Ï Uly Gyzgala öz terjimehalynyň sahypalaryny açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly Gyzgala öz terjimehalynyň sahypalaryny açýar

view-icon 1769
«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Uly Gyzgala orta asyr ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň tamamlanan ýazky möwsümi täze tapyndylara beslendi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan bu täsin ýadygärlig has iňjeň öwrenmek we dikeltmek maksady bilen, degişli taslama işlenip düzüldi we ýörite ylmy topar döredildi. Toparyň düzümine «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Rejep Jepbarowyň ýolbaşçylygynda arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty Ejegül Myradowa, şeýle hem arheolog M.Jumanazarow, akademik W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky toparda Goňurdepe ýadygärliginde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan binagär-rejeleýjiler M.Amanow we A.Orazow girdiler.


Uly Gyzgala görnükli binagärlik ýadygärligi UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Merkezi Aziýada iri arheologik Gadymy Merw toplumynyň ýüzüdir. Özüniň ýatda galyjy keşbi bolan bu ajaýyp ýadygärlik ilkinji nobatda kuwwatlylygy we adaty bolmadyk görnüşinde haýran galdyrýan epin görnüşli diwarlary bilen özüne çekýär.

Ol irki orta asyr döwründäki köşk binagärliginiň hem-de bütin Merw sebitlerinde şeýle görnüşli iň oňat saklanyp galan desganyň aýdyň nusgasydyr. Ilki başda bina ikigatly bolupdur, ýöne geçen asyrlaryň dowamynda onuň ýokarky gaty dolulygyna diýen ýaly ýykylypdyr we aşaky gaty basypdyr.

Güýzki möwsümdäki işleriň barşynda bu ýadygärlikde köp sanly keramiki serişdeler bilen bir hatarda birnäçe bürünç serişdeler: şaýylyk – IX asyr abbasidleriň dirhemi, açylan gülüň şekili basylan ýüzük we iň adaty bolmadyk tapyndy berekediň hudaýy şekillendirilen kosmetiki serişde ýüze çykaryldy. Bu täsin açyşlar ýadygärligiň ähmiýetine täzeçe garamaga mümkinçilik berdi. Olar öz taryhy we ykbaly barada gürrüň berýän hökmünde gazuw-agtaryjylara mundan beýläkki işleri üçin höwes döretdi.

Indiki, ýazky möwsüm martyň ortalaryndan başlap, iýuna çenli dowam etdi. Alnyp barlan gazuw-agtaryş işleriniň barşynda hünärmenler tarapyndan ýadygärligiň üstki böleginde köp asyrlap topragyň astynda galyp, mälim bolman ýatan diwarlaryň galyndylary ýüze çykaryldy. Olar Uly Gyzgalanyň içki gurluş aýratynlyklaryny anyklamaga mümkinçilik döretdi. Binanyň ýokarky gatynyň arassalaýyş işleri geçirilende ikinji gatyň bir metr aşakda ýerleşen dört otagynyň we çig kerpiçden örtülen düýp düşegiň üsti açyldy we olaryň stratigrafiýasy kesgitlenildi. Bina işlenende üç gurluşyk döwri kesgitlendi. Olaryň barşynda otaglar uly bolmadyk möçberde täzeden işlenilipdir.

Geçirilen gözlegler we gazuw-agtaryşlar köp sanly tapyndylary berdi. Olaryň köp bölegi syrçaly we syrçasyz keramiki gap-gaçlardan, çüýşeden, bürünçden we daşdan ýasalan esbaplardyr. Olaryň arasyndan kümüşden edilen ownuk serişdeler ünsi çekýär. Aýratyn-da, möjegiň kellesine meňzeş şekildäki örän kiçijik asma bezegi has-da tapawutlanýar.

Mälim bolşy ýaly, möjegiň keşbi türki halklarda, şol sanda oguzlarda hem oňon hökmünde ulanylypdyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda möjegiň keşbine hormat goýulýar. Ol ruhuň we ynamyň güýjüniň, erkinligiň hem özbaşdaklygyň, gaýzuwsyzlygyň hem batyrlygyň nyşany bolupdur.

Rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, asman möjegi türkmenleriň nesilbaşysy Oguzhandan gaýdýan mukaddes jandardyr. Yslam döwrüne çenli möjegiň keşbi mifologik garaýyşlarda hudawy düşünjeler bilen berk bagly bolupdur. Olar serkerdeleri we awçylary gorapdyr. Ak möjek X-XII asyrlarda oguz gypjaklarynyň baş oňony bolupdur. Möjege bolan oňyn garaýyşlar biziň häzirki günlerimize çenli hem halk yrymlary, nakyllary we beýleki görnüşinde gelip ýetipdir.

Orta asyrlarda möjegiň şekillendirilmegi irki döwürden has az mukdarda, muňa garamazdan, onuň häsiýetiniň bu döwürde-de saklanandygyny nygtamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, möjegiň häsiýetiniň serkerdelige, biraz soňrak bolsa döwlet nyşanyna öwrülendigini tassyklap bolýar: gadymyýetde ol ýaraglarda, kemerlerde we beýlekilerde, has soňky döwürlerde bolsa orta asyr eýýamynda türkmenleriň tuglarynda şekillendirilipdir.

Gyzgalada möjegiň äňiniň görnüşi şekillendirilen tapyndy näbelli ussa tarapyndan örän çeper ýasalyp, belli bir derejede öz görnüşi boýunça harbylara ýa-da awçylara degişli bolupdyr.

Gyzgalada ýüze çykarylan beýleki ajaýyp tapyndylaryň arasynda iki sany ýüzi syrçalanan we nagyşlanan keramiki gap-gaçlaryň bölekleri ünsüňi özüne çekýär. Keramiki bölekleriň birinde inedördül çyzyklar bilen gözeneklenen geometriki bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu tapyndy IX-X asyr nagyş bezeg işleriniň irki nusgalaryny alamatlandyrýar. Amaly-haşam sungatynyň nusgasy bolan bu tapyndylar gözellik baradaky duýgy-düşünjeleri şöhlelendirýär.

Beýleki bir tapyndy «minaýy» iş usulynda ýasalan ýüzi syrçalanan we nagyşlanan keramiki tabagyň bölegidir. Çeperçilik keramikasynyň bu görnüşinde goýy syrçanyň ýüzüne köp reňkli ýazgylar salynýar, ol nagyşly eseri ýadyňa salýar. Gap-gaç ýasamagyň şu iş usuly XII- XIII asyrlarda Merwde, Dehistanda we goňşy ýurtlarda giňden ýaýrapdyr.

«Minaýynyň» häsiýetli aýratynlyklarynyň biri öwüşginliligiň we takyk çyzyk suratlarynyň tebigy sazlaşygynyň emele gelmegidir. Erňekleri inçe gara çyzyk bilen çäklendirilen bezegler minýatýura kitap bezegini ýadyňa salýar. Gök, ýaşyl, gyzyl reňkleriň ýitiligi bu bezege tämizlik, ýagtylyk we durulyk äheňini berýär. Bu bezegleriň ählisiniň sarymtyl şirmaýy reňki düşegiň üstünde bolmagy şekillere has aýdyňlyk çaýýar.

Şeýle owadan tapyndy suratkeşiň okgunly we ýeňil hereketinden çykan esere meňzeýär. Onuň ýüzündäki gyzyň şekilinde gupbanyň görnüşi aýdyň görünýär. Türkmenlere mahsus bolan baý mazmunly baş gap lybasyň esasy bölegini düzýär. Özi hem zenan maşgalanyň lybasy hökmünde kabul edilip, onda bezeg serişdeleriniň uly toplumynyň jemlenmegi aýratyn mazmuna eýe bolup möhüm orun tutýar.

Ýeri gelende aýtsak, ylmy edebiýatda türkmen tahýasynyň «harby» gelip çykyşy bolup, gadymy türk dilinde tuwalga diýmegi aňladýar. Bu baş gabyny öwrenijiler tahýanyň ozal metaldan ýasalandygyny we harby lybasyň ornuny tutandygyny çaklaýarlar. Hakykatdan-da, biziň ene-mamalarymyz söweşjeň zenanlar bolup, ene topragymyzy duşmanlardan elleri ýaragly gorapdyrlar. Käbir halatlarda bolsa, gahrymançylykly eposlaryň degişli pursatlarynda türkmen zenanlary söweş lybasyna beslenip, hatda harby hereketlere hem ýolbaşçylyk edipdirler.

Elbetde, wagtyň geçmegi bilen, zenanlaryň harby lybaslary zerurlyk aradan aýrylan soň, bezeg şaý-seplere, şol sanda harby tuwalga hem kümüş gupbaly owadan tahýa öwrülipdir. Tapylan keramiki bölek milli eginbaşlaryň we bezeg şaý-sepleriň çuňňur kökleriniň bardygyny tassyklaýar. Olaryň köpüsi häzire çenli saklanyp galypdyr.

Şeýle baýlyklaryň üstüni ýetiren täze tapyndy gadymy Merwde we mongol döwrüne çenli kaşan görnüşli nagyşlanan keramikanyň öndürilýän özbaşdak merkeziniň bolandygyny görkezýär.

Bu ýerde tapylan nusgawy «kufiki» şaýy pullar (22 sany) aýratyn gyzyklanma döredýär. Olar esasan misden ýasalan «felsler» bolup, VIII-IX asyrlar bilen senelenýär. Şeýle hem gyzyl çaýylan bir dirhem we Muhammet şa II-niň misden ýasalan bir «puly» (1200-1220 ýý.) bolup, onuň ýüzünde ýolbarsyň şekili salnypdyr. Ýolbars günüň we oduň güýjüni öz içine alýan kuwwatyň nyşany bolup, gerbleri öwrenýän taryhy ylymda hökümdaryň mertebesini we asyllylygyny alamatlandyrýar. Bu zatlaryň hemmesi ylmy nukdaýnazardan örän möhüm material bolup, ol ýadygärligiň ýaşyny takyklamaga mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, Merw Gündogarda ägirt uly syýasy orun eýeläpdir. Bu şäherde IX asyryň başynda Horasanyň hökümdary, belli halyf Harun ar-Raşidiň ogly al-Mamun ýaşapdyr. 1200 ýyl mundan öň 813-nji ýylda al–Mamun halyf bolýar, emma Merwden gitmeýär. Bu ýere Bagdatdan tutuş musulman imperiýasynyň paýtagtyny göçürip getiripdir diýen ýaly. Gyzgalada tapylan şaýylaryň numizmatik seljermesi ýakyn aýlarda Türkmenistanyň taryhynyň bu möhüm döwri hakynda has takyk netijeleri çykarmaga mümkinçilik berer.

Belli bolşy ýaly, şaýy pullary Merwde baryp halifa Abd al-Mäligiň döwründen (VII asyryň ahyry) başlap zikgelenipdir. Bu ýerli kalligrafiýa däbini döretmäge ýardam edipdir. Gyzgalada tapylan gyzyl çaýylan dirhem VIII asyryň ikinji ýarymynyň şaýy pulunyň aýdyň mysaly bolup durýar. Onuň ýüz tarapynda Gurhandan setirler ýazylypdyr. Puluň arka ýüzünde bolsa, şol setirleriň dowamy ýerleşdirilip, onda Allanyň wekili Muhammediň ady agzalýar, ondan soň halyfyň ady gelýär. Şondan aşakda bolsa, Merwiň hökümdarynyň ady ýerleşdirilipdir. Halk rowaýatynda şaýy puluň ady, şeýle hem onuň zikgelenen şäheri we ýyly hakynda habar berilýär.

Ýakyn geljekde bu tapyndylar Türkmenistanyň muzeý ýygyndylarynda öz mynasyp ornuny tapar.

Güýz paslynda Uly Gyzgalada gazuw-agtaryş işleri dowam eder. Häzir üsti doly gömlen binanyň aşaky gatynyň otagyny arassalamak, daşarky, gofrirlenen diwarlaryň binýatlarynyň gurluşyny öwrenmek hem-de olary dikeltmek işleri garaşýar.

Ylmy topara gatnaşyjylar, Taryhy we medeni ýadygärlikeri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berýän uly ünsi we goldawy üçin çuňňur hoşallyk bildirýärler. Milli Liderimiziň atalyk aladalary olary türkmen ylmynyň, medeniýetiniň we eziz Watanymyzyň şanyna geljekki gözleg işlerine ruhlandyrýar. Güneşli ülkämiziň ähli alymlary hem bu sözlere goşulýarlar.