Ï Türkmenistan we dünýä bazary: özara ýakynlaşmagyň strategiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we dünýä bazary: özara ýakynlaşmagyň strategiýasy

view-icon 12022
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmekde hemme pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň alyp barýan seljeriş işleri munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýörite döredilen Hökümet toparynyň seljerijileriniň öňünde biziň ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna girenden soňky ykdysady netijeliligine baha bermek, bu gurama birleşmegiň has bähbitli şertlerini işläp taýýarlamak wezipelerini goýdy.

Görülýän çäreler, elbetde, Bütindünýä söwda guramasyna girmekligiň biziň ýurdumyzyň uzakmöhletli gyzyklanmalaryna jogap bolup durýandygy, ykdysadyýetiň globallaşmagynyň dünýä aýratynlyklaryna örän aýdyňlyk bilen laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Çünki döwlet BSG-a kabul edilenden soň, oňa halkara guramasynyň ähli agzalary tarapyndan has köp möçberdäki amatlyklar bilen goldaw berilýär, umumy kabul edilen ykdysady ýeňillikler hödürlenýär.

Mundan başga-da, döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly ykdysady-hukuk esasynyň kemala gelmegi milli kanunçykaryjylyk binýadynyň kämilleşmegine we içerki maliýe-ykdysady özgertmeleri mundan beýäk öňe ilerletmek maksady bilen, ony iş ýüzünde peýdalanmagy kämilleşdirmäge ýardam eder.

Öz ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrýan we döwrebaplaşdyrýan, iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwrebap tehnologiýalaryň elýeterliligine mynasyp boljakdygy saldamly delil bolup hyzmat edýär. Çünki, olaryň ülňülerini diňe bir söwdany däl, eýsem-de ylmy-tehniki ösüşi höweslendirýän BSG ulgamy berýär.

Şeýlelikde, Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça geçirilýän işler biziň ýurdumyzyň ornunyň dünýäde pugtalandyrylmagyna, geljege, diňe bir düýpli işlere işjeň gatnaşmaga däl, eýsem, halkara ulgamynda ýurduň ykdysady derejesiniň ýokarlanmagyna getirjek, karzlaryň we maýa goýumlaryň gelmegine ýardam etjek öz bäsleşikli artykmaçlyklaryňy has amatly ýagdaýda peýdalanmaga mümkinçilige gönükdirilendir.

Indi birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklap galýandygyny belläp geçmek gerek. Jemi içerki önümiň her ýylky ösüşi ortaça 11 göterimi düzýär, munuň özi 2007-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 3,5 esse diýen ýaly ýokarlanandygyny görkezýär. Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüm satyn alyjylyk ukybynyň deňligi boýunça 1,9 esse artdy, ol 2012-nji ýylda ortadan ýokary derejeli girdeýjili ýurtlar üçin umumy kabul edilen çäklerden geçdi.

Şunda 2013-nji ýylyň dört aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy 57 göterime, gurluşygyňky 12,2 göterime ýetdi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary, söwda we hyzmatlar ulgamy, hususyýetçilik ulgamy artdyrylan depginler bilen ösýärler, daşary söwda dolanyşygynda oňyn ösüşler gazanylýar, Döwlet büjeti uly peýda bilen ýerine ýetirilýär.

Türkmen ykdysadyýetiniň oňyn alamatlaryny abraýly halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň – BMG-niň söwda we ösüş boýunça ykdysady we durmuş meseleleri baradaky Departamentiň, sebitleýin toparlarynyň, şeýle hem Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň seljerijileri üýtgewsiz nygtap belleýärler.

Muňa soňky bäş ýylyň içinde uly maliýe-ykdysady çökgünligiň bolandygyna garammazdan durmuş-ykdysady ulgamyna goýlan maýa goýumlaryň 8 esseden gowrak artmagy hem şaýatlyk edýär. Mundun başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Maslahatynyň (UNСTAD) “2012-nji ýyl üçin dünýä maýa goýumlary baradaky hasabatynda” çap edilen maglumatlara laýyklykda Türkmenistan göni daşary ýurt maýalaryny çekmek ölçegi boýunça dünýäniň ilkinji on ýurdunyň sanawuna girdi. Onuň möçberi ýurduň jemi içerki önümine 15,6 göterimi düzdi.

Ýokary maýa goýum işjeňligi, iri möçberli gurluşyklar ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýyny iň oňat tarapdan häsiýetlendirýär. Ilkinji nobatda, maýa goýumlar ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna – täze ýokary tehnologik önümçilikleri döretmäge, esasy gaznalary döwrebaplaşdyrmaga hem-de dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri çykarýan kärhanalary täzeden tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga goýulýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 40 milliard dollaryndan gowrak bolan ykdysady desgalaryň 1800 töweregi bina edilýär!

Iri taslamalar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýar. Bu toplumda täze ýangyç çig mal ýataklary, şol sanda Amyderýanyň sag kenarlarynda we Hazaryň deňiz ýalpaklygynda, şeýle hem dünýäde iri “Galkynyş” gaz ýatagynda güýçlendirilen depginde özleşdirilýär. Türkmen gazynyň daşary ýurtlara täze akymlaryna badalga berldi: Türkmenistan-Hytaý transkontinental magistraly we Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň täze şahasy guruldy.

Syýahatçylyk we anyk aýdylanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasy türkmen ykdysadyýetiniň üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ýene bir aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Maksatnama laýyklykda, Hazaryň kenar ýakasynda köpsanly ýokary derejeli pansionatlar, bejeriş-terapiýa bölümleri bolan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin kottežler, sport we medeni-dynç alyş desgalary guruldy we gurulýar.

Türkmenistanyň ykdysady syýasaty anyk beýan edilen durmuş ugurlydyr hem. Her ýyl býujet serişdeleriniň 75 göterimden gowragy “Intellektual ulgama” – bilime, ylyma, saglygy goraýyşyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, medeniýete gönükdirilýär. Örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oňat enjamlaşdyrylan mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, sanly ATS-ler, beýleki durmuş-ykdysady desgalary "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulanyşa tabşyrylýar.

Türkmenistanyň paýtagty – ak mermerli Aşgabat bir nesliň gözüniň öňünde owadan we döwrebap megapolise öwrüldi. Görkezijileriň ýene bir möhüm bölegi – ilatyň anyk girdejileriniň ösüşi. Ol zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň, döwletiň baha syýasatynyň, hususy başlangyçlaryň goldanylmagynyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikler toplumynyň hasabyna üpjün edilýär. Olaryň hatarynda – elektroenergiýanyň, gazyň, suwuň mugt bolmagy, jemagat we ulag hyzmatlary üçin örän pes bahalaryň kesgitlenmegi bardyr.

Ýurduň ykdysady ýagdaýyna Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylyň ahyrynda döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy oňyn täsir edýär. Oňa ýygnalýan maliýe serişdeleri netijeli, ýokary girdejili maýa goýum taslamalaryna gönükdirilýär. Ol bolsa, ykdysadyýetiň aýry-aýry ulgamlaryna amatly bolmadyk daşarky ýagdaýlaryň täsirlerini peseltmäge mümkinçilik berýär. Şu maksatlar bilen şu ýyl Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda ykdysady töwekgelçiliklerden goraýyş boýunça Agentlik, ondan öňräk bolsa, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky döredildi. Bank ulgamyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy, Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we beýlekiler işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Hususyýetçilik ulgamyna döwlet tarapyndan ähli taraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, hususyýetçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Bular hem salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, telekeçilik işlerini hasaba almak we ygtyýarlylandyrmak düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi we ýeňillikli karzlardyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ähmiýetini hem aýratyn belläp geçmek gerek.

BSG-a girmeklik, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda bäsleşige has ukyply bolan ulgamlarynda ösüşini işjeňlişdirer. Ilkinji nobatda, munuň özi, elbetde, häzirki wagtda 71,21 milliard tonna nebit ekwiwalenti möçberinde hasaplanýan ýangyç çig mal serişdeleri bilen baglanşyklydyr. Şunda, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň diňe bir nebitiň we gazyň daşary ýurtlara iberilmegi bilen çäklenilmeýändigini nygtamak möhümdir. Onuň ileri tutulýan ugurlaryny gazy we nebiti gaýtadan işleýji täze önümçilikleri gurmaklyk düzýär. Ýangyç-energetika toplumyndan gelýän girdejiler ileri tutulýan milli taslamalary, ilkinji nobatda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we durmuş ulgamyny ösdürmek bilen bagly bolan taslamalary durmuşa geçirmeklige gönükdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty, halkara kadalaryna laýyk gelýän milli kanunçykaryjylyk, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi daşary ýurtly işewür toparlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Iri firmalaryň we Germaniýadan, Eýrandan, Ysraýyldan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Ýaponiýadan bolan kompaniýalaryň gatnaşmaklarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan iň döwrebap ýangyç we nebithimiýa desgalary muňa aýdyň mysal bolup hyzmat edýär.

Häzir deňiz ýakasynyň nebit himiýaçylary dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň onlarça görnüşini öndürýärler. Bu ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtoulag benzinleridir, uçar kerosini, gidrousul arkaly arassalanan dizel ýangyjydyr, nebit koksy, polipropilendir, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleridir. TNGIZT-sebitde suwuklandyrylan gazy iri möçberlerde iberýän toplum bolup, bu ýangyjy saklamak we ibermek üçin awtoulag, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Degişli ugurda işler—özara bagly tehnologik desgalary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna gabat gelýän täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam edýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde elektroenergetika uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga möhletlerde kuwwatly elektrik beketleriň we elektrik geçiriji täze ulgamlaryň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty ýurdumyzyň sarp edijilerini doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýany Türkiýä, Eýrana, Owganystana ibermäge mümkinçilik berýär. Ýakynda kabul edilen “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasy” elektroenergiýanyň beýleki ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilen täze iri taslamalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistan himiýa senagaty üçin mineral çig malynyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu babatda Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Onuň ýerastynda gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň onlarça görnüşi bar. Geologlar bu ýerde kükürdiň, fosfatyň, daş duzunyň, gipsiň, stronsiý çig mallarynyň—selestiniň, ýarym metallaryň, hek daşynyň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň ýataklaryny açdylar. Olaryň esasynda himiýa senagatyndan başga-da, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi çalt depginler bilen öser.

Orta Aziýada iri kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň taslamasy şu stategik meýilnamalar bilen gös-göni baglydyr. Ol kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynyň binýadynda işläp, bir ýylda dökünleriň 1million tonnasyndan 1,5 million tonna çenlisini, geljekde bolsa 4 million tonna çenli dökün öndürmäge ukyply bolar.

Hazaryň himiýa we Balkanabadyň ýod zawodlaryny öz içine alýan ýod-brom senagatynyň geljegi uludyr. Derman serişdeleriniň, fotomateriallaryň, elektronikanyň, sintetiki kauçugyň, dürli himiýa reagentleriniň önümçiliginde giňden peýdalanylýan ýokary derejede arassa tehniki ýod olaryň esasy önümidir. Hazaryň kenarynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Garabogaz aýlagy täsin künjek bolup, onuň suwlarynda Mendeleýewiň tablisasynyň elementleriniň 60-dan gowragy bar. Bu ýer dünýäde seýrek duş gelýän ýerleriniň biri bolup, onda natriniň sulfatynyň we beýleki gymmatly duz minerallarynyň kristallaşmagy, özi-de senagat möçberlerinde kristallaşmagy tebigy şertlerde bolup geçýär.

Aýlagyň baý ýataklaryny “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi özleşdirip, ol kükürt turşy natrileri /natriniň sulfaty/ we magniý /epsomit/, şeýle hem hlor gatyşykly magnini /bişofit/ öndürýär. Bu önümler halkara ISO-9001 hil standarlaryna laýyklyk sertifikatyna eýe bolup durýar. Olar aýna, kagyz, sintetiki ýuwujy serişdeleriň, defoliantlaryň, göniň önümçiliginde, metallurgiýa, himiýa, dokma, gurluşyk senagatynda, oba hojalygynda giňden ulanylýar.

Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygyna girşildi. Dünýäniň önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün ediljek täze senagat toplumyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary hilli mineral dökünleriň möçberini artdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup, bu önümlere ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň artýan islegi bilen şertlendirilendir.

Toplumyň umumy kuwwatlylygy bir ýylda ammiagyň 400 müň tonnasyny we karbomidiň 640 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Bu möhüm taslamanyň amala aşyrylmagy eýýäm bar bolan dökün öndürýän kärhanalary nazara almak bilen, geljekde azot dökünleriniň bir ýylda çykarylýan möçberini 1 million tonna ýetirmäge mümkinçilik berer.

Ýerli çig maldan taýýarlanýan gurluşyk we magdan däl materiallaryň dürli görnüşlerini – gips, gýuş-daş, argillit, dolomit, bazalt, hek daşyny, jyglym daş we çagyl, gurluşyk we silikat çägesini, kaolin we bentonit palçygyny öndürýän ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwaty günsaýyn artýar. Bu pudagyň kärhanalarynyň öndürýän harytlarynyň içinde şeýle hem kerpiç, örtülýän çerepisa, asfaltbeton bar. Sebitde iri sement öndürýän zawodlar Balkan we Lebap welaýatlarynda işe girizilip, olaryň her biriniň kuwwaty bir ýylda önümiň 1 million tonnasyna deňdir.

Döwletiň we daşary ýurtly maýadarlaryň giňden gatnaşmagynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy içerki bazary ýokary hilli önümler bilen doldurmaga mümkinçilik berdi. Olaryň görnüşi ýylsaýyn artyp, daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen üstünlikli bäsleşýär. Esasyny häzirki zaman toplumlary düzýän türkmen dokma senagatynyň esasy üstünlikleriniň hataryna onuň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ugruny üýtgedip, Türkmenistany pagta çil malyny iberýän döwletden taýýar önümleri ugradýan döwlete öwrüp bilmegini degişli etmek bolar.

Sap çig mal, ýokary hil – bu artykmaçlyklar halkara bazarlarynda türkmen dokma önümlerine islegiň artmagyny şertlendirýär. Nah ýüplük, jinsi we tüýjümek matalar, trikotaž, setin, çit mata, taýýar tikin we trikotaž önümleri Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça ýurtlaryna iberilýär. Olarda türkmen dokma önümleri söwda brendiniň derejesine eýe bolup, dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine ynamly gadam basan ýurduň aýnasyna öwrüldi. Meşhur türkmen halylary dünýä bazarlarynda Türkmenistanyň önümleriniň agramly bölegini düzýär. Mysal üçin, 2012-nji ýylda haly we haly önümleriniň eksportunyň ösüş depgini 173,9 göterime deň boldy. Şunuň ýaly hyzmatdaşlyk Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen üstünlikli ösdürilýär.

Ykdysadyýetiň obasenagat bölüminiň ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerinde uly bolan geljegi barada aýtmak bilen, häzir Türkmenistanyň öz ykdysady howpsuzlygynyň toplumlaýyn maksatnamasynyň esasy bölümlerini amala aşyryp, däne, esasy azyk önümlerini öndürmekde gurply ýurtlaryň hataryna girendigini bellemek gerek. Galyberse-de, biziň ýurdumyz 2011-nji ýylda öz taryhynda ilkinji gezek azyklyk dänesini daşary ýurtlara ugradyp başlady.

Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we azyk senagaty barada aýdylanda bolsa, şunda häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän täze un üweýän we maldarçylyk hojalyklarynyň, ýyladyşhanalaryň, zawodlaryň we fabrikleriň gurulmagyna esasy üns berilýär. Olarda çörek we çörek önümleriniň, unaş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri öndürilýär.

Bazar bäsleşiginiň şertlerinde ýene bir möhüm ýagdaýlaryň biri, ol hem sarp edijilerde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ekologik arassalyk bilen sazlaşmagy bolup durýar. Bu bolsa täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, dünýä standartlaryny we gözegçiligiň berk ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna gazanylýar. Bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň tiz amala aşyrylmagy her welaýatda iri obasenagat zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Iň ahyrkysy hem ulag logistikasy we ulaglardyr. Ýewraziýa giňişliginde sebitleýin we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, halkara söwdasynda opereýting üçin uly mümkinçilikleri Türkmenistanyň döredýän “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” üstaşyr-ulag ugurlary açýar. Olar deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýar. Mysal üçin, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy gyzyklanma bildirýän döwletleriň hemmesine Ýewropanyň, Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň iri dünýä bazarlaryna çykmagyny, şol sanda Baltikanyň deňiz portlaryndan Pars aýlagyna we Hindi ummanyna çenli ýükleriň amatly we tygşytly eltilmegini üpjün eder.

Ulag geçelgesiniň işe girizilmegi Hazaryň üstünden geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa transkontinental ugry bilen bişleşmek mümkinçiligini nazara alanyňda zerur bolup durýar. Ýeri gelende ýatlasak, ýakynda bu ulag ýolunyň birinji bölegi ulanmaga berildi—Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni demir ýol gatnawy açyldy, şeýle hem Türkmenistan-Owganysta-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.

Ulag ulgamynda amala aşyrylan beýleki taslamalaryň arasynda Tejen-Sarahs-Maşat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýollarynyň gurulmagy, sebitiň iri derýalarynyň biri bolan Amyderýanyň üstünden geçirilen Atamyrat-Kerkiçi demir ýoly bar. Aşgabat-Garagum-Daşoguz we Türkmenbaşy-Farap awtomobil ýollary dünýä ülňülerine gabat getirilýär.

Raýat awiasiýasynyň we deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, olaryň üsti häzirki zaman howa we deňiz gämileri bilen ýetirilýär. 2009-njy ýylda Mary şäherinde täze aerowokzal toplumy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili açyldy. Şu ýyl Aşgabatda gurluşygyna badalga berlen täze howa menzili yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkeze öwrüler. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda deňiz arkaly ýük daşamalaryna möhüm orun berilýär. “Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny hem-de Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş meýilnamasyna” laýyklykda Hazaryň kenarynda islendik görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan gämileri kabul etmäge ukyply köpugurly duralgalary bolan täze deňiz terminallary bina ediler. Degişlilikde, üstaşyr ýükleri işlemek we saklamak üçin ammarlary bolan hem-de eksport-import amallaryny ýerine ýetirmek üçin häzirki zaman logistik merkez dörediler. Bu ýerde şeýle hem deňiz gämilerini abatlaýan baza, ýolagçy deňiz wokzaly we beýleki desgalar peýda bolar.

Aýdanlarymyzy jemlemek bilen, häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan ykdysady ösüşiniň derejesiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýändigini ynamly aýtmak bolar.