Ï Awaza — işewür syýahatçylygyň täze ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza — işewür syýahatçylygyň täze ugry

view-icon 8953
Dünýäde her ýylda 100 milliondan gowrak işewür syýahatçylyk amala aşyrylýar. Işewür syýahatçylyga gelmekligiň we çykdajylaryň möçberi boýunça köp wagtlap birinji orny eýeläp gelen Ýewropa syýahatçylyk bazary şu ugurda öňdebaryjylygyny kem-kemden ýitirýär. Bu alamatlar Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesine ýaramaz täsir eden maliýe çökgünligi bilen baglylykda barha güýçlendi. Şol bir wagtda-da günbataryň işewür toparlarynyň Aziýa sebitine, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow — täze döwrüň Lideri tarapyndan ýurduň durmuşynyň hemme pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde syýahatçylyk ulgamy yzygiderli ýokary depginli ösüşlere eýe bolýan Türkmenistana gyzyklanmasy artyp başlady. Bu ýagdaýlar aýratyn hem soňky ýyllarda, haçan-da biziň ýurdumyzda syýahatçylyk saparlarynyň umumy möçberinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ýygjam ösdürilýändigine şaýatlyk edýän gulluk maksatly saparlarynyň paýynyň möhüm orun eýelemeginde aýdyň ýüze çykdy.

Türkmenistanyň daşary söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi biziň ýurdumyza daşary ýurt wekiliýetleriniň hem-de dürli döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň uly akymyny getirdi. Daşary ýurtly işewür toparlar üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligi köp sanly dürli derejeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda, hyzmatdaşlygyň uzakmöhletli maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagynda hem-de milli we sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagynda şöhlelendi. Bular Türkmenistana amala aşyrylýan syýahatçylygyň artmagynyň umumylygyna goşulýan gulluk saparlarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösüşini höweslendirýär.

Işewür syýahatçylyk bazarynda syýahatçylyk forumlary yzygiderli ösüşi emele getirýän düzümleriň birine öwrüldi. Ýurtda her ýylda wekilçilikli halkara ykdysady forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, simfoziumlaryň, şeýle hem iri sergileriň we ýarmarkalaryň onlarçasy geçirilýär. Bularyň üstüne hökümetara toparlaryň, işewür geňeşmeleriň we hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn komitetleriň, şeýle hem tejribe alyşmak boýunça dürli döwletara maslahatlaryň, seminarlaryň, kollegiýal duşuşyklaryň, hünär kämilleşikleriniň, ýörite okuwlaryň iş maslahatlaryny goşmak gerek. Meşhur alymlar, işewürler, seljerijiler, synçylar we bazary öwrenijiler, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri, döwlet we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistan barada iň täze habarlary almak maksady bilen şeýle çärelere, pikir alyşmalara, gepleşikleri geçirmäge we maslahatlaşmalara höwes bilen gatnaşýarlar. Gelýän wekiliýetleriň işewür saparlary myhmanlaryň köplenç milletimiziň özboluşly taryhy-ruhy mirasy, owadan ýerler we ýadygärlikler, döwrebap binagärlik ajaýyplyklary bilen tanyşmaklaryna, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine, halk däplerine we dessurlaryna täsin galmaklaryna mümkinçilik berýän baý medeni maksatnama bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda işewür syýahatçylyk bazarynda we umuman, ýurduň işewürçilik durmuşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy öz ähmiýetli mazmunyna ynamly eýe bolýar. Daşary ýurtly işewürlere özara bähbitli şertlerde Hazar sebitinde ýokary syýahatçylyk mümkinçiligini herekete girizmegi teklip edip, Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek we beýleki pudaklarda-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uzakmöhletli esas döredýär. Türkmenistanda ilkinji erkin syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi üçin Türkmenbaşy şäheriniň we onuň töwerekleriniň saýlanyp alynmagynda bu ýerleriniň arassa howa aýratynlyklaryndan başga-da, çäklerinde ägirt uly ýangyç çig mal serişdeleri, daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine ýardam edýän möhüm alamat bolan himiýa, gurluşyk senagatlary üçin ulanylman ýatan baý mineral serişdeler jemlenen Hazar sebitiniň tebigy serişdeleriniň gorlary we köpdürlüligi bilen hem şertlenendir.

Öz gerimi boýunça hakykatda örän haýran galdyryjy bu taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga berlenden bäri alty ýyl geçdi. Bu milli ykdysadyýeti we giň halkara hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna Türkmenistanyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge täzeçe çemeleşmegiň başyny başlan özboluşly hasap nokadydyr.

Geçen wagtyň dowamynda bu ýerde owadan myhmanhanalar we hyzmatlaryň hemme görnüşi jemlenen sagaldyş öýleri bina edildi, dynç alyş we syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni häsiýetli halkara çäreler üçin iň döwrebap şertleri goşmak bilen şypahananyň işini üpjün edýän ösen infrastruktura döredildi. Bu gün Awazada döwlet Baştutanlarynyň, hökümet wekiliýetleriniň duşuşyklary, işewür maslahatlar we döredijilik festiwallary, milli dabaralar we möhüm jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Awaza özgermeleriň we täzelenişleriň ruhuny, türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatyndaky özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny we mazmunyny şöhlelendirýän ýurduň durmuşyndaky ähmiýetli wakalaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmenistanda kongress syýahatçylygy bir tapawutly aýratynlyga eýedir — onuň esasy buýrujylary bolup hökümet we ýurduň esasy ministrlikleri çykyş edýärler. Munuň özi wakalaryň ähmiýetliligini hem-de olara dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüniň çekilmegini üpjün edýär. Türkmen deňiz şypahanasynyň işewür işjeňliginiň merkezi hökmünde ykrar edilmegi ugrundaky ilkinji ädimleriň biri 2010-njy ýylyň güýzünde geçirilen «Awaza» -- döretmegiň, gurmagyň we ösüşiň täze sepgitleri» atly halkara sergi boldy. Şondan bäri bu ýerde halkara konferensiýalaryň we forumlaryň ençemesi geçirildi. Olaryň arasynda Halkara gaz kongresi hem bar.

Kongreslere we sergilere saparlar bilen bir wagtda Awazada işewür syýahatçylyk güýz-gyş-bahar döwürlerindäki ýygjam gezelençleri hem özünde birleşdirýär. Syýahatçylygyň şu görnüşinde edaralar, guramalar we täjirçilik firmalary öz işgärlerini sylaglamak hökmünde gezelençlere ugratmaklary, şeýle hem göçme maslahatlary, geňeşmeleri geçirmegi göz öňünde tutýar. Höweslendirmegiň şeýle görnüşi häzirki wagtda döwlet, bilelikdäki ýa-da hususy edaralaryň köpüsinde iş ýüzünde giňden ulanylýar. Şeýle etmek bilen, olar özleriniň iň oňat işgärlerini Awazanyň myhmanhanalarynyň birine mugt maşgala ýollanmasy bilen sylaglaýarlar ýa-da ol ýere dynç alyş döwründe nähilidir bir okuw, mysal üçin, daşary ýurtdan çagyrylan hünärmeniň gatnaşmagynda okuw geçmegi üçin işgärler toparyny ugradýarlar.

Tomus möwsüminde bildirilýän isleg Awaza sagaldyş-dynç alyş toplumyndaky bar bolan mümkinçiliklerden has agdyklyk edýär. Şonuň üçin bu ýerde işler sähel pursatlyk hem togtadylmaýar. Şu ýyl şypahananyň düzümini ýurdumyzyň dürli edaralarynyň buýrmalary boýunça gurlan nobatdaky desgalar artdyrar. Bu bolsa Hazaryň kenar ýakasynda dynç alýanlaryň möçberini görnetin köpeltmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda bu dynç alyş toplumynyň çäklerinde bir wagtda on bäş töweregi iri desgalar — myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottež görnüşli toplumlar ulanyşa tabşyrmaga taýýarlanylýar. Olaryň arasynda 12 gatly sagaldyş we dynç alyş merkezleri: ýurduň oba hojalyk toplumynyň işgärleri üçin «Hasyl», ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň, sport we syýahatçylyk guramalarynyň işgärleri üçin «Seýrana», Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy üçin bolsa «Deňiz» merkezleri bar.

Şunuň bilen bir hatarda hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça «Berkarar» myhmanhanasy hem-de Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, döwlet balyk hojalygy komitetiniň «Galkynyş» dynç alyş merkezi gurulýar.

Awazanyň myhmanhana hojalygyna şeýle hem ýene-de kottežleriň üç toplumy goşular. Olaryň biri «Ýüpek ýoly» ady bilen ýurduň Daşary işler ministrliginiň buýurmasy boýunça, beýlekisi «Aşgabat» atly gurluşyk, energetika we senagat pudaklary üçin, üçünjisi bolsa medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin «Şowhun» ady bilen gurulýar.

Ýene bir sagaldyş toplumy — «Täjir» Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişlidir. Munden başga-da çagalar we ulular üçin niýetlenen 5 sany sagaldyş-dynç alyş merkezleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmalary boýunça bina edilýär. Olaryň atlary öz-özünden düşnüklidir: «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap» we «Mary».

Täze dynç alyş merkezleriniň hem bu ýerde ozalky gurlanlar ýaly gelim-gidiminiň diňe bir tomus möwsüminde köp bolmak bilen çäklenmejegi gürrüňsizdir. Sebäbi bu ýerde ýylyň islendik döwründe we bütin maşgala bolup zähmet rugsadyňy ýa-da dynç günleriňi saglygyň üçin peýdaly geçirmeklige hemme mümkinçilikler bar.

Möhüm desgalaryň arasynda häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Kongres merkezi bar. Ägirt desga halkara duşuşyklary, maslahatlary, işewür we medeni forumlary ýokary derejede geçirmek üçin niýetlenendir. Onuň gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň noýabrynda badalga berildi, desgany 2015-nji ýylyň güýzünde ulanyşa doly taýýarlyk bilen tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Eýýäm häzirden köp kompaniýalar Awazada özleriniň wekilhanalaryny açmaga ymtylýandyklaryny beýan edýärler. Milli syýahatçylyk zolagyna köplenç myhmanlar — ýakyndaky we alysdaky daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň hem-de iri işewürçiligiň wekilleri gelýärler. Olar ülkäniň mümkinçilikleri we aýratyn ykdysady zolagyň şertleri bilen tanşyp, bu taslama gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler. Olaryň köpüsi syýahatçylyk ugurly desgalaryň, myhmanhanalaryň, willalaryň, kottežleriň, sport toplumlarynyň we beýlekileriň eýýäm taýýar edilen çyzgylaryny öz ýanlary bilen alyp gelýärler.

Amatly ykdysady we howa şertleri, ýurtda ýokary depginde ösdürilýän gurluşyk pudagy goýlan maýalaryň yzyna çalt gaýdyp gelmegini üpjün edip, desgalary örän gysga möhletlerde bina etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, maýa goýujylary we işewürleri Türkmenbaşy şäherindäki täze halkara howa menziliniň binýadynda iri ulag çatrygyny döretmek mümkinçiligi özüne çekýär. Onuň üsti bilen Zeminiň bir künjünden beýleki künjüne üstaşyr uçuşlar, ýük we ýolagçy gatnawy amala aşyrylýar. Türkmen kenar ýakasyny bolsa, Demirgazykdan Günorta we Günbatardan Gündogara ugur alýan awtomobil, demir ýol we howa ýollary kesişýän sebitde iri logistik merkeze öwürmek mümkinçiligi gyzyklandyrýar. Bu strategik wezipeleri çözmegiň çäklerinde Türkmenbaşy deňiz portuny we parom terminalyny düýpli abatlamagyň taslamasy amala aşyrylýar.

... Soňky ýyllarda Awaza halkara derejä ýetmekde uly böküş etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň gerimi boýunça ol paýtagta — Aşgabada ýakyn derejä ynamly çykýar. Awazanyň aýratynlygy onuň çäreleriniň dynç alşy şypahana howasynda geçirmegi hödürleýändigidir. Bu ýere işewür maksatlar bilen seminarlara ýa-da maslahatlara, sergilere ýa-da şertnamalara gol çekmäge gatnaşmak üçin gelýän häzirki zaman işewüri ýakymly zady peýdaly zat bilen bilelikde arkaýyn ulanyp, diňe bir özüniň işewürlik meselelerini çözmän, eýsem akyl ýetiriş syýahatçylygynyň desgalary bilen tanşyp biler, täze ýerlerde dynç alyp biler.

27—30-njy sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň I Syýahatçylyk kongresi geçiriler. Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanan halkara forumyna dürli ýurtlaryň milli syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýä syýahatçylyk senagatynyň maýadarlary, seljerijileri we bilermenleri, daşary ýurtly işewürler we pudagyň ökde hünärmenleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän halkara syýahatçylyk kongresi döwlet toparlarynyň wekilleriniň, syýahatçylyk guramalarynyň we täjirçilik düzümleriniň arasynda oňyn gepleşiklere ýardam etmäge, hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşine, tejribeleri alyşmaga, syýahatçylyk pudagynda ileri tutulýan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn hem-de ulgamlaýyn çemeleşmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Kongresiň çäklerinde foruma gatnaşyjylara özleriniň geljegi bolan tekliplerini, önümlerini we hyzmatlaryny beýan etmäge, Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, jahankeşdelikde we myhmansöýüjilikde täze meýiller baradaky iň möhüm habarlary almaga mümkinçilik berýän sergi geçiriler.

Çäräniň işewür maksatnamasy şeýle hem tanyşdyryşlary, «tegelek stollary» we iş duşuşyklaryny özünde birleşdirýär. Kongresiň wezipesi syýahatçylyk işewürçiligi, maliýe, taslama we gurluşyk guramalary, syýahatçylyk harytlaryny öndürijiler we getirijiler, pudak üçin enjamlar we tehnikalar ulgamlarynda kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin aragatnaşyk hem-de özara pikir alyşmak meýdançasyna öwrülmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda bolsa, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy öňde boljak Medeniýet hepdeligine gatnaşjak müňlerçe myhmanlary garşylamaga taýýarlanýar. Hut şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça indiki hepdede ilkinji gezek şeýle uly göwrümli çäre geçiriler. Onuň çäklerinde döredijilik bäsleşiklerini, maslahatlary, halk döredijilik çykyşlaryny, dürli master-klaslary, şeýle hem görnükli türkmen ýerine ýetirijileriniň we meşhur daşary ýurt artistleriniň gatnaşmagynda gala-konsert hem-de sungat eserleriniň halkara sergisini geçirmek meýilleşdirlýär.

Awazanyň diňe bir sagaldyş-dynç alyş ähmiýeti boýunça däl, eýsem, bütin sebitiň medeni, işewür merkezi hökmünde öň hatara çykarylmagy goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, gumanitar we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek maksatlaryna gabat gelýär, köp dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň ýüze çykmagyny höweslendirýär.