol bu ösüşiň umumy sepgitlerini we hususan-da, şahsyýetiň ösüşiniň sepgidini belleýär. Biziň ähli özgertmelerimiziň esasy maksady adamdyr. Hawa, ykdysadyýet jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmelidir, ýöne jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy maksady ykdysadyýeti ösdürmekden däl-de, eýsem, şahsyýeti, onuň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, medeniýet edaralarynyň üstüne aýratyn wezipe we borç ýüklenýär: şol edaralarda ýurdumyzyň medeniýetiniň ruhy ulgamyny döretmek, onuň binýadyny kemala getirmek we pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Medeniýet edaralary halkyň taryhy hem-de medeni mirasyny aýawly saklaýarlar we olary geljekki nesillere geçirýärler.Ýöne olaryň esasy wezipesi ýurdumyzyň geljegini, onuň döredijilik kuwwatyny kemala getirmäge, ösüşiň sepgitlerini bellemäge işjeň gatnaşmakdan ybaratdyr. Adamlaryň, jemgyýetiň medeni talaplarynyň barha çylşyrymlaşýandygyny nazara almak bilen, munuň özi hakyky innowasion çözgütleri we çemeleşmeleri talap edýär.

Döredijiligiň jemgyýetiň durmuşyndaky ornuna göz ýetirilen mahalynda hut şeýle derejedäki özgertmeler başlanýar. Muňa göz ýetirmäge bolsa medeniýet ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet biziň ösüşimiziň öň hatarynda bolmak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanmalydyr. Biziň milli mirasymyz, halkymyzyň ruhy bu hereket üçin, okgunly öňe gitmegi üçin ygtybarly daýanç bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde bolsa, biziň mirasymyz beýik maksatlar we ägirt uly üstünlikler üçin täzeden dikeldilýär.